16:51 Gala -10: Höküm / romanyň soňy | |
10. Höküm
Romanlar
Seýitmyrat şu gün doňuz ýatakda Kümüşalynyň «1-i gapjadypdyrlar, ýanynyň ýomudy bilen» diýen sözüni, kän bir aklyna jaýlap bilmedi. «1-i gapjadypdyrlar...» Munuň özi «Türkmenistan komissarlar sowetiniň başlygy Gaýgysyz Atabaýewi, onuň ýany bilen Türkmenistan Merkezi ispolkomynyň başlygy Nedirbaý Aýtakowy tutupdyrlar...» diýildigidi. Seýitmyrat ýerine geçenden soň bu sözleriň urgusyny duýup başlady. – Gaýgysyz! Gaýgysyz! Gardaş Gaýgysyz. Ine, seniň ynanjyň. Ine, seniň wepaň. Ine, seniň komunistligiň, bolşewikligiň... Ol şol dartgynly ýigrimi altynjy ýylda Gaýgysyzyň uly boýuny kiçeldip «Gel, ýaraşaly» diýip gelmesini örän adamkärçilik diýip düşünipdi. Ýöne ol şonda «Gaýgysyz men diýip geld-ow», «Ol başlykdyr-ow» diýip oturmandy. – Sen, Seýitmyrat, ýalňyşýaň. Partiýa, sowet hökümedi köne zamananyň tutuş ruhyny täzelemek isleýär. Sen oňa düşüneňok. Men onyň içinde ahyryn. Onsoň, men tutuş Türkmenistan döwletiniň ýolbaşçysy ahyry. Men olara garşy bolup bilmen-ä – diýipdi. – Sen onda düşün, Gaýgysyz. Menden gaty görme. Men aýdaýyn. Meniň ýüregim ýarylyp barýar aýtmasam. Bolşewikler halka sütem etmekde şeýle bir derejä ýetdiler. Ine, onsoň sen ony görersiň, şonda-da sen oňa garşy bolup bilmersiň, şu wagt olara edeniň däl diýip bilmeseň. – Hiç zat bolmaz. Gaýta, geljegimiz ýagty bolar. Seýitmyrat başyny gussaly ýaýkady. – Ýagty güni görmän geçersiň. Sebäbi, sebäbi «Edebi öz ýanyndan gider gabanyň» boldy. Ýeke partiýa bar. Onuň garşydaşy ýok. Şonuň üçin ol murta-da, onuň ýalýagylaryna-da «Edeniň däl» diýýän ýok. Diýýän bolmazam. Galplyk, ýalynjaňlyk, eden etdilik depä çykýar. Emma ýene bir, iki ýyldan ol nähili belent derejä çykar. Oňa näme diýersiň. Gaýgysyz Seýitmyradyň ýandepderçesini alyp, waraklan boldy. – Ýoldaş Stalin bu zatlary görýändir. Ol bizden akyllydyr. Sen özüňi gaharyň eline berme, rahatlan. Seniň «Bitiň burny ganamaz. Men şol ýerde otursam...» Seýitmyrat telim gaýta oturyp turdy. – Gaýgysyz, jan dogan, men näme, men kim. Men eýýäm bir gezek ölüp direldim. Ýöne seniň guýularyňy gömseler, çarwalaryňy dargatsalar, baýlaryňy malyny elinden alyp, wagşylarça parçalap, sürgün etseler, obalaryňy birleşdirip, yzyňy ýitirseler, biziň nämämiz galýar, dogan, aýt. Bolşewik çöle näme berdi. Guýy berdimi, käriz berdimi, garyba mal berip, baý etdimi, baýa hemaýat edip, malyny müňletdimi. Halkyňy ekläp oturan şolar-a. Onda näme üçin ol haýynlar bar zady wagşylyk bilen weýran etmeli. Eger sen halk ogly, halk ýolbaşçysy bolsaň, onda düşündir. Gaýgysyz nireden düşündirsin. – Sen gülme, Gaýgysyz. Olaryň zulumy özüňe-de ýeter. Sen şonda oýlanarsyň. Seýitmyrat mamla eken diýersiň. Gaýgysyz Seýitmyradyň ýüzüne syrly bakdy. – Sen, saky-saky edip geplemän-ä öwrenipsiň. Özüň türkmenmi bir. Seýitmyrat ýüzüni kesä sowdy. – Seniň ýaly kommunistem däl, bolşewigem. Men – türkmen. Gaýgysyz başga hörpden gopdy. – Aragyň barmy? – Seýitmyradyň penjiresinden garap – Iş wagt-a tamam boldy. Gün ýaşyp barýar. – Arak tapylar-la. – Getir. Gaýgysyz Seýitmyradyň «ätiýaçdan» diýip, gizläp goýan ýerinden çykaran çüýşesiniň sürgüjini seýfiň demirine tarkyldadyp, aýyrdy-da, seýfiň gapysyna gaňryň çüýşäni açdy. – Getir bulguryňy – Ol bulgurlara dolybara arak guýdy-da, birini stolyň üstünde durany bilen çakyşdyrdy-da, başyna çekdi. – Gäwüşär ýaly zadyň ýokmy? Seýitmyrat penjiräni açyp, daşyndaky kagyza dolanan zady aldy. Türkmen çöregini çykardy. Kagyza dolangy, duzlanyp kakadylan ýagly bekre balygy eken. Gaýgysyz ondan bir bölegini aldy-da, howlukmaç garbandy. Soň Seýitmyrada «al, iç» diýen manyda ümledi. – Seniň bilen, arak içmeseň, gürleşer ýaly däl. Menem, aragy goýaýyn diýip ýördüm. Barynyň işini gördüň. Seýitmyrat özüne guýlan aragy dişleriniň arasyndan syzdyryp, zordan içdi. Ony synlap duran Gaýgysyz: – Seniňem arak içişiň edil, Muhammetgulynyňky ýaly. Ýarym stakan aragy bir sagatlap içer. Soňam: «Bahaly, duzjan çapsyn» diýip, açylar welin, bägüliň bardyr. Arman. Arkadagymdy. Ýetim galdym. Ol az-kem tüsselän gözüni balkyldadyp, bulgurlara arak guýdy. – Sende-de şonuň häsiýeti bar. Göwnüňdäkini batyrgaý aýdýaň. Biziňki başga, bize fiziki güýç berlipdir. Size parasat. Siz diliňiz bilen isläniňizi urup, ýykyp bilýäňiz. Arak Seýitmyrady açdy. Ol hezil edip ýylgyrdy. – Menden gaty görme Gaýgysyz. Men aýtmasam, sen aýtmasaň, kim aýtsyn. Sen Täç gök serdaryň ogly, men Öwezbaýyň. Olar hiç haçan hem güni, güzerany üçin binamyslyk bilen ýurduna, halkyna dönüklik eden adamlar däl. Biz çöpüň düýbünden tapylan däl-ä. Öz mertebämizi, halkymyzyň mertebesini goramal-a. Gaýgysyz sag eline bulgury alyp, beýleki elini balyga ýetirdi. – Dogry sözüň üçin sag bol. Ýöne, habardar bol. «Dogry sözläniň dosty ýok». Maňa «Seniň milletçiligiň, bolşewiklere garşy göreşişiň, ak patyşanyň komandiridigiň barada» kän hat barýar. Maňa şonça, beýleki guramalara näçekän? Aýawlyny Alla aýar. Dil bela-diş gala... Ol bulguryny başyna çekdi-de, oturgyja geçip, Seýitmyrat paýyny içýänçä, jaýlaşykly oturdy. Soňam çüýşäni aýyr diýip ümledi. – Kofäňiz ýokdur. Seýitmyrat knopkany basdy. Içeri boýnuny uzadan ýaş ýigide: – Bufetden iki sany kofe alyp gel – diýip, haýyş etdi. Bir çäýnek kofe gelenden soň, Gaýgysyz iki çaşkany yzly-yzyna içip, derli ýüzüni syldy. – Men türkmeniň şeýle parasatly ogullarynyň bardygyna, Muhammetgulynyň hem aýdanlaryna ony ýitirip, soň düşünýän. Ýöne sen juda jaýdar aýtdyň. At meniňki bolany bilen, jylaw başga birinde. Men, indi öz atymy islän ugruma sürüp bilerden ejiz. Men näme edeýin. Ýokardan eňterip durlar. Etmänem bir gör – Ol işige bakan garady. Men saňa başga bir zady aýtsam, demiň tutular. Russiýa bäş müň, Aktýubinskä baş müň, Jynly köle bäş müň sany baý kulagy sürgün etmeli. Özem, aýyň birinden. Şol karary öz ýerli ýagdaýlarymyza baglanyşdyryp, aşagyna özüm gol çekmeli. Onsoň, halk näme diýer. Geljek näme diýer. Seýitmyrat sag gözüni owkalady. – Bäh, bäh – Ol uludan demini aldy – Men geljegimden gorkýan Gaýgysyz. Şu gün şeýle bolsa, bolşewik ertir başymyza nähili jebri-jepalary salar? Gaýgysyz güýçli goluny stulyň arkasyna serdi. Seýitmyrat başyny ýaýkady. – Men özüm üçin gorkamok. Men öz halkym üçin, öz watanym üçin, beýik-beýik çynarlarymyz üçin, seniň üçin gorkýan... Telefon jyňňyrdady. Seýitmyrat howlukman trubkany göterdi. – Alo, gosplan – Ol trubka gulak asdy-da, başyny atdy. Da,da, Konstantin Sergeýewiç zdes, seýas. Gaýgysyz trubkany aldy. – Häzir barýan. Ol Seýitmyrat bilen hoşlaşdy-da ony bagryna basdy. – Seniň gadyryň başgadyr. Seýitmyrat hem kiçijik aýasyny onuň daş aýly barmaklarynyň arasynda gizläp: – Hoş, ýaraşdyk – diýdi. Gaýgysyz sözünde durdy. 1932-nji ýylyň 1-nji maý gününe çenli, oňa gözleriniň üstünde orun berip saklady... Seýitmyradyň bagry para-para boldy-da, onuň awusy gözlerinden goşa däne bolup döküldi. – Beýik çynar, ýykylmagyn. Biz sen bar bu dünýäde diýip ýaşap ýörendiris – diýip, pyşyrdady-da, beýlesine öwrülip, güpbüsi bilen başyny büräp, bükütdi. * * * Maýor Asepteriň Seýitmyrady oglanlar barada maglumat berýän agente öwürmäge yrjak bolanda aýdanlary çyn bolup çykdy. Halk komissary Ýagoda aýrylyp, ýerine Ýežow diýen bela geçenden soň SSSR-iň ähli türmesi «Türmeleri arassalamaly» diýen täze buýruk aldylar. Bu buýruk gizlinem däldi. Sebäbi tutuş ýurt türmä öwrülipdi. Diňe bir SSSR-däki açyg-u-ýapyk 2800 türme däl, raýon, şäher, oblast, ülke, respublikan türmeleriniň, elli müňden hem gelip gidýän ýerli türmeleriň içi adamdan hyryn-dykyndy. «Halk duşmanlary» hasap edilenleri bada-bat atylyp, ýok edilse-de olaryň ýeri salymy geçmänkä doldurylýardy. Indi ýurtda bendileri saklara ýer ýokdy. Emma tutmak üçin göz öňüne tutulan adam gaty kändi. Görkezilen görkezmä görä SSSR-de bar bolan graždanlaryň ählisi türme synagyndan geçip, güjükligine dalanyp, gorkuzmalydy. Häzir SSSR-iň türmelerinde on-on bäş ýyl oturanlar, on-on bäş ýyla ýaňy höküm edilenler kändi. Täze nesil bolsa ýetişip gelýärdi. Türme gurmaga serişde ýokdy. Şeýle bolansoň şol ýaşlary nirä dykmaly boljaklygy baradaky mesele iň ynjyly mesele bolup galypdy. Diňe bir 1937-nji ýylyň birinji kwartalynda «Stalin – haramzada» diýilip, oňa çürt kesik dil ýetiren ýaşlaryň on müňüsi hasaba alnypdy. Staliniň halka berýän ýowuz sütemi ýaşlaryň ähli neslinde gahar-gazap döredýärdi. Bular hat-da Staliniň özünden hem gizlin saklansa-da, tutuş ýaş nesili türme synaglaryndan geçirjek bolsaň, täzeleriň millionlarçasy gerekdi. Halk komissary Ýežow türmeleri birneme ýeňletmek barada Stalinden rugsat almagy başarypdy. Ýežowyň buýrugy Karelýäniň Isakowa posýologynyň çetinde ýerleşýän Solowki lagerine-de gelip ýetipdi. Bu lagerde esasan syýasy tussaglar, «rewolýusiýa garş göreşenler, sowet häkimiýetine garşy durýanlar, ýurdy içinden agdarjak bolýanlar, ýakasy gaýyşly zabun milletçiler...» saklanylýardy. Bu lager döwletden serişde alman, öz-özüni ekläp ýaşaýardy. Hat-da, şu döwletiň elektrik energiýasyndan, radiosyndan, telefonyndan, ýerinden, suwundan, howasyndan, topragyndan, tokaýyndan peýdalanany üçin salgyt töleýärdi. Solowikide iň ganym hem-de ýowuz tussaglaryň ilkinji üçlüginiň arasynda öňki patyşa komandiri, ýowuz kontrrewolýussioner, rewolýusiýa garşy, eli ýaragly uly şaýka bilen berk söweşen, soňra sowet durmuşyna sokulyp girip, burjuaz milletçiligini wagz eden hem-de «Türkmen azatlygy» diýen ýykgynçylykly syýasy gurama döreden Seýitmyrat Öwezbaýew bardy. Solowki türmesiniň naçalnigi maýor Asepteri bu günler türmedäki kabinetinde ýatyp turýardy. Ol lagerde bar tussaglaryň ählisiniň delosyny, olara türmede özlerini alyp baryşlary barada gelen doneseniýeleri howlukmaçlyk bilen seljerýärdi. Ol türmedeki ýeri boşadylmaly tussaglaryň «Delosyny» bir ýere, özüne wepalylaryň «Delosyny» bir gapdala, heniz doly anyklanylmadyklaryň «Delosyny» seýfiň üstüne goýuşdyrdy. Ol ýüzüne «313» diýilip ýazylan «Delony» indi sekizinji sapar eline aldy. «Delo» kütüdi. Onda Öwezbaýewiň äpet kellesine pezzik murtuna dommarylyp duran dodaklaryna, agyr kelläni göterip bilmän içine giden boýnuna parhsyzlyk bilen garady-da, ýazgylary okap başlady. Sowal-jogaplar rus dilinde düşnikli ýazylypdy. Ylaýta-da Öwezbaýewiň özüniň düşündirişleri däne-dänedi. Pikir, logika, basym örän güýçlidi. Ol sülçi bilen edilen sorag-jogaby okap, «haramzada» diýip sesleneninem duýman galdy. «Bolşowikler – türmede oturan agyr jenaýatçylar, ogrular, orramsylar, ýalta bigaýrat, gowy ýaşaýan, gowy işleýän, gowy iýýän, gowy geýinýän bagtly, düzgünli, tertipli adamlary görüp bilmeýän simuliýant, gan sorujy parazit erkekler we sözüň doly manysyndaky ruhy, ahlagy, teni jelep heleýlerden düzülen wagşy çaýka. Olaryň ýeke maksady bar, olam, halkyň, baý adamlaryň yrysgalyny talap, olaryň agzyna, baýlygyna zulum bilen eýe bolmak. Olar maksadyna ýetdi. Indi olar öz döwletlerini içinden gemrip başladylar. Olardan döwlet döreden hem, döwlet guran hem bolmaz. Sosializm, kommunizm diýlen düşünje boş, wagşy duýgulary ideýalaşdyryp, adamlaryň gözüni-başyny aýlap, olary ýalançylyk, aldaw, hile bilen gurlan döwletden sähelçe-de bolsa, ünsüni sowmakdyr...» «Eserler – demokratik döwlet, ýerleri daýhana bermek, syýasy erkinlige umyt eden, şony gazanmak üçin göreşmek ak ýürekli adamlardy...» «Kadetler – konsitusion hem-de parlament häsiýetli patyşaly döwlet islän hakyky ynanjy bolan ynsanlardy...» «Monarhistler patyşa ynanýanlar. Onuň berk durmagy üçin janlaryny gurban etmäge taýýar beýik ogullardy...» «Partizanlar – Russiýanyň namysyny, abraýyny, mertebesini haramzada bolşewiklere depeletmejek bolup göreşen gahryman ogullardy. Rossiýa tä ýok bolýança şeýle wepaly, eziz ogullary üçin gözýaş dökmeli bolar...» «Lenin – ogrularyň, orramsylaryň, çöpdüýbi haramzada, aňy, ruhy, namysy çüýräp weýran bolan wyždansyz, ahlaksyz, wejera sülsadyň – bolşowikleriň başyny galp, hyýaly bolmajak boş salgymlar bilen aldamagy başaran ýalançylaryň hem iň kezzabydyr. Onuň sosializm, kommunizm diýeni – Marksyň – Engelsiň aýdymy ýaly, boş alamatdyr...» «Stalin – pezzik murtundan hem-de diňe Russiýadaky bigüünä adamlaryň ganyny derýa edip akdyrmakdan, bigünä adamlary jebre-süteme mejbur etmegi başarmakda başga elinde, aňyndan hiç zat gelmeýän iň beýik dowzah, iň beýik wagşydyr...» «Bolşowikleriň döwleti binika doglan çöpdüýbi, atasy näbelli wagşyýana perzent ýalydyr. Ol, nesipbolsa, arly-namysly, aňly-paýhasly ilkinji nesil tarapyndan ýene-de 50-60 ýyldan masgaraçylyk bilen weýran ediler. Ol ýykylanda onuň üçin aglajak ýeke adam hem tapylmaz. Emma onuň üçin ýaşamak gerek...» «Çarwalar, baýlar adam paýhasy, azaby bilen döredilen iň kämil obşinadyr. Ony weýran etmek, adamzadyň iň sada, iň kämil ykdysady tapyndylarynyň birini ýok etmekdir...» «Kolhozlary döretmek, baýlary sürgün etmek, könäniň iň kämil ykdysady tapyndylaryny wagşylyk bilen weýran etmekdir...» «SSSR diýen imperiýa, onuň merkezi öz ogullaryna sözi geçmeýän zaýa, arakhor, abraýsyz atanyň öz ogullaryna güýjüniň ýetmeýşi ýaly, öz respublikalarynyň, ülkeleriniň işine haýry degmän, gaýta olaryň işine päsgel berýän işleri tersçillik bilen bulaşdyrýan merkezdir. Onuň özi bir ýerde, karary bir ýerde, işi bir ýerdedir. Onuň berýän kararlarynyň hiç birem ýerli ýagdaýlara gabat gelmeýär. Şonuň üçin işde galplyk, ikiýüzlilik döreýär...» Maýor Asepteri bu ýazgylary okap, kellesini tutanynam bilenokdy. Ol hatda, şol ýazgylary okany üçinem gorkup başlady. Onuň pikiriçe, beýle söz, beýle pikir adam oglunyň diline alynmaly söz däldi. Ol türmäniň maglumatçylary Proniniň, Taurowyň, Lowowyň, Kadrynyň maglumatlaryny ýeke-ýekeden gözden geçirdi. «Ol küşt oýnanda ýoldaş Staliniň üstünden gülýär...» «313 küşt oýnanda «Şahyňyz murtlujamy» diýip, beýik Serdarymyz ýoldaş Staliniň üstünden gülýär...» «313 Stalini äsgermeýär. Oňa sögýär..» «313 türkmenler bilen diňe türkmençe gürleýär. Gahar bilen «murt» znaçit «usityý», «enesi» znaçit «twoý mama ý..» diýip sögýär...» «313 aç-açan milletçilik edýär. Bizi «SSSR-e, Staline, onuň wagşy syýasatyna garşy göreşeňzok» diýip günäleýär...» Maýor Asepteri Öwezbaýewi ilki on iki adamlyk, soň 20 adamlyk kamerada saklap görüpdi. Emma «SSSR-e, Staline, onuň wagşy syýasatyna garşy göreşeňzok. Siz esgi, ýalýagylary...» diýen ýaly maglumatlary yzly-yzyna alandan soň, olary aýratyn bölümiň ygtyýarly wekili Kasenbergiň goşmaça hasabaty bilen deňeşdirenden soň «Öwezbaýewi köpçülige goşmaly däl» diýilen netijä gelipdi. Şondan bärem, Öwezbaýewiň ýeke özi aýratyn kamerada «içinden çüýräp» ýatmalydy. Maýor Asepteri «313» diýilip ýazylan galyň «Delonyň» ýüzündäki «313»-i çyzyp, basym bilen «1» diýip ýazdy. Soňam öz gutarnykly çözgüdini taýýarlamaga başlady. «Syýasy tussag Seýitmyrat Öwezbaýew, 1980-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistan SSR-iň Gökdepe raýonynyň Yzgant obasynda doglan...» Ol Öwezbaýewiň terjimehalyndan ep-esli ýerini göçürdi. «1932-nji ýylda buržuwaz milletçiligi wagz edenligi, «Türkmen azatlygy» diýen ýykgynçylykly guramany döredenligi, Sowet döwletine garşy alyp baran weýrançylykly işleri üçin on ýyl azatlykdan mahrum edilen. 1932-nji ýylyň 17-nji iýulyndan bäri Solowki bendiler lagerinde öz jezasyny çekýär. Netijede S.Öwezbaýew öz eden günälerine toba etmeýär. Ol gürrüň eden mahallary özüniň baryp ýatan milletçidigini, Sowet häkimiýetiniň ganym duşmanydygyny, onuň şowsuzlygyna uly umyt bilen garaşýandygyny telim sapar äşgär etdi. Ol Sowet Soýuzynyň geçirýän ähli çärelerini kontrrewolýussioneriň nukdaýnazaryndan berk tankytlaýar. Halkyň beýik Serdary ýoldaş Stalin barada töhmetçilikli pikirleri wagz edýär...» Ol özüniň gaharyny ak kagyza dökenden soň, ynjalan ýaly boldy-da, «1-nji «Delony» gazap bilen ýapyp, pola, aýagynyň aşagyna taşlap goýberdi. * * * Gijäniň bir wagty demir işik şakyrdap açyldy. – «Tussag – 313, çykalga» Seýitmyrat bu çasly sese indi bäş ýyl bäri öwrenişipdi. Ol horja, keltejik ellerini arkasyna tutup, öňe bakan ugrady. Saklawlaryň diýenine boýun bolup, aýlaw-aýlaw çykalga bilen lageriň naçalniginiň kabinetine çenli ýöredi. Kabinet ýapykdy. Şonuň üçin saklawlar onuň golaýynda bäşatarlarynyň gundagyny gujaklap, zygyrdaşyp durdylar. Häzir Seýitmyrat oýlanasy gelmeýärdi. Onuň ýüregi nähilidir bir sowuklyk syzýardy. Şol syzgy bolsa, onuň edil beýnisine urup, göreçlerini dumanladýardy. Içerden Orazmämmet Wepaýewi idirdedip çykardylar. Onuň reňki ak tamdy. – Hoş gal, dost. Atuw. Biziňkilere... – Molçat! – diýip, aýagynyň üstünde zordan barýan Orazmämmedi saklawyň biri bäşataryň gundagy bilen südenekledip goýberdi. Orazmämmet ýaşdan dolup balkyldap duran gözlerini Seýitmyrada iň soňky sapar dikdi. Seýitmyrat onuň näme diýýänine düşünip ýetişmänkä, ony içeri çagyrdylar. Kabinetde bäş adam bardy. Ak saçly rus adamsy elindäki kagyza seredip durdy. – Seýitmurad Owezbaýew! – diýip, ol damagy dolanyňky ýaly tutuk sorady. Seýitmyrat başyny atdy. – Jogap beriň! – diýip, lageriň naçalnigi oňa herreldi. – Da. Oturanlar ýerlerinden turdular. – Suduň hökümi okalýar – Şol ak saç elindäki kagyza garap okap başlady – Seýitmyrat – Atuw jezasy berilýär – diýen jümläni eşidip galdy. Oňa birküç ýere gol çekdirdiler-de südenekledip, kamerasyna bakan alyp gitdiler. Ol işigiň agzynda Kümüşalyny gördi. Oňa bakyp bir ýylgyrdy. «Sag bol, gardaşym» Kümüşaly Wepaýewi gören bolmalydy. Onuň haly harapdy. Seýitmyrat kamerasyna gelip, dünýäni unudyp gyşardy. Onuň bäş ýyly geçipdi. Öňde ýene bäş ýyl bardy. Ol şol bäş ýyly pynhan umytlar bilen ýatlaýardy. Tussaglyk möhlet geçip, sag-aman iline-gününe gowşaryn öýdýärdi. Emma... Ertesi oňa kagyz, galam getirip berdiler. – Kime isleseňiz hat ýazyp, arz edip, haýyş edip günäňiziň ötülmegini towakga edip bilersiňiz. – Näçe günüň dowamynda ýerine ýetirilmeli. Sülçi başyny gyşartdy. – Size towakga üçin on gün möhlet berilýär. Şol möhletde günäňiz geçilmese, haçan ýerine ýetirilse ýetirilibermeli... Seýitmyrat galamy, kagyzy öňüne çekdi. «Kime hat ýazmaly? Kimden delalat islemeli. Kime dadyňy, derdiňi ýetirmeli!...» Onuň eli-de, köňli ýaly som-sowukdy. Şonuň üçin galamy, kagyzy öňki ýerinde goýdy. Getirilen nahardan garbandy. – Ýok, şular ýaly haramzadalaryň elinde maýa bolup kyrk ýyl ýaşandan, ner bolup on gün ýaşanym gowy. Ol ogly Rahmany ýatlady. «Ol seniň geleriňe garaşyp, aglap otyr...» Inisi Muhammetmyradyň bu sözi gelip-gelip şu gün onuň bokurdagyna tegek boldy. «Gel, men oglum Rahman jana hat ýazaýyn.» Ol krawatda arkanlygyna ýatdy-da, jaýyň burçuna yhlas bilen seretdi. – Eý, gurbanyň gideýin perişdeler! Meniň şu hatymy eziz ogluma elin äkidiň. Ol goly bilen gözüni ýapyp ep-esli wagt ýatdy. Rahmana hat «Eziz balam, mähribanym, ýeke didarym Rahmanym! Salam, garagözüm, ýeke didäm. Men seniň kakaň Seýitmyrat. Men oglum, zaryňy çekip otyryn. Adamda näçe güýç, kuwwat, ruh, umyt bar bolsa, barysyny jemläp, seni ýekeje sapar görmäge bagyşlap otyryn, balam. Bagyşla, men seni bagtly edip bilmedim. Emma özümiň ýetip bilmedik bagtymy sende görjekdim. Türkmeniň başam barmak ýaly gyzyny alyp berjekdim. Seniň ogluňy üstüme siýdirip, «balam» diýip söýjekdim. Olara «ata» diýdirjekdim. Seni okadyp, sowatly, medeniýetli ogul edip, türkmen bossanynyň täji etjekdim. Emma meni saňa guwanmaga, seniň bagtly günleriňi görmäge goýmadylar, bagyşla, balam. Bu gün meniň bu jahany iň soňky günüm. Bu dünýäde kyrk alty ýyl ömür sürdüm. Şonuň on bäş ýyly manysyz geçdi. Emma otuz ýylyny namart bolman, kişi minnetini çekmän ýaşadym. Men dünýäde adymy goýup bilmedim. Emma sen goýarsyň, oglum. Saňa Alladan uzak ömür dileýän. Mert ýaşa, namart ýaşama. Eliňden gelse, ile kömek et, eliňden gelmese, göriplik etme, oglum. Meniň saňa etjek nesihatym: – «Kyrk ýyl maýa gezýänçäň, ýekeje ýyl ner ýaşa...» – Arassa, halal, ynsaply ýaşa. – Hiç haçan özüňi ileri tutma, iliňi ileri tut. – Il-günüň başyna iş düşende, özüňi, gara başyňy aýama. – Hiç haçan galplyga, salgyma, geldi geçerlige ynanma. Geldi-geçer dünýä göwün berme, şöhrata kowalaşma. – Iliň-günüň gözýaşyna galyp gurlan ymaradyň içinde oturma. – Namarda zar bolanyňdan, eliň kirini sorup öl. – Öýlen. Gowy gyzyň birini al. Ogluň bolsa meniň adymy dak. Ony hiç haçan urma. – Meni hiç haçan unutma. Alla ýol berse, meniň ruhum hemişe seniň ýanyňda bolar. Hoş, akja balam, eziz balam, mähribanym.» Gara batyr Seýitmyrat ukynyň arasynda tisginip oýandy-da, böküp ýerinden turdy. Ol ýatyrka eli kimedir birine degip giden ýaly bolupdy. Emma ol gözüne ynanmady. Emma «Ýatyr!» diýip, kimdir biriniň hereketli sesi eşidildi. – Ýetişdik, bolsa-da. – Aý, zordan, zordan ýetişildi-le. Bolsa-da, ýetişdik. Seýitmyradyň hasabyndan, ony şu gije alyp gidip, özleriniň işlerini bitirmelidiler. Ol geçen on-onki günde hat-petegem ýazmandy, günäsiniň geçilmeginem soramandy. Halk Serdary Staline«Bagyşla meni» diýip, ötünçnamada ibermändi. Şonuň üçin ol öz ölümine taýýardy. Ötünçnama ýazmak barada maýor Asepteriniň bir topar takalyna: – Men bir gezek ölüp gördüm. Iki gezek ölünmeýär – diýipdi – onsoňam meniň halkyma zulum eden haýyşlardan, onuň ýalýagysy guduz itlerinden ötünç soramaryn – diýip jogap beripdi. Emma maýor oňa hiç zat diýmändi. Çünki Öwezbaýew indi «Öli» hasap edilýärdi. – Oýandy! – Oýandy! Seýitmyrat kamerada kimiňdir biriniň bardygyny duýdy. Ol öňem «Ölüm» jezasyna höküm edilen adamlaryň aňynda, ruhunda gaty uly sarsgynyň bolup, olaryň aklyndan jyda düşýändigini kän gezek diňläpdi. Häzir hem ol «Aklymdan jyda düşüp, dälilik hetdine ýeten bolaýmasyn» diýip, butlaryndan erbet jümmükledi. Onuň agyrysy ýüregine ornap gitse-de, özüne ynanmady. – Men däldiredim. Sen kim-si-i-iň! Kimdir äpet gara pyýada onuň egnine ullakan, emma ýeňil elini goýdy. – Gygyrma, men Gara batyrdyryn – Ol elini töre uzatdy. – Olam Gönübek... Seýitmyradyň ini jümşüldäp gitdi. olar gelip agyr tagtanyň bir gyrasynda oturdylar. – Siz nire, bu ýerler nire? Siz baryp Gökdepe urşunda şehit bolan bendeler ahyryn. – Hawa. – Hawa – diýşip, gara pyýadalar ýerli-ýerden gozganjyraşdylar. Şonda olar türkmeniň bir galasyny ýykypdylar. Bu gün bolsa bu ýerde, olar türkmeniň ýene bir galasyny ýykmakçy bolýarlar. Onsoň heý Gönübek arkaýyn ýatyp bilermi ýa Gara batyr ýatyp bilermi? – Gala! Ol niräniň galasy. Bu ýerde ýykyljak bolup duran gala barmy? – diýip, Seýitmyrat samrady. – Sen türkmeniň galasysyň oglum. Sen ýykylanyňda, seniň ýanyň bilen bizem ýykylarys. Saňa degen gülleler bize-de deger. Saňa gelen ajal bizem alar. Baryp, haýsy ýylda, seniň üstüňe asmandan inen aýylganç top oky inip ýatyrkaňam, men saňa muny aýdypdym. Seýitmyrat şol pursady ýatlady. Şonda ol ölüm bilen diriligiň arasynda Gara batyry görüpdi. Ol şonda şu sözleri aýdypdy. – Saňa gelen gülle, ilki bize deger! Ýöne sen ölümden gorkmagyn. Aýaldan doglan ölmelidir. Bir başa iki ölüm ýokdur. Bir ölümi bolsa öňräk bolar, yzyrak bolar, ahyr bir gün görmeli bolarsyň... Seýitmyrat: – Dogry – diýdi-de agyr oýa batdy. * * * Şonda Öwezbaý aga nämedir bir zat aýtjak boldy, emma saklandy. – Ýör, oglum, gala baryp gaýdaly – diýdi. Ataly-ogul tirkeşip gala geldiler. Ýaşuly aýat-töwir etdi. Soň ýerinden turdy-da, synyny ýagşy silkip galanyň içine ýöredi. Aradan geçen ýigrimi-otuz ýyl galanyň sudurynam, içki durkunam tanalmaz ýaly üýtgedipdir. Gür garaganlar, ýandaklar, mazarlary görkezenokdy. Niräňe seretseň çukur-çukur, tümmek ulgam bolup durdy. – Ine, şu mazar Gara batyryňky bolmaly – diýip, Öwezbaý aga, mazaryň başujynda aýak çekdi-de doga okady. – Garabatyr kim? Diýip, Seýitmyrat geň galyp sorady. – Sebäbi ol gala, onuň goralyşy barada gaty köp gürrüň eşidipdi. Men-men diýen batyrlaryň, hanlaryň, edermenleriň sabynda beýle ady ol öň bir saparam eşitmändi. Şonuň üçin ol bu gürrüňe parhsyzrak diň saldy. – Onuň jaýy jennet bolsun. Olam, edil Gönübek, Kepeläň köri ýaly şehit bolandyr. Ýaşuly töweregine garady-da: – Şularyň ählisi şehitdir – diýip, gözüni töweregine aýlady. Soň gürrüňine başlady. «...Şol gün bu dowzahdanam beter zulumly galanyň içinde mergenler, ýaşulylar... aňsat ölüm hakynda mesawy gürleşip otyrdylar. Onuňam sebäbi ganjyklardan Hajygül atly bir garry tamdyrdan goltugy bir gujak çörekli gaýdyp gelýärkä, duşman oky ony serpmeden gaýtaran ýaly edýär. Okuň böwsen ýerinden zogdurylýan gan, onuň goltugundaky çöregiň ýüzüne-de pürkülip gidipdir. Uruşdan, bu ýerdäki dowzahy durmuşdan, ýaralylaryň iňňildisinden, galadan, tümlerden gelýän oklardan, ertir boljak has beterinden bizar bolan adamlar bu garrynyň ölümine gözleri gidip, «Aňsat ölüm boldy. Alla bize-de şunuň ýaly şlümi miýesser etsin» diýip, Hajygüli alynlaryna togap edipdirler. «Bize-de ýoksun!» diýip, onuň ýanynda gana boýalan çörekden bir bölejigini alyp, duz dadyp, alynlaryna depip, agyzlaryna atýardylar. Adamlar ýerli ýerden üýşdiler. Şolaryň arasyndan ýaşuly mergenleriň biri bu adamlaryň edýän gürrüňlerini halamady-da: – Hudaý amanadyny diňe gerek bolanda alýandyr – diýdi. – Men onuň amanadyny alaga-da, gaýtaryp öňünde goýaýsam, ýeri ol ýüz dönderäýermikän? Mergen Gara batyryň sowalyna: «Ony edip bolmaz, bu bendesiniň ygtyýarynda däldir» diýip jogap berdi. – Hudaýym, şu gün sen amanadyňy alsaňam alarsyň, almasaňam... Bu sözlerden soň Gara batyr gala siňip gitdi. Birhaýukdanam yzyna dolanyp geldi. Onuň aýagynyň astyndaky ajaýyp dor atdy. Özem eglibrägeden, elinde naýza tutýardy. Ol günorta derwezeden çykaga-da diwaryň ugrunda oturanlara habar gatýardy: «Hudaýa amanadymy bermäge barýan, ine görersiňiz, islese-islemese gaýtarjak.» Şondan soň ol eýere ykjam ornaşyp, atly kazaklara tarap peýkam kimin süýnüp gitdi. Galadakylaryň howsalasy güýjedi. Ors garymlaryndan atylýan tüpeň sesleri ýygjamlady. Kazaklaryň entegem şol üýşüp duruşlarydy. Gara batyr badyny sähelçe gowşatman, gelşine atlylaryň ikisini ýalaw ýaly gylyçdan geçirdi. Şondan soňky «Kepje oýnuny» aranyň uzaklygy sebäpli gowy saýgaryp bolmasa-da, mal ýatagyna edil böri darana döndi. Birnäçeleri atdan agyp düşdi, käbirleri aňyrlygyna ökje göterdi. Gara batyr sowukganlylyk bilen atyň jylawyny yzyna öwürdi. Öňürdikledip gala ses ýetim ýakynlaşan soň, parran ok geçen göwresini atdan aşaklygyna goýberdi. Dor atyň gaýduwsyzlygyyna keýp edip oturanlar onuň bilen deňme-deň serpmeden gaýdan ýaly boldular. «Batyr sözünde tapyldy, şehit boldy» diýip, onuň pälwan göwresini egninde göterip, gelýänleriň biri seslendi. «Ajalyň oýnudyr bi» – Garry mergen dor atyň aýanyndan tutup gelşine gürledi. Keşplerindäki gynanç alamatlary sähel salymdan syrylyp gitdi. batyr gijesi-gündizi basmarlap duran gutarnyksyz jebri-jepalardan halas bolupdy ahbetin!..» Kakasynyň gara batyr, Kör bagşy, Gönübek barada beren gürrüňleriniň arasynda Gara batyr hakyndaky şol gürrüň Seýitmyradyň diňe bir ýadynda galman, tutuş ruhunyň älemine çöküp, onuň düýbünde lödere bolup galypdy. Ol soň-soň Gara batyry kän ýatlardy. Ol beýik türkmeniň garadan gaýtmazlygyna, janyny islendik pursatda meýletin tabşyryp bilýänligi ony haýran galdyrýardy. Ol dünýädäki uruşlaryň, ikiýüzlülikleriň, dönüklilikleriň, namartlylyklaryň, binamyslygyň, birden janyň çykaýmagyndan ätiýaç etmegiň, ölmegiň howsalasynyň ýatandygyna soň düşünipdi. Emma Gara batyr ýaly beýik türkmen ogullary üçin, namys, lebiz şirin janyňdan müň esse artyk bolupdy. Olar namys, lebiz ara düşende hiç mahal jan barada oýlanmandylar. Bir sapar onuň düýşüne Gara batyr giripdi. Şonda Seýitmyrat oňa şu pikirlerini üzlem-saplamragam bolsa gürrüň beripdi. Gara batyr bolsa: – Şeýle boldy, ol çyndyr – diýdi – Men şonda özümi görkezeýin ýa-da Mergeniň sözüni ýalana çykaraýyn diýip etmedim. Men ýaşlara görelde bolsun, ertir duşman bilen söweşe girmeli bolsa, şu seredip oturanlar meni ýatlaryna salsyn, men olara görelde bolaýyn diýip, girdim jeňe – diýdi. – Ölmek kyn däldir. Ýöne olar ýaly ölümiň pikiri, maksady bolmalydyr. Akly bolan adam Allanyň beren janyny bihuda köýdürip goýberse bolmaz... Soň bir sapar Bukowina söweşinden soň agyr ýaradar bolanda Gara batyr onuň başujuny alyp, telim gün oturypdam. – Ölümi alada etme. Ölmäne ýetişersiň. Ýöne diriligi manyly geçirişiň ýaly ölümiňde manyly bolsun. Galanyny gaýgy etme. Seni ýeke goýmaryn... Seýitmyrat indi Gara batyryň hem Gönübegiň hem ýüzüni aýyl-saýyl gördi. Olar beýik naýzalaryny berk saplaşyp, demir işigiň her haýsy bir tarapynda garawul durdylar. Olaryň döşlerinde gatap galan al ganyň yzlary billerindäki türkmen gylyçlary, demir germew bilen berkidilen derejeden düşüp başlan säher ýalkymyna üýtgeşik ýalpyldaýardy. Arman – Ogul, bu dünýäde näme armanyň galdy – diýip, Garry batyr alasarmyk uka özüni beren Seýitmyrada ýüzlendi. – Aýt, eşidip galaly. Seýitmyrat başyny haýaljakdan ýaýkady. – Meniň armanym... Ol agyr başyny galdyrdy. – Bar, bar, armanym bar. Ýekeje armanym. Haýp... Seýitmyrat şol armanyny atlanda, ot alyp bişiberýärdi. ...Öwezbaý aga Seýitmyradyň üýtgeşik zehininiň bardygyna ir düşündi. Ol zehin çaga üşügem, çaga höwesjeňligem däldi. Ol müň ýyldan berilýän üýtgeşik nygmatdy. Seýitmyrat eýýäm bäş ýaşynda ýüzden gowrak şygry ýatdan bilýärdi. Oňa hetjiklemäniň zerurlygy ýokdy. Bir goşgyny bir sapar ýatdan aýtsaň, boldugy. Ol şony bada-bat özüňe gaýtalap, aýdyp berýärdi. Geň ýeri, çagalar bir zady tiz ýatdan bekleýşi ýaly, tizem unutagandy. Emma Seýitmyradyň kellesinde bir mermer daş bolup, onuň ýat beklänleri, şol mermer daşa ýazylan ýalydy. Ol çagalykda öwrenen goşgularyny, atalar sözlerini, ertekilerini, rowaýatlaryny, dessanlaryny edil bir gadymy kitaphanalarda gymmat golýazmalaryň saklanylyşy ýaly öz ýanynda saklap, ömürüniň ahyryna çenli göterip geldi. Ýigriminji ýyllarda ol iki oduň, geçmi’ bilen geljegiň alasarmyk aralygynda galdy. Şonda ol tas ýazyjy bolupdy. Şonda ol oturyp, şol aňynda göterip ýören baýlygy kagyza geçirmäge başlady. Nakyllaryň, atalar sözüniň iki müňden gowragyny kagyza geçirdi. Köp sanly rowaýatlary, aýry-aýry eser edip, ýazdy. Soňam birden-bire onuň özi oçerk, powest ýazyp başlady. Emma onuň haýalyna Türkmenistanyň taryhy-etnografiýasy boýunça uly publisistik eser döretmek hyýaly geldi. Ol şol niýet bilen «Gönübek eserini» ýazdy. Onuň yzyna «Hudaýsyz oba» diýen rowaýaty goşdy. Soňra «Türkmenistanyň däbi», «Tekeler», «Oguz hanyň sapaklary», «Biz nirä barýarys?», «Lebiz» ýaly uly möçberli ylmy-çeper publisistik eserlerini ýazdy. Her eseriň yzynda bir rowaýat, ýigrimi atalar sözi goýup, özboluşly kompozisiýa düzdi. Şeýdibem, müň sahypadan gowrak «Edebi düşünjeler» eseri emele geldi. Seýitmyradyň, soň nämüçindir bu «düşünjelerine» göwni ýetmän başlady. Ýöne ony işlemäge bolsa wagty bolanokdy. Döwlet planlaşdyryş komitetinde işden soň galyp, olary timarlabam başlady. Emma. Şol döwürlerde Seýitmyrat «Edebi düşünjeleriň» ujundan gazet-žurnallara-da bölüp berip başlady. Emma ol makalalar onuň ykbalynda örän agyr urguly ýagdaýlary döretdi. «Gönübegiň», «Türkmenewedeniýe» žurnalynyň 1927-nji ýyldaky ilkinji sanynda çap edilmegi, ol hakynda şu çaka çenli aýdylmaga çekinilip gelnen görüpçilik siliniň bendini ýykdy. Onuň milletçiligi, «köne samany agtarýandygy», «öňüne taýak atylmaýandygy» barada Moskwa, Daşkente, Aşgabada, dürli guramalara şikaýatlar ýagyp ugrady. Şol hatlaryň köpüsi «Gönübekden» tymsal alýardy. Hatda, köpüsi «Türkmenewedeniýe» žurnalyny iberýänler hem kändi. Orta Aziýa býurosynyň metbugat bölümi TK(b) MK iberen hatynda Türkmenistanda bolşowikleriň syýasatyna garşy gidýän antisowat, kontrrewolýussion eserleri çap etmäge aç-açan rugsat berilýändigi berk ýazgarylypdy. Şonuň üçin 1927-nji ýylyň 9-njy noýabrynda TK(b) MK-nyň sekretariýaty «Türkmenewedeniýäniň» işine seretdi we öz kararynda Öwezbaýewiň makalalaryny žurnalda çep etmegi gadagan etdi. Öwezbaýewiň milletçiligi, onuň gije-gündiz milletçilik meýilli makalalary ýazyp oturandygy baradaky şowa-şowa gürrüňler şol döwürde möwç alyp başlapdy. «Edebi düşünjeleri» Aşgabatda bilýän köpdi. Ony žurnaldakylar okap «Gönübegiň» yzyndan «Hudaýsyz obany» bermegi pylanlaşdyryp ýördüler. Şonuň üçin olar «Gönübegiň» öňüne «Bu hekaýa türkmen halkynyň arasynda ýaşap gelýän köp sanly rowaýatlaryň, ýatlamalaryň, hekaýatlaryň Öwezbaýew tarapyndan sistemalaýyn beýan etmäge girişilen uly bolmadyk bir bölegidir» diýip ýazypdyrlar. Seýitmyrat «Hudaýsyz oba» hekaýatynyň çap edilmänligine gaty gynandy. Hekaýat erteki görnüşli bolsa-da, onda halk hakykaty ýatyrdy. Eser «Gadym zamanda «Parfiýa» diýen bir oba bardy» diýip başlanýardy. ...Ol oba dagdan şaglap akýan ýaly dury derýajygyň boýunda, bagy-bossanlyk bolup duran gözel ýerde ýerleşýärdi. Oba adamlary üzüm, künji, bugdaý, noýba ýaly ekinller ekerdi. Üzümden şerap, künjüden ýag, bugdaýdan un alardylar. Bu ýurtda bedew atlar bolaýmasa, kän bir mal saklanmazdy. Dereler keýikden, jülgeler şahly mallardan doludy. Et asla iýilmeýär diýen ýalydy. Eti diňe oba hany Rapasim iýmelidi. Et diňe şonuň öýünde bişýärdi. Başga adamlara, başga öýlere et iýmek, süýt içmek gadagandy. Sebäbi Rapasim özüni Hudaý diýip yglan edipdi. Obada diňe şonuň sözi ýöreýärdi. Kim onuň diýenine däl diýse, agyr jezalara sezewar edip, dagyň etegindäki gowak zyndana äkidip dykýardy. Onuň demir donly nökerleri, şemal ýaly bolup, adamlaryň agzyndan çykan sözleri synap, derňäp ýören diňçileri bardy. Rapasim şolaryň maglumaty bilen ýaşaýardy. Ol özüne ýakyn durýan adamlary oňat görýärdi. olary «baý, beg» diýip, derejeleýärdi. Rapasim obada uly metjit gurdurypdy. Oba ymamy metjidiň belent diňine münüp: «Rapasim beýik! Rapasim beýik! Rapasim beýik!» diýip demi tükenýänçä gygyrýardy. Soň halk günde üç wagtyna metjide ýygnanyp: – Rapasim beýik! Ol akyldar. Ol Hudaý. Bize çörek bereni, bizi şu dünýäde ýaşadany üçin ýaşy uzyn bolsun! Bize ömürlik Hudaý bolsun! – diýip aglaşyp, nalyş edýärdiler. Soňam Rapasimyň geçen ýolundan gum alyp, maňlaýlaryna sürtýärdiler. Obada kim öýlense, ol ilkinji gije öz gelinligini Rapasima getirip, onuň öýüne salýardy. Rapasim bolsa şol gelinligi käte iki-üç gün saklaýardy. Şon-da-da öýlenýän ýigitler, alaçsyz «Meniň gelinligimi haçan goýbererkä?» diýip, uly sabyr bilen garaş’yp oturýardy. Dagy nätjek?! Bu ýagdaýlar bu obada adat bolup gidipdi. Gaýta Rapasim gelinligi näçe köp saklasa onuň nökerleri: «Sen bagtly Hudaýymyz seniň gelinligiňi ýagşy görüp, illeriňkiden kän saklady» diýip, öýlenýän ýigidi şatlandyrýardylar. Rapasim ol gelinlik bilen ýatyp oňaýanokdy. Ony öz gowy görýänlerine-de berýärdi. Şeýdip ol «gelinligi» elden-ele geçirdýärdi. Soňky döwürde has hem aýylganç ýagdaýlar ýüze çykdy. Meýdos, Amaýdos, Gözeliýa ýaly şahyrlar Rapasim – Hudaýy öwüp, oňa goşgy ýazyp başladylar. Rapasim meýlisler gurap, özi baradaky goşgulary gezek-gezegine şahyrlara aýtdyrýardy. Olaryň şygyryna begenip, gözýaş döküp aglaýardy. Şondan soň ol: – Beýik Hudaý Rapasim baradaky goşgulary obanyň her bir raýaty bilmeli. Olar beýik Rapasime gabat gelenlerinde, şol goşgyny aýtmaly! – diýip, höküm çykardy. Indi tutuş oba Rapasim – Alla baradaky goşgyny ýat tutup, eger ol atly ýa-da pyýada gelýän bolsa, öňünde hatar durup: – Rapasim Hudaý ýaşasyn, Şöhrat-şany beýik bolsun! Rapasim hudaý baky bolsun! Oňa dönüklik edenler, Ysmaz bolsun, meýit bolsun! Ol Alla, ol Hudaý, ol Taňry. Ol Alla, ol Hudaý, ol Taňry – diýip, ýüzüni ýere berip ýatan ýerinden aýtmalydy. Onuň mülküniň ýanyndan geçeniňde-de şeýle aýdym aýtmalydy. Eger kimde kim onuň diýenine boýun bolmajak bolup synanyşypdyr diýlip eşidiläýse, ol onuň derýadan suw almagyny gadagan edýärdi. Ekinini, baglarynyň hasylyny öz haýryna geçirýärdi. Emma diýenini edip gezse, onda ol arkaýyndy. Ol özüni öwenlere: Amaýdosa – dogan, Maýdosa – bilbil, Gözeliýä – şa – diýip at dakypdy. Olar bolsa indi goşgy bilen Rapasim Hudaýyň «Rapasim-a» diýen keramatly kitabyny dünýä ýaýyp başladylar. Ol kitapda Rapasimiň Hudaýlygy wasp edilýärdi. Ondan gorkmak, çekinmek, ony wasp etmek külli adamzada höküm edilýärdi. Indi ertir, günortan «Rapasim-a» metjitlerde, medresselerde, her öýde, her köçede okalyp, tutuş oba şonuň bilen ýatyp, şonuň bilen turýardy. Dagyň çür başynda bolsa Rapasim Hudaýa gaty uly ýadygärlik ýasaldy. Ussalar ol ýadygärligi ýasamak üçin müň gün, otuz araba altyn harç etdiler. Rapasimanyň tutuş altyndan ýasalan belent keşbi gün doganda üýtgeşik lowurdap görünýärdi. Şonda obanyň ähli adamy öýünden çykyp, ol «Keramata» çokunmalydy. Oba adamlary sähel boş wagtlary şol ýadygärlige sežde etmäge sürülýärdi. Ýakyndan bäri Rapasim ähli bugdaýy, noýbany, üzümi, künjini öz adamlaryna çekdirýärdi. Oba adamlary bolsa bir döwüm nana çenli, gelip özleriniň Hudaýlaryndan diläp alýardylar-da: «Rapasim Hudaý ýaşasyn! Şöhrat-şany beýik bolsun!...» diýen aýdymy aýdýardylar. Onuň öz bagşylary, şahyrlary bolsa, ol hakynda täzeden-täze aýdymlar, şygyrlar düzüp, ony öz alnynda-da, özlerini öldüräýjek bolup aýdýardylar. Soň özleriniň wepadarlygyny bildirjek bolup, aglaşýardylar. – Waý Rapasim Hudaý, dat Rapasim Hudaý – diýip, kükreklerini, eginlerini urup-urup, gara-gan edýärdiler. Ýat ýurtly ussalar bolsa dagyň bölegini taraşlap onuň ejesiniň keşbini asaýardylar.. Olar onuň kakasynyň keşbinem ýasajakdylar, ýöne oba-ha däl, onuň özem kakasynyň kimdigini bilenokdy. Rapasim uly şöhrada, görülmedik abraýa eýe bolupdy. Özüniň şol şöhratyny tutuş dünýä biler ýaly, dünýäde ýok bir ymarat saldyrasy gelýärdi. Ol onuň üçin dagdan on müň düýe ýüki daş çekdirdi. Arabalar bolsa aldygyna altyn çekýärdi. Ol ymaratyň içi-daşy berk goralýardy. Sebäbi ol beýik ymaratyň gurluşygyna kendiň bar erkek göbeklisi sürlipdi. Şol kentde Rowşaniý diýen bir ýigit ýaşaýardy. Ol ýigidiň bir garry ejesi, sähelçe ýeri hem-de özi gelip, eldeki bolan ýelinlek geçisi bardy. Rowşaniý Rapasim barada ýeke aýdym hem bilmeýärdi. Gaýta, gözlerinde oky bolsa ony atjakdy. Ýaş ýigit ýazyň başynda öýlenjekdi. Şonda kendiň adaty boýunça gelinligi Rapasim Hudaýa eltip bermelidi. Emma Rowşaniý: – Men ölerin, ýöne gelinligimi şol haramzadanyň düşegine salmaryn – diýipdi. Bu habar kendiň Hudaýyna şol bada ýetipdi. Ol gyzyň yzyndan demir donly atlylarynyň ellisini iberipdi. Atlylar Rowşaniýniň öýüni otlap, ejesini ata basdyryp, özüne-de ýüz gamçy urup, gyzy Rapasima getirip beripdiler. Ol gyzyň ady Aýjäjekdi. Ol özüne el gatjak bolan Rapasimanyň ak saply pyçagyny alyp, onuň böwründen sokupdyr. Rapasim özünden gidip, tas ölüpdi. Ýöne çöregi bitin eken, ölmän galypdy. Ol Aýjäjegi öz gözüniň alnynda ýalaňaçladyp, elli esgerine zorladypdy. Soňam dagdan taşladyp, meýdini kendiň orta arasyndan asyp goýupdy. Rowşaniý özüne urlan gamçydan ýaňa zordan essine gelse-de, onuň bar derdi ýüreginiň barja umydy Aýjäjegiň, eziz käbesiniň şlümidi. – Ölüm bar, ölüm bar. Siziň ölümiňiz meni ýakdy. Mähribanlarym – diýip, hasrat iýip, gan ýuwudardy. Rowşaniý ýaşlygyndan: – Rapasim, çöpdüýbi haramzada, ondanam Hudaý bolarmy. Hudaý ýeketäkdir. Ol beýikdir. Hakyky Hudaý, ölmeýän, dogulmaýan Hudaýdyr. Ol beýikdir! – diýerdi. Şol sözler häzir hem öz namysyna bogulyp, ymarat pagsasy üçin palçyk depeläp ýören Rowşaniýniň ýadyna düşdi. Ol: – Bu haramzada it ogly bugdaýyň, arpanyň ýetişip, miweleriniň bişip, agza-burna gelen wagty halka palçyk depeletmesi nämekän. Şol işler edilensoň depeläniňde palçyk bir ýere gaçyp gitjekmikän – diýip, gygyrdy. Emma oňa ses beren tapylmady. «Hudaý Rapasim ymaraty görmäge geljekmişin» diýen gürrüň çar tarapa ýaýrady. Rowşaniý özüne söwüdiň syrdam şahasynyň ujuna göwher pyçagyny dakyp, sanjak ýasady. Gurluşyga işe gideninde, agyrýan biline söýget üçin göterýän hasasyna derek şol sanjagy aldy. – Şu gün beýik Perwerdigäriň hemaýaty bilen seniň läşiňi sermesem, atamyň ogly däldirin. Ýa öldirin, ýa amanaty tabşyraryn. Maňa beýle durmuşam, ýaşaýyşam derkar däl – diýip, Rowşaniý özüne söz berdi. On sekiz müň älemi ýaradan beýik Perwerdigär bolsa, bir gurrumsaga «Alla» diýip çokunyp, gije-gündiz şoňa tagzym edip «Rapasim – Hudaýdyr!» diýip, güni-güzerany, amanat jany üçin bilbil bolup saýraýan halkyň yrsgalyny, bagtyny Rapasima baglap goýupdy. Ol diňe Rowşaniýni görýärdi. häzirem, onuň dilegine «Omyn» diýdi. Gün günorta bolupdy. Garagumyň jöwzasy ýetjek belentligine ýetipdi. Adamlar irmän-arman gara dere eýlenip, palçyk depeleýärdiler. Şol wagt: – Tagzymnama aýdyň, togap ediň, beýik Hudaý – Rapasim gelýär – diýip, nökerler gamçylaryny şarpyldadyp, iki baka at salyp başladylar. Birden Rowşaniýniň kalbyna üýtgeşik bir gaýrat geldi. Ol palçyga bulaşyp ýatanlaryň üstünden, aňyrdan at gorduryp gelýän adamlara garady. Häzir ol misli beýik bir gara gaýa meňzeýärdi. Emma nökerbaşy: – Ýat, ýat – diýip, «Rapasim – Hudaý», «Rapasim – beýik» diýip älemi tutup duran owazy basyp zarply gygyrdy. Emma Rowşaniý oňa «barmysyňam» – diýmän, edil bir äpet dag ýaly bolup, dyzlaryna ýetip duran palçygyň içinde sarsman durdy. Rapasim onuň deňine gelip atyny saklady. – Wah, eziz bedewim, haýp, üstüňe mündirmeli adamy bilmänsiň – diýip, ýigit Nusaýyň iň owadan, iň näzik bedewine ýüzlendi – Taşla janym ony. Ol haramzadadyr... Bedew oňa düşündi. – Ol kim? – diýip, Rapasim oňa barmagyny çommaltdy-da, elindäki owadan alýaňak almany ysgady. – Ol gelinligini saňa getirip bermejek bolan gul. Rapasim töweregine garady. – Ol näme, tentekmi? Ol meniň Hudaýlygymy bilenokmy? Ol maňa tagzym etmelidigini bilenokdy? – Ol Rowşaniýä ýüzlendi. – Eý, näletkerde, sen eidýärmiň? Hany, jogap ber!.. Rowşaniý aýagyny palçykdan sogrup aldy-da, sanjagyna daýandy. Özüni bu haýynyň üstüne topulmaga häzirläp, edil awuna topuljak şire döndi. – Eý, haramzada, çöpdüýbi, diňle. Sendenem bir Hudaý bolarmy? Hudaý on sekiz müň älemi döreden, ölmeýän, dogulmaýan ýeke-täk perwerdigärdir. Sen bolsa poh dörüp, ejizi agladyp ýören gulatysyň... Rapasimiň ýaman gahary geldi. Ol atynyň ýüzüni Rowşaniýä öwrüp, atyny depgiledi. Emma at özüni palçyga urmady. – E-e-eý! Sen näme diýýäniňi bilýäňmi. Men seni, men seni ojagaz gepiň üçin diliňden ýüp salyp, ata süýretdirerin – diýip, ol gaty arkaýyn aýtdy. Onuň gara çynydy. Diýdi gutardygydy. – «Almany göge zyň, ýere düşýänçä ýa pelek! » Eliňden gelenini aýama. Rapasimiň gözi elindäki alýaňak alma düşdi. Ol nökerlerine: «Häzir gyzykly tomaşa bolar» diýen manyda gözüni gypdy. Soň almasyny Rowşaniýä zyňjak güjeňläp: – Ine, alma, häzir göge yňjak Ýere düşdügem, seniň diliňe ýüp daňyp, ata süýretjek. Ine, ine... Ol elindäki almany asmana zyňdy. Alma bolsa duýdansyz duran sarç atyň edil iki gözüniň arasyna gaçdy. Beýle-beýle zada garaşmadyk bedew at. Şol durşuna, erbet haýkyryp asmana bir bökdi. Onuň üstünde hiç zada parh etmän, arkaýyn oturan Rapasim hem göge atyldy. Şondanam kelemenläp gelip, ýoluň gyrasyndaky daşa kellesi gülçüldäp degip, edil elden gaçan garpyz ýaly, her bölegi bir ýere uçup gitdi. Ony synlap duranlar: «Wa-a-aý!» diýşip orlaşdylar. Ol aýylganç sesi eşidip, läbik laýa bagyrlaryny berip, samraşyp ýatanlar ýerlerinden turuşyp ylgap gaýtdylar. – Kim ony öldürdi?! – diýip, endam-jany palçyk bolan, sal-sal, ak sakally gijä gygyrdy. – Kim ony öldürdi. – Şo-ol! – diýip, nökerbaşy awunyň üstüne topuljak şir ýaly bolup, sanjagyny häzirläp duran ýigidi görkezdi. Şol goja ilata ýüzlendi. – Halaýyk. Ol ýigit biziň kendimizi juda agyr beladan halas etdi. Goý, şolam hanymyz bolsun! Halaýyk gürre ördi-de, Rowşaniýe bakan topuldy. Emma Rowşaniýe «Duruň!» diýen manyda elini göterdi. – Adamlar! – Ol töweregine garady – Häzir han saýlamagyň wagty däl, häzir hasylymyzy ýygnamagyň wagty. Hemmämiz öýli-öýümize gaýdalyň. Üýşüp han saýlaýançak, goý, şol aksakal goja bize han bolsun – diýipdir-de, sanjagyny alyp öýüne bakan ugrapdyr...» ...Ol Gara batyryň sowalynyň alynda duran ýerinden, bu hekaýaty ýyldyrym çaltlygynda aňyndan geçirdi-de, başyny ýaýkady. Bu hekaýat gör, haçan döräpdi. Seýitmyradyň ony eşiden wagty, asyryň başlarydy. Ol wagt bolşewigem, Leninem, Stalinem ýokdy. Bu zulumlar hem ýokdy. Emma halk, gör nähili geniý. Halk gör, haçan şu zulumly gün barada rowaýat düzüp goýupdy. Emma şol Edebi düşünjelerde şular ýaly hekaýatlaryň gör, näçesi bardy. Ol Gara batyra garady. – Howa, puşmanym bar. Bir diwan ýazdym. Onam, otladym. Haýp, haýp, haýp. Gara batyr sesini çykarmady. – Şol müň sahypalyk ýazgymy otlamagym, kyýamat-magşara çenli meniň puşmanym bolar. Men halk aňyny, halk umydyny, halk hakykatyny otlan ekenim, haýp... «Wah, Gara batyryň aýdyşy ýaly, indiki nesli nähili bolmalydygynyň nusgas-a boljak eken...» Isleg Gara batyr Seýitmyradyň ýanyndan aýrylanokdy. Onuň her ädimine tiňkesini dikip otyrdy. Demir işik jagyrdap açylan pursaty ol garaňky burçda çilimini kükedip oturan gönübege tarap süýşüp, zyndanyň saklawlarynyň nahar getirişlerini, Seýitmyradyň garbanyşyny, soň gap-gaçlary ýygnaýyşlaryny synlap otyrdy. Ýöne ol şonda-da, sähel şakyrdy bolsa, Seýitmyradyň öňüne geçip, oňa atylan güllä döşüni gerjekdi. Seýitmyrat agaç sekä geçip, aýagyny aşak sallap oturdy. – Näme islegiň bar, aýt, eger biziň güýç ýeterimizde bolsa... Seýitmyradyň ýekeje islegi bardy. – Wah, güýz güni bolsa. Bir döwletli kişi toý tutsa. Senem oňa çagyrsa. Toý ýerini at gaýtarym syryp-süpürip, suwlasalar. Soňam düşek atsalar. Ortarada-da, gözüňe söweýin, Garagumyň ojaryndan öý ýaly üýşürüp, ýaksalar. Ojak durşuna közdür, asmanyň almaz ýaly çyrazly ýyldyzlary, depäňde bulduraşyp durandyr. Bagşy orta geçer. Ilki ýapbyldaga başlar. Soň Köpetdagyň biline, soňam depesine çykar. Ine, şonda, ýassyga gyşaryp, öňüňe-de gök çaý alyp, häk, bir aýdym diňlesedim. Ýüregimiň, ruhumyň gemreleri döwüm-döwüm bolup açylsady. Şol bagşam Sary bagşy bolsady... Seýitmyrat elini sag gözüne ýetirdi. Ol ýaňy arzuw kölüne batan mahaly işik jygyrdap açyldy-da, içeri dört sany saklaw güpürdäp girdi. Olar Seýitmyradyň kiçijik, horja ellerine gandal urdular. – Öňden ýöre... Galanyň ýykylyşy Meýdan durşuna ak gardy. Berýozalaryň dökülmedik ýapraklaryndan buz şelpeleri sallanyşyp durdy. Asman matamlydy. Iki gat goşulan sanýa tokaýyň içindäki ýoda bilen öňürdikläp barýar. Sanýa çaýkananda, iki sany saklawyň arasynda oturan Seýitmyrat kirli, hapa güpbüsine çümüp otyr. Ol töweregine garasa-da hiç zat görmeýärdi. Onuň çep gözüne nähilidir bir bir gara perde inipdi. Häzir gözüni owkalasa, aýrylaýjak ýalydy. Emma saklaw elindäki bäşatarynyň gundagynyň düýbi bilen iki eliniň arasyndan gandaly bilen basyp durdy. ol elini gymyldadyp bilmedi. Gün batyp barýardy. Tokaý garaňkynyň gujagyna girjek bolýan ýaly, böwür berip durdy. Atlar saklandy. Tokaýyň açyk ýerinde gazylan ganawyň ýanynda, ot ýanýardy. Oduň başynda oturanlar ýerlerinden turdular. – Kimi getirdiňiz? – diýip, biri gygyrdy. Ol megerem, maýor Asepteriniň sesidi. – Öwezbaýew! – Eltiň! Seýitmyrady südenekledip, ganawyň gyrasyna getirdiler-de, elini gandaldan boşatdylar. Ganawdan çykan üýşmek gumuň üstüne çykan Asepter tokaýy ýaplandyryp gürledi. ... – Höküm ýerine ýetirilýär! Bäşataryň polat gulagy şakyrdady. Seýitmyrat gapdalyna garady. Onuň bir gapdalynda Gara batyr, bir gapdalynda-da, Gönübek gysmylap durdy. – Mert bol bala... Gara batyryň sesi hasratly çykdy. – Bir başa bi ölümdir. Ajalyň alynda namartlyk etme. Başyň belent tut. Garly agaçlaryň üstündäki gargalar bäşataryň niliniň agzyndan pürkülip gaýdan ýalyna ala-goh bolup göterildi. Oklar ilki Gara batyryň, Gönübegiň gursagyna şapyrdap degdiler. Seýitmyrat agyry-da, ynjy-da duýmady. Ol oklaryň ýyldyrymyňky ýaly badyna tisgindi-de, öňe serpikdi. Emma ýykylmady. Şol pursat aňyrdan şol-ol Astrabadyň eteginde general Drozdowyň komissarlygyndaky toparda dilmaç bolup gulluk edýärkä çeşmäniň boýunda duşan gajar gyzyny görüp galdy. Ol gyz zülplerini ýelpeselendirip, balkyldap duran ala gözlerini zar-zelil edip, ylgap gelýärdi. Özem elindäki elwan ýaglygyny bulaýlap: – Ýok, atmaň, atmaň, duruň! – diýip, özelendi – Duruň, dur-u-u-uň! Seýitmyrat asyrlaryň namasy, ýagşylyklaryň ruhy, ömürleriň perýady siňen gadymy gala kimin sarsman durdy. Ol şo-ol Astrabadyň etegindäki çeşmäniň boýundaky mähriban gajar gyzyny gördi-de, bir tisgindi. Şondan soň türkmeniň ýalňyz, beýik galasy gümmürdäp, düňderilip gidipdi. Gara batyr bilen Gönübek ol iň soňky türkmen galasynyň sülsadyny ýat illerde goýmajak bolup, eginlerine göterip, garry watana bakan ugradylar. Seýitmyrat: Garşy-da bir gajar gy-y-yz-yn söýmü-şem, Özi degmiş bu dünýä-ä-ä-niň bary-ne-e-e-e-e-eý-ýe-ý – diýen owazy eşit-di-de, ak guwa öwrülip, şoňa bakan gaýyp gitdi. Onuň tutuş ömri şu iki setiriň içine siňip galypdy. Baýramaly. 03.10.2002 ý. | |
|
√ Köne mülk -2: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -26: romanyñ dowamy - 08.12.2024 |
√ Dirilik suwy -4: romanyň dowamy - 27.04.2024 |
√ Dirilik suwy -23: romanyň dowamy - 23.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň / roman - 27.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -15: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -7: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -12: romanyň dowamy - 12.05.2024 |
√ Dirilik suwy -3: romanyň dowamy - 26.04.2024 |
√ Bäşgyzyl -6: romanyñ dowamy - 15.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |