13:52 Gala -4: Ömrüň beýany | |
4. Ömrüň beýany
Romanlar
Seýitmyrat Öwezbaýew şol Döwlet syýasy uprawlenýesine eltilen güni günä bildirdiler. Seýitmyrat ilki bada bu ýerde bir düşünişmezlik bardyr öýtdi. Özüne: «Türkmenistanda «Türkmen azatlygy» guramasyna dörediji, onuň gös-göni ýolbaşçysy we iň möhüm ugruny «Harby-göreş ugruny alyp gidiji» diýen günäniň bildirilýändigini yglan edenlerinde, ol heniz hiç zada düşünibem baranokdy. Sebäbi Gaýgysyz: Döwlet plan komitetiniň işlerini, täze ýylyň býultenini, köne ýylyň hasabatlaryny wagtynda taýýar edeňizok diýip, onuň iki aýagyny bir gonja sokýardy. Onuň kellesi hasabat, hasaplaşyklar, bölünişik, paýlaşyk diýen düşünjelerden gyrma-gyrdy. Ýöne ol uly gaýrat görkezip, işi baýramçylygyň öň ýanynda doly tamamlady. «Maý baýramçylygy geçenden soň Rahym jan bilen Pöwrizä gidip, üç günläp ýatyp keýpden çykaryn» diýip, göwün ýüwürdýärdi. Emma uly baýramçylygyň bosagasynda ony tutmalary, özüne günä ýüklemekleri Öwezbaýewi geň galdyrdy. «Ýa Gaýgysyz bilen Nedirbaýyň eden oýnumyka, «1-nji maý üçin çykyş ýazmady» diýip, aý olardan her hili oýun çykar...» Birdenem, ol ýylgyryp goýberdi. «Aý, şu-ha kemem bolmady, ýatyp-ýatyp dynjym-a alaryn» diýip oýlandy. Hakykatdan hem Seýitmyradyň saglygy gowşama kemini goýmandy. Ylaýtada agyr ýazuw-pozuw işleri, uzak mahallap agyr pikire düşünmek oňa gowşaklyk berýärdi. Gidip-gidip Bulawinada snarýadyň aşagyna düşüp, kellesiniň-beýnisiniň agyr sarsmagy özüni bildirýärdi. Gijelerine gygyryp, dişlerini çarhlap, gara suw bolup derläp, tisginip oturan mahallary ýygy-ýygydan gaýtalanýardy. Kä gijeler daňdana çenli ukusy öldür tutmaýardy. Kä günler bolsa endam-jany kül-owram bolup, ýerinden galasy gelmeýärdi. Ýöne ol hiç kime syr bildirenokdy. Köplenç işine paýtunly gidip, paýtunly gelýärdi. Jemgyýetçilik ýerlerine kän baryp bilenokdy. Onuň ram edip barýan ýeri, Bekki bilen Kakajanyň ýanydy. Ölemen bolup küşt oýnaýardy. Küşt onuň öler janydy. Käwagtlar Berdi Kerbaba oturylyşyk gurardy. Galam haky alan güni onuň üçin toýdy. Saçagyny giňden ýazyp, üstüni nazy-nygmatdan, akly-gyzylly çüýşelerden doldurýardy. Onuň elem, göwnem açyk bolansoň ol Berdini gowy görýärdi. Berdi Kerbabanyň meýlisiniň ýene bir aýratyn gyzykly tarapy, ol goşgularyny ýatdan okaýardy. Juda gory boşaberse, Magtymgulynyň şygyrlaryna ýapyşardy. – Sen, türkmen şygyrýetiniň almaz täji bolarsyň, Berdim – diýip, Seýitmyrat saçagyň başynda oňa hoşamaýlygyny bildirerdi. Soňam ol käte magaryf işgärleriniň öýüne barardy. Dilçi, edebiýatçy mugallymlar bilen oturyp okuw, usul barada gürleşerdi. Birki döw küşt oýnardy. Seýitmyrat ömrüne ýalan sözlän adam däldi. Kakasynyň Gökdepe şehitleriniň jaýynda «Öljek bolsaňam, ýalan sözlemeginiň» diýen sargydy gulagynda galypdy. Ondan başga-da ol ýanaral Kurapatkiniň şol beren çerwonesleri bolaýmasa, öňde-soňda der döküp gazanmadyk zadyna barmagyny degirmändi. Hiç mahal goýmadygyny götermändi. Hudaý oňa sarpaly ömür, kanagatlylyk beripdi. Ol hemme ýagdaý babatda kanagatlydy. Ölüp-öçüp barmak keseli onda hiç haçan hem bolmandy. Alla oňa dilewarlyk beripdi. Onuň dilewarlygyna kakabaşlyk diýip düşünýänler hem ýok däldi. Bir sapar Berdiniň çaýhanasynda joşup bir zady gürrüň berýärdi. Şonda gumly söwdagärleriň biri: – Heý, Öwezbaý gökleňiň ogly, sen kän gürleýäň-le, diliňden bela galaýmagyn – diýip öwüt berdi. Şonda Seýitmyrat çekinmän. – Haý, baý aga, şu dil seniň agzyňda şeýdip geplän bolsa, ol kelläň bilen bir wagt hoşlaşardyň, emma bu dil meniň agzymda gürlände, sen arkaýyn bolaýgyn – diýipdi. - Ol baý şonda aýtmaga söz, girmäge deşik tapman, göterilmek bilen bolupdy. Ine, onuň bar aýbam, bar mertebesem şoldy. Başga bir üýtgeşik ýagdaýy ýokdy. Ony ýeke adamlyk kamerada üç gün sakladylar. Soň dördünji gün soraga alyp gitdiler. Onuň sülçisi edil dadran köki ýaly bogun-bogun bolup, suwuny özüne siňdiren, şu işlerde gazan-gazan çorba sowada Arbala diýen ýaly ýaşulydy. Ol temmäkä kakadylan murtuny çilim deregine ysgap köşeşdirýärdi. Patyşa döwürlerinde çeňklenip ýasalan äýnegini el ýaly gulaklarynyň düýbünden geçirilip, myşylap, hat ýazyp, tagta-tagta kagyzlary doldurýardy. Ol adam garran, gotrawsy ýüzünde siňil ýaly doňup galan ak patlawuklary, temmäkiniň tütüni saraldan jontuk barmaklary bilen misli olar «Başla» diýip duýduryjy nokat ýaly, baryny elleşdirip, basyşdyryp çykýardy. Ol saklawlar çykyp, tussag bilen ikiçäk galandan soň äýnegini düzedişdirip, gözlerine ynanmaýan ýaly, aňkarylyp ep-esli durdy. soň birhaýukdan soň: – Öwezbaý! – diýdi. Seýitmyrat ony düzetdi. – Meniň adym Seýitmyrat, atamyň ady Öwezbaýew ýa-da Seýitmyrat Öwezbaýew. Ol adam eli bilen murtyny sypalaşdyrdy-da onuň ysyny burnuna çekdi. – Mümkin, mümkin. Ýöne biz Ýelizawetagradyň harby uçilişesinde saňa Öwezbaýam diýýärdik – diýdi. Seýitmyrat gaty ýatkeş adam bolsa-da sülçini tanamady. Şonuň üçin Mümkin, mümkin diýdi-de goýaýdy. Sebäbi bu adamlara syr bermäge onuň delili ýokdy. Bularda bolsa müň al, müň ýol bardy. Ähli dokument elýeterdi. – Ýakşy! – diýip, Arbel içini çekdi – Men seniň sülçiň. Atamyň ady Arbel. Işi häzirlikçe men alyp barmaly. Seýitmyrat baş atdy. – Baş üstüne, alyp gidiň garşylygym ýok. Sülçi dodagyny çöwürdi. – Baş üstüne, baş üstüne, garşylygyňyz bolsa şikaýat edip bilersiňiz. Kanun, hakykat siziň tarapyňyzda. Seýitmyrat sesini çykarmady. – Onda, aýdyň, tussag Öwezbaýew, işi nähili usulda alyp gideliň. Men sowal bereýin, siz jogap beriň ýa-da siz gürrüň beriň, men diňläýin ýa-da hat üsti bilen sowal-jogap almalyň. Haýsy şul amatly. Öwezbaýew üçin tapawudy ýokdy. Ol häzir Boka batsaň, boýuň bilendi. – Ýöne, galplygy, ýalançylygy, iki ýüzlüligi halamok. Barmy – bar, ýokmy – ýok. Öwezbaýew ýumruk ýaljak bolup düwülip oturyşyna: – Oňa işiň gidişinde göz ýetirersiňiz – diýdi. Sowal jogap başlady. – Adyňyz? – Seýitmyrat. – Ataňyzyň ady? – Öwezbaýew. – Haçan, nirede doglan? – Gökdepe raýonynyň Yzgant obasynda 1889-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda garyp maşgalada doglan. – Nirede, haçan mekdebe gitdiňiz? – 1895-1897-nji ýyllarda obamyzdaky Ata işandan arapça, ilkinji başlangyç bilim aldym. – Gurhany, onuň sürelerini öwrendiňizmi? – Şol molladan Gurhanyň «Tebärek», «Ýasyn» sürelerini, köp aýatlary öwrendim. – Ollary häzir hem ýatdab bilýärsiňizmi? – Men «Tebärek», «Ýasyn» sürelerini, köp aýatlary häzir hem ýatdan aňsat bilýärin. – Olary türkmenleriň arasynda häzir hem ulanýarsyňyzmy? – Ýok. – Ýeri gelse, ulanmagyňyz mümkinmi? – Ol ýerine we şertine bagly bolar... – Soň? – Soň Köşüdäki rus-tuzem mekdebinde bir ýyl okadym we rus dilini oňat öwrendim. – Soň? – Soň Türküstan oblastynyň general-gubernatory Kurapatkiniň goldamagy we ýörite tabşyrygy boýunça 1899-njy ýylda Orenburgyň kadet korpusyna okuwa iberildim. – General-gubernator siziň maşgalaňyzy nähili tanaýar? – Ol meniň kakamy çalarak tanaýardy. 1899-njy ýylyň aprel aýynda onuň aly hezretleri ýoluň ugrunda goýun bakyp ýören kakamdan Gökdepe hakynda sorady. Men olaryň arasynda dilmaçlyk etdim. Onuň aly hezretleri meniň bilen gyzyklandy. Meniň rus dilini nirede öwrenendigimi sorady. Soň kakama: Maňa ber bu ogluňy, okadaýyn diýdi. Kakam razy boldy. Şeýdip, men 1899-njy ýylyň aprel aýynda Orenburga okuwa iberildim. – Orenburgda näçe ýyl okadyňyz? – Orenburgyň kadet korpusynda 1899-njy ýyldan 1906-njy ýyla çenli okadym. – Esasy näme okadyňyz? – Esasan, harby okuwyň başlangyç ulgamy. Patyşa Russiýasynyň orta bilim maksatnamasy hem-de din bilimleri... – Sen mugallym çagasy bolup Gurhany ýatdan bilip diniň kadalaryna nähili garadyň. Aňyňyzda gapma-garşylyklar boldumy? – Ýok, bolmady. Men dinlere we mukaddes kitaplara ýeke-täk Allanyňky diýip düşünýärin. – Siziňçe, olaryň düýbi bir-dä. – Birdir. Sülçi ahyr soňy çydamady. Işi boýunça talap edilýän penjeginiň jübüsinden temmäki gutujygyny hem-de gazet çykaryp, iki barmagynyň ýogynlygynda çilim ýasandy. Soň ony otlady-da tä ýüzi agaryp, öli reňkine gelýänçä demine sordy. Soňam agzyndan, burnundan zogduryp ep-esli wagtlap tüsse goýberdi-de, goýy dymyksöw tütüni aýasy bilen çem gelen ýere kowdy. Birki gaýta tüp-tüp edip agzyny şypbyldatdy-da eliniň arkasy bilen dili çykyp duran dodaklarynyň arasyndaky temmäki owuntygyny süpürdi. Ol kagyza dümtünjegem ýaly etdi-de, gözlerini süzüp, ýene-de çilimine ýapyşdy. Seýitmyradyň hasaby boýunça, üç sagada golaý wagt geçipdi. Arbel howluganokdy. Ol beren sowalyna, alan jogabyna howlukman ýazýardy. Ýazylan sahypalary küt-küt edip, biri-biriniň üstünde goýup, käte ýazgylaryna gözüniň gytagyny aýlabam goýberýärdi. Sowal-jogap, rus dilinde, asuda gidip durdy. sülçi garşysynda, gaty tubaretkanyň üstünde ýumruk ýaljak bolup, äpet kellesini zordan göterip oturan, bir gözi ýakymsyz akjarýan, tegelekden süýri ýüzünde oýmak ýaly tommy dodagy, kiçijik halkajyk bolup, edil gürje murtuna gelip saklanýan burunly bu adamy kän bir äsgeribem baranokdy. Şonuň üçin gürrüňi, pikiri juda erkin, hiç-hili howsala, içki gysylma duçar bolman alyp barýardy. Häzir ol özüni akylly, güýçli duýýardy. Seýitmyrat üçin bolsa barybirdi. Onuň bassyr-bussur edere, gizläre, howpa, howsala düşere gorkuzy ýokdy. Ol şu güne çenli ýaşan ömründe her bir basan ädimini hasaply, dürs basypdy. Onuň ömründe şübheli ädimi ýokdy. Arbel ýerinden turup, bilini ýazdy. Öňi polat germewli penjiräniň öňüne baryp, gerindi. Soň ýerinde oturyp, ruçkasyny eline alyp, ony syýadana batyrdy-da, kagyza dümtündi. – Hawa, hawa – diýip, ujundan syýasy stola daman perosyny syýa çüşäniň agzyna çaldy. – Şol dinleriň düýbi bir diýdiňiz. Sen häzir, döwlet işinde. Jogapkärli wezipede işleýän wagtyňyz oňa nähili düşünýärsiňiz? Seýitmyrat gözlerini ýere dikip oturşyna: – Öňki ynanjyma galýaryn – diýdi. – Soň nirede okadyňyz? – Soň Ýelizawetgradyň harby uçilşesinde dört ýyl okap, poruçik derejesini aldym. – Işe nirä iberdiler? – Soň Stawropl şäherinde harby gulluga başladym – Wezipäňiz? – Rot mistor. – Soň? – Soň men Köşüdäki atly diwizona iberildim. – Haýsy ýyl? – 1910-njy ýyl – Soň? – Soň 1911-nji ýylda Eýranyň Kümmetkabus, Astrabat şäherinde Rus konsullygynda wekil we dilmaç bolup bir ýyl gulluk etdim. Soň ýene atly dwizona, Köşä gaýdyp geldim. Arbel sagadyna seretdi-de howlukdy. – Soňra, çaltyrak jogap beriň! – 1913-nji ýylda Eýran serhediniň komissarynyň otrýadynda gulluk edip, iýun-awgust aýlarynda ýene dwizona dolandym. – Ýene, çaltyrak! – 1914-nji ýylda türkmen atly polky bilen Polşa ugradym. 1915-nji ýylda Russiýa garşy Antantanyň uruş başlamagy sebäpli, biziň polkumyz Awstriýa frontyna, Bukawina şäheriniň etegine geçirildi. Bukawina frontynda atly hüjümleriň birinde agyr ýaralandym. Uzak wagtlap dürli gospitalda ýatdym. – Nähili ýaralandyňyz, ok niräňizden degdi? Bu waka ýöne aýdylýan waka däldi. Ol waka Seýitmyrat üçin dowzahy hem-de adamyň adama zulum etmeginiň wakasydy. Şonuň üçin ol sägindi. – Gyssanyň, jogap beriň! – diýip, sülçi onuň üstüne sesini batlandyrdy. Seýitmyrat başarmady. – Meni kamera iberiň. Ýagdaýym gaty erbet. Şol wakany ýatlasam, kellämdäki ýaram lasyrdap, tutuş süňňümi lagşadýar. Sülçiniň azaryna-da däldi. Ol bulgurynyň aşagy ýaly bolup duran äýnegini Seýitmyrada dikdi-de gygyrdy. – Aýtjakmy ýa-da aýtjak dälmi. Seýitmyrat birden Meleguşy bilen gykawlap öňe barýanyny duýup galdy. onuň elindäki gylyç lowurdap durdy. Türkmen bedewleriniň demi, aýaklary ýagşy açylypdy. Gykylyk, asmana göterilen tot-tozan, bir ýerlerden eşidilýän agyr-agyr gümmürdiler Meleguşyň ýüregini turuzypdy. Ol uçup barýardy, uçup barýardy. Şol arada ýagyşyňmy, siliňmi ysy Seýitmyradyň burnuna urdy. Depesinden çagba meňzeş bir sowuk akym eňterildi. – Öwezbaýew! Öwezbaýew! Ol gözüni açdy-da, elek-çelek boldy. özüniň sement poluň üstünde ýatandygyny, kimiňdir biriniň depesinden bedreläp suw eňterýändigini gördi. Ellerini ýere diräp dyzady. Turjak boldy, bolmady. Kellesi, edil ok çümen ýaly agyryp, lorkuldap, awusy, ýüregini, bagryny daglap barýardy. * * * Ony süýräp kamera eltip, daş ýaly düşegiň üstüne taşlansoňlar hem agyry gaýtmady. Ol ýene-de şol söweşe girdi. ... Günorta-günbatar front boýunça barýardy. Rus goşunlary Antantanyň çlenleri bolan awstro-wenger goşunlarynyň üstüne hüjüm etmelidi. Bu hüjümiň guraýjysy we baýdak göterijisi nemes goşunlarydy. Olar rus goşunlarynyň garşysyna 24 fransuz, 6 italýan dwiziýasyny sürüpdi. Iň ýaman ýeri nemes awiasiýasy asmany dolduryp uçup gelip, bomba bilen tutuş rus goşunyny püreläp gidýärdi. Nemesleriň gudurmasy diňe bu güýçler hem däldi. Olaryň aýratyn bir bölümi bolup, ol bölüm ruslaryň garşysyna üýtgeşik bir himiki tüsse tütedýärdiler. Şol tüsseden dem alan esger, bada-bat jan berýärdi. Şonuň üçin rus esgerleri söweşe milt edip bilenokdylar. Iki duşmanyň arasynda Stohod derýasy akyp ýatyrdy. Ruslar Stohoddan geçip bilenokdylar. Sebäbi derýanyň aňyrsy uzaboýunda awstriýa-wenger goşunlarynyň berk goranyşy bardy. Şol sebäpli söweşi ganatdan, Dnestr bilen Prut derýalarynyň aralygyndan awstriýa-wenger goşunlarynyň garaşmaýan ugrundan başlamalydy. Söweşiň gitmeli ýeri gyrymsy otluk gözýetime çenli ýaýylyp ýatan meýdandy. Şol sebäpli duşman samalýotlary olary bada-bat görjekdem, weýran etjekdem. Söweşe atlary salmak karar edildi. Polkuň başynda Seýitmyrat Öwezbaýew durdy. onuň polkunda ahal-teke atlarynyň üç ýüzüsi bardy. Jigitleriň köpüsi türkmen, başgyrt, rus ýigitlerindendi. Duşman arkaýyndy. Olar samalýotlaryna, täze himiki ýaraglaryna buýsanýardylar. Bu gün, 1915-nji ýylyň 4-nji maýydy. Howany gara bulut örtüpdi. Säher ýagan ýagyşdan soň ne ýel bardy, ne uz. Şeýle galyň bulutly gün atly söweş üçin juda amatlydy. Atlylar ir säher söweşiniň çep ganatyndan derýadan geçip, duşmanyň goranyş meýdanyna «Ýa, Alla!» diýip at goýdy. Çep ganatdan ýagy geler diýip oýlanmadyk duşman ähli güýjüni sag ganata gönükdirip, arkaýyn ýatyrdy. Atlylar göni duşmanyň merkezi lagerine çozdular. Söweş generallarynyň üçüsi, ýüzden gowrak ownukly-irili komandir, toplaryň 10-sy, ok atyş ýaraglarynyň ýüzlerçesi ele salynyp, duşmanyň öz arabasyna ýüklenip alnyp gaýdyldy. Şol söweşde ele salnan dil duşmanyň güýjüniň syryny doly aýan etdi. Mundan başga-da säher bilen atlarynyň Ezraýyl kimin aýylganç söweşi, parçalanyp, gylyçdan geçirilen esgerleri gören duşman esgerleri dowla düşdi. Bu atlylar asmany dolduryp duran nemes samalýotlaryndan, tütäp demiňi içiňe doldurýan himiki tüsseden hem beter ýowuz ýagy bolup görünýärdi. Seýitmyradyň her saparky ýörişi juda şowludy. Bagtyna, atly esgerleriň hem bitiniň burny gananokdy. Agzy tagam tapan esgerler, käte gijelerinede duşmanyň üstüne duýdansyz çozýardylar. Duşman atlylaryndan halys bez-bez bolupdy. Şol gezekki on bäş ýörişiň onusynda Seýitmyrada komandowaniýanyň minnetdarlygy yglan edildi. Onuň özi, ýoldaşlary ordenleriň dördüsine ýazylyp berildi. Gep ordende däldi. Gep, Seýitmyradyň güýjüniň, söweş parasadynyň açylmagyndady. Ýöne şol söweşde oňa berlen Swýatoý Stanislaw ordeni juda eziz bolup galypdy. 1916-njy ýylyň fewralynda ony frontyň ştabyna çagyrdylar. General Çigrin oňa ýagdaýy düşündirdi. – Biziň goşunymyz Bukawina we Galiňi ugry boýunça hüjüme geçmeli. Duşman biziň bu maksadymyzdan habarly. Olar ähli güýji biziň gitjek ugrumyza sürdi. Şonuň üçin şu gün atly polk duşmanyň ýeňsesinden güýçli hüjüm bilen urup, duşmanyň ähli güýjüniň ugruny üýtgeder ýaly şert döretmeli. Şu beýik işi frontyň komandirligi, ýoldaş Öwezbaýew size ynanýar. Özüňiz hem söweşe poruçik däl-de ştabs-rotmistr bolup ýolbaşçylyk edersiňiz. Bu dereje Seýitmyrady juda galkyndyrdy. Ýöne gün buldurap duransoň, ol iňkise gidýärdi. – Ynamy ödäp bolarmyka? Duşman samalýotlary üstümizi basmaz-da, hernä. Alla bardyr-da. «Hudaý diýen hor galmaz» eken. Seýitmyradyň polky derýanyň ýalpak ýerinden geçen badyna asmany gara bulut gaplady. Polk batyrgaýlyk bilen hüjüme geçdi. «Ur-ra!» diýip çozýan, eli polat gylyçly atlylaryň sesini eşiden duşmanyň haýýady göçdi. Giden frontda baş-başdaklyk emele geldi. Front ýaraglarynyň ugruny üýtgetmek däl, olar agyl öz-özlerini atyşyp, başagaý boldular. Atlylar ýyldyrym daran ýaly bolup, tutuş duşman frontynyň içinden parran geçdiler-de, duşmana göz görkezip, yzlaryna gaýtdylar. Ilki aljyran duşman, kem-kemden essine gelip, ähli güýjüni atlylaryň yzyndan sürdi. Oňa çenli sowuk, agyr çagba başlap, garaňky gatlyşdy. Şeýdibem, duşman fronty öňki kaddyna gelmegi ertire goýdy. Gije rus goşunlary hüjüme geçip, duşmana uly zarba urdy. Bukowina şäheri, Galisi tutuş etraplary bilen ele salyndy. Şonda Seýitmyrat «Swýata Anna» ordeniniň üçünji derejesi bilen sylaglanypdy. Ştabs-rotmister Öwezbaýewiň ady, şöhraty, onuň atlylarynyň edermenligi duşman polklarynyň arasynda-da belli bolupdy. Ýöne rus goşunlary Bukowina – Galisi ugurlarynda üstünlik gazanyp, şol ýerlerde jaýly orun alsa-da, öňe gidip, söweşi dowam edip, duşmana zarba urup bilenokdy. Onuň sebäbi oňa ýeterlik güýç, rezerw gelenokdy. Şonuň üçin şol ýerde-de galypdy. Frontyň bar mydary atly polkdy. Bu polk duşmanyň üstüne dyngysyz hüjüme iberilýärdi. Şeýdibem, barja güýç bilen amatly bolan etraby eýelejek bolýardylar. Emma duşman hem rus goşunynyň ýagdaýyny gowy bilýäni, ony şu ýagdaýa taýýarlany üçin, öz awuny agzyndan aldyrasy gelenokdy. Olar atly polkam ele salmak üçin gözleýärdiler. ...Agşam Öwezbaýewi frontyň ştabyna çagyrdylar. Daşarda gar gatyşykly ýagyş ýagýardy. Meýdanlar batga bolup ýatyrdy. Ýöremek ýeňil däldi. Ştabda oňa ertirki atly söweşiň ýagdaýyny düşündirdiler. Onuň ähmiýeti hakynda aýtdylar. Oňa ak ýol arzuw etdiler. Seýitmyrat jigitleriň ýagdaýy, atlaryň taýýarlygy bilen gyzyklandy. Iým, ot, esgerlere azyk, ýyly eşik ýetmezçilik edýäni üçin jigitleriň keýpi ýokdy. Howa sowany üçin hor, gapyrgalaryny sanabermeli atlara ýüregiň awaýardy. Säher bilen nyzama düzülen atlylar bir ujy ýere galtaşýan gatbar-gatbar bulutlaryň dünýäsine siňip gitdiler. «Nesip bolsa, Alla bu günem bize abraý berer. Howa sowuk, bulutlak. Az-kem ýagaýsa-da kem boljak däl...» Söweş üçin ýüregi turup, kalbynda söweşe joşgunly ymtylyş, üýtgeşik galkynyş dörän Seýitmyrat atlylaryň öňüni çekip barşyna, umytly oýlandy. Meleguş bu kiçijik, çepiksije, eýeriň üstüne çeňklenen ýaly bolup oturan syrdaşynyň pikir-duýgusyny duýan ýaly, näzli galkyjaklady. Polk ýene-de duşmanyň merkezi lagerine hüjüm etmelidi. Bu hüjüm Rus goşunynyň güýji, mümkinçiligi barada, duşmanda ýokary düşümje döretmelidi. Duşman atlylaryň derýadan gelenini duýdy. Onuň ugruny aňdy. Sebäbi atlylaryň öň ýanyna snarýadlar başly-barat boluşyp düşüp başlady. Merkezi düşelgä ýetmäge az galypdy. Atlylar «Ur-ra» diýip, ýerli-ýerden gyykylyklaşyp, at saldylar. Indi duşman atlylara garşy göni, onuň edil onuň edil maňlaýyndan topa tutýardy. Iň ýaramaz ýeri, howa açylyp, gün çykyp başlady. Lagere ýetmäge sähel galanda, asman nemes samolýotlaryndan doldy. Seýitmyradyň gorkýan zady maňlaýyna geldi. Lager aýak üstüne galdy. Atlar şolaryň nyşanasyna öwrüldi. – Saga – diýip, Seýitmyrat gylyjy bilen derýanyň kese boýunda syrgyn bolup ýatan tokaýy görkezdi-de, atyny şoňa bakan sürdi. Garşydan, asmandan agyr-agyr bombalar, snarýadlar ýagýardy. Gapdaldan atylýan oklar bolsa, edil çagba ýalydy. Tokaýa ýetmäge ep-esli bardy. Emma atlar, atlylar barha sabaýardy. Ýagýan ajal oklary atlary, jigitleri tüwdürip-tüwdürip goýberýärdi. Seýitmyrat yzyndaky atlaryň tüwdürilip gidenini görüp, hyrçyny ahmyr bilen dişlejek bolanda, ýokardan zarp bilen gaýyp gelýän bombany görüp galdy. Ol aljyraman atynyň başyny gapdala sowup, bäş-alty metr gidip-gitmänkä agyr snarýad bombadan hem öňe düşüp, edil öň ýanynda ýere çümdi-de, özüne tarap uçup gelýän Seýitmyrady aty bilen bilelikde gujaklap aldy-da, holtumyna çekdi. Ştans rotmister yzyndan başly-baratly gelýän atlara, ýokardaky samolýotlaryň aşak iniň, soň ýokary çykyşlaryny we sähel gapdalyna düşen agyr bombanyň ýeri çöwrüp, asmana sowruşyny görüp galdy. Seňselemekden başga-da Seýitmyradyň bitin ýeri ýokdy. Ýoldaşlary ony atkeçä dolap. Gijäniň ýarynda alyp gelenlerinde, ony abraýly edip jaýlamak hakynda pikir edýärdiler. Ondan gaýdyp adam çykar öýdülenokdy. Ol gospitala agyr halynda eltilipdi. Telim aýlap özüniň kimdigini bilmän düşekden galyp bilmän ýatypdy. Wraçlar onuň sagalmagy üçin köp wagtyň gerekdigini aýdýardylar. Alty aýlap gospitalda ýatanyndan soň ony ýene Aşgabada, Köşüde duran zapasdaky eskadrona iberdiler. Seýitmyrat Aşgabada gaýdyp gelende, eýýäm, başga keşpli, başga heserli, synyk göwünli, ýanan yhlasly adamdy. Onuň ap-ak saçyna, akjaryp duran gözüne, egilip duran kamatyna seredenler ony Seýitmyratdyr öýdenokdylar. Diňe ejesi Enegyz, ony gujaklap: – Demiň gelipdir, balam, şol besdir – diýip, silkinip-silkinip aglady. * * * Ony ýene-de soraga çagyrdylar. Ýöne «Urlandyr bu-da şikaýat edäýmesin» diýipmi ýa-da başga bir sebäbe görämi, ony Arbel däl-de başga bir «r» harpyny aýdyp bilmeýän, joşup geplände dodaklaryny ýalap, bazzy-buzzy ediberýän ýaşuly sorag edip başlady. – Soragyma haýsy dilde, rusmy, arapmy, parsmy, iňlismi, fransuzmy, haýsy dilde jogap bermek isleýärsiňiz. Ýa-da ol ellerini howaly daldatdy – Ýöne türkmen dilinde däl. Ýok, ýok, türkmençe ýok. Seýitmyradyň kellesi henizem lork-lork edip agyrýardy. Onuň meňzi sargaryp, sakgal basan çekgeleri içine ýagşy çöküpdi. Ol täze sülçiniň sowalyna-da jogap bermedi. Sülçi bir öňki sowal-jogap ýazylan kagyza, birem Seýitmyradyň ýüzüne garady-da ep-esli salym dymyp otyrdy. – Ýok, men soragy göni meseläniň özünden başlamakçy. Ýok, ýok, şeýle... Ol Öwezbaýewiň harap bolan halyny gördi-de, näm üçindir, ýene oýlandy. – Siz Öwezbaýew, düşünjeli adam siz. Meniňçe, akylly hem medeniýetli adam bolansyňyz. Meniň oňa şübhäm ýok, ýöne birhili şübhelem, hawa şübhelem. Siz, şu ýumruk ýaly halyňyza beýik imperiýa, SSSR diýen beýik imperiýa azy urduňyz. Hawa, ony agdarjak bolduňyz. Ýok, ýok, siz «Türkmen azatlygy» guramasyny döretdiňiz. Basmaçylar bilen aragatnaşyk sakladyňyz. Hawa, hawa, şeýle. Ol gözlerini ýumjukladyp, diwaryň bir ýerlerine seretdi. – Aýdyň, şeýle pikir «Türkmen azatlygy» pikir siziň kelläňize haçan geldi. Seýitmyrat sülçiniň sowalyna göni jogap berdi. – «Türkmen azatlygy» diýen pikir meniň kellämde 1899-njy ýylyň on bäşinji aprelinde geldi. Sülçi «O-ho!» diýdi-de, kagyzy şytyrdadyp, perosyny syýadana çalt-çalt batyryp ýazdy. – O-h-oo! Gör, muny? Näme üçin hut 1899-njy ýylyň on bäşinji apreli. Seýitmyrat general-gubernator Kurapatkin bilen bolan duşuşygyny gürrüň berdi. – Ol maňa Men seni türkmen hany etjek diýdi. Şol pikiri men tutuş düşünjämi ömrüme aňymda we ýüregimde göterip gezdim. Häzirem göterip ýörün. Özümi bütin ömrüm boýy türkmeni ähli zulumdan rus zulmundan, adalatsyzlyk zulmundan azat etjek beýik şahsyýet bolmaga taýýarladym. Hiç mahal öz bähbidime, öz nebsime, öz eşretime kalbymda, aňymda orun bermedim. Sülçi zordan ýazyp ýetişýärdi. Ol birden Seýitmyrady saklady. – Dur, sen aýt, «Türkmen azatlygy» guramasy SSSR-i nädip ýykmagy göz öňünde tutýardy? Seýitmyrat sülçiniň sözüne kän bir düşünmedi. Onuň «Türkmen azatlygy» diýen düşünjesi başgady, Seýitmyradyňky başgady. Ol özüni ele aldy. – Eger hakykaty bilesiňiz gelse «Türkmen azatlygy» diýen gurama ýok. Ol bolanam däl. Ol toslama. Rewolýusiýanyň ýeňenine on bäş ýyl bolup, her kim durmuşyny ýola salansoň, ýurt şeýle beýik güýje eýe bolansoň haýsy samsyk «Türkmen azatlygy» diýen gurama döreder ýa-da oňa gatnaşar. Ol samsyklaň toslamasydyr. Men özüm-ä şolar ýaly gurama goşulmag-a däl, üstüne tüýkürjegem däl. Ikinjiden SSSR-i ýykmak gerek däl. Onuň özi ýykylýar. Sülçi ör-gökden geldi. – Näme üçin, siz şeýle pikir edýärsiňiz? Seýitmyrat düwülgi ýumrugyny açyp barmaklaryny dyzynyň üstüne seçip goýberdi. – Näme üçin däl, hakykaty şeýle. SSSR diýen döwlet binika döwletdir. Ol gözýaşlaryň hem zulmuň üstünde gurlan döwletdir. Ol uzak ýaşap bilmez. Meniň patyşa ofiseri hökmünde gynanýan zadym, biz patyşa hökümedi ýykylanda aglady. Elimize ýarag alyp, onuň duşmanlaryna garşy göreşdik. Emma SSSR ýykylanda, onuň nesilleri el çarpyşarlar, begenerler. Ine, meniň pikirimi bilesiňiz gelse. Sülçi ruçkasyny goýdy-da, Öwezbaýewiň ýüzüne garap, başyny ahmyrly ýaýkady. – Sowet döwletinden içiňiz ot bilen ýalyn eken-ow ştabs-rotmistr Öwezbaýew. Öwezbaýew saklanyp durmady. – Onuň sebäbini aýdaýynmy. SSSR diýen döwletiň nädip gurlanyny aýtdym. Indi onuň dörän gününden näletkerde we ganhor döwlet bolanyny aýdaýyn. Ýaz: – 1. Rewolýusiýa diýip, graždanlyk urşy diýip, gyzyl terror diýip Lenin 15,1 million adamyň ganyny içdi. 2. Baý, kulak diýip 1 million adamyň ganyny içdi. Ýaz. 2. Kollektiwizasiýa, kulakçylyk diýip 9,5 million adamyň ganyny içdi. Ýaz. 4. 1931-32-nji ýylda eýýäm 6,7 million adamyň ganyny içdi. Döränine on bäş ýyl geçen rewolýusiýaň, çekilen azaplaryň netijesi hany. Wada berlen eşret hany. Şeýle ölüm, sütem, wagşylyk kime gerek. Bigünä halyma meni şeýdip saklamak kime gerek. Men bir gözüm ýok, saglygym gutaryp, özüm-özüme dert wagtym, näme üçin bu gargyş siňen döwleti ýykjak bolaýyn. Sülçi dymdy. Ýöne ol bu sözleriň gylyny gymyldatman ýazýardy. Ol ruçkasyny syýadana söýäp goýup, barmaklaryny silkip, şokurdatdy. Soň Öwezbaýewiň daşyna aýlanyp: – Siz ýaňy özüňizde «Türkmen azatlygy» diýen düşünjäniň dörändigini, ösendigini aýtdyňyz. Sizde şu maksadyňyzy durmuşa geçirmäge ilkinji mümkinçilikler boldumy? Haçan? Nirede? Öwezbaýew başyny aşak salyp, ýuwaşja sözledi. – Men Bukawina şäheriniň golaýynda rus-awstriýa frontynda juda agyr ýaralandym. Şonda meniň beýnime, gözüme agyr şikes ýetdi. Gözüm-ä häzir özüňiz görüp dursuňyz. Häzir kelläm, beýnim gylyç bilen kerçem-kerçem edilen ýaly çydamsyz agyrýar. Synama, bedenime şeýle betgelşik şikesleriň ýetmegi meniň «Türkmen han bolmak» baradaky umydymy puç etdi. Men ol niýetimden dändim. Ýöne... Ýöne 1918-nji ýylda, ak patyşa ýykylandan soň täze, demokratik döwletini döretmek meýli mende ýene oýandy. Men şonda elime gylyç alyp, Garaşsyz Türkmenistan üçin bolşewiklere garşy göreşdim. Şol söweşde saglygymyň indi söweşmäge ýaramajakdygyny duýup, yzyma gaýtdym. Bar zatdan ýüz öwürdim. Soň köp-köp paýhas öwrümlerinden soň, ýene bolşewikleriňkini dogry hasap edip, şolaryň tarapyna geldim. | |
|
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -14: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Köne mülk -12: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Dirilik suwy -10: romanyñ dowamy - 08.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -21: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Atbaýrak: Galtamanlar - 10.09.2024 |
√ Dirilik suwy - 17: romanyň dowamy - 17.05.2024 |
√ Dirilik suwy -18: romanyň dowamy - 18.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -16: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -24: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
√ Dirilik suwy -20: romanyň dowamy - 20.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |