18:51 Gülüň görgüsi / hekaýa | |
GÜLÜÑ GÖRGÜSI
Hekaýalar
…Işde, eltelefonyndaky internetde, birek-birege mähribanlygyňy öwran-öwran bildirip durmagyň ähmiýetiniň ýaşyň gitdigiçe hasam wajyplaşýandygy hakynda çaklaňja maglumaty okady… Oýnam setir göwrümli makalajyk ýüregine jüňk boldy. Şol sebäpli-de, işden gaýdyşyn, kyrk bäş ýaşa ýetip, şu güne çenli ömür etmedigini etdi. Ýolugra “Teke bazardaky” gülçüleriň hataryna sowlakga, satyjy hatyn bilen oňşup, bir desse gül aldy. Bägülmi, çigildemmi, pişikdyrnakmy… Garaz, birtopar peýdaly-peýdasyz ot-çöpleriň dürüşdesinden owadan haryt sypatyna getirilip boglan, gelşiklije çemen. Bahasam o diýen biçem däl ýaly. Elýeterli. Gowşuraňda arzanlygy üçin utanmasaň boljak… Hymm… Biraz ýalňyşrak oýlandy öýdýän. Ýerine-ýagdaýyna hem-de gowşurýanyň gopbamlygyna we emläk ýagdaýyna baglylykda… Garaz, utansaň utanaýmagyňam mümkin… Käbir ýagdaýlarda… Umuman, gep onda däl-de, munda. Çemeniň sapyndan mäkäm gysymlady-da, ölümiň öýünde zordanjyk öýerilendigi sebäpli, gelniniň ýanyna giren güni begendik bolana dönüp, içinden “ýyrş-ýyrş” edip, öýüne gaýtdy. Baý, başdaş-a begener-ow! Dagy, nä?! Çärýek asyra ýakyn wagtlap bile ýaşaşyp ýörülen şunça ýylyň içinde, ömründe ilkinji gezek görmedigi görkezilip, äri tarapyndan tutuşlygyna bir lokga gül sowgat ediläýse, dagy näder öýdýäň?! Duranja ýerinde diriň-diriň böküpler, aýagyndan-beýlekisinden aslyşyp ýetişmeseň dagy, şol durşuna uçup gidibermeýämi?! Nirde gören zady, bendäň çagasynyň! Şu mahala çen, äri tarapyndan bar edilýän sowgat-serpaý, her aýyň bäşilenji gününde: “Me!” diýip aýlyk eline tutdurylýa… Bar bolany şo! Bu taýda bolsa, ine saňa bir, gözüňe söweýin, desse… Ýohha-da, şü dürli-dümen miwelerden garylyp ýasalan şerbed-ä “assorti” ýa-da “miks” diýilýä welin, şü elindäki ýalaky mellek arassalanandan soň galýan ot-çöpe çalymdaş tapan-tupan, galan-gaçandan bogulýan sübsä näme diýilýäkär-aý?! “Miks-flo”-myka?! Ýa-da “flowä-assorti”-mikä?! Saçlaryna çal sepen pyýada, kellesinde şuňa meňzeş ygym-sagymam bolsa ýakymly oýlary aýlap barşyna, öýüniň deňesine nädip ýeteninem aňşyrmady. Girelgeden altynjy gata galdy. Jaňy basdy. Ýanýoldaşynyň geler wagtyny peýläp oturan ýaly, gapyny başdaşy açdy. -Me! Bu saňa!-diýip, henize bu güne çen ynsan balasyna gül gowşuryp görmedik pyýada, aýlygyny uzadan ýaly edip, elindäkini aýalyna berdi. Uzadylan zady almaga endik eden keýwanysy, dessäni biygtyýar aldy. -Bu näme?! Işdeşleriň berdimi?!-diýip aýaly, aýallara mahsus çakçyllyk bilen çen etmäge ýetişdi. -Ýo. Saňa. Özüm aldym.-diýip, öz eden işine näme üçindir müýnürgeýän äri, iç işikde köwşüni çykaryp durşuna, üzlem-saplam hümürdedi. Häli, gül dessesini satyn almagy niýet edinýärkä, soňam ýolda öýüne gelýärkä, bu gaýyrýan hokgasy juda ajaýyp ýaly bolup görünmegini dowam edenem bolsa, bu wagt öýüne gelip, çemeni keýwanysyna gowşurandan soň bu hereketi birdenkä, bir pursatda suwjuklygyň hem manysyzlygyň aňrybaşysyna öwrüldi duruberdi. Hasam, içki otaglaryň işiklerinden jyklaşýan ululy-kiçili çagalarynyň herniçe mönsüreşselerem, hemmeje zada olaryň özlerinden gowy düşünip aňyrsyna-da geçýän bakyşlaram, “durnanyň üstüne urna” bolýar… Onýança, adamsy köwşüni çykarýança dowam eden sähelçe sekuntlaryň içinde, eger-de kagyza geçiräýseň, azyndan elli ýedi jilt dagy boljak pikirleri kellesinde aýlamaga ýetişen aýalynyňam ýüzi, birdenkä boz-ýaz boldy. Gözlerem ilk-ä tegelendi. Soňam bakyşy, “Şrekdäki” pişigiň naýynjar garaýşyna öwrüldi-de, dodaklary kemşerýän pisint, “müňk-müňk” etdi. Äri, begenjinedir öýtmäge-de ýetişmän, aýalynyň bozulmagynyň begenç-şatlyga düýbünden dahylynyň ýokdugyny duýdy. Ol dil ýarmaga ýetişmänkä-de, aýaly sesini çykarman tersine döndi-de, kelam agyz geplemän, aşhana ýumlukdy. Gidip barýarka-da, ilk-ä hamsygýana çalymdaş, “hork” etdi. Soňam “şuw-wuk” edip, burnuny çekdi. Äri düşünmedi. “Bäh! Bü-ýä nähili bolaýdy-aý?!” diýýän terzde, işigiň agzynda sermisal halda sömeldi galaýdy. Ýöne, içi “eljuk” diýýändigi seäbpli, uzak beýdip söm-saýak bolup durmaga takaty ýetmedi. Öz goparan hokgasy zerarly emele gelen hadysany seljermegi we ol barada has çuňňur oýurganmagy, biraz soňa, ýagny mazaly garnyny doýurmagyna çenli süýşürmegi müwessa bilip, içki otaga ýöneldi. Eşigini çalşyp ýuwnandan soň, aşhana geldi. Aýalynyň şol bir bolşy. Ýüzünden daşdanam beter, italýan mermeri asylan ýaly. Sop-sowuk hem doňňara-daş. Üstesine jebis gysylan dodaklarynda gan-petem ýok. Hemişe bir, işden gelenden soň: “Ýadaman durduňmy?! Bu gün-ä pylan nahar bişiräýendirin. Pylan ogluň ýa-da pylan gyzyňam mekdepde pylan iş edendir” diýip, eňegine jaň dakylan ýaly, agzy dek durýan däldir welin, bu mahala, edil ýöne, diline “lal açmyş” dogasy urlan dek, ýuman agzynam açmyýa... Özem, nahar guýanda dagam, adatdakysy deýin ýalym-ýulum edip, ony ugruna kowmaga jan edip guýmyýa-da, edil, gazan-susakdyr tabakda ýüzýyllyk ary köýüp ýatan ýaly... Jark-da-murk... Takyr-da-tukur... Wakyr-da-şakyr... Güpür-de-tapyr... Saçagyň başyna geçip, hemişeki ornunda jaýlaşan ol, birbada sesini çykarmady. Sebäp diýseň, adatdaky günlerde bijaý gürleňňiç bolsa-da, şeýle mähriban başdaşynyň alaga-da, dem salymyň içinde, gaýa ýok, gopuz ýok ýerinden, lam-jim açmyş aýjyna öwrülip oturybermegine düşünip ýetişmän otyrdy. Onsoňam özünd-ä gowulykdan başga günä duýmaýardy. Bahana arar ýalam, heniz ikisiniň arasynda dawabaşy bolmaga ýarar derejede hiç zat bolubam ýetişmändi. Geleni ýaňy. Bar edenem, iň aňrybaşy ýagşy niýet bilen gül gowşurdy. Munuňam ine-dä bolup durşy. Wa-a-ah!!! Özüni çapmaly-la, özüni! Ýöne ýere, öň ötüp giden dana bendeler: “Hezzet etseň eşege hyzzyn atar duşaga” diýip, ýana-ýana aýdyp ötmänmi! Munuňam şumat şeýdip, hyzzynlap oturdygymyka, ýa?! Adamsynyň uzak sesini çykarman oturmaga takaty ýetmedi. Aýaly tagamy öňünde goýan badyna: -Näme bolýa-how?!-diýip, sesine nazym berip, gep gatdy. Misli, şu sowala irikgä bolup garaşyp duran dek, aýalynyň kine böwedi böwsüldi. Ol, “bissimylla” bilen nahara başlan äriniň çat maňlaýynda çökdi-de, oňa ýeňsesini öwrüp, dommarylyp oturmak arkaly “jeňe taýýarlyk işlerini” desbi-dähil geçirdi. Eýýäm haçan başyna oranmaga ýetişen köne gyňajynyň çowy bilen gözüniň çygyny süpürdi. Baram bolsa… Ýogam bolsa… Şumjardy. -Näme, bizi taşlap, ikinjiň ýanyna gitjekden bolýaňmy?!-diýende-de aýalynyň sesinde Älem döräp mundan öň görlüp-eşidilmedik dady-perýat duýuldy. -Üh-he, üh-he, üh-he… Agzyna salan ilkinji çemçe çorbasy bogazyna tegek bolan äri, düwündi. Üsgüre-üsgüre zordan demini dürsedi. Haýran galmakdan ýaňa maňlaýynyň ýygyrtlary dagam öz-özlerinden ýazylyp gidip, aýalyna äňetdi: -O nähili “ikinjiň”?! Munuň ýaly sowallar bilen, munuň ýaly “haýran galan bolmak” bilen aňyna ýetip bolýan bolsa ýa-da jylawuny dişläp eňip barýan ugrundan sowup bolýan bolsa, onda, ondanam bir hakyky hatyn boljakmy?! -Özüň bilýänsiň, nähili “ikinjiňdigini”! Näme, bilmedik bolýaň?!-diýip aýaly, şol bir oturyşyny üýtgetmän, suňşurdy. Soňam hapa bolup, perişan halda bozulyp oturandygy ýadyna düşdümi ýa-da öz aýdanyny hasam berçinlemek isledimi nämemi, ilk-ä “hork” edip, gysgajyk horkuldady. Yzyndanam “şuw-wuk” edip, burnuny çekdi. -A-how, akmak! Bu “ikinjili” gürrüňi nireden tapyp otyň-ow?!-diýip, bogazyny arçamaga ýetişen äri, nahary-beýlekini undup, ot alyp galdy:-Kim saňa beýle zady diýýä-how?! “Ikinjiň” diýýäň. Birinj-ä bir ibaly ýaraýamy-how, seň bu äriň?! Hä?! Nä şumat, hiç zat ýok ýerinden, meň mazgimden oliwýe salat ýasap otyň-ow?! Ýa, nä, edere iş tapman öýde turşyň depäňe wurup ugradymy?! Hä?! -Hawa-la, asyl, “birinjiň” diýilse, derde ýaramaýandan bolybirsiň. “Ikinjiň” diýilse welin, oturan ýeriňden diriň-diriň bökübirsiň, hakyýt ýöne! -Eý-ý!!! Men saňa diýýän-ow! Nirden tapyp otyň, bu gepi?!-diýip äri, elindäki çemçesini gazap bilen desterhanyň üstüne taşlap iberdi. -Näme? Bu gepi niredendir bir ýerden gözläp tapma gerekmi?!-diýip, aýalam göýä: “Nä, seň bu kaşyk zyňdy oýnuňdan eýmenýän bamy, bi ýanda? Biler bolsaň, birje gylymam gymyldamyýa, onyň ýaly oýunlaňňa!” diýýän terzde, ärine garşy alarylyp goýberdi:-Özüm aňdym. Näme, sen şumat, ýaňyjajyk, maňa ýönelige gül getiren bolýaňmy?! Kinoda gördüm, seň ýaşyňdakyň aýalyna beýtse nämäni aňladýandygyny! Hä?! Näme dagy?! Nä, öýden çykman, çagalar, hojalyk, biş-düş, syr-süpür bilen bolnup ýörülse, gutaran çöňňedir öýdýämiň, bi adamlaram?! Bilip goýgun, beýlebir töňňe-de däldir, seň heleýiňem! Diplomlylardan beter diplomlydyr seňkem!... Aýalynyň aýdýan zatlarynda many-mantyk agtaryp, kellesine bihuda-bipeýan agram salýan äri, nämedir bir zatlar soramak üçinmi nämemi, agzyny müňküldetdi. Emma, barha möwjäp, bat alyp gidip barýan öýkeli aýaly, oňa dil ýarmaga maý bermän, çürt-kesik jümleleri yzba-yz suňşurmagyny dowam etdi: -Gatam bilýän, bu eden bolýan oýnuň bilen näme diýjek bolýanyňy! Hä! Bilmänmi?! Sen beýdip, çal başyňdan utanman, maňa gül getiren bolup, şol kinolardaky ýaly maňa: “Başga, ýaşajyk söýgüli tapyndym. Indem şonuň bilen bal günüme batyp, birmeýdan aýşu-eşretde döwran sürmäge gitmekçi bolýan. Sen bolsa gaty görme. Ajyşyp aýrylyşmaly. Mundan beýlägem dost bolaly!” diýjek bolýaň. Hämi?! Bildim dämi?! Näme bilmän!... Aýaly sözüniň arasynda uludan demini aldy-da, hasam sogduryp sojap goýberdi-de, aglamjyrap goýberdi. Ýöne, haýrany hekgermekden ýaňa geplemegi undup aňkaryp galan ärine, ýeke agyz gürlemäge-de mümkinçilik bermän jibrinmesinem kesmedi: -Ýaşyňdan utanarlar! Maňa nebsiň agyrsyn! Çagalaň ýetişdi. Ýigrimi bäş ýyllap ojagyň ody bilen girip, küli bilen çykdym. Iň soňunda-da alýan “taňryýalkasynymmy” şü?! Gül beren bolup, “Dost bolaly!” diýýäň…Häk, duranja ýerimde diriligim-ä ýakdyň-da! Birdenem, aýaly özüniň zarynlap oturyşyna halys haýpy geldimi nämemi, aýgyt bilen ekezlendi-de, gözlerini otlukly lowurdadyp, henizem özi bilen bolup geçýän zatlaryň oýalykdygyna ýa-da ukulykdygyna aň ýetirip bilmän, gözlerini ýumjukladyp oturan ärine garşy owsun atdy: -Onnoňam, bilip goýaýgyn! Mähriban ojagyňy taşlap, haýsydyr bir ýaşajyk ýurtýykanyň gujagyna girip, uçmaha düşen ýaly bolaýjaksyň welin, tamaň tala daňlyp, umydyň otdan towsan ýaly bolaýsyn! Eddiljek ýöne, süýdündenem-gatygyndanam gaýtman, köwşüm ýyrtylýança üstlerine gatnap-gatnap, şu giden çaga üçin element baryny töledip, alýanja aýlygyň-a gurt etdirerin. Onsoň eliňde puluň bolmasa, senem ikinjä-de derkar bolmyýaň, üçünjä-de… Bada-badam şunça ýyllap ýaşaşan ýanýoldaşynyň hiç kime gerekmez halda, öýsüz-öwzarsyz sergezdan bolup ýörüşi göz öňüne geldimi nämemi, aýaly görgüli ýene-de bozuldy: -Onnoň, şeýdip, ol seniň: “ikinjijäm, ölüp ýetenjäm” diýip, niräňde goýjagyňy bilmän, apalap ýören aýjynyň, seni ylla bir lagar düşen garry köpek deýin köçä zyňyp goýberenden soňam, ýene-de seni ýygnajak meniň bilen şu garagöz çagalaňdyrys! Şunam bildejik goýaýgynyň, şu wagtdan! A sen bolsa gül beren bolup “Dost bolaly!” diýýäň…-diýip ol, gözünden boýur-boýur dökülýän gözýaşlaryna garyp nalady. Aýalynyň bu sözleri, äriniň sabyr käsesini püre-pür eden iň soňky damja boldy. Ol özüniň näme edýändigine-de düşünmän, laňňa galdy-da, ganguýma gyzaran gözlerini elek-çelek edip, nämedir bir zady gözledi. Dessine-de aşhananyň bir künjegine taşlanan dessede nazary saklandy. Gül ýaly durmuşyna görgi getiren güli garbap aldy-da, bat bilen daşaryk çykyp gitdi. Çemeni zibilhana zyňmaklyk üçin, lifte münmäge-de gyssanyp, basgançakdan tapyrdyklap düşüp barşyna-da: “Häk, seniňem bir internet! Mähribanlyk hakda maslahatyňam gursun, makalaňam!” diýip gazaply hüňürdedi… | |
|
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||