10:00 Gazagystanda bolanlar | |
GAZAGYSTANDA BOLANLAR
Publisistika
Gazagystan Orta Aziýanyñ in baý ýurdy. Uç-gyraksyz sähralyklary tutup duran ýurduñ 2 million 725 müñ² km meýdany, 19 million ilaty bar. Gysgaça aýdanda, ýeri Türkiýeden üç esse uly, ilaty bolsa dörtden birindenem az. Ummasyz uly territoriýasyna görä alanda seýrek ilatly ýurt. Şol ilatyñam 70%-e golaýy gazaklardan, 20%-e yolaýy ruslardan, galany beýleki halklardan ybarat. Nebit, gaz, magdan ýataklaryna baý. Gysgaça alanda depelerinden guýsalaram gutararly däl. Emma nämüçindir, beýleki Özbegistan, Gyrgyzystan, Täjigistan ýaly Orta Aziýa döwletlerinde bolşy ýaly halk garyp we betbagt. Şu ady agzalan ýurtlaryñ barsy edil Ýakyn Gündogar ýurtlary ýaly diktatorlyklar arkaly dolandyrylýar. Imperializmiñ rus modeli-de, amerikan modeli-de halklara basyşdan we garyplykdan başga zat bermeýär. Al birini, ur beýlekisine! Döwletiñ emlägini ogurlamak, korrupsiýa, parahorluk, ahlaksyzlyk ýetjek derejesine ýeten. Edil arap şeýhleri ýaly bu ýurtlaryñ ketdeleriniñem daşary ýurtda milliardlarça dollarlary bar. Ogry ogurlan puluny ygtybarly ellerde gizleýär. Gazagystanyñ ýene bir aýratynlygy-da, köşgüñ içindäki intrigalaryñ (pyssy-pyjurlyklaryñ) we skandallaryñ (dawa-jenjelleriñ) ýürek bulaýjy hala gelenligidir. Ryswalyklary arşy-aglaýa çykan Nursultan Nazarbaýewiñ iki gyzy-da daşary ýurtda. Aýaly Darigadan aýrylyşan we dil ýarmaga başlan giýewi Awstriýada saklanýan türmesinde 2021-nji ýylyñ noýabr aýynda gümürtik ýagdaýda öldi. Hiç hili sud-medisina ekspertizasy geçirilmänem, öz janyna kast edendigi aýdyldy. Nazarbaýewiñ agtygy Aýsultan Nazarbaýew bolsa, 2020-nji ýylyñ 16-njy noýabrynda Londondaky öýünde öli tapyldy. Onuñam ölüm sebäbi ýüreagyry diýip görkezildi. Ölmeziniñ öñýany ejesi Dariganyñ ejesi, kakasynyñam hakyky kakasy däldigini, hakyky kakasynyñ babasy diýlip tanalýan Nursultan Nazarbaýewdigini öñe sürdi. Belkäm, şonuñ üçindir onuñ DNK barlaglarynyñ netijeleri-de aýdylmady. Gazak hökümeti dünýä syýasatynda Angliýa-Russiýa-Hytaý-Türkiýe kesişmesinde oturýar. Bulara garşy hem Baýdeniñ ABŞ-y (Trampyñ ABŞ-sy aýry tarapda) we Ýewropa bileleşigi (ÝB) bar. Gazak halky göze dürtülip duran masgaraçylyklara garşy aýaga galdy welin, orta ABŞ-dyr ÝB girdi. Birnäçeleriniñ pikiriçe bu tolgunşyga hut şolar ot berenmiş, guramaçylyk edenmiş. "Geçä jan gaýgy, gassaba ýag" diýleni-dä. Halkyñ gaýgysy başga, bu gaýgynyñ üstünden peýdalanmak isleýänleriñ hasaby başga. Elbetde, ähli zannyýaman diktatorlyklarda bolşy ýaly, bul hökümetem şobada: "Içerki duşman-daşarky duşman, halkara komplimasiýalar, içalyçylyk hereketleri" sözlerine ýapyşdy. "Ýerlilik, millilik" nagralary dartylmaga başlandy. Ogurla, gyrp-çyrp et, tala, ez, tussag et, öldür, halkyñ ejesini dula bakdyr! "Ýerli we milli" bolsañ bolýar! "Ýerli we milli" bolsañ, edeniñi edibermeli, towguña tok diýjek ýok! Gynansak-da, Orta Aziýanyñam, Ýakyn Gündogaryñam, Kawkazyñam ykbaly birmeñzeş. Basyş we garyplyk we azyndan ýüz ýyl bäri agalyk sürýär. Gazagystan bilen baglanyşykly mediýada ýüzlerçe düşündiriş berildi. Öñýeten ABŞ-ÝB bilen Angliýa-Hytaý-Russiýa basdaşlygyny, dünýädäki bloklarara çaknyşygy aýtmaga jan edýär. Köpüsi ýarym-ýarpy maglumatlar bilen gepini düşündiribem oñaranok. Bloklaryñam jany jähennemiñ teýine gitsin, "mloklaryñam"! Siz bir mahallaryñ ýer ýüzüne adalat ýaýmagyñ yşkyndaky şan-şöhratly yslamçylary; real-syýasy we häkimiýet üçin zalymlara arka durmañ. Gardaşym! Näme etseñiz şony ediñ, haýsy blokda ýer alsañyz alyñ. Diñe halkyñyzy talamañ we horlamañ, ýeterlik. Altan TAN. 14.01.2022 ý. © The Independentturkish | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |