14:11 Guý, ýagyş! | |
GUÝ, ÝAGYŞ!
Goşgular
Guý, ýagyş! Eziber tallaň saçlaryn, Geliber müň ýylky ýollaryň bile. Ýöne dag daşlaryn alyp gaýtma, Dag başynda ýatan silleriň bile. Guý sen, ikiýana bulap baglary, Böwri ýarylana dönsün bu asman. Baglar buýmaz ýagşyň ýagany bile, Ýagşyň döwen güli guramaz asla. Nämüçindir özüm bilip bilemok. Sen gökden ineňde batýaryn gama. Bir dilegim, ýüregimde gat ýasan Geçen günleň ýatlamasyn gozgama. Ýada salma çagalygyň günlerin, Döwür geçdi «ös, saçym, ös saçlykdan». Ikibaşdan, gözün baglap enemiň, Aýakýalaň, başy açyk daş çykman. Sen tans oýna belent jaýlaň başynda, Suw-sil et asfaltly daş-töweregmi, Hemem ilkidurmuş päkligiň bile Durla meniň bu şäherli ýüregmi. Guý sen ýagyş! Güwläp-güwläp geçeňsoň, Beýhuş eder biziň şäherli seri. Şäheriň çetinde asfalt gutaryp, Aňyrda sähranyň başlanýan ýeri. Şäher tarapyndan gelýän binalaň Sesin eşdip çigildem hem jümjüme, Ýol berer «Ýollarňyz ak bolsun» diýip. Bu beýik hem Adalatly hüjüme. Häzir bolsa, guýuber sen joş bile, Ýöne daşy düňdermesin silleriň. Durlaber sen bu şäherli ýüregmi Hemem jümjümäniň uzyn tellerin! Gurbannazar EZIZOW. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |