23:13 Erteki | |
ERTEKI
Goşgular
Bir çolak gojany öñden tanaýan, Şondan eşidipdim bu gürrüñi men. Otlar patyşasy birçak-bireýýäm Jeñ etmekçi bolýar adamlar bilen. Adamdan elheder edýän däldir ot, Muña garamazdan, tutup dessury. Jansyzyny iberdi ol bada-bat, Nirede suw köpräk, nire hem gury, Hasaba almaly ilki ol jansyz hem görmeli ýurdy öz gözi bile. Soñra bir gün otlar serhetden geçip, Öwürmeli ynsan ýurduny küle. Mekir hem yzgytsyz ýañky jansyz ot Öwrüldi zyýansyz, ýuwaşja zada. Eldeki bolaýdy öñki sansyz ot, Öýde ot saklamak öwrüldi kada. Daş ojaklar boldy onuñ mesgeni, Ol nahar bişirdi, gije nur saçdy. Üşäni ýylatdy sowuk gyş güni Demriñ hem ot bilen eñkamy gaçdy. Çyralarda ýandy, ybadathana girdi, tüsseletdi ajy çilimi. Hemdem bolup aw awlaýan ynsana, It kimin ýalady ynsan elini. Ol hyzmatkär boldy hem işçi boldy, Tiz bardy ynsanyñ islän ýerine. Şem bolup, tabyda şöhle hem saldy, Dost boldy ynsanyñ perzentlerine. Ot eldeki bolan bolýardy ilki, Soñra tüýs ýürekden boldy eldeki. Ot bilen ýaşady adam köp ýyllap, Ot hemişe geldi adamy goldap. Öñki niýetleri ýitdi, gizlendi, Ot ynsana boldy hakyky ýaran. Ýaşaýar öýlerde mawy gözlerde, Ot bu gün lowurdap nur saçýar her ýan. Pawel BOSU, moldowan şahyry. Rus dilinden terjime eden: Allaberdi HAÝYDOW. | |
|
√ Söýer ýaly / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Aňmamysyň sen şol güni, jümle älem haýran ola... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Aýşy-eşret çagynda / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ "Meňzeş däl sen çagasyna adamyň..." / Goşgular - 30.11.2024 |
√ Liwanda şu pursat kyýamat gopýar / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Adamzat taryhyna çaklama / Goşgular - 16.10.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 09.07.2024 |
√ Zenan imany / Goşgular - 08.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |