16:40 Gala -8: Duşuşyk | |
8. Duşuşyk
Romanlar
Seýitmyrat başga bir darajyk kamerada, indi gat agaç sekiniň üstünde bir gysym bolup otyrdy. Düýn onuň täleýi çözülipdi, üçlügiň çözgüdi bilen: «Türkmen azatlygy» atly wagşy hem-de ganojak guramany döretmäge gatnaşany üçin, Sowet häkimiýetiniň, bolşewikleriň garşysyna eli ýaragly söweşe çykan banda ýolbaşçylyk edeni üçin, Türkmenistan sowet sosialistik respublikasynda burjuaz milletçilik düşünjelerini aç-açan wagz edeni üçin...» oňa ýokary jeza, on ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Seýitmyrat ölmänine şükür etse-de, bu ýagdaý onuň öldügem, güldügem däldi. Ýöne onuň pikiriçe, indi ony bu jelegatlarda goýmaly däldi. Şonuň üçin ol özüne ýakyn adamlardan kimdir biriniň didaryny küýsedi. – Weý, Muhammetmyrady ýa Ýazmyrady görüp bolsady. Ýüregim-ä düşüşjek eken welin... Ertir ugramaly gije ony inisi Muhammetmyrat bilen duşurdylar. – Rahman jan nähili? – diýip, ol heniz görşüp, oturmankalar sorady. – Kakam gaýdyp geler – diýip, garaşyp otyr. Seýitmyrat pars dilinde gürläp başlady. Sebäbi duşulýan otagyň her burçunda bir adam, diň salyp dik durdy. – Alyp gidiň, adyny, atasynyň adyny üýtgediň – Gulak sal, ýene elli-altmyş ýyllap, otdan pes, suwdan sessiz boluň. Bitiňiziň burny ganamasyn «Özbek özüne bek» bolup ýaşaň. Kapyra, hökümede jan çekmäň. Elli-altmyş ýyllap. Muhammetmyrat: – Saglygyň nähili? – diýip, türkmençe sorady. – On ýyl kesdiler. Ertir ugamalymyş. Meniň Allanyň öňünde-de, atamyň-enemiň öňünde-de, ynsabymyň, halkymyň öňünde-de zerre günäm ýokdur. Bary töhmet – diýip, arapça gepledi. Soň – Düşündiňmi? – diýdi. – Düşündim. – Rahman jany öýeriň. Ogly bolsa adymy goýuň. Gitdigim öldügimdir. Gaýdyp goýbermezler – Ol inisiniň çynar ýaly boýuna garady – Biziňkiler nähili? Size azar bermediler gerek? – Ýok – diýip, Muhammetmyradam parsça sözledi – Iki şahyr, goňşy doganlaň, orsdäniň, iki dilçi, kerkili, Nagdaw, Pereňli, jemi otuz bäş adam ýygnaldy. Köşüden iki müň adam «Seni halas ediň!» diýip, Gaýgylynyň ýanyna gitdi, «Bor» diýenmişler. Eger etmeseler, gyrlyşarys diýýärler. Galany gurgun. – Wagt gutardy! – Adymy goýuň-da, şoňa guwanyberiň! Muhammetmyrat iki elini ýüzüne tutup, aglap daş çykdy. Ýöne sesini çykarmady. Seýitmyrat hor, arryk ýüzüni, şikessiz gözüni duw gyzyl, gan guýma edip, inisiniň çynar ýaly boýuna iň soňky sapar garap galdy. * * * Seýitmyrat Öwezbaýewi 1932-nji ýylyň jokrama iýul gijesi Aşgabatdan otlynyň ýörite tussag çekýän wagonyna mündirip, Karelýanynyň Solowki diýen lagerine ugratdylar. Gijäniň bir wagty olary Döwlet syýasy uprawleniýesiniň içki türmesinden wokzala pyýada alyp gitdiler. Gije bolsa-da ýollar ýapykdy. Her tussagyň daşynda üç sany ýaragly adam bardy. Eli, aýagy polat gandally Seýitmyrat Aşgabadyň gujagyna siňip-siňip galybersem, diýýärdi. Ol paýtunly, pyýada gezen ýerlerini, «Türkmenistan indi ömür-baky erkin bolar, türkmen halkynyň bitiniň burny ganamaz» diýen uly, pynhan hem-de buýsançly umyt bilen gezen ýerlerini gözlerine sürme edäýmesem diýýärdi. Şäheriň baga bürelip duran ýarym ýagty, ýarym garaňky köçeleri ony gujagyndan goýbermejek bolýardy. Ol aýagyny zordan süýräp alýardy. – Hoş, Aşgabadym! Hoş, ilim-günüm! Hoş, ata-watan. Men seni nagtly edip bilmedim, ýazygymy geçir. Seniň ogluň hiç haçan namart bolup, ýüzüňe çirk getirmez. Nesip bolsa, men ölsem, ýerime müň sany Seýitmyrat geler. Olar seni bagtly ederler... Ony gyssaýardylar. Emma ol howluganokdy. Aşgabat bilen assaja sözleşip barýardy. Aşgabat onuň ruhyna siňýärdi. Ol öz oglunyň derdini paýlaşyp bilmän, garaňka duwlanyp aglaýan ata ýalydy. Olary zyndan wagona mündürjek bolup durkalar niredendir bir ýerden: – Seýitmyrat, aga-a-am! – Ka-a-ka! Kakajan. Boýuňa döneýin, kaka ja-an! Gitme-e-e! – diýen wagşyýana hasratdan doly ses eşidildi. Seýitmyrat ol owazyň ýekeje zerrejigini hem gulaklarynyň duşundan geçirmän tutjak ýaly sähelçe sägindi. Emma bäşataryň boýnunyň çykan ýerine batly degen gundagy, ony wagonyň içine süsenekledip goýberdi. Onyň maňlaýy nämedir bir gaty zada degip, warçyldap gitdi. Seýitmyrat özüne gelende, otly yrgyldap, günbatara sary gidip barýardy. * * * Karelýa tokaýlary ümürsöw demi bilen Seýitmyradyň gemre baglap giden dem ýollaryny gyjyndyrýardy. Bu ýerleriň ulygyzyňky ýaly bozgunç ysy öýkeniň ähli künjegini doldurýardy. Şol läle-reýhan, näzik maýsa bolup ýatan tokaý ýollaryna bagryňy oýkaberesiň gelýärdi. Seýitmyrat ýaşlygyyny, ýigitligini üwrän şol awara şemaly tanady. Ol şemal hem häzir üç ýaşly lagşap, harlanan, jepalaryň derdinden ölüligi, diriligi bildirmeýän, birwagtky juwan ýigidi tanady. Onuň gany gatan maňlaýyny, şikesli, şikessiz didelerini, gür, çap-çal saçyny, arryk, uzyn ellerini, ýumruk ýalyjak didaryny şol öňki hamraklygy bilen ogşap-ogşap goýberdi. Soňam, bu hasratlara dözmän, beýle hary-zarlygy kalbyna sygdyryp bilmän gül-seçek bolup oturan maýsalaryň enter-pelegini öwrüp, tokaýyň gür ýerine aglamaga gitdi. Bu ýerde rus erkanalygy, rus arkaýynlygy bardy. Olara beýle bir gazaply daranokdylar. Lageriň meýdanyna girensoňlar, tä lageriň özüne çenli olary pyýada ýöretdiler. Egnindäki ýüki her näçe agyr hem bolsa, Seýitmyrat üçin açyk howada ýöremek janyň ujydy. Aşgabatdaky türme onuň ysgynyny halys alypdy. Aslynda-da, henizem Bukawina söweşinde alnan şikesler bitiberenokdy. Aýagagyry oňa tä göre girýänçä ýoldaş boljak ýalydy. Häzirem ol tä lagere çenli agsap geldi. Agsasa-da ýoldaşlaryndan galmady. Saklawlaryň sesi indi onuň beýnisiniň öýjüklerine iňňe bolup batmany üçin, onuň keýpem bozulanokdy. Kartoşka, beýleki gök, bakja ekilen meýdanlar, sürlenişip gezip ýören doňuz sürüsi, olara göz-gulak bolýan bendiler, uzaboýa süýnüp gidýän belent, simli sütünler, käýerlerde has ýokary göterilen garawulhanalar oňa birhili kursantlyk, poruçiklik, komandirlik ýyllaryny ýatlatdy. Ýöne agzy Ezraýylyň tümi ýaly sowuk görünýän wagtlaýyn baraklaryň ne işiginde ne-de daş-töwereginde söweşjeň, bedew atlar görünmeýärdi. Şol baraklardan iýniňi düýrükdiriji güýç gelip deňiz tolkunlarynyň kenarda duran balykçynyň aýagynyň aşagyny ýalap gidişi ýaly, ol güýç seniň ruhuňy demine sorýardy-da, öňe, şol sowuk, garaňky işikleriň süňňüne alyp gidýärdi. Derleşip, daýanykly ýöreşip gelýän bendeleriň bady gowşady. Emma olaryň öňünden, yzyndan, gapdalyndan bäşatarlaryny güjeňleşip gelýän saklawlar şol öňki depginiň peselmegini islänokdylar. Olar birden-birden «Saklanyň, nyzama düzüliň, göneliň, ugraň!» diýip gazaply buýruklary berýärdiler. Şol buýruklar Rossiýanyň şuňa meňzeş sapaly tokaýlarynda telim ýyllap gylyç syryp, at çapdyran ştabs-rotmistere nämüçindir gaty degýärdi. Birwagtlar onuň elinde şu saklawlar ýaly oglanlaryň ýüz ellisi, iki ýüzüsi bolardy. Ol döwürde Seýitmyrat elde göterilýän parlak baýdak ýalydy. Ol hemişe öňdedi. Emma bu gün... Olary bu ýeriň türmesiniň kanuny boýunça kabul etdiler. Hammama saldylar, her hili ýokanç kesellere, bit, sirke, tagtabiti ýaly ýoň bolan ýowuz ýagdaýlara garşy dermanlar sepip, lageriň gara, ýöne galyň, ýyly eşiklerini berdiler. Eşikler täzedi Arkasynda her kim degişli san bardy. Seýitmyradyň adynyň köýneginde, güpbüsinde iň halamaýan sany «313» san bardy. Ol şol günden, tä ömrüniň ahyryna çenli şol san bilen geçipdi. Onuň adam, atasynyň adam, delilem, ömrem şol sanyň içinde galypdy. Olary bada-bat böldüler. Seýitmyrady 12 adamlyk kamera saldylar. Onda biri-birine berçinlenen iki gat agyr krowatlaryň altysy burçma-burç goýlandy. Reňki soýlan sütün-sütün pola kakylan agyr demir stol, onuň her burçunda uzyn demir oturgyç goýlandy. Potolok ýokarydy. Onuň ortasyndan demir germewleriň arasynda kiçijik elektrik çyrasy ýanyp durdy. şonda-da içeri garaňkydy. Erkek adamyň deriniň, nejasadyň, siýdigiň ysy çygyň demi bilen garyşyp, damagyňy daglap gidýärdi. Seýitmyrada gyradaky krowadyň ikinji gatyndan ýer ýetdi. Birinji gat ellenendi. Şu gün şu ýerem halys ýorlan Seýitmyrat üçin eşretdi. Ýöne, her zadyň ýönesi bardy. Sen ölüp barsaň hem ýatmak yglan edilýänçä ýeriňe geçip süýünmek bolanokdy. Şonuň üçin ol stola geçip, köwüşini çykardy-da, dyzyny gujaklap otyrdy. – Wah, wah-eý – diýibem, aýagynyň agyrýan ýerini dözümli owkalady. – Eý, «313» bu ýerde sökmegem, başga dilde geplemegem gadagan – diýip, ýüzi ýakymsyz çypar, eýýämden çemçesini gyzyl, ýogyn dili bilen gaýta-gaýta ýalap, demir gapydan «nahar» diýilmezmikä diýip, tamakinçilik bilen aýtdy – Bir kemçilik bolsa, baryňy nahardan keserler, düşündiňmi? Rus dilinde gürle. – Horoşo! Bir salymdan kamera ýene-de adamlar, megerem, öň ýaşap ýörenleri goýberdiler. Demir işik jygyrdap, şakur-şukur bolup açylandan hälki çypar böküp ýerinden turdy. – Na-ha-ar! Emma onuň tamasy çykmady. – Aý, eje jan! – diýip, ol sögünjem, gargynjam, begenjem, bary siňip giden düşünjäni aýtdy. Onuň «Aý mamoçka» diýdigi, sögündigidi, özem erbet sögündigidi. Ýöne ony sögünç hasap edenokdylar. Seýitmyrat hem sögünji, ýigrenji siňer ýaly bir söz gözledi. Ol çypardan şeýle syry öwrenenine begenmänem durmady. «Bizem şeýle diýeris. Näme, biz olardan kemmi?» Ol özüne «Karabaý» diýen sözi saýlap aldy. Ol özüni ilkinji gezek satan, soň öz päline özi çolaşyp giden bir wenezzynanyň adydy. Aslynda bolsa, ruslar çörege «Karabaý» diýýärdiler. Onuň türk sözüdigini Seýitmyrat gowy bilýärdi. Ol işige seredende, birden gözünde ýyldyrym ýanan ýaly boldy. Orazmämmet Wafaýewiň hor, ýöne dogumly ýüzi onuň ýüreginiň başyna baryp, ganyny tersine akdyran ýaly boldy. Ol ýalaňaç aýaklaryna köwşüni näçe ildirjek boldy. emma tapman, oňa bakan aýak ýalaňaç ugrady. Ildeşler gujaklaşdylar. Ýöne biri-birlerine hiç zat diýmediler. Orazmämmet gara gulakjynly başyny Seýitmyradyň kiçijik gursagyna goýup, silkinip-silkinip aglady. Seýitmyrat onuň tokaýyň hem-de dersiň ysy gelip duran başyny eli bilen tutdy. – hapa bolma, gardaş – diýdi. Diňe şondan soň Orazmämmet başyndaky gara, türme gulakçynyny sypyryp, onuň emeli tüýi bilen öl-suw bolan ýüzüni süpürdi-de, başyny galdyrdy. – Senem şeýtdilermi? Seýitmyrat ýylgyrdy. – Sen meni kemsitjek bolma. Näme «Türkmen azatlygynyň» agzasy bir özümdirin öýdýäňmi? Orazmämmet Seýitmyradyň şu ýerde, bir ruhubelentlik tapyşyna begendi. – On ýyl berdiler. Men Maşatdaky bir ýyl aýraçylyga dözmän ýören halyma, on ýyl. Aýalym, çagalarym. Bu murt bar-a, munuň bajysyny s... azdyr. Munuň bar-a, bu haramzada, bu haramzadamy?! Men bir şu zyndandan çykaýyn. Hälki çypar çemçesini stola urup oturşyna: – Rusça gepleşmeli! – diýip, goýberdi. Seýitmyrat eşitse-de, Orazmämmet ony eşitmedi. – Men, men, özüm hiç, özüm gowy. Emma ballylarym, balalarym, aýalym... – Rusça gürleş! – diýip, çypar dözümli aýtdy. Öňem gahary gaýnap duran Orazmämmet duran ýerinden bökdi-de, däldirän ýaly bolup, ýumruklaryny berk gysyp, dişlerini jygyrdadyp: – Mol-ça-at! – diýip gygyrdy. Çyparyň çemçesi şakyrdap pola gaçdy. Emma ol eglip, şony alyp bilmedi. Onuň bagtyna demir işik şakyrdap başlady. – Naha-ar! Orazmmämmet bilen Seýitmyrat ýanaşyk oturdy. – Bu ýeriň nahar-a iýmezçe däl eken – diýip, Aşgabat türmesinde it ýalagyndan hem beter nahara bilgeşleýin tutulan Seýitmyrat içine bir bölek doňzuň dogramçasy, iki bölek kartoşka, kelem salnan alýumin jamy öňüne çekdi. Rus sülesinden bişirilen gara çörek paýyny aldy-da, heziller edip ysgady. – Şol öňki ysy. – Sen bu çörege öwrenşensiň-ow – diýip, Orazmmämmet, ýüzüni turşadyp tabaga bakdy. – Doňuz etini hiç dadyp bilemok, gara çöregem sarymy ýakýar. Öldürýär, öldürýär. Çypar ýöne ýere howlukmaýan eken. Nahar tagamlydy. Aslynda-ha Seýitmyrat süýji damak adam däldi. Çagalykdan ol ýarma tapsa ýarma, garma tapsa, garmadyr. Soňam esger nahary. Olam mydama yrym-yrym, ýom-ýomdur. Iýersiň, naharhanadan çyksaňam, açsyň. Näçe iýiber, at bir silkende, içiňi baýtalyň içi ýaly hokurdadyp goýar. Soňam, näme, sallah nahary. Rahman bilen gury-gurakdyr, mydam. Munuň ýaly wagtly-wagtynda gyzgyn nahar, çörek, çaý, öňde biriniň «Öz öýmüzden köpriniň telem gowy» diýişi ýaly indi, gaty begenmese-de, ýarym-düzgüne girenine begenmänem duranokdy. – Tagam-a erbet däl eken – diýip, ol çorbasyny iýip, mis kürüşgäni öňüne çekdi. Galan çöregini ýyly suw bilen iýip başlady. – Türme naharynda tagam, türme durmuşynda hözir bolmaz! – Orazmämmet ýary içilen çorbasyny stoluň üstüne iterip goýberdi. Naharyň içindäki dogramçany alyp, hälki üstüne gygyranyna berdi. – Pronin, me. Ýöne akylly bolgun, gaty akylly. Çypar ýalum-ýulum etdi. – Ýagşy, ýagşy. Aýtdyňyz, gutardy. Sag bol. Orazmämmediň beren dogramçasyny gözüniň üstünde göterip, çypara geçirip, gulkuldaşyp oturan başga-da bardy. Olar Pronini häzir bagtly hasap edýärdiler. – Sen ony bagtly etdiň – diýip Seýitmyrat elindäki dogramçany beýlekilere güjeňläp iýip oturany görkezdi. Orazmämmet: – Şol haramzadadyr, seresap bol – diýdi. – Näme eder? – Samsyk näme eder, düşünmeýän, bilmeýän zadyny äkidip satar. Oňa näme? Seýitmyrat baş atdy. – Bularyň öz dilinde gepleşeris. Goý arada düşünişmezlik bolmasyn. Orazmämmet müýünli ýylgyrdy. – Wah, men oňaramag-a. Bularyň dilem. – Ýöne syryňam bildirme. – Bor. Orazmämmet gije sanawundan gelnenden soňam, yşyk öçýänçä gezegi Seýitmyrada bermän gürrüň berip anyp-bişip, hor çekip başlandan soň ýerine geçdi. | |
|
√ Dirilik suwy -23: romanyň dowamy - 23.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -12: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -14: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -18: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Janserek / roman - 13.03.2024 |
√ Dirilik suwy -8: romanyň dowamy - 03.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň / roman - 27.05.2024 |
√ Hakyň didary -6/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Hakyň didary -5/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Dirilik suwy -12: romanyň dowamy - 12.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |