20:52 Fransuz korolynyñ gulagyndan çeken Soltan Süleýman |
Fransuz korolynyň gulagyndan çeken Soltan Süleýman
Osmanly döwletiniň araçäkleri Ýewropanyň ortalaryna çenli uzanan “Ajaýyp Süleýman” döwrüniň Fransiýasynda aýal bilen erkegiň gujaklaşyp tans oýnaýandyklary (wals) baradaky habar Soltan Süleýman Kanunynyň gulagyna degipdir. Osmanly Soltany Süleýman Kanuny Fransiýa korolyna hat ýazmaga durupdyr. Ol hatynda:
“Men kyrk sekiz patyşalygyň hökümdary Soltan Süleýman Han. Ilçimden alan habaryma görä, aýal-erkek gujaklaşyp köpçüligiň gözüniň öňünde bihuda hereketlerde bolýarmyşyn.
...Munuň ýaly ryswalygyň meniň höküm sürýän ýurtlaryma hem ýaýramak ähtimallygynyň bardygy üçin bu nama eliňize gowuşan pursadyndan başlap, derhal şeýle bolgusyz dessuryňyzyň ýatyrylmagy üçin buýruk beriň. Eger şeýden ýagdaýyňyzda, aramyzdaky dostluk gatnaşyklary mundan beýlägem dowam eder... ” diýip duýduryş beripdir. Hat alynan pursadyndan başlap Fransiýada şeýle tans hereketleri, ýagny wals ýatyrylypdyr.
Erhan Afýonjy ýaly käbir taryhçylar bu haty ýalanlamaga çalyşsalar-da, bu hatyň hakykat ýüzündäki subutnamasy Hammer taryhynda hem geçýändigi esassyz aýyplamalara garşy iň sagdyn delil bolup durýandyr.
Halk döredijiligi we rowaýatlar
|
Категория: Halk döredijiligi we rowaýatlar |
Просмотров: 572 |
Добавил: Нawеran
| Рейтинг: 3.0/1 |
Awtoryň başga makalalary
Halk döredijiligi we rowaýatlar bölümiň başga makalalary