17:02 Ogrular we diktatorlar biziñ ýazgydymyzmy? | |
OGRULAR WE DIKTATORLAR BIZIÑ ÝAZGYDYMYZMY?
"Ogrular diktaturany döredýärmi ýa-da diktatura ogrulary?" diýen sowal juda ýeser sowal. Gündogardan Günbatara, Demirgazykdan Günorta çenli aralykda yslam dünýäsi ogrulardan we diktatorlardan doly. Soñky gezek halk tolgunşyklary bilen dile düşen Gazagystandan Marokka çenli, Çeçenistandan, Azerbaýjandan Müsüre, Sudana çenli ýurtlarda uç-gyraksyz yslam dünýäsi birmeñzeş takdyry başdan geçirýär. Soñky birküç asyr bäri yza galan we ýeñilen medeniýetiñ nesilleri her gezeginde "şu gezeg-ä halas bolduk" diýenlerinde täze gurlan gapana düşýär, ýene öñkülerinden has beter depgilenmä uçraýar. Bu gysyr halkany nämüçindir böwsüp bolanok. Birinji jahan urşundan soñ frontlarda ýesir alnan musulmanlara imperializmiñ ketdeleri bolan iñlisler, amerikanlar we ruslar birmeñzeş "sowgady" miras goýdular: Ogry diktatorlar! Kapitalist we sosialist diktatorlara soñ-soñlar at-owazaly "yslamçylaram" goşuldy. Bu diktatorlaryñ käbiri galstukly, şlýapaly, käbiri donly-selleli, käbiri Mao Szedunyñ ýoldaşlary ýaly papakly we birmeñzeş eşikli. Geýnişleri we halklaryna hödürlän ideologiýalary dürli-dürli bolsa-da, edýän işleri hemişe şo bir zatdy. Olar halklaryna zulumdan, basyşdan we garyplykdan başga zat bermediler. Kellesinde birnäçe metr matany selle edip göterip ýören owgan mollalary-da tirýege, neşe söwdasyna "haram" diýip bilmediler. Owganystanyñ perişanlygynyñ içinden baýlyklary milliardlarça dollara ýetýän syýasatçysumaklar çykdy. Birinji jahan urşunyñ üstünden ýüz ýyldan gowrak wagt geçdi. 2022-nji ýylda gezip ýörüs, dünýämiz bolsa "şol öñki kersenligine, şol öñki hammamlygyna" galdy. Özbegistanda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda we Azerbaýjanda her dürli hak-hukugy aýak astyna alan "dünýewi demokratik" diktatorlar, Çeçenistanda yslamy perdelenýän şowmen, Yrak Kürdüstanynda otuz ýyllyk häkimiýetiñ bardygyna garamazdan şindizem adamlaryñ aýlygyny, hak-heşdegini berip bilmeýän hökümet, Saud Arabystanynda we beýleki Pars aýlagy ýurtlaryndaky sözde şerigatçylar - bularyñ barsy ýurtlaryny talap-sypyryp, jürüni dikdiler! Puluñ din-imanynyñ bolmaýşy ýaly, ogrynyñam türki, türkmeni, kürti, araby, ajamy, owgany bolmaýan eken! Diñe ogurlaýarlar! Durman, säginmän, arman-ýadaman ogurlaýarlar. Doýdumlary-doldumlary ýok. Şahyr Tewfik Fikretiñ: "Iýiñ, ependiler, iýiñ, bu hajymelik işdä siziñki, Doýýançañyz, gusýançañyz, ýarylýançañyz iýiñ!" - - diýen setirlerine gulak gabardýan ýok! Doýansoñam duranoklar, sebäbi asla doýanoklar, doýmany bilenoklar. Dogry ýola goýlan kadaly demokratik düzgünde korrupsiýa we ogurlyk mümkin däl bolansoñ, mümkin boldugyça has köp parahorluk etmek üçin we has köp ogurlyk etmek üçin mejbury ýagdaýda awtoritarlaşýarlar, hukugyñ enesini dula bakdyrýarlar we diktatorlaşýarlar. Saddam Hüseýiniñ, Muammar Kaddafiniñ, Eýran şasy Ryza Pehlewiniñ ýüz milliardlarça dollarlaryna näme bolandygyny pikir edenoklar. Bu pullara hut olary häkimiýet başyna getiren agalarynyñ el urandygyny ýatdan çykarýarlar. Bu ýaramaz ýazgydyñ hökmany suratda üýtgedilmegi gerek. Şu günki gün sosializm, kapitalizm we syýasy yslam ýaly çekişmelerden has beter hak-hukuk we saýyrdyñlyk esasy mesele bolup durýar. Ýogsam bolmasa, Hezreti Muhammet pygamberem (s.a.w), Karl Marksam, Leninem "her dürli korrupsiýany we ogurlygy ediñ" diýmedi ahwetin! Pelsepewi taýdan halklary talaýan kapitalizmiñ hökmüni ýöredýän Germaniýa, Ýaponiýa ýaly ýurtlarynda-da şular ýaly derejede garyplyga we hukuksyzlyga duş gelnenok. Öz içinde ýeterlik derejede hak-hukuk ýola goýlan, halkyñ aladasy edilýär. Ýurdumyz babatda aýdanda bolsa, häkimiýetem, oppozisiýa-da meselä şu göz bilen seretmäge borçludyr. Ideologiýalaryñ we adamlaryñ ýaşaýyş-durmuş terzleriniñ üstünden bolýan kesekleşmeleriñ halka hiç hili peýda bermeýändigini akyly-huşy ýerinde bolan her kim görüp-bilip dur. Gynansak-da, häkimiýetiñem, oppozisiýanyñam "Täze we abadan durmuşy" berkarar etmek niýeti ýok. Olaryñ gohuna siñe syn edýäñ welin, "bu kürsüden sen tur, men oturaýyn" dawasynyñ gidýändigini görmek bolýar. Şonuñ üçinem hut şol kürsiniñ agdarylmagy aýlanyp duran çarhyñ döwülmegi gerek. Munuñ üçin özüni oda urjak, halkyñ başyny çekjek kişi tapylyberenok. Türk, kürt, alawy, dindar, konserwatiw, milletçi, watançy, dünýewi, demokrat, liberal... bular hiç hili many añladanok. Ýurt hemme zatdan ötri adalat we saýyrdyñlyk isleýär. Galany boş gürrüñ. Altan TAN, Türkiýeli kürt žurnalisti, öñki halk deputaty. 21.01.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |