18:37 Gulaş şahyr | |
GULAŞ ŞAHYR
Edebi makalalar
Men rugsatdakam Türkmenistanda gezelençde bolamymda, Gulaş şahyr barasynda gyzykly gürrüñler eşitdim. Bu şahyryñ ady Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyñ Magtymguly adyndaky edebiýat institutynyñ ylmy işgäri Meretguly Garryýewiñ "Mydam taýýar" gazetinde çap edilen "Bir sandyk kitap" diýen makalasyndan soñ, has-da köp agza düşdi. Indi Gulaş şahyryñ adyny respublikamyzda tanamaýan az-azdyr. Emma okyjylar entek onuñ terjimehaly we meşhur "Amanmy?" diýen şygry barada hiç zat bilýän däl bolsalar gerek. Gulaş şahyr ýomut türkmenleriniñ atabaýly tiresiniñ Tana diýen böleginden bolup, häzirki Gazanjyk raýonynyñ Uzynsuw diýen ýerinde, 1836-njy ýylda eneden bolup, 1911-nji ýylda aradan çykypdyr. Gulaş şahyryñ kakasy Durdyguly Jepbaryñ 4 ogly, iki gyzy bolupdyr. Ol çopançylyk we ekerançylyk işi bilen meşgul bolupdyr. Durdygulynyñ başdaş aýaly Bagtydan iki ogul - kakasynyñ ady dakylan Jepbar we Orazguly (Gulaş). Bagty aradan çykandan soñ alan aýaly Orazgülden iki ogul - Hydyrguly we Mämmetguly hem-de Bagty we Aky diýen iki gyzy bolupdyr. Gulaş şahyr örän kiçikä ýetim galýar. 13-14 ýaşlarynda bolsa kakasy aradan çykýar. Ondan soñ agasy Jepbaryñ elinde terbiýelenýär. Garyplyk zerarly Gulaş 14 ýaşyndan başlap, Etrek derýasynyñ boýunda Dawlybaý Aky diýen baýyñ ilki çolugy, soñ çopany bolup, bäş ýyldan gowrak wagtlap malyny bakýar. Ine, şol mal bakyp ýören wagtynda ony Eýran alamançylary tutup, elini-aýagyny zynjyrlap, Gürgen derýasyndan üç günlük ilerde bolan bir kiçiräk şäherjige ýesir edip alyp gidýärler. Şahyryñ nirä alnyp gidilenini doganlary bilmändirler. Eýran alamançylary bolsa, "onuñ yzyndan köp bilen satyn almaga adam geler" diýen pikir bilen ony 10 ýyl çemesi ýesirlikde saklapdyrlar. Emma çarwa ilatyñ belli bir mekany barmy, doganlary onuñ ýesir düşeninden bihabar galypdyr. Gulaş sazandalykdan we ussaçylykdan habarly bolup, alamançylaryñ çagalaryna saz çalyp bermek, dürli saz gurallaryny (gopuz we ş.m.) ýasap bermek bilen güzeran görüpdir. Uly alamançylara bolsa oñat hilli at eýerlerini ýasap bereni üçin, Gulaş kä wagtlar diñe aýagy zynjyrly üsti açyk jaýyñ içinde saklanypdyr. Ýaşulularyñ aýtmaklaryna görä, şahyra şol ýere öñ ýesir düşen türkmen gyzy dürli ýollar bilen iýmit kömegini beripdir. Şol gyzyñ adyny meniñ gürrüñleşen adamlarym bilmeýän eken. Emma onuñ adyny bilýän bardyr diýdiler. Gulaş şahyr ýesirlikde ýatyrka, gam basyp, öz türkmen ilini, gezen ýerlerini ýatlap, belli "Amanmy?" diýen watansöýüjilik şygryny ýazypdyr. Tarlañly, sugunly, laçynly, guşly, Howasy belentli, altynly başly, Jülgesi umgaly, gollary goçly, Kap dagyñ bölegi Balkan amanmy? Ajy ýeli mydam öser köwlenip, Deger boran inçe çaýlar towlanyp, Jülgesinde aýrak, gulan awlanyp, Kiçi Balkan, boýa daglar amanmy? Ümürli, dumanly ýagmyr-ýagyşly, Çeşmesi çamyrly, bagly, agaçly, Arkajy keýikli, ütelge guşly, Uhudyñ bölegi Küren amanmy? Çasamykda çaltja çiller zyrlaşar, Arwanasy, iner-maýa bozlaşar, Ýigitler mes bolup, şonda gürleşer, Düz meýdanly Akbabata amanmy? Syrygar deresi, jülgesi akar, Keýikler guzlaýyp, tokgarlar böker, Çagyrşar ütelge, ganatyn kakar, Perhadyñ bölegi Gorgan amanmy? Kyn bolardy ýolsuz ýeriñ aşmasy, Gelişerdi bozly goýun çaşmasy, Çendir, Sumbar ol jülgäniñ çeşmesi, Bedel Ata, Molla jomart amanmy? Keýik, gulan mesgen tutup gezerdi, Gyz-juwanlar altyn-kümüş düzerdi, Bozly goýun çar tarapa ýazardy, Ajy, Aladere, jaýlar amanmy? Güzeg bolar töre-tiniñ billeri, Onda otyr igdir-köçek illeri, Boz bulakly bolup akar silleri, Akbent, Masan, Alajasy amanmy? Gulaş şahyr garry Watan ýatlasa, Arwanasy, ak maýalar botlasa, Kemal han är döräp, kendin otlasa, At çapylan däli Gürgen amanmy? Şahyryñ şu şygryndaky ýatlaýan ýerleri, Gürgen derýasyndan, häzirki Gyzyletrek, Gazanjyk we Gyzylarbat düzlükleridir. Günlerdem bir gün alamançylar goñşy obalaryñ birine toýa gidenlerinde Gulaş şahyr ýokarda agzalan türkmen gyzynyñ kömegi bilen zyndandan gaçýar we öz dogduk obasyna, dogan-garyndaşlarynyñ arasyna gelýär. Doganlary ony öýlendirýärler. Aýalynyñ adyna Ogulbäbek diýer ekenler. Ogulbäbekden 9 ogly - Nedirguly, Amanguly, Täçguly, Ýegenguly, Musaguly, Meret, Gazakmergen, kakasynyñ ady dakylan Durdyguly we Rahman bolýar, hem-de Sonagül, Geñlik diýen iki gyzy bolýar. Ol oglanlary bilen häzirki Gazanjyk raýonynyñ Uzynsuw diýilýän ýerde, Küren dagyñ eteginde bir çeşme gazyp çykarýar. Ol çeşme halk arasynda häzir "Gulaş çeşme" diýilýär. Doganlary we olaryñ ogullary bilen birlikde, şol çeşmeden 5-6 kilometr günbatarda "Garañky dere" diýilýän ýerden ol ýene bir bol suwly çeşme gazyp çykarýar. Şunlukda, Gulaş öz doganlary we ogullary bileb daýhançylyk edip başlaýar. Dürli ekinleri, miweli agaçlary ösdürýär. Onuñ 70 düýp miwe berýän agajy bolupdyr we şonuñ başynda öz ussaçylygyny ýöredipdir. Häzir "Gulaş çeşmäniñ" başynda Gazanjyk raýonynyñ iñ uly Lenin adyndaky kolhozy ýerleşýär. Gulaş şahyry öz ekerançylygynyñ golaýyndaky aýratyn jaýda ýatyrka, ýylan çakyp öldürýär. Şahyryñ hat-sowady bolmandyr. Şonuñ üçin onuñ köp goşgulary ýazylmandyr. Onuñ ogly Ýegenguly hatly-sowatly bolup, kakasynyñ şygyrlarynyñ birnäçesini ýazan hem bolaa, olar ýitirilipdir. Şeýle-de bolsa onuñ "Amanmy?" we başga käbir goşgulary bar. Şahyryñ ady Gyzylarbat, Bamy töweregine, Gyzyletrege, Nebitdaga, Gumdaga, Balkan daglarynyñ eteklerinde ýaşaýan maldarlaryñ arasyna ýaýrapdyr. Onuñ ýyrtyjy gaañ bilen söweş edişi, aw awlaýşy, ussaçylyk edişi, sazandalygy barada özüni görüp, gürleşen ýaşulularyñ häzirki döwürde ýaşap ýörenleri gyzykly gürrüñler berýärler. Ilat arasynda onuñ: Uzynsuwdyr gara dag, Seni görsem göwnüm çag, Miwe berýän iýmiş bag, Uzak berilsin maña. - diýen setirler bilen başlanýan 5-6 bentlik goşgusy we ölmeziniñ öñ ýanynda aýdan "Gal indi" diýen şygry aýdylyp gelinýär. Gulaş şahyr Magtymguly Pyragynyñ şygyrlary bilen tanyş ekenj. Magtymgulynyñ Soñudagy taryp edişini dowam etdiril, ol hem gözel ýerleri taryplap geçýär. Gulaş şahyryñ öz ogullary we gyzlary aradan çykan hem bolsa, onuñ Täçguly we kakasy Durdygulynyñ ady dakylan oglundan we başga ogullaryndan galan nesiller häzir Gazanjyk raýonynda ýaşaýarlar. Gulaş şahyryñ durmuşyna degişli şu gysgajyk ýazgyny men, respublikamyzyñ medeniýetde at gazanan işgäri, bagşy Soltan Atanepesowdan, şahyryñ agtygy, 60 ýaşly ussa Gara Meredowdan we şahyryñ Türkmenistandaky graždanlyk urşuna aktiw gatnaşan, häzir Gumdag posýologynda ýaşaýan agtygy Nedirgulynyñ ogly Ýoljandan ýazyp aldym. Berdimyrat GARABAÝEW, SSSR Ylymlar akademiýasynyñ Moskwadaky Aziýa halklary institutynyñ aspiranty. # "Edebiýat we Sungat" gazeti, 1961 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |