22:03

Gulaş şahyry ýatlap...

Edebi makalalar
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 529 | Добавил: Нawеran | Теги: Berdimyrat Garabaýew | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 2
2
1 Нawеran  
9
Türkmensähraly türkmen alymy Hangeldi Ownugyñ kandidatlyk dissertasiýasynda Gulaş şahyr we onuñ bendilik döwri hakynda ýokardaky makaladan tapawutlyrak şeýle maglumat bar:

"Gulaş şahyr

Gürgen-Etrek sebitlerinde ýaşap Rza şyhyň zulmuna uçran şahyrlaryň biri hem Gulaş şahyr bolupdyr. Rza şanyň tarapyndan erkin oturan çarwa türkmenlere nähak salynýan salgytlary Gulaş şahyr ỳaly şahsyýetleriň töleg gurbyndan agyr bolany üçin tölenilmän olaryň obalaryny Kemal han ýaly feodallaryň tarapyndan çapylyp olary ỳesir edip äkidilipdir. Şeýle ýagdaỳlar-da, Gulaş şahyr hem tutulyp zyndana taşlanylỳar.Ol döwürde Türkmensähranyň Marawdepe obasy Rza şanyň gyzynyň dynç köşgi bolupdyr. Gulaş şahyr hem şol ỳerde zyndanda oturypdyr.
Onuň ökde kümüş ussadygyny Rza şanyň gyzy eşidip oňa kümüş ýasadypdyr. Gulaş şahyr şeỳle zynatly kümüş ỳasap bereni üçin patyşanyň gyzy ony zyndandan boşadypdyr. Gulaş şahyr etregiň akymy bilen Sumbara düşüp Uzynsuw obasynda (Häzirki Nyỳazow kolhozy) ýerleşýär. Onuň aỳdymlary Türkmenistanyň halk bagşysy Saryhan Sapaỳewiň repertuarynda aỳdylỳar. Gulaş şahyryň zyndanda oturan mahalynda aỳdan goşgusynyň bir bendi:

Garry Gulaş, garry watan ýatlasa,
Arwanasy iner-maýa botlasa,
Kemal han dälijiräp özüni [kendini] otlasa,
At çapdygym däli Gürgen amanmy? *

Ýokardaky setirlerde türkmen obalaryny çapyp, olary zebil-sergezdan güne salyp, mal-mülküni talap, ogluny olja, naçaryny bolsa, ỳesir edip alyp gidỳän Kemal han ýaly zalym Eýran hanlarynyň, Eýran patyşalygynyň tabyn zulumkär feodallarynyň atlary şeỳle eserlerde sütemkär hökmünde görkezilipdir. Eỳsem-de bolsa, Kemal han kim bolupdyr? Türkmen halkyny öz gününe goỳman şeỳle bir talaňçylykly niýet bilen üstüne çozan we halky tozduran şahsyýetleri taryhda tanamak gerek! Olary berk ýazgarmak gerek!

* Bu rowaỳat Balkan welaýatynyñ Nebitdag şäherinde ýaşaýan  Gulaş şahyryñ agtygy Esgerden ýazylyp alyndy".

0
2 Akjemal  
243
Watan gymmatyny Watandan alysda Watan zaryny çekenler biler...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]