GORP
DIWARLAR
Daşymyzy dört sany beýik diwaryň gurşaýandygyna hemmämiz birbada akyl ýetirip hem bilmedik. Gaflat ukusynda ýatan ýalydyk. Uzynlygy, takmynan, on metre ýetýän sowuk daş diwarlar. Ondanam beýik bolmagy mümkin. Synladygyňça uzalyp-ösüp barýan ýaly. Üçegem ýok. Onuň ýerine ýokardan lemmer-lemmer çal duman geçip barýar. Ne tüsse diýersiň, ne-de bulut – asmany gizleýän aýylganç ümür.
Sekiz bolup otyrys. Her birimiz her tüýsli. Meňzeşligimiz ýok. Ýaşymyzam tapawutly. Men – talyp. Beýleki çetde arryk bir goja başyny sallap otyr. Onuň ýanyragynda ýigrimi bäş-otuz ýaşlaryndaky daýaw pälwan ýerleşdi. Aramyzda orta ýaşly, agajet, sakgal-murtsuz kel adam bar – ony köse diýip atlandyralyň; ondan başga-da ellä dagy aýak basan, tagaşyksyz, aýagy çaýşygrak erkek kişi bilen bir oglanjyk – orta ýaşly mekdep okuwçysy. Galan ikisi – zenan: biri ýaşajyk, owadan gyz, beýlekisem otuza ser uran gelin.
Bu ýer örän dardy, darykdyryjydy. Meýdany ýigrimi inedördül metr dagy bardyr. Aýagymyzyň aşagy-da ýylmanak, sowuk beton.
Siziň köp zatlardan habaryňyz ýokdur. Düşündirjek bolaýyn.
Bu ýere nädip düşendigini hiç kim bilenok. Nädip we nirä çykmalydygy hem belli däl. Gapy ýok. Iň bärkisi, diwarda çykalganyň bardygyny mälim edäýjek sähelçe jaýryjak ýa oýjagaz hem tapmadyk. Hemme ýeri barladyk eýýäm. Diwara uranyňda, diňe ýumruga gysylan süňkleriň şakyrdysy eşidilýär. Tamdan ses çykanok. Juda galyň bolmaga çemeli.
Gygyrybam gördük. Bogazymyzy ýyrtyp gygyrdyk. Däli-saňsar bolduk. Emma jogap gelmedi. Sesimiz ýaň berenokdy, aňzakda agzymyzdan çykýan bug deýin, ýokary galyp, duman bilen akyp gidýärdi. Gykylygymyz bilen birlikde, halas bolmaga baglan umytlarymyzam ýitip barýardy.
...Bir salym aýagymyzy ýazdyk. Gyz içine sygdyryp bilmän hamsygyp oturdy. Oglanjyk bir gyrada ýüzüni tutup aglady. Häzir her kim özüniň mahrum bolan durmuşyny ýatlaýardy. Içim eljuk diýýärdi. Elimi garnyma goýdum. Bu hereketimi gören goja maňa gözüni alartdy. Onuň goňrumtyl göreçleri içiňden parran geçip barýardy, ýiti nazary sustuňy basýardy. Gysyk tumşugy, içine çöküp duran duluklary, agaran sakgaly gojany garry we paýhasly akyldarlara meňzedýärdi, şol bir wagtyň özünde-de bir hili oňaýsyzlyk döredýärdi, aljyradýardy. Men aýybym bar ýaly ýüzümi aşak saldym.
- Indi şu ýerde gurap galmalymykak?! – diýip, halys gahary gelen pälwan dikeldi-de, ýokardaky boşluga ýüzlenýän dek başyny galdyrdy.
- Diňe bir çykalga bar – diýip, goja-da äwmezlik bilen ýerinden turdy. – Diňe bir çykalga. Ýokarlygyna...
- Biz ýokary galmaly – diýip, men gojanyň aýtjagyny agzyndan kakyp aldym. – Sirkde akrobatlaryň edişi ýaly, bir-birimizi göterişip, ýokary çykarmaly.
- Aýtjak bolýanyňa düşünýän – diýip, pälwan meniň golaýyma gelip, ähli belanyň körügini mende gören ýaly, üstüme dazaryldy. – Gaty gowy düşünýän – diýip, ol azmly gaýtalady. – Biz bir-birimizi egnimize alyp, seni ýokaryk çykarmaly-da, şeýlemi? Kim bilýär, belki bu ýere-de biz sen sebäpli düşendiris? Näme üçin biz saňa ynanmalymyş?
- Garaşsak gowy bolmazmy? – diýip, köse hem gürrüňe goşuldy. – Biz bärik nädip düşenimizi bilmeýän bolsak, diýmek, bizi taşlap gidendirler. Yzymyzdan dagy gelmezlermikä?
Goja kinaýaly ýylgyrdy:
- Taşlap giden bolsalar-da, ýagşy niýet bilen-ä taşlan däldirler. Uzak garaşybersek, gaty ajygarys. Birinjiden-ä, biderek ysgyndan gaçdygymyz bolar, ikinjidenem, ahyrsoňy bir-birimize agyz urmagymyz ahmal.
Erkekler gülüşdiler, aýal bilen oglanjyk bolsa ýuwdarhany gözi düşen ýaly, goja howatyrly garap, gözlerini petredişdiler.
Pälwan orta çykdy:
- Onda diňläň. Ýokary men çykmaly. Göteriň meni!
- O nähili sen çykmalymyş? O nämüçin? – diýip, köse garşy çykdy.
- Araňyzda iň güýçliňiz, gaýratlyňyz men – diýip, pälwan özüni magtady. – Şonuň üçin çykybilsem, ýüp tapyp, ähliňizem ýekän-ýekän galdyraryn. Öňümden biri çykaýsa-da, etmelisini bilýän.
- Sen aramyzda iň güýçlümizdigiň belli – diýip, men ara girdim, – ýöne seni götermek ýeňil bolar öýdýäňmi? Onsoňam, näme üçin biz saňa ynanmaly?
- Başga alajyň bardyr öýdýäňmi? – diýip, pälwan ýene-de üstüme dazzaryldy. Onuň ýumrugyny berk gysyp durşuny gördüm, meni özüne duşman saýandygyny, ýene-de ýekeje söz garşy çyksam üstüme topuljagyny aňdym. Ýöne batyrgaýlygymy elden bermän, onuň edil gözüniň içine bakyp durdum. Urşa taýynlanamda, aramyza goja giräýdi:
- Köşeşiň!
Ol ahmyr bilen başyny egdi. Gojanyň beýdip durşy agtyklaryndan göwni geçen atany ýadyňa salýardy.
– Ýumruklaşyp ýörmäň. Mazalyja pikirlenmeli. Ýedi ölçäp, bir kesmeli. Boluň, ony galdyrjak bolup synanyşalyň – diýip, goja pälwana görkezdi.
Daýaw maňa kinaýa bilen ýylgyryp seretdi.
- Güýjümizi hem beýikligi hasaplamaly – diýip, goja sözüni dowam etdi. – Sagatraklaryňyz beýlekilere tekge bermeli bolar. Meniň bilen oglanjykdan-a tamaňyzy üzäýiň.
Aýallar ala-goh turuzdylar.
- Aýdýan zadyňyza özüňiz bir düşünýäňizmi? – diýip, ilki öýmeli gelin nägileligini bildirdi. Ol owadan ak köýnekdedi. Dury gara gözleri şeýle bir ýalpyldaýardy welin, onuň hakykatdanam gaharlanýandygyna teý ynanar ýaly däldi. – Biz çagany nädip göterjegimizi bilemzok. Munuň ýaly agyr adamy nädip galdyraly? Onsoňam, – diýip, gelin sesini peseltdi-de, utanç bilen gözüni süzgekletdi, – meniň eýýäm dört aý bäri aýagym agyr.
- Näme üçin ýokary ol çykmalymyş? – diýip, gyz hem elini bulaýlady. – Munuň ýaly pili götermäge güýjümiz ýetmejegi göz-görtele ahyryn.
- Ýum agzyňy, ganjyk! – diýip, pälwan dişini gyjady.
Zenanlar bilen köse topalaň turuzdylar.
- Güýjüňe daýanan bolma! Diliňi sakla! Özüňe kimdirin öýdýäň! – diýşip, ýerli-ýerden gygyryşdylar.
Menem olaryň gohuna goşuldym:
- Näme-how, bu ýerde hojaýynlyk eder öýdýärmiň? Eden-etdilik ýokdur bärde!
Dawa goşulmasyna goşuldymam welin, şol bir wagtyň özünde-de bolşumyza, özümizi alyp barşymyza gapdaldan syn edip gördüm. Eý, Hudaý, gör, biz nähili agzala, üýrüşip, hyrlaşyp ýörüs, itden gowulygymyz ýok! Diňe çaýşygyň ýeke özi bir çetde gysylyp, dymyp dur. Bu çukurda oturmak oňa ýaraýan ýaly. Bir çetde arkasyny diwara berip, ýaplanyp durdy. Özem haýaljykdan, düşnüksiz lezzet bilen sowuk diwaryň ýylmanak ýüzüni sypaýar. Emma biz nähili netijä gelsek-de, onuň hem köpçüligiň sözünden çykmajagyny ýüzi aýdyp dur. Şu zeýilli messepsiz adamlary hiç wagtam sulhum alanokdy.
- Boldy, boldy, köşeşiň... – diýip, goja bize töwella etdi.
- Wah, kimdigimi görkezerdim weli... – diýip, pälwan hiç ýan bererli däldi.
- Köşeş hany! – diýip, goja boksçylary aralaýan emin ýaly ara girip, daýawy bir gyra alyp gitdi. Deşli göwräniň egninde elini goýup, sypaýylyk bilen nämedir bir zatlar pyşyrdady, soňra ýene ýanymyza dolandy.
- Gulak asyň – diýip, biraz pikirlenenden soň dil ýardy, – Siziňki mamla. Ony galdyrmak agyr düşer. Onsoňam, diwar gaty beýik. Hemmäňiz bir-biriňizi gop bermeseňiz bolmaz.
- Onda näme etmeli?
- Pikir bar... – diýip, goja nazaryny diwara dikdi-de, gözlerini süzüp, uzak oýlandy. Ahyryn hem pikirini daşyna çykardy. – Biz oglanjygy çykarmaly...
Gelnen netijeden ählisiniň göwni suw içenokdy. Owadan gyz gaşyny çytyp durdy, pälwan hem zol-zol başyny ýaýkap, gamgyn ýylgyrýardy, çaýşygyň bolsa ses-üýni çykanok, hemişeki perwaýsyzlygy. Her niçiksi bolsa-da, bu ýeke-täk pähimli maslahata hiç kim garşy çykyp bilmedi. Goja maňa bakyp, hoşallyk bilen ýylgyrjaklady. Häzir biziň ikimiz hem mundan gowy çykalganyň ýokdugyna berk ynanýardyk, çigit ýalyjak hem şübhämiz ýokdy, gaýta şeýle ýerlikli, şol bir wagtyň özünde-de şeýle ýönekeý pikire indi-indi aň ýetirişimize haýran galdyk.
ADAM MERDIWANY
...Maňa dyrmaşmaga ýeňilräk bolar ýaly, pälwan biraz bilini epdi. Men ýeňillik bilen onuň egnine mündüm. Köse bilen çaýşyk maňa ýeňsämden kömekleşdiler. Pälwan diwara söýendi. Menem diwara daýanyp, haýaljykdan aýaga galdym-da, dikeldim. Ýalaňaç dabanymyň astynda pälwanyň giň egniniň daş ýaly gataýşyny duýýardym. Özümem gitdigiçe beýgelýän, duran ýerim depä öwrülýän ýaly. Pälwan doly dikelip, çalaja yza ädimlänsoň, men diwara has berkräk daýanmaly boldum. Bu zatlar kösäň hem egnime galyp, adamlardan düzülen basgançagyň üçünji gatyny emele getirip bilmegi üçin edildi. Pälwan sarsman durdy, emma şonda-da men aşak ýa yza seretmäge ýürek etmedim. Ähli pikirlerim öňümdäki diwaryň ýüzündäki kiçijik nokatjykda jemlendi. Halys surnugypdyryn, açlykdan ýaňa içim agyrýardy. Zordan ýuwdundym. Zenanlaryň: «Seresap bol! Seresap!» diýip gaýtalap durmagyna garamazdan, garnymyň jugurdysy hemme kişä eşidilen ýaly boldy.
Kösä üstüme dyrmaşmak üçin birentek gaýrat gerek bolandyr. Ol uzak eglenmedi, dogumlylyk bilen derrew galdy. Bir salymdam eýýäm onuň gaty, ýaryk-ýaryk ökjesi ilki meniň kebzämi, soňam eginlerimi depeledi.
Çaýşygyň gezegi geldi. «Eý, Taňrym! Kynçylyklar başlad-ow» diýdim. Indi egnimdäki köse diwara has ykjam daýanmaly boldy. Men usullyk bilen ilki diwardan sag elimi, soňra çepimi sogrup, kösäniň aýagyna ýapyşyp durdum, pälwanam meniň aýagymy gysdy. Indi daýanç nokady ýokardaky kösäniň diwara ýaplangy ellerinde hem-de aşakdaky pälwanyň sütün ýaly aýaklarynda jemlendi. Biz – özboluşly basgançaga, tama söýelen adam merdiwanyna öwrüldik.
Çaýşyk aşa haýal dyrmaşyp barýardy, özem sakawlap, zol-zol: «Bagyşlaň! Bagyşlaweriň! Bilmän etdim!» diýip, içýakgyç ötünç soraýardy. Ýaňy bir dyrmaşyp ugranda pälwanyň jany ýandy:
- Haý, emelsiz kelesaň!.. Wäk-eý, gulagymy mynjyratdyň-ow... Kelläme depmäň näme, haramzada!
- Bagyşlaň... Bilgeşleýin etmedim... – diýip, çaýşyk dyrmaşyp barşyna hüňürdemegini goýmady.
Soňra ol meniň egnime dyrmaşyp ugrady, ýolugra kebzämiň aşagyny aýagynyň barmagy bilen sürtüp, sypjyrdyp hem ýetişdi. Özüme näçe erk etjek bolsam-da, çydap bilmedim, janym ýandy, ömrümde eşiden ähli sögünçlerimi daşyna çykardym öýdýän.
Çaýşyk çür-depä galyp, kösäniň egnine çykandan soň, men üstümdäki kel dostumyň neneňsi ýeňildigi aýan boldy. Indi golum göwrämden sypyp, gopaýjak ýaly boldy. Çaýşyk şeýle bir köp agram saldy welin, aşakdaky pälwanyň nähili ejir çekýändigini göz öňüne getirmäge-de gorkdum. Oňa nebsim agyrdy. Dogrusy, sarsman, ejizlemän duran daýaw batyra göwnüm ýetdi. Aşak, onuň duran ýerine gulak saldym; dem alşy agralan ýaly. Goja-da muňa üns beren bolsa gerek; ýuwaşlyk bilen ýigidiň arkasyna kakdy:
- Gaýrat et, oglum! Gaýrat et!
Owadan gyz egnime ýapyşyp, bilimi gysyp, üstüme dyrmaşjak bolup durka, arkamda onuň ýumşajyk göwsüni duýdum. Endamyma ýakymly ýylylyk aralaşdy. Egnime galanynda, ýüzümi öwrüp, onuň baldyryny ogşap, köýneginiň içine jyklasym geldi. Zordan saklandym...
Gyz uly agram goşmady, ýöne şonda-da ol pälwanyň agyrydan ýaňa agyr sojap başlamagyna ýeterlik boldy. Gyz beýige galanynda, pälwan gerinmek üçin birneme öňe süýşdi. Ýokarda duranlar erbet çaýkandylar. Men hiç kim diwara söýenýän däldir öýdüp gorkdum, ähli edenimiz biderek boljakdy. Şu gezek galyp bilmesek, soň hiç başartmajagyny bilýärdim. Her niçiksi bolsa-da, şübhelenmeli däl. Ynamsyzlyk ähli edenimizi puja çykarar.
Birdenem täsin bir aýdym gulagyma ýetdi. Oglanjyk hiňlenýän eken. Aýdymyň sözlerini aňşyrmadym, ýöne hiňlenişi, iň bolmanda hiňlenmegi göwnüňi göterýärdi. Arassa hem näzik çaga sesi gorpuň içinde umydyň sergin şemaly kimin öwüsdi... Onýança aşakda bir tüýsli hysyrdy peýda boldy. Göwreli aýalyň ýokary çykmak nobaty...
ÝOKARLYGYNA
Gelin doly ýokary ýeteninde, pälwan eýýäm agrama çydaman, elhenç bagyryp ugrady, sesi ýüregiňi ýarjak. Meniňem egnim gopup gelýärdi, erbet agyrýardy. Gara deriň arkamdan şaglap akyşyny, her bir damjasynyň tigirlenip gaýdyşyny duýýardym. Häzir biri maňa barmagyny batyraýsa, gapyrgamyň aşagyndan ikä bölünäýjek ýalydym.
- Hernä, iň kynyny geçdik – diýip, goja meniň pikirimi okaýan dek, teselli berdi. Ýogsa-da, muny özüm diýen bolaýmaýyn?! Agyrydan ýaňa aňkam aşyp, pikirimi içime sygdyryp bilmän duran bolsam bildiňmi? Ýa eýýäm jan beräýdimmikäm, ruhum daşyna çykyp, bolýan zatlaryň ählisine çetden syn edýärmikä?
Pälwanyň gygyryşy oglanjygy gorkuzan borly, – goja sabyrsyzlyk bilen ony dyrmaşmaga howlukdyrýardy. Pursat geçdimi, ömür geçdimi, bilmedim, oglanjyk ahyryn dyrmaşyp başlady. Pälwanyň eginleri titreýärdi, şoňa görä menem çalaja titredim. Oglanjyk çaga elleri bilen boýnumdan berk ýapyşyp, egnime müneninde, ol meniň üçin dünýäde iň agyr ýüke döndi. Ol has beýige galmaga milt edip bilmän, egnimde ep-esli eglendi. Goja ony ruhlandyrjak bolup, göwünlik berdi, ýyly söz aýtdy. Bu öz täsirini ýetiren bolmaly. Birki minutdan ol «merdiwanyň» iň ýokarsyna ýetdi. Gelniň:
- Gaýrat et... seresaprak... haýyş edýän... – diýşi gulagyma ýetdi, ýöne onuň kime ýüzlenýändigine düşünip bilmedim. Men başymy galdyramda gelniň diwara söýenen ellerini hem-de gorkudan ýaňa gyzaran ýüzüni gördüm. Ol gaty ýokardady. Oglanjyk onuň egninde çommalyp otyrdy öýdýän, ýöne hiç aýaga galyp, dikelip bilenokdy.
Pälwanyň dymanyny-da duýman galypdyryn. Onuň ümsümligi gykylygyndanam eýmenç göründi. Göwnüni götermek üçin bir zatlar diýesim geldi, emma pikirlerim serhoşyňky ýaly gaýmalap ýördi. Onsoňam men gürlemäge gorkdum, çagany aljyradaýmaýyn diýdim. Emma edil şol pursat garaşylmadyk şowsuzlyga uçradyk...
Oglanjyk duýdansyz hereket etdi. Gelin elini diwardan gopardymy, nämemi, arkan gaýyşdy. Wagt saklandy, hereketler haýallady. Gelin aýagyna ýapyşyp duran gyzy, onuň bilen birlikde-de bizi hem öz yzy bilen garşydaky diwara tarap çekdi. Ahyrsoňy ýokardakylar diwara arkan urundylar. Çaýşyk nalajedeýin egnindäki gyzyň aýagyndan elini sypdyrmadyk bolsa, mümkin, ýykylmazdygam, haýp, bolmady. Özüm ýere gaçýarkam men gyz bilen agyraýak gelniň sekiz-dokuz metr beýiklikden ýykylyşyny, gojanyň olary gapmaga ýetişjek bolşuny gördüm. Özümem ýykylmankam kösäniň aýagyndan elimi aýyrdym, ýöne o diýen uly beýiklikden gaýtmasamam, erbet awundym.
Eýýäm ýerde süýnüp ýatyrkam pälwanyň aýagujymda entegem injigimi berk gysyp ýatandygyna gözüm düşdi. Ol dumanly nazaryny maňa dikipdi. Näme üçindir, oturan ýerimde dagdyrap başladym.
Bu nämäň sesi? Hä-ä, gojamy... Ol näme üçin pälwana bakyp aglaýarka?
Gojanyň hereketleriniň manysy aňyma ýetýänçä ep-esli wagt gerek bolandyr...
Ol demsiz ýatan daýaw jesediň üstüne abanyp, ýygyrtdan doly ýaňaklaryndan gözýaşyny süpürdi.
Agyraýak zenan bolsa ses edip aglaýardy. Ol içini tutup, agyrysyna bükülip ýatyrdy, köýneginiň eteginde gan göründi. Şu wagt onuň özi ene göwresindäki çaga meňzeýärdi. Dogrusy, oňa-da näme bolandygyny aňşyryp bilmedim. Alasarmyk bir ýagdaýdadym.
Galanlarymyz sag-salamat. Diňe oglanjyk gözüme ilmedi. Niredekä ol?
Başymy galdyranymda, ýokardaky diwaryň bir çetinde onuň tegelejik ýüzüne nazarym düşdi. Diýmek, ol ýokarda-da. Biz maksadymyza ýetipdiris-dä!.. Eý, Hudaý! Gör, nähili bagt! Adam şeýle ýagdaýda-da şatlygy başdan geçirmäge ukyply eken...
Men oglanjyga elimi bulaýladym. Ol hem bu hereketimi gaýtalap, şadyýan güldi. Hem gülýär, hem aglaýar, samsyjak! Onuň çaga gülküsi takyryň üstüne ýagan ýagmyra çalymdaşdy.
Ählimiz dymyp otyrys, demimizi dürseýäris. Goja henizem aglap oturan gelniň ýanynda çöküp, ony köşeşdirjek bolýar. Çaýşyk men ýaly egnini sypap otyr.
Gyz bilen gözümiz kaklyşdy. Ol mähirli ýylgyrdy. Menem ýylgyrdym, emma egnimdäki agyry ýene ýüzümi mürşertdi. Gyz ýeňsäme geçip, egin damarlarymy owkalap başlady. Onuň mährem elleri dünýäniň bar ynjysyny, gam-gussany ýatdan çykartjak eken. Elini alyp, dodagyma ýetirdim. Ondan badyýanyň ysy bark urýardy...
Oglanjyk bir ýere ýitirim bolupdyr, emma birsalymdan dolanyp geldi.
- Bu ýerde hiç kim ýog-a... – diýip, ol diwaryň çetinden çalaja başyny görkezip, jyklady. – Hemme ýer boş. Men ýene bir uly diwara gabat geldim, ýöne daş-töwerek ümür. Hiç zat görnenok...
- Ýüp gözle – diýip, goja gygyrjak boldy, emma dilinden diňe gyryljyk pyşyrdydan başga zat çykmady. Men onuň sözlerini batlyrak gaýtaladym.
- Bor – diýip, oglanjyk çala baş atdy. – Ýene gözläýerin. Garaşyň...
Kiçijik kelle gözden ýitdi. Biz birek-birege garap, ýylgyryşdyk. Indi umydymyz-a bar.
...Eýýäm ýarym sagat geçendir. Oglanjyk entegem gelenok. Biz munuň soňy nähili borka diýip, oýlanyp otyrys. Belki häzir oglanjyk ýany bilen birtopar güýç-kuwwatly daýaw ýigitleri alyp geler. Olar aşak ýüp sallar-da: «Ýapyşyň!» diýerler. Ýa-da diwaryň gyrasynda gara penjekli, aňyrsy görünmeýän gara äýnekli adamlar peýda bolar, ýanlarynda-da elleri fotoapparatly suratçylar, žurnalistler bardyr. Olaryň lowurdysy gözümizi gamaşdyrar. Ýüzümize onlarça mikrofonlary uzadarlar, bizem telbe ýaly aglaşyp, gülşüp, bu zatlaryň bary-ýogy ýönekeý telewizion oýnudygyna, bukulgy mikrokameralara düşürilen tomaşadygyna göz ýetireris. Belki-de, bu adamlaryň jemgyýet durmuşyna uýgunlaşmak şertini seljermek üçin geçirilýän psihologik eksperiment bolup çykar... Şeýdip pikir ýüwürtmek, gör, nähili ýakymly!
Belki-de bu bolýan zatlar ýönekeý bir düýşdir, kim bilýär, belki-de biz ir-u-giç oýanarys... Eger oglanjyk yzyna dolanyp, ýokarda-da şunuň ýaly, ýöne has beýik diwarlardan başga zat ýok diýäýse näme? Dadymyza ýetişen bolarmyka? Ýa-da biz ömrümizi şu ýerde ötürmeli, küle sowurmaly bolarysmy?
Dogrusy, munuň parhy bir barmyka! Özüňiz oýlanyp görüň. Her niçiksi bolsa-da, biz eýýäm diwarlary ýumurdykmykak diýýän...
Hekaýalar