GIJEKI MEÝLISDEN SOŇ
1.
Ine birden kalbym doldy gussadan,
Dünýe ýüzün sowan ýaly bolup dur,
Gözel Zemin bilen Asman arasy,
Boşap galan-sowan ýaly bolup dur.
Öz-özüme hemra gözlemek üçin,
Haýsy ugra ugrajagmy bilemok,
Suwly ýabyň ýaýbaň kölegesi-de,
Düýnki ýaly göze goýry gelenok.
Öýe gelsem öýde-de şol boşluk bar,
Girip-çykýanlary, görünýäni ýok,
"Habarlaşar ýaly kim bar" diýýän ýok,
Gelenligňi habar berilýäni ýok.
Togumyz hem öçük, işleýän zat ýok,
Telewizoryň-da ýüzi garaňky.
Bu boşluk şeýle bir ýürek ýaryjy,
Asmandaky Günüň özi garaňky.
Birden-de tisgindim, ýassygym öl suw,
Gijeki meýlisiň azary başda,
Şeýle bir bedendim huşum däldigne,
Bularyň baryny gördüm men düýşde,
Düýş bolsa hiç-le...
2.
Ýene ähli zatlar otyr ornunda,
Ýatyp kalbymdaky tupan-harasat.
Adamlaryň boluşy-da enaýy,
Ýüregim-de küýsemeýär şan-şöhrat.
Halamaýan zatlarym-da bir geňsi,
Yp-yssy görünýär meniň gözüme.
Gülküden ýaň salýar dünýäniň durky,
Üns berýän nätanşyň-da ýüzüne.
Birden-birden hiňlenip hem göýberýan,
Ýok ýaly aladam-ýok ýaly keşgim,
Howaň yssylygnam duýup duramok,
Sülleren güle-de düşüp dur yşgym.
Soraglarmyň ählisi-de jogaply,
Päkize gök asman-tämiz gözýetim.
Rahat dem alyşym-özümi duýşum,
Ynha meniň mydam bolmaly bolşum.
Goşgular