08:48 Gündogar rowaýaty | |
GÜNDOGAR ROWAÝATY
Hekaýalar
Men bir gyzjagazdym. Gözlerim monjuk ýaly ýanar durardy. Gulpajygym sähranyň garyş sere bolan maýsasy ýaly ýumşajykdy, ýele owsun atardy. Sährada aýakýalaň, başy açyk arzuwlarymyň yzyndan ylgamda, maňa ähli zadyň gözi giderdi. Asmandaky nurana ýyldyzlar balkyldaşyp, meniň bagtyma bendi bolardylar. Täze gelen gelin ýaly, gök kürteli sazaklar çagalygyma maýyl-maýyl bakardylar. “Ylga, oýna, ýaýna” diýip pyşyrdardylar. Lagly-merjenlerini seçeleýän ýaz ýagmyry meniň “Ös saçym, ös, ösmeseň bes! Atyma duşak, bilime guşak” diýen sözlerimi eşidip, joşa gelerdi, dünýäni suw-sil edip taşlardy. … Ýadymda, alabahar gülleriniň açylyp başlan günleridi. Älemgoşar meniň eý görýän ýaglygym ýaly elwan öwsüp durdy. Birden-birden kalbymda bir hili alasarmyk howsala, bir hili şatlyk peýda boldy. Şonda ese-boýa galan gyzdygymy unudyp, täsin gupbalar ýaly, ak öýleriň ortasyndan “Adamlar, eşitdim-eşitmedim diýmäň, men nähili bagtly, men nähili bendiwan” diýip ylgabereslerim geldi. Hernä ejap etdim. Utanç haýa söýgüden rüstem geldi. Arman… bu wagtlaýyn eken. Sähraň gülleriniň üstünden gelýän awara şemal meniň ýüregimdäki ody üfläp-üfläp köretdi. Köz oda öwrüldi. Ol ot meni ýakdy, gowurdy, meniň juwan ýüregimi heýjana saldy. Sekiz ganat öý maňa dar göründi. Asman depämden basdy, Ýer daşymdan aýlandy. Wah, şol oglan, ezýaka köýnekli, edepli-ekramly oglan, sähraň özi kysmy sada, türkana oglan meni şu güne saldy. Ýeri, sadalygyny bilýäň. Ol biçäräni ýüpsüz daňanyňy bilýäň. Wah, onuň söýýänini gözündenem, mön-müýnsüz nazaryndanam bilip boljakdy. Meni görende peltekläberşindenem aňlaýmalydy. Arman… – Söýýäňmi? – diýdim. – Söýýän – diýdi. – Nädip ynandyrjak. “Söýýän!” diýip, hemme kişem aýdyp bilýär – diýdim. Ol goluna sazyny alyp, bir heň etdi weli, jigerim gyýym-gyýym bolup atygsaberdi. “Indi ynandyňmy? Gijeler sen ýadyma düşeňde, döreden sazym” diýdi. “Ýok ynanmadym” diýdim. Aga aýralyga ýene. Hasrat oda dözersiňmi?! “Ýakynym sen” diýip, meni Ýedi ýada dözersiňmi?! “Indi beri ynandyňmy?! Düýe bakyp ýörkäm, seniň didaryňy ýatlap düzen goşgym” diýdi. “Ynanamok” diýdim. – Ezizim, meni örteme, yşk dagynyň örtäni azmy, yşk odunyň ýakany azmy?! – Ynanamok. – Zöhre ýyldyzynyň şuglasyny, Ömrüzaýanyň armanyny, derýanyň dürüni, täleýiň sesini getirsem nädersiň? — Bolmaz. — Şu aňňat-aňňat depeleri arkam bilen daşasam ynanarmyň?! — Ýok. — Görogly beg kimin ýedi pilden ok geçirsem… — Ýok, ýok. — Onda aýt, ezizim, sen näme diýseň, etmäge taýýar. — Çynyňmy? — Çynym, näzeninim! Bu dünýäde ynsabym, o dünýäde imanym. — Allanyň adyndan şert et! — Bizi Ýaradanyň, ýokdan bar edeniň, şu döwranlara ýar eden gudratly Allanyň adyndan şert edýän, şertim şahyma etsem, garaklarym gurap aksyn, elim-aýagym şel açsyn! Görjegim ýamanlygyň ýüzi bolsun! Eşitjegim göribiň sözi bolsun! Bu wakalaryň bary öýümiziň ilersindäki kyrk gulaç guýunyň ýanynda bolup geçdi. — Onda… zordan dilim bardy –… meni söýýänligiň çyn bolsa, öz eneňi guýa taşlap bilermiň? Neressejigiň üstünden gaýnag suw guýlan ýaly allaniçiksi boldy. Sähel salymda süllerdi oturyberdi. Kiçelip-kiçelip, bir gysym boldy. — Hany, ýaňy meň üçin bar zada taýýardyň-la, öleniňi-galanyňy biljek däldiň-le. Ne döw çaldy?! Ýüzüňde gan-pet galmady-la…– diýdim. Ol öýlerine tarap ylgap gitdi. Ynanmarsyňyz, hakydasy ertekiden doly ýumruk ýaly betbagt ejesini, garabagyr, garagadyr käbesini guýa taşlady. Kyrk gulaç guýa. — Bar seret – diýdim – Jany bar bolaýmasyn?! Ol görgüli garaňky, äpet guýguç ýaly, Ýeriň ýüregine uzalyp gidýän guýa seretdi. Aňyrdan öz ekläp-saklan ýeke dikrarynyň guýa, çuňňur guýa taşlan biçäre hem betbagt enäniň: — Aýryl, ba-a-alam, çe-kil, gaçaýma – diýen naýynjar sesi eşidildi. Ilki söýgim şeýle boldy. Oglan gün-günden saraldy, güýz ýapragyna, gyş güneşine döndi. Boýny almaň sapagy ýaly boldy. Hiç kim bilen gepleşmedi. Ýerem bir, şolam. Her zatlar edip gördüm. Ýakamy çäk edip, özelenipler ýalbardym, bolmady. Dolagyňy ýaglyk ýerine daňaýyn diýdim. Döken gözýaşlarym köl boldy. Barybir neressejigimi gussadan-gamdan halas edip bilmedim. Bimahal gelen ölümden halas edip bilmedim. Ýer-gögüň arasynda uç-gyraksyz giňişligiň içinde ilkinji söýgimiň ahmyrlary, aldawy bilen ýeke-täk galybermeli boldum. Gündizim gijä aýlandy, gijäm gam ýorganyna dolandy. Görenler: “Haý, edeniň bar bol-a, saçy kesilen!” diýdiler. “Ekeniňi orarsyň, edeniňi görersiň” diýdiler. Men ony ähli janly zatlardan-a däl, eýsem ýerden, otdan-çöpden, asmandaky gündenem, gijeleriň ýyldyzlaryndanam gabanardym. Meniň söýgimden gaýry nä günäm bardy? Söýgem günä bolar oguşýa. Diňe adamlar bolsa oňjak-la… Tutuş älem meni ýazgardy. Güllere derdimi aýtsam, gyzgana öwrüldi. Selmeler, seleň sähranyň parç bolan selmeleri kekre bolup kikirdeşdiler. Gülälekler, çigildemler, benewşeler, çopantelpekler… demirtikene dönüp, endamymy dyrnaçakladylar. Tuýa, şemşat agajy maňa rehim eder diýip umyt etdim. Bary haýp boldy. Olar zakgun agajyna öwrülip, awy-zäher saçdylar. Boz-boz, tez-tez jerenler dünýä döräp, ynsan balasynyň görmedik betnyşan alabeder jandary bolup gözüme göründiler. Öň tylla saçlarymy sypalaýan şemal ýüzümi daraklady. Diňe mahal-mahal asmanyň bulutlary gelerdi-de, bir pursatlyk çabga guýlardy. Şonda bitakat janym aram tapan ýaly bolardy. Ahyram bildim. Meniň ezýakalym, düýe çopanym, meniň ähli zatdan, hatda Alladanam gabanan magşugym ömür-ömür ýagyp gutarmajak bulut bolup, göge galkandyr. Derwüşler ýollaryň ile erterine garaşýarlar. Kim Günüň doganyna garaşýar. Kim ýaldyragyň, kim daň ýyldyzynyň dogmagyny umyt edýär. Men öýlänçä – öz düýe çopanymyň ruhy bolup, endam-janyma rahatlyk berýän bugdaý ýaly iri-iri damjalara garaşýaryn. Adam diňe bir zada gümra bolup ýörse, garaşyp ýörse, nähili müşgil eken. Ahyry bolmady. Sary sähralaryň salgymyna öwrülmegi ýüregime düwdüm. Indi näçe asyrlap, näçe gerdişläp salgym bolup ýaşap ýörün. Meni günäm üçin ýazgarjak, meni ýek görjekler hem maňa golaýlaşyp bilmez. Golaýlaşdyklaryça, men olardan daşlaşaryn, tä dünýäniň o çetine çenli gitmelem bolsa giderin. *** Dünýäň özi ýaly, gadymy sähra müdimi owazlara ýar bolup, tebigatyň dilinde asman bilen sözsüz söhbet edip ýatyrdy. Giden bir giňişlik suwy çekilen ummanyň düýbi ýaly ýürek gysgynçdy, gorkunçdy. Diňe alyslarda suw ýaly bolup, salgym göze ilýärdi. Asmanda bolsa aýralygyň, hasratyň keşbi ýaly, ygym-sagym bulutlar şol salgyma sary ýuwaş-ýuwaş süýşüp barýardylar, süýşüp barýardylar… Gurbandurdy ORAZOW G.Orazowyň "Gündogar rowaýaty" kitabyndan. (AŞGABAT 2014 ý.) | |
|
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 05.10.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |