09:49 "Gorkut ata" kitaby we türkmen dessanlary | |
«GORKUT ATA» KITABY WE TÜRKMEN DESSANLARY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Türkmen edebiýatynyň taryhyna, ösüş ýoluna göz aýlanyňda onuň örän gadymy döwürlerden bäri dessançylyk häsiýetiniň bolandygyny bilmek bolýar. Şonuň üçinem türkmen edebiýatynyň, onuň taryhy ösüş ýollaryny öwrenmekde eposdyr dessanlar türkmen halkynyň baý edebi mirasynyň aýrylmaz bir bölegi bolup, ol biziň halkymyzyň geçmişini, sosial-syýasy ýagdaýyny, medeni durmuşyny açyp görkezmekde, edebiýatymyzyň taryhyny dikeltmekde, belli bir derejede ýardam berip biler. Dessançylyk häsiýetiniň irki döwürlerde ýüze çykanlygyny, onuň öz köküni gadymy döwürlerden alyp gaýdýandygyny tassyklap, belli rus alymy Ýe.E.Bertels şeýle diýýär: «Oguz halkynyň eponimi Oguz han hakyndaky rowaýatlar sikli has gadymy döwürlere degişlidir. Bu rowaýatlar yslamyň ýaýramagyndan soň uly üýtgeşmelere sezewar bolan hem bolsa, biz ony gadymy yslamlaşmadyk formasyndan kosmogonik miflerde aýdyň görýäris. Bu bolsa elbetde onuň has gadymy döwürlerde dörändigini, has gijräk gahrymançylyk eposy bilen badaşyp başlandygyny görkezýär». Belli türkmen alymy Aman Kekilow bolsa türkmen edebiýatynda dessançylyk däbiniň başlangyjynyň irki döwürlere degişlidigini nygtamak bilen onuň ilkinji nusgalarynyň biri hökmünde «Däde Gorkut» kitabyny görkezýär. Öz başlangyjyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan «Däde Gorkut» ýa-da «Gorkut ata» kitabynyň esasy öňe sürýän ideýasy watançylyk, watany gözüniň göreji ýaly goramak, oňa gara niýet bilen garaýanlara berk gaýtawul bermek, il-günüň ar-namysyny goramak ýaly meseleler bolupdyr. Şeýle ideýalaryň ýüze çykmagyna şol döwrüň jemgyýetçilik gurluşynyň hem belli bir derejede täsiri bolupdyr. Sebäbi şol döwür türkmen durmuşynda günde-günaşa bolýan talaňçylykly çozuşlar, çapawulçylykly hereketler, gaçha-kowluklar köpelmese azalmandyr. «Gorkut ata» kitabynda iň uly figura Salyr Gazanyň obrazydyr. Ol bu kitapda batyr, akylly, pähimli, paýhasly serkerde, belent adamkärçilikli, pespäl adam keşbinde öňe çykýar. Şonuň üçinem ol urug-tire arslany, batyr ýigitleriň serkerdesi hasaplanýar. Ol hiç haçan degmedige degmeýär. Gaçany kowmaýar. Iman diläni öldürmeýär. Bu häsiýet bolsa «Görogly» eposyndaky Göroglynyň obrazyny ýadyňa salýar. Türkmen edebiýatynyň gadymy ýadygärligi bolan «Gorkut ata» kitabynyň boýlarynyň köpüsinde «Görogly» eposyna golaý gelýän birnäçe umumylyklar bar. Diýmek, bu kitap özünden soň dörän birnäçe dessanlara öz täsirini ýetiripdir. Şonuň üçinem «Gorkut ata» kitaby bilen türkmen dessanlarynyň arasynda uly ýakynlyk görýäris. «Gorkut ata» kitabyndaky wakalar hem esasan kyssa bilen goşgynyň aralaşyp gelmegi bilen beýan edilýär. Emma «Gorkut ata» eposynyň käbir boýlarynda beýleki dessanlar ýaly kyssa bilen goşgynyň kesgitli arasy ýok. Onuň köp ýerlerinde kyssa esasy orun berlip, şygyrlar ikinji orna geçipdir. Şeýlelikde dessançylygyň ilkinji ädimlerinde proza köp üns berlipdir. Şeýle hem «Gorkut ata» kitabynyň käbir boýlarynda bolsa kyssa bölegi bilen olaryň erkin formaly goşgy böleginiň arasynda uly tapawut goýmak kyn. Mysal üçin «Gorkut ata» kitabynyň «Owşun goja ogly Segrek boýuny beýan eder» atly böleginiň kyssasynda: « − Imdi Egrege Segrek ýaraşur. Gardaşym sagmyş, gaýurmaram. Gardaşsyz oguzda durmazam. Garaňkuly gözüm aýdyňy gardaş diýu aglady» diýen ýaly gelýän bolsa, goşgy böleginde: Galkubany ene ýerimden turdum, Ýalysy gara kazylyk atuma bitün bindim, Ärgury ýatan Aladag etegine wardym, Ganlu oguz illerinde dernek war imiş, anda wardym − (Kitaby dädem Gorkut we hekaýaty oguznamaýy Gazan beg we gaýry, 156 s.) ýaly görnüşinde gelýär. Şeýlelikde, dessançylygyň ilkinji ädimlerinde proza köp üns berlip käbir ýagdaýlarda bolsa olaryň arasynda tapawut azalypdyr. Emma dessançylyk däbi, dessan žanrynyň beýan ediş stili bir durşuna durman üýtgäpdir. Ol belli bir ewolýusiýany başdan geçiripdir. Muny «Görogly» eposynyň mysalynda hem görmek bolýar. Dogry, «Görogly» eposynda hem prozanyň rolunyň uludygyna göz ýetirmek kyn däl. Şeýle-de bolsa bularyň arasynda tapawut uly. «Gorkut ata» kitabynda şygyr setirleriniň ilkinji nusgalaryna duş gelinýän bolsa, «Görogly» eposynda eýýäm kämil şygyrlar, aýdymlar bolup, olar eseriň çeperçiligini proza bilen deň derejede bezeýärler. Şeýle-de bolsa «Gorkut ata» kitaby bilen «Görogly» eposynyň arasynda uly ýakynlyk bar. «Gorkut ata» kitaby bilen «Görogly» eposynyň arasyndaky ilkinji meňzeşlik alamatlary olaryň kompozision gurluşynda ýüze çykýar. Ýagny «Gorkut ata» kitaby birnäçe boýlardan düzülen bolsa, «Görogly» eposynda hem birnäçe şahalar bar. Şeýle meňzeşlikler epizodlaryň birnäçesiniň beýan edilişinde-de, obrazlaryň häsiýetlerinde-de ýüze çykýar. Ýagny «Gorkut ata» kitabynda gahrymançylykly hereketler Salyr Gazanyň we onuň ýigitleriniň obrazynda jemlenen bolsa, «Görogly» eposynda hem, esasan, figura bolup duran Göroglynyň hem-de onuň kyrk ýigidiniň obrazynda gahrymançylykly häsiýetleri görmek bolýar. Görogly özüniň kyrk ýigidi, ogullyk alnan ogullary Öwezi, Ärhasany, ömürlik ýoldaşy, syrdaşy bolan Agaýunusy bilen birlikde ýurduny, ilini-gününi daşary duşmanlardan gorap, ýurt abadanlygyny saklaýan bolsa, «Gorkut ata» kitabynda Salyr Gazan we onuň ýigitleri, ogly Oruz, aýaly Burla hatyn we beýlekiler watanyň, il-halkyň ar-namysy üçin aýaga galýarlar. «Gorkut ata» kitabynda, umuman türkmen edebiýatynda bedew at goç ýigidiň ýoldaşy, syrdaşy hasaplanýar. Muny «Gorkut ata» kitabynyň «Baýbüräniň ogly Bamsy Beýrek boýny beýan eder» atly boýunda görmek bolýar. Beýregi − öz eýesini 16 ýyllap görmedik deňiz gulany Bozaýgyr Beýrek ýesirlikden boşap ýanyna baran mahaly, ony tanap iki aýagynyň üstüne galyp, kişňäp bolmajasyny bolýar. Beýrek bolsa onuň başyny sypalap: - At diýmezem saňa, gardaş diýerem, Gardaşymdan ýeg. Başyma iş geldi, ýoldaş diýerem, Ýoldaşymdan ýeg − diýýär. (Gorkut ata. 76 s.) Şeýle epizody «Görogly» eposynyň «Arap Reýhan» şahasynda Arap Reýhanyň Göroglyny ýesir alyp barýan pursadynda görmek bolýar: «Görogly aýylyp essine geldi. Esewan etse eli arkasyna daňylgy, boýnunda arkan, inere tirkegli barýar. Gapdalyndan gözünden ýaş döküp tanapyny süýräp Gyrat barýar. Görogly oňa garap: «Syrdaşym, başdaşym, ýaman günde ýoldaşym, Gyrat» − diýýär (Görogly. 349 s.). Şeýle hem bu eserleriň ikisine-de mahsus häsiýetleriň biri-de gahrymanlaryň ikisiniň-de ar almak meselesi bolsun ýa-da duşmana gaýtawul bermek meselesi bolsun, baş gahrymanlaryň ýeke özüniň çykmagydyr. Ymgyr giden goşunyň garşysyna barlyşyksyz söweşmegidir. Eýsem, bu nämäni aňladýar? Halk öz söýgüli gahrymanyny köp goşunyň garşysyna goýmak bilen onuň mertligini, batyrlygyny, uruş tilsimlerinden oňat baş çykaryp bilýändigini görkezmek isleýänligidir. «Gorkut ata» kitabynda-da, «Görogly» kitabynda-da ýene bir bellemeli fakt ol hem baş gahrymanlaryň agyr ýaralanan mahaly duşmanyň garşysyna onuň ýanýoldaşlarynyň çykmagydyr. Muny «Gorkut ata» kitabyndaky «Gazan beg ogly Oruz begiň tussag oldugy» boýundaky Gazan bege Burla hatynyň, «Gaňly goja ogly Hantöreli» boýundaky Hantörelä Seljanyň, «Görogly» eposynyň «Ärhasan» şahasyndaky Ärhasana Tellihanyň kömek berşinde görýäris. Şeýle meňzeşlikler atalary ogullaryň halas edişlerinde hem görmek bolýar. Mysal üçin, Salyr Gazany ogly Oruzyň, Kazylyk gojany ogly Ýegenegiň, Derse hany ogly Bugajyň, Göroglyny bolsa Öweziň halas edişlerinde görmek bolýar. Bugaç bilen Öweziň obrazlarynda başga-da meňzeşlikler bar. Ýagny Bugaç-da, Öwez-de öz eneleriniň maslahaty bilen atalaryny ýesirlikden boşadýarlar. «Gorkut ata» kitaby bilen beýleki türkmen dessanlarynyň arasynda hem uly ýakynlyk bar. Muny biz «Hüýrlukga-Hemra», «Şasenem-Garyp», «Ýusup-Ahmet» ýaly dessanlaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Bu dessanlarda hem ýakynlyk diňe bir umumy ruhda ýüze çykman eýsem, anyk ýagdaýlarda hem görünýär. Mysal üçin «Gorkut ata» kitabyndaky Baýbüre begiň ogul diläp aglaýan pursadynda Gazan bege garap: «Han Gazan, näme üçin aglamaýyn, näme üçin bozlamaýyn, ogulda şärigim ýok, gardaşda gadyrym ýok, Alla meni gargapdyr, bir perzent bermändir. Haw, begler täjim-tagtym üçin aglar men, bir gün men ölerin, ýerimde-ýurdumda hiç kim galmaz» (Gorkut ata. 59s.) diýýär. Şeýle epizody «Hüýrlukga-Hemra» dessanyndaky Hysrow patyşanyň dilinden hem eşitmek bolýar. Ol perzentsizliginden käýinip: «Oglum bolmasa kimge patyşalyk kylar men, özüm ölsem tagtymda kim oturar, özüm-özümge zulum kylar men» (Hüýrlukga Hemra. 3 s.) diýýär. «Gorkut ata» kitabynyň «Baýbüräniň ogly Bamsy Beýrek» boýunyň sýužet jähtden «Şasenem-Garyp» dessany bilen hem meňzeşlikleri bar. Mysal üçin, Baýbüre beg özüniň ogulsyzlygyndan zeýrenýär. Oguz begleri onuň ogly bolmagyny dileýärler. Bu wagt oguz beglerinden Baýbijan diýen biri bolsa özüniň gyzy ýoklugyndan zeýrenýär. Eger gyzy bolsa Baýbüre begiň dogjak ogluna berjekdigini aýdýar. Birnäçe wagtdan soň Baýbüre begiň ogly bolýar, adyna Bamsy Beýrek goýýarlar, Baýbijanyň gyzy bolýar, adyna Banu Çiçek goýýarlar. Edil şunuň ýaly epizody «Şasenem-Garyp» dessanynyň başlangyjynda hem görmek bolýar. Ýagny Diýarbekir şäheriniň şasy Şaapbas bilen onun weziri Hasan hem perzentsizlikden zeýrenýärler. Olar hem Hudaýdan perzent dileýärler. Şeýle hem olar perzentleri bolup, olaryň biri ogul, beýlekisi gyz bolsa, olaryň jübüt bolmagyny isläp ähdi-peýman edýärler. Şeýlelikde, Hasanyň ogly bolýar, Şaapbasyň bolsa gyzy bolýar. Eserleriň ikisinde-de gahrymanlar dogulmankalar, olaryň ýazgytlary atalary tarapyndan çözülýär. Bu eserleriň ikisinde-de şondan soňky wakalaryň gidişinde-de umumylyklar bar. Ýagny Şasenemiň Garyby halaýşy ýaly, Bamsy Beýrek hem Banu Çiçegi gowy görýär. Olar at çapyşýarlar, ok atyşýarlar, güýç synanyşýarlar. Bamsy ýaryşda üstün çykyp Banu Çiçegi özüne gelinlik saýlaýar. Emma bularyň birikmesine Banu Çiçegiň ýarym sag, ýarym däli dogany Garçar garşy çykýar. Eserde Baýbijanyň ähdinden dänip, Banu Çiçegi Baýbüräniň ogly Beýrege bermekden boýun gaçyrmagynyň sebäbi görünmeýär. Ol diňe däli doganynyň üstüne atylýar. Emma Beýrek bilen Banu Çiçegiň aýra düşmeginiň sebäbi, Baýbijanyň öz gyzyny Baýburt galasynyň hanyna bermek isleýänligidir. Şeýlelikde, Şaapbas ýaly Baýbijan hem öz ähdini bozýar. Eserleriň ikisinde-de aşyklaryň ölendigi hakyndaky habar gelýär. Magşuklaryň ikisi hem öz ýarlaryna wepaly bolup, gara geýnip, uzak wagtlap toý tutmaga razylyk bermeýärler. Emma eserleriň ikisinde-de toý tutulyp ol uzaga çekilýär. Toý gutarmanka hem Garyp-da, Beýrek-de ýetip gelýär. Toýa gelmezlerinden öň ikisi-de öz öýlerine barýarlar, hossarlary olary tanamaýarlar. Aşyklaryň ikisi-de toýda öz magşuklarynyň öňünde aýdym aýdýarlar we eserleriň ikisi-de birmeňzeş gutarýar. «Gorkut ata» kitabynyň baş gahrymany bolan Salyr Gazanyň obrazyna mahsus bolan batyrlyk, edermenlik ýaly häsiýetler, XVIII asyr türkmen şahyry Gurbanaly Magrupynyň «Ýusup-Ahmet» dessanyndaky Ýusupdyr, Ahmediň obrazlarynda hem görmek bolýar. Muny türkmen edebiýaty barada köp iş eden, belli rus alymy A.N.Samoýlowiç hem ýörite belläp geçýär. Ol «Türkmen edebiýatynyň taryhy boýunça oçerkler» atly işinde «Ýusup-Ahmet» dessanynda Baýbüre beg ogly Bamsy Beýrek sýužeti ýatýar» diýýär. Dogrudan hem bu dessanyň baş temasy harby-gahrymançylyk bolup, ol ideýa bütin dessanyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şeýle hem Gurbanaly Magrupynyň özi hem halkyň legendar gahrymany bolan Salyr Gazanyň obrazynyň öz dessanyndaky baş gahrymanlara nusga bolmagyny isläpdir. Ol muny: - Bir birinden nusga alan, Ýezide ýowuz gün salan, Gylyjyndan ganlar daman, Külli Salyr Gazan gelsin. («Ýusup-Ahmet». 180 s) ýa-da: Salyr ili tamam begzadalary, Görer bolsaň Salyr Gazan gelendir («Ýusup-Ahmet».211 s.) - diýýän bolsa, başga bir ýerinde: «Ýusup beg Salyr Gazan sypatly alp gurardy. Aşy-nany köp berenden soň, ýanynda ýagşy ýigit köpeldi...» («Ýusup-Ahmet».208 s.) diýýär. «Gorkut ata» kitabyndaky Salyr Gazanyň tussag edilmegi bilen baglanyşykly boýunda onuň akyl-paýhasynyň ýitiligi aýdylýar. Ýagny ol ýerzeminde tussaglykda ýatyrka, duşman aýaly gelip: «Ýeri han, halyň niçikdir, ýaşaýşyň ýeriň astynda ýagşymy ýa üstünde...» («Gorkut ata».153 s.) diýen soragyna beren ýiti jogaby, onuň zyndandan boşamagyna sebäp bolýar. Salyr Gazanyň zyndandan çykyp, duşman bilen ýüzbe-ýüz bolup özüni ýitirmeýşi, ruhdan düşmeýşi, hiç wagt öz watanyndan dönmejekdigini pert-pert aýtmagy hem «Ýusup-Ahmet» dessanyndaky Ýusup begiň Gözel şa bilen bolan gepleşigini ýada salýar. Baýbüre ogly Bamsy Beýrek boýundaky Beýregiň 16 ýyllap duşmanyň zyndanynda ýatmagy, ahyrynda hem duşman hanynyň gyzynyň söýgüsi arkaly azat bolmagy-da «Ýusup-Ahmet» dessanyndaky Ýusup bilen Ahmediň Gözel şanyň zyndandan, zyndanbaşynyň gyzy Garagözüň söýüp, olara kömek edişi bilen çalymdaş gelýär. Şeýle meňzeşlikler başga-da kän. Umuman, Beýrek-de, Ýusupdyr Ahmet-de watana, ýoldaşa wepalylygyň ýokary nusgasyny görkezýärler. Şeýlelikde, bu gadymy medeni we taryhy ýadygärligimiz bolan «Däde Gorkut» ýa-da «Gorkut ata» kitabyndaky ynsanperwerlik, watansöýüjilik, akyl-paýhaslylyk, belent adamkärçilik ýaly sypatlar biziň dessanlarymyza siňipdir. Gurbangül GUZUÇYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |