GRAF O. MANN
Öten ýyl dünýesini täzelän tanymal ýazyjymyz Sylap Satybaldyýewiň miras goýan golýazmalaryny gözden geçirenimde, onuň heniz hiç ýerde çap edilmedik ýatlamasynyň üstünden bardym.
Ony hiç hili sözbaşysyz dykgatyňyza ýetirýäris.
Bir bellemeli zat, ýatlamadaky wakalar asyl nusgasynda has giňişleýin gürrüň berilýär. Gazetiň mümkinçiligine görä, ony ep-esli gysgaldylan görnüşde çap etmegi müwessa bildik.
...Görmedigim görde galdy. Ýöne bu ýerde men häli-şindi aňymda janlandyrýan wakamy ýatlap geçesim gelýär. Ol meniň ilkinji hekaýamyň, has dogrusy, miniatýuramyň çap edilişi bilen bagly ýatlama.
Daşary ýurtda bilim alyp, ýaňy-ýakynda öýüme gaýdyp gelen wagtlarymdy. Ilkinji döreden hekaýalarymy redaksiýa eltmänkäm, olary edebiýat bilen gyzyklanýan dostlarymyň ählisine okatdyryp gördüm. Barysyndanam eşidenim öwgi boldy. Subýektiw okyjylarymdan birnäçe ýola «Berekella» baýragyny alanymdan soň, men ýurdumyzyň döwlet sylaglaryna, ondan soň hem edebiýat boýunça Nobel baýragyna ýol ýasamaly diýen netijä geldim.
Şeýle ganatly arzuwlara atlanan ýagdaýymda, anna güni sagat alty töwerekleri uly edebi gazetiň redaksiýasynyň bosagasyndan ätledim. Ol ýerde giň stoluň gapdalynda ýadaw ýüzli, gaşlary çytyk orta ýaşyndaky bir adam aýak üstünde çaý içip durdy. Ol gazetiň bölüm müdiri Timarberdi aga eken. Gynansak-da, onuň familiýasy ýadyma düşenok.
Gysgajyk salam-helikden soň, men näme maksat bilen gelendigimi mälim edip, getiren hekaýamy uzatdym. Timarberdi aga kagyzlary alman:
- Nirede okadyň, inim? – diýip gyzyklandy.
Men pylan ýurduň pylan şäherindedigini aýdanymdan soň, uzyn arkaly oturgyjyna geçip oturan Timarberdi aga äýnegini dakyndy.
- Inim, sen entegem şol ýurduň wagty boýunça ýaşap ýörsüň öýdýän? Sagat eýýäm alty bolup barýar, iş güni tamamlandy. Indiki hepde aýlanaýsana.
Sabyrsyzlykdan ýaňa gijelerine ýatyp bilmämsoň, özelenip: «Häzir okap göräýiň-dä, ýaşuly» diýip haýyş etdim. Timarberdi aga:
- Häzir okasam, ýadawdyryn – diýdi. – Öte ýowuz daramagym mümkin
Men onda-da ýan bererli däldim:
- Maňa-da ýowuz daranyňyz gerek-dä, agam.
- Bolýar, getir onda. Edil häzir gazete gysgajyk goşgy gerekläbem ýördüler.
- Ýöne munym hekaýa-a...
- Getir onda-da. Geç, otur – diýip, bölüm müdir ahyryn elimdäki golýazmamy aldy.
Haýsydyr bir sebäpden Timarberdi aga eseri daşyndan okap başlady, megerem, sözlemleriň ýaňlanyşyny, mukamyny mazalyja duýjak bolandyr:
«Asmandaky şugla saçýan aýa çalymdaş ýüzüňdäki ýylgyryşy ýada salanymda, gursagymdaky ýürek henizem gürs-gürs edýär…
Ol gün elime gül dessesini alyp, men seýilgähe bardym, ep-esli wagtlap saňa garaşdym...»
Bu ýerde alty sahypalyk hekaýamy dolulygyna getirmegiň hajaty ýokmuka diýýän. Gysgaça beýanyny gürrüň bereýin.
Hekaýada yşkyň oduna ýanýan ýigidiň wadalaşylan ýerde, birnäçe ýyl bile okan söýgüli ýaryna garaşandygy, onuň bolsa gelmändigi, soňra ýigidiň sorag-ideg edip, ol gyzyň ene-atasyna boýun bolup, başga birine durmuşa çykandygyny anyklaýşy barada gürrüň berilýär. Şondan soň baş gahrymanyň, eserdäki owadan jümläni ulansam, «nagra dartyşy», özüniň hiç haçan hiç kime öýlenmän ýaşajak diýen netijä gelşi, iň soňunda-da abraýly telekeçi bolup ýetişişi beýan edilýärdi. Gahrymanyň ýaşy gidiberse-de, ömrüniň iň gamgyn pursatlarynda ýene-de şol gyzy ýatlaýandygy hakdaky abzaslaryň özem iki sahypany tutýardy. Garaz, örän pajygaly, gynançly hekaýady.
Derrew eseriň bir çetinden çykan Timarberdi aga kagyzlary patladyp stoluň üstünde goýdy-da, uludan demini aldy. Onuň bu hereketini men özümçe ýordum:
- Agyr hekaýa gerek?
Bölüm müdir baş atyp:
- Hawa, gaty agyr eken, zaňňar. Gerdeniňden basyp dagy, mynjyradyp barýar – diýdi.
Men ýylgyrdym. Bu sözler gulagymda şowhunly el çarpyşmalar ýaly ýaňlandy.
Timarberdi aga:
- Seniň aslyňda nemesler dagy barmy? – diýip sorady.
Garaşylmadyk sorag meni aňk etdi öýdýän. Gözlerimi elek-çelek edip, «ýok» hem diýip bilmän, başymy ýaýkadym. Onda ýaşuly ýylgyryp, geň soragynyň manysyny ýordy:
- Näbileýin, nemes ýazyjysy Tomas Mannyň dagy neslinden bolaýma diýdim-dä. Olaryň maşgalasynda ýazyjy kän, özüňem bilýänsiň-le. Tomas bilen Genrih Mannlar, Klaus Mann, Erika Mann...
Begenjimi saklap bilmän, otuz ikimi sergä çykardym. Şol güne çenli şeýle ussat ýazyjylar bilen deňeşdirilen halatym ýok.
Timarberdi aga bolsa, sözüni dowam etdi:
- Senem özüňe «Mann» diý, inim. Adyňa-da O.Genriňki ýaly, diňe «O» harpyny goý, hasam gowy bolar. Özüňem Lew Tolstoýa kakdyryp, adyň öňüne «Graf» sözüni dagynam goşgun. Goý, her kim nähili ýazyjydygyňy bilsin.
Şol pursat begenjimden ýaňa uçaýjak bolýardym, emma Timarberdi aga meni ýere düşürdi.
- Bize häzir ýer doldurmak üçin gysgajyk eser gerek. Şonuň üçin munuň käbir ýerlerini kesmeli bolar. Onsoňam iki-ýeke bellikler bar.
- O nämäniň bellikleri? – diýip, allaniçigsi boldum.
Timarberdi aga hekaýamdaky stilistik kemçiliklerime görkezdi:
- Inim, gulak as. Ilkinji sözlemde Aýyň asmanda, ýylgyrşyň adam ýüzünde, ýüregiňem gursakda bolýandygyny, özüniňem gürsüldeýändigini ýazypsyň. Astronomiýa bilen anatomiýadan gowy başyň çykýandygyna düşündim, ýöne okyjylary şeýle agyr maglumatlar bilen ýüklemek hökmanmy? Munuň üstüni çyzaýaly.
Timarberdi aga rugsadyma garaşman, kagyzyň ýüzünde galamyny sürüp ugrady. Men pomidor ekilen meýdanda pagta ýygýan kombaýny gören ýaly boldum.
- Ýok, Timarberdi aga. Edýäniňiz näme?
Ýaşuly äýneginiň üstaşyry maňa seredip:
- Ýaňy aýtdym-a, bize şu san üçin gysgajyk eser gerek – diýdi. – Çap edilmegini isleseň-ä, kesmeli bolar...
Hernäçe garşy bolsam-da, mazaly oýlanyp, şeýle abraýly gazetde çykyş etmek hormaty üçin razylyk bermeli diýen netijä geldim. Onsoňam, häki öwgüler göwnümi galkyndyrdy. Bu ýaşulam, näme, öz işini bilmeýän bolsa, şeýle uly neşiriň jogapkär wezipesinde oturmazdy, gysgaltsa, belki hekaýanyň peýdasyna bolar diýdim.
- Bu ýerleri suwjuk – diýip, Timarberdi aga kagyzdaky ençeme setirleriň üstünden pil basalan ýaly etdi.
Soň indiki sahypa geçdi, oňa-da birinjiňkä çalymdaş ykbal garaşýan eken. Soňra üçünji... Çyzym-çyzym edilen sahypalaryň her birini Timarberdi aga bilgeşleýin janymy ýakjak bolýan ýaly, stoluň üstünde maňa görner ýaly edip goýýardy. Kagyzlaryň ýüzi labirint çekilene döndi. Olara bakanymda, başym aýlandy.
Arasynda ýaşuly:
– Bir zady berk ýatda saklagyn, Sylap – diýip, maňa üýtgeşik maslahat berdi. – Türkmen dilinde ýöňkeme goşulmalary bardyr, şonuň üçin köp ýerde «men, sen, ol» sözlerini ulanmak hökman däldir...
Dördünji sahypany stoluň üstünde goýanynda, onuň ýüzünde ýekeje belligiňem ýokdugyny görüp:
‒ Ähä! Şu ýerleri gowudyr öz-ä – diýip, monça boldum.
‒ Wiý, bu sahypany durşuna kesmeli – diýip, Timarberdi aga hirurga mynasyp sowukganlylyk bilen bütin sahypanyň ýüzüni çyzyp goýberdi.
Şeýde-şeýde, ol bahym soňky sahypa ýetdi. Hekaýanyň ahyrynda adym ýazylgy durdy.
Ýaşuly pikirini daşyna çykardy:
- «Sylapberdi Satybaldyýew» diýipsiň welin, inim, adyň ýazyjy üçin birtüýsliräk dälmi? Okyjy sen söwdagärsiň öýtmese-de biridir.
- Onam gysgaldyp goýber, ýaşuly? – diýip, hahahaýlap güldim.
Timarberdi aga:
- Bolýar – diýip, çala ýylgyrdy. – Onda wessalam, jüt tamam, inim. Okap görjekmi?
- Ýok, ýaşuly. Özüňiz gowy bilýänsiňiz. Kesmegiňize garşylygym ýok welin, manysy ýoýulmasa bolýar.
- Alada etme, manysy hiç üýtgän däldir. Gaýta, Omar Haýýamyň rubagylary ýaly güýçlendi.
Bu sözler meni köşeşdirdi. Elbetde, Tolstoý nire, Haýýam nire, oňa akyl ýetirýärdim, ýöne eserim gündogaryň beýik akyldarynyň döredijiligine meňzese, armanym barmy?
Gepiň küle ýeri, Timarberdi aga bilen hoşlaşyp, öýüme gaýtdym. Ol hem iş wagtynyň birçak tamamlanany sebäpli, meniň bilen bile edaradan çykdy. Biz şondan soň birnäçe ýola gabatlaşyp, gara-gadyr bolşup salamlaşsak-da, gaýdyp hiç haçan bile işleşmändik...
Sylap aganyň bu ýatlamasyny okanymdan soň, men şol gürrüňi edilýän hekaýanyň gözleginde ençeme neşirleri agdaryp çykdym, ençeme gazetleriň sahypalaryny warakladym. Birnäçe günläp kitaphanadaky giň stoluň başynda dümtünip, bilimi epip oturdym.
Zähmetim, hernä, ýerine düşdi. Ahyryn mundan kyrk ýyl öň çap edilen gazetleriň birinde, sahypanyň iň aşagynda goşga öwrülen hekaýajygy tapdym.
«Garaşdym. Gelmediň. Özgä ykbal bagladyň.
Ençe gije nagra dartyp, agladym.
Indi boldum telekeçi-söwdagär.
Söwdam oňmadyk güni, ýatlaýaryn, söwer ýar.
Sylap Satybaldy»
Enwer ÝUSUBOW.
Hekaýalar