02:32 Duman daganda: Gözellik - hakyky soltandyr | |
• Gözellik - hakyky soltandyr Kasym hemişekileri ýaly, işe ilden ir gelip, ak haladyny egne atyp durka, gapy emaý bilen kakyldy. - Giriberiň, giriberiň, - Seresaply açylan gapydan sessiz giren gyza gözi düşenden Kasymyň göwni pagyş-para eräp başlady. Gözelligiň beýik güýji hökmüni ýöredip ugrady. O gyz uýaljyrap durdy, näzijek barmaklaryny owkalaşdyrdy, ýüzüne dökülen saçlaryny ikiýana syrdy, bu arada Kasym o gyza aýratyn gelşik berýän, çogum-çogum edilip düýrlenen gara saçlaryny, uzyn boýnuny, ýumruja çiginlerini hem-de gyzyl gülli ak köýnegiň aşagynda sähel öňe çykyp duran göwüslerini, dyzyny ýapan köneginiň eteginden aşaklygyna süýnüp gaýdýan ýognas injikleri synlap ýetişdi. Aýratynam, gyzyň şeýle bir näzik, hiç bir tegmilsiz, enaýy öwşün atýan bedeni gaýmagyň reňkindenem göze yssy görünýärdi. Göwresine laýyk gelýän boýy syrdamdy, ol gyzyň göwresi kereşmeli towlanjyraýan ýalydy, şoňa görä ýuka köýnek hem göze iler-ilmez tolkun atýardy. Gyz badam gabaklaryny birden galdyrdy-da, göni Kasymyň gözlerine bakyp ýylgyrdy. Ol ýylgyryş şeýle täsindi, tebigydy, gaty ýakyn adamsyna ýylgyrýan ýaly, mähremliginiň çägi ýokdy. Onsoň ertiriň keýpiçaglygynda bu tämiz zenany görüp, Kasym neneňsi ýylgyrman saklansyn, neneň ol gözele maýyl bolmasyn?! - Salam! - Salam! Geliň, geliň! - Siz Kasym Kulyýewiçmi? - Häzirlikçe-hä Kasym Kulyýewiç. Olaryň ikisi hem ýylgyrdy. - O nämüçin häzirlikçe? - Bizde entek şeýle adamlar bar: wezipäň barka Pylany Pylanyýewiç diýýärler, aýryldyňmy – sen ýene öňki Pylany. - Meniň üçin siz mydama Kasym Kulyýewiç bolarmykaňyz öýdýän. - Sag boluň. Geliň, otursaňyz-la. Sizi görüp ähli zady unudaýypdyryn. – Kasym öz ýakynyndan bir oturgyç hödürledi. - Kasym Kulyýewiç! - Hä. - Göwnüme bolmasa, siz nämüçindir tolgundyňyz. - Nädip tolgunmaýyn? Baş wraçam adam ahyry. Siz ýaly näzenini birinji gezek görýän. Bu gezek o gyz Kasyma uly gözlerini balkyldadyp bakyp goýberdi-de, aşak garap ýylgyrdy. - Siz döwrebap adam ekeniňiz, degişmani başarýaňyz. - Ýok, siz meni ýürekden aýdan sözlerimi degişmä ýazdyrmaweriň. Gyz näzli towlanjyrap ýylgyrmasyny goýmady. - A siz meniň adymy, näme üçin gelenimi-de sorap ýetişenzok. - Adyňyzy-da, näme üçin geleniňizi-de bilýän. Gyzyň ýüzünden ýylgyrma uçup, gözlerini tegeläp, paýhasly bakdy. - Çynyňyzmy? - Çynym. Adyňyz – Gözel şa, özüňizem meniň bagtym üçin gelipsiňiz. - A-a-a, gör, siziň degişgenligiňizi! Men Gözel şa däl, men Aýbibi. Toýlyýewa. - A-a Bibijan diýseňiz-le. – Aýbibiniň özüni alyp barşy Kasymyň oňa «Bibijan» diýip ýüzlenmegine ýol açdy. Onsoňam olar eýýäm bir-birege çuňňur düşünipdiler, muny olaryň ikisi hem ýagşy bilýärdi. - “Bibijan” aýdymy ýadyňyza düşmeýärmi? - Ýadymda-la, hi-de ýadymdan çykarmy?! Ynha, diňle – Kasym sag goluny dirižýoryňky ýaly hereketlendirip pessaý hiňlendi – Daglar başy duman- duman. Ýel gelýä-le, Bibijan. Aç gujagňy, bas bagryňa. Sowuk alýa-la Bibijan. Aýbibi jykyrdap güldi hem-de gülki arasynda Kasyma gözlerini oýnadyp garamagy unutmady. - Da-a, siz edil artist ýaly. Siz bilen işlemek hezildir. - Men garşy däl. Öz ornumdan özge neneňsi iş diýseň bereýin. - Ýog-eý, men gaýta sizden rugsat almaga geldim. - Bibijan, siz akuşer-ginekologmy? - Hawa, hawa, ýadyňyza düşdümi? Öňräk hat ýazamda razy bolmandyňyz. Indi siziň hoşgylawlygyňyza bil baglap geldim. – Aýbibiniň ýalbaryjy owazy Kasym Kulyýewiçiň göwnüni gyýdy. Onsoň beýle eýjejik gyzyň göwnüni ýykmagy günä hasaplady, ýöne işdäki ýagdaýy hem göz öňünde tutmaly ahyry. Soňky wagtlar raýonda çaga ölümi kemelenok, aýal keselleri artyp başlady, onsoň wraç ýetmän durka, rugsat berse, ýaşulular näme diýer?! «Gowusy, ýaşulularyň özi jogap berer ýaly çykalga tapaýyn». - Bibijan, näme üçin bu taýda işläsiň gelenok? - Birinjiden-ä, bu ýer Aşgabatdan gaty daş, öýde ejem-kakam ýeke galjak. Onsoňam bu taýda hiç hili perspektiwa ýok. Ýokary işe çekenlerinde-de ilki bilen Aşgabatdaky kadrlary çekýärler. Raýonda bolsam, çüräp galaryn. - Sen bilýänsiň-ä, soňky ýyllar kanunlary berk tutup başladylar, onsoň saňa neneňsi rugsat berjegime aklym ýetmeýä. Ýöne saňa kömek edesim gelýä. - Eger meni gowy görýän bolsaňyz ýol taparsyňyz. Siz gorkmaň, Kasym Kulyýewiç, meňem bergidar bolup galman. Az salym salykatly oturan Aýbibi ýene hökmürowan ýylgyryp bakanda, onuň gözleri Kasymyň az-kem howatyrlanýanyny duýdy. - Siz maňa ýaradyňyz, Kasym Kulyýewiç. Kasym başyna duýdansyz gonan bagtyň agramyna çydaman, näme diýjegini bilmän otyrka, Aýbibi çep elini onuň ýakynyna süýşürdi welin, pökgüje barmaklaryň enaýyja ýatyşyna meýmirän Kasym o barmaklara aýasyny basanyny hem duýman galdy. Aýbibi uludan dem aldy-da, gözlerini lezzetli ýumdy. Ýap-ýaňyja hem şeýle elýetmez görünen gyzyň öz ygtyýaryna geçmegine Kasymyň göwni joşup, Aýbibiniň gyzgyn yşkyndan ganmak höwesi möwç urdy. Ähli zady jähennem etdi, ähli zady Aýbibä peşgeş bermäge kaýyl boldy. Aýbibi çep elini emaý bilen çekip aldy-da, ýerinden turdy. Kasym hem deň turdy. Aýbibi aşak garap durşuna goluny maňlaýyna ýetirip pyşyrdady. - Az-kem dynç almasam, başym ýarylyp gelýä. - Gel onda şeýdeli. Sen häzir howludan çyk-da, çepe gidiber, ep-esli ýöräňsoň gazet satýan dükan çykar. Şo taýda az-kem garaşsaň, men bararyn. Soňuny soň gürleşeris. Taparsyň-da, Bibijan? - Synanyşaýyn. Kabinetiň gapysyna çenli deň ýöräp baryşlaryna Kasym Aýbibiniň ýumry çiginlerine goluny goýup ýöredi. Kabinetden çykanlarynda daşky jaýda kagyzlara güýmenip oturan sekretar zenan Kasyma ýigrenji göründi. Sebäbi salamlaşanlarynda Kasymyň şol bir bolşy bolsa-da, Maral daýzanyň sesinde uýaljyrama aňdyrdy. “Ogry utanmaz, üstüne gelen utanar”. Kasym Aýbibini ugradyp kabinetine girdi-de, birmahaldan bäri seýfinde gizläp goýan Awstriýa paltosyny alyp maşyna atdy-da göni bazara sürdi. Iýmitden ýüküni ýetirip belleşilen ýere gelende, ak derek ýaly mähriban keşpli gyz sülmüräp maşyna mündi. Kolýa daýy derwezäniň gabadyndan geçýän beton ýapjagazy arassalap ýörşüne Aýbibiniň kebelek ýaly gaýdyrylyp Kasymyň kabinetine tarap gidenini-de, soňra dükanyň ýanynda ikiýana gezmeläp-gezmeläp, ahyrda onuň maşynyna münüp, gözden ýitetinini-de gördi. Kolýa daýy uzak günläp Kasymy gözekledi. Öýlänler garawulhanasyna gelip, krowadyň aşagyndan çykaran çüýşesiniň düýbündäkini stakana sarkyryp guýdy, uludan dem alyp, az salym çakyra garap oturdy. Soň ony birden başyna çekdi-de, holodilnikden bir bölek peýnir alyp iýdi. Gapynyň ýokarsyndan asylgy sagady garap, daşky sekä çykyp oturdy. Kolýa daýy Kasyma-da garaşsa garaşýardy welin, endige giren üç manada garaşýardy. Ahyry, Kasym geldi. Ol maşyny edil sekiniň ýanynda saklap, maşyndan çykyp gelýärkä, onuň çiginleriniň çöküşenligine, çekge hamlarynyň salparanlygyna hem-de gabaklarynyň ýelimlenen ýaly ukuly gyrpyldaýandygyna Kolýa daýynyň ünsi düşdi. - Kasym jan, ýagdaýlar gowumy? - Ýaman däl. Meni soran boldumy? - Howla-ha ýat maşyn gelmedi, idän ýokdur-la. Kasym jübüsinden bir bäşlik çykaryp uzatdy. - Bölegiň ýokmy? - Şu günlükçe bäşligi alaý. - Bor-la. Ol maşyny kabinetine ýakyn sürdi, az salymdan gyzyl hatly “Tiz kömek” maşyny hem geldi. Şofýor Kasymyň kabinetine girdi. - Ýaşuly, gelendirin. - Gel, bakaly, gep-gürrüňsiz boldumy? - Ynha, ýaşuly. – Kasym şofýoryň uzadan puluny jübüsine dykdy. – Aý, gep-gürrüň bolmaz-la. Ýolda bir gaýişnik saklap, prawaňy aljak diýip ala goh turuzdy. - O nämüçin? - Kireý edýäň diýen bolýa. Menem tutdum şerraýlyga. «Başlygym seň başlygyň bilen dostlugyny bileňokmy diýdim, prawany alsaňam özüň getirip berersiň» diýdim. Onsoň gowşady. «Dogtoryň maşynyndan başga-da, tutjak bolsaň maşyn kän-how diýdim. Bu gün kesellemeseň-de, adamçylykdyr, başyň agyrman bolmaz, bir hassahana düşseň, bizem etjegimizi bilýändiris» diýen boldum. - Oňarypsyň. - Onsoň dokumentleri yzyna beräýdi. Menem bir oňlugy süsdürdim-de sende-de çaga bardyr diýdim welin, ýaňky gaýta dost bolaýdy, işiň düşse, meni tapaýgyn diýýä. - Oňarypsyň, ýöne kän bir ynanybermegin, olarda oýun kändir. - Wah, olara düşüş-le. Onsoň ertir nädeýin? - Şu töwerekde bol. Maşynyň guratlygyna seret, uzak ýere gitmegiň mümkin diýdim. - Bor. ýaşluly. Kasym keýpiçaglykdan ýaňa bir ýerde oturybilmän kabinetde ikiýana gezmeleýärdi. Penjiräniň deňine gelende daşary gözleýärdi. Kolýa daýy Kasymyň köne eşigini holpardyp geýip, sekide oturşyna töweregine bäş-alty adam üýşüripdi. Kolýa daýy neneňsi gürrüň etse-de, endigine görä, hökman geçen uruşdan aldym-berdimli bir wakany gürrüň beräýmelidi. Özem şeýle bir jikme-jik, şeýle bir gyzykly gürrüň berýärdi, kämahal özüniň bütinleý çykgynsyz ýagdaýda galyşyny aýdanda gürrüňiň arasyny bilgeşleýin kesýärdi, çaý demlän bolýardy, howlynyň derwezesini ýapan bolardy ýa-da men bir howla aýlanyp geleýin diýip sekiden düşüp gidýärdi-de, ep-esli eglenip gelýärdi. Gelende diňleýjileriň bilesigeliji garaşyp oturşyndan lezzet alýardy, käbir ýöntemräk diňleýjiler wakanyň neneňsiräk tamamlanjagyna-da göz ýetirip bilmän, «Kolýa daýy, hany geleweri, onsoň ýaňkynyň yzy näme bilen gutardy» diýip soraýardylar. Kasym häzir Kolýa daýynyň şu häsiýetini ýatlap: «He-eý, Kolýa daýy, Kolýa daýy-y. Betbagt adam-da» diýip oýlandy. Onsoň ýene Aýbibiniň pyşyrdap-pyşyrdap sözleýşini, saçlaryyň düýrümini näzli çözleýşini ýatlanda Kasymyň endam-janynyň gurşugy artdy. Aýbibini ýaňadan ýürejigi küýsäp, ýene eräp-akasy, bal bile ýag ýaly gatyşasy geldi. «Ähli aýalyň topragy birdir diýip ýalňyşýan ekenim. Hi, Aýbibini özgelere deňäp bolarmy?! Ol bütinleý üýtgeşik zat. Dünýäde beýle zat seýrekdir-le». Ol zenan meselesinde özüni köpi gören hasaplap ýörşüne, birden-bire dumana duwlanan ýaly ýagdaýyna özi-de geň galýardy. Ol häzir bir nokada bakdygy Aýnakölüň boýundaky waka göz öňüne geldi... Kasym gymmat baha awstriýa paltosyny uzadanda Aýbibiniň gözleri öňküden beter uçganaklap, joşgunly zenan höwesi oýanypdy. Özüniň sowgat halaýanlygyny Aýbibi bada-bat ýüze çykaraýdy. Aýbibi paltony boýuna deňedi-de şelaýyn sözledi. «Az-kem ulurajyk bolsa-da zyýany ýok. Aşgabatda kiçirägi bilen çalşaryn. O-oý, sag bol, Kasym Kulyýewiç. Nädip eýýäm maňa şeýle gowy palto tapaýdyň?! Ýok, siz hakyky jentlmen, men bir göremde tanadym-a. Men sizi hiç mahal unutmaryn, meniň pälwanjygym!» «Men Aýbibä jogap bersem, samsyk bolaryn. Üstesine-de munuň üçin kelläme taýak bilen urarlar. Ýöne beýle owadanjany işgär edinibem bolmaz. Başlyklaryň biri bilen çatlyşar welin, onsoň men baş wraç däl-de, şujagaz kepderijik hökümdar bolar oturyberer. Gowusy başga ýol tapaýyn». - Kasym Kulyýewiç! - Bibijan, sen maňa Kasym diýseňem bolýar-a, men resmiligi halamaýan. - Wah, saňa Kasym diýibem biljek. Bu maňa ýakymlam bolýa, ýöne men öwrenen endigimi taşlap bilmeýän. Onsoň köpçülik içinde Kasym janyşka kiýäýsem nädersiň, ä? Ha-ha-ha-a. - Näme aýtjak bolduň? - Iş meseläm nähili bolar? - Hiç hili bolmaz. Aşgabatda işlär ýörersiň. Kämahal men bararyn, kämahal sen gelersiň. Bolmaýamy? - Diýmek, siz rugsat berýäňiz? - Sen ýagdaýa göz ýetir, Bibijan. Meniň orunbasarym bar, Amangözel Taganowna diýýärler. Partorgymyzam şol. Işe-de ökde, ähli işi edýänem şol, ömürboýam orunbasar. Ana, şo ýezit meniň ornuma dyzaýa, menden kemçilik gözleýär. Eger häzir saňa men rugsat bersem, o aýal meni şobada satar. Üstesine, bu taýy oba ýeri, hiç zada düşünmeýärler, ýöne düşünýändiris öýdýäler. Onsoň raýkom, raýispolkomam men bir iş etsem şoňa garşy bolşup durlar. Sebäbi menden gorkýarlar, raýonda men ýeke-täk alym derejeli bolamsoň, wezipelerini elinden alarmykam öýdýäler. Gel, gowusy boljak işi edeli. Sen häzir birinji sekretaryň ýanyna bar. Kakam uruş inwalidi, öldi diý, keselbent ejem bar diý, oňa menden başga seretjek ýok diý, özümem kandidatlyk dissertasiýa ýazýan diý. Eger aglap bilseň has gowy. Aglap bilermiň? Edil öýüň ýykylan ýaly aglamaly-da. Aýbibi Kasymyň öwüdini ýylgyryp diňledi - Aglamda bolýan bolsa aglaryn, ýöne sen tüýs artist-dä. Bu zatlary nireden öwrenip ýetişýäň? Tüýs artist-dä. - Gyssanma, durmuşyň özi öwreder, mejbur eder. - Eger aglamda-da rugsat bermese? - Onda obkoma, ýokarraga bararyn diý. Hökman gorkar. Eger şonda-da bolmasa, onda men saňa, ine, erkek sözüni aýdýan. – Kasym sag aýasyny açyp uzatdy welin, Aýbibi possujak goluny onuň üstüne goýdy. – Gelip birki aý ýaly işläňsoň, saňa rugsat bererin. Soň meni işden kowsalar kowubersinler. Men başymy çararyn. «Jaý bilen üpjün etmediňiz» diýer-de Aýbibi arza ýazyp gider barar». ...Kasym süýji ýatlamalar bilen iki baka ýöräp ýörşüne garşy-garşy sagadyna bakdy. Ol raýkoma giden Aýbibä garaşýardy. Ahyry, Aýbibi ýumry baldyrlaryny titiredip, gollaryny göwünjeň hallanladyp, süňňiýeňil ýöräp, bütin howla şöhle berip geldi. - Ýeri birinji näme diýdi? - Arkaýyn gaýdyber diýdi. - O nähili? - Şeýle-dä. - Molodys. Meniň öwredişim ýaly aýtdyňmy? Dogrymy aýtsam, eýýäm seni ähli kişiden gabanyp başlapdyryn. Sen uçursyz owadanja, Bibim. - Owadanlygy soňa goýaly. Men indi arkaýyn gaýdybereýinmi? - Saňa näme diýdiler? - Birinji sekretar göni raýispolkomyň başlygyna jaň etdi-de ýanyňyza bir gyzy iberýän, aňrujy ýagdaýy bolsa haýyşyny boş goýmaň diýdi. Raýispolkomyň başlygy hem birinji sekretar aýdansoň bitirmeli bolar diýdi. Hany arza ýaz diýdi. Ýazdym. Ýüzüne raýspolkom garşy däl diýip gol çekdi. Şo hatym bilen ministrlige barsam iş düzelýä. Wessalam. - Onda şeýdip, meni taşlap gidiberjekmi? Ýör, häzir men seni ýene gezdirip geleýin. - Ýok. Ýene bir gezek. Men häzir gaýdaýyn. - Meni öýkeletme, Bibi. - Men şu çaka çenli hiç kimi öýkeletmändim. Seniňem göwnüňi ýykmadym. Ynha meniň Aşgabatdaky koordinatlarym. Barsaň, hökman jaň et, çagyrsaňyz bolsa, eglenmän gelerin. – Aýbibi wizit kartoçkasyny uzatdy. - Sen molodys, Bibim. Men saňa aeroporta çenli ulag bereýin. Gel, hoşlaşaly. Kasym Kulyýewiçiň uzadan goluna Aýbibi gol berdi welin, onuň goluny berk gysyp, çep eli bilen Aýbibiniň çeýeje bilinden tutup özüne çekdi. - Sen dünýäde ýeke-täksiň, Bibijan. Aeroporta baraňda ýolagçy gatnadyş bölüminiň Wadim diýip başlygy bardyr. Göni şonuň ýanyna gir-de: Meni Kasym daýy iberdi diý. Tiz uçmaga kömek edewersin diýip haýyş etdi diý. Özi jaň edip bilmedi diýäý. Aýbibi hoş ýylgyrdy. - Artist, tüýs artist-dä. Nädip beýle tiz toslap tapýaň?! Az salymdan «Tiz kömek» maşyny Aýbibini mündürip aeroporta tarap ugrady. | |
|
√ Janserek -8: romanyñ dowamy - 13.04.2024 |
√ Dirilik suwy -15: romanyň dowamy - 15.05.2024 |
√ Gala -5: Maksat - 12.02.2024 |
√ Gala -10: Höküm / romanyň soňy - 16.02.2024 |
√ Janserek -11: romanyñ dowamy - 04.05.2024 |
√ Hakyň didary -8/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Dirilik suwy -4: romanyň dowamy - 27.04.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -15: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Duman daganda: Gelen gideni küýsedýär - 22.05.2024 |
√ Duman daganda: Satylmaýan, satyn alynmaýan zat ýok - 28.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |