02:19 Hajathana / hekaýa | |
HAJATHANA
Hekaýalar
Kemman agsaklaň hajathanasynyň ýerini ütgetmeli Çünki mellegiň aýagujunda gurlan bu hajathananyň çukurynyň soňky gezek gazylanyna oýun-oýunluk bilen üç ýyl bolupdyr. Şu üç ýylyn içinde-de munuň çukury tas düzleniberipdir. Düzlenmez ýalam däl, dogrusy. Kemman agsaklar, tüweleme, on bir baş maşgala. Olaryň ikisi üçin gyssanan ýerleri hajathana. Hajatyny mellegiň aýagujynda bitirýänlerem dokuz. Olaryňam birinden başgasy günde orta hasapdan iki gezek şu hajathananyň gapysyny açyp, ýapýar. Şundan çen tutsaň-a, ini, uzynlygy, çuňlugy bir gulaç çemesi çukuryň düzlenmegi üçin üç ýyl gaty kän bir möhledem däl. Galyberse-de, hojalyk bi. Myhman bolýa. Mediwan bolýa. Sawçy gelýä, habarçy gidýä. Toý diýdi. Tomgy diýdi. Bi öýe şenbaşa it ýylgyrşyny edip, humarbazarlaryňam gelibermesi bar. Geldiklerem gözleri hajathanada. Ýene-de hajathanany zor görmeli, ysyny çykarsa-da, sesini çykarman otyr. Hajathananyň ýerini üýtgetmäge bir çen bolandygyny ilki aňşyranam Kemman agsagyň özi. Şundan soň ol bir hepde gowrak dagyn içini hümledip gezdi. Ýene bir hepdänem sähetli güne garaşýan ýaly, bu işiň başyna barman geçirdi. Soň bir gün Kemman agsak gara daňdan böküp ýerinden turdy-da, ýalpyldap duran kepjesini eline aldy. Bular ýaly işde iki gulakly, uzyn saply, daýaw piliň däl-de, şular ýaly kiçijik, ýeňil hem ykjam kepjäniň oňaýlydygyny Kemman agsak senden-menden gowy bilýär. Şu hajathananyň çukuryny öňem telim öwre täzeläninden bolsa-da, ahmal. Kemman agsak täze çukury hajathananyň göni üç ädim ileri ýüzünden gazyp başlady. Ýer ýumşakdy. Bir gulaç çemesi çuňlugy emgenmän işläninde-de bir sagada ýetirmän gazyp boljakdy. Kemman agsak sähel salymda bir gezlik çukuryň gumuny gyra çykardy. Tomsuna adamlaryň ukusy gysgalýar. Daşarda, tapçanyň üstünde ýatýanlaryňk-a baýaky. Kemman agsagyň ortanjy ogly Nöker ir oýandy. Oýanan dessine-de ýerinden galman, başujynda ýatan çilimden birini otlandy. Ejesiniň girende, çykanda geýýän, köne şypbygyny aýagyna gowaldaň ildiribem, hajathana garşy ugrady. Mellegi deň ikä bölýän çilden haýal ýöräp gelýärkä ol kirpiklerine ýelmeşen çylpyklary aýyrmak üçin gözlerini owkalanda kakasynyň bir işlere mübtela bolup duranyny gördi. Kemman agsak ondan bihabar. - Bä-ä, kaka, sen-äraý, deň bilen bir iş-ä goparjak bolýaň-aý... - diýip, ol has golaýa gelensoň, ernindäki çilimini ýogyn-ýogyn sorup, kakasyna habar gatdy. Kemman agsak dikelip bir durdy-da, bary-ýogy bir agyz: - Tuwalet gazýan – diýdi. Nöker kakasynyň işine seredip, biraz duransoň, gözüni çukuryň guşluk tarapyndaky bir nokadyna dikip, şeý diýdi: - Maladis-aý! Biziň-ä kellämize-de gelmändir-aý şo. - Siziňkä gelmese, meňkä geldi - diýip, Kemman agsak çukury bilen boldy. Nöker howlukmaç hajathana girdi. Kemman agsak has-has edip, kepjesini işledýärdi. Soň “jy-ýy-yk” edip, hajathananyň gapysy açyldy. Nöker çykandan soňam açylyşy ýaly, “jy-ýy-yk” edip ýapyldy. - Hm, tuwalet gazýan diýdiň-ow – diýip, Nöker kakasynyň golaýyragynda çommalyp oturdy. - Hawwa, tuwalet gazýan – diýip, Kemman agsak gaýtalady. - Tuwaledem, opçim, gerek zat. - Ýogsa näme?! Tuwaletsiz bolmaz-a. - Hawwa. Bolmaz... Bäh, şü gadym türkmenler tuwaletsiz-zatsyz nädip ýaşadylarka? Haýran galaýmaly! - O döwürler obaň çetine çykar ekenler. Ot-çöpüň arasynda, adam-gara ýok ýerde. - O-da aňsad-a bolan däldir, her gezek çete çykjak bolsaň. Donuň syýny basyp, bükgüldäp oturmalydyr. Gözüňem töweregiňde. Aý, it durmuşy-laý... Şü tuwaledi oýlap tapan adamyň kellesi nähilikä?.. Gaty üýtgeşikdir. - Ähtimaldyr, bolup biler. - Suwa düşer ýaly hammam bolmandyr. Ýa o döwürler suwa düşülmedimikä? Türkmen indi-indi adam boljak bolýar. Nöker süzgüjine çenli çeken çilimini ejesiniň köne şypbygy bilen öçürdi. - Bäh, Bäh! – diýip, ol biraz dymyp oturansoň, boýnuny süýndürip-süýndürip, esli gumy daşyna oklanan çukuryň içine ýiti-ýiti seretdi. – Urşa gatnaşanyň bildirip dur-aý, kaka! Kemman agsak düşünmedi. Başyny galdyryp: - Hä? – diýdi. - Aý, akop gazan adamyň nemesi-dä. - Aý, ondan däldir-le. - Bildiräýýä, how, kaka! - Ony diýseň, senem-ä gullukda akop gazyp gören bolmaly. Nöker mölerildi. - Ilki baraýan wagtlammyz-a birazajyk gazyp görüpdik. Soň-a gazdyrdyk. - Birazajyk gazanam bolsaň, bildirmelidir öz-ä. - Aý, onsoňam-ow, kaka, gullugyň akoby gullugyňky bolaýýa, how. - Tapawudy näme? Hemmesem bir akopdyr-da. Urşuňkam edil gullugyňky ýaly. - Urşuňky hakyky-da. - Uruşda çynyň bilen gazýaň diýjek bolýaňmy? - Hawwa. - Hä-ä, ol-a şeýledir – diýip, Kemman agsak tassyklady. – Hakyky akoplar uruşda gazylýa. Gullukdaky häki bir öwrenmek üçin-dä. Ýöne tuwalet gazmak üçin üýtgeşik bir neme gerekgämikä diýýän men-ä. Nöker kakasynyň soňky diýenlerine pisint etmedi. Ýerinden turdy. Gerindi. Soň: - Hany, şo kepjäňi maňa-da ber, kaka! Menem gazyp göreýin – diýip, kakasynyň üstüne abandy. - Gazyp görseň, gazyp göräý – diýip, Kemman agsak kepjesini Nökeriň eline tutdurdy. - Kör abraý bolup bilmezmikäk?! Şuny diýip, Nöker syrtardy. - Hany, bakaly! Kemman agsak iki ädim çete çekilip, gyýma balagynyň jübüsinden kädisini çykardy. Düýbüne pitikledi. Nas atdy. Nöker kepjäň gumhanasyna çenli dolduryp, çukuryň daşyna gum çykarmaga durdy. Kemman agsak orta boýly adamyň guşaklygyndan aşagy ýalyrak ýerini gazypdy. Emma munuň özi ýeterlik däldi. Kemman agsagyň pikiriçe, ýene bolmanda birki gez aşak çümmelidi. Giňiräk, çuňurak bolmalydy. Garaz, çukury çuňaltmak üçin indi onuň iiçine girmelidi. Bu bolsa işi görnetin kynlaşdyrýardy. Nöker jalbarynyň gonjuny çermäp, çukuryň içine girdi. Kemman agsak kesä bakyp, dodaklaryny müňküldedýärdi. Nasyň keýpini görýärdi. - Häk, Şammyň ekiskywatyry bolaýsa! Göni bir mintda bellisini edýä şuňňaly tuwalediň – diýip, Nöker bolsady ekdi. Kemman agsak sesini çykarmady. Dört-bäş gezek sessiz-üýnsüz eglip galansoň, Nöker: - Tuwalet gazýan ýeriň dagyn näteňed-aý, kaka?! – diýdi. Kemman agsak dodaklaryny berk ýumup oturyşyna gözi bilen ogluna sorag berdi: "Düşünmedim?” Nöker gaýtalady. - Tuwalet gazýan ýeriň näteňet diýýäň?! - Hä? – diýip, Kemman agsak nasyny tüýkürdi. – Näm boldy? - Aňkap dur-a myň ysy – diýip, Nöker hajathana ümledi. - Aňkasa nätjek? - Ho-o towukketegiň ýanyndan gazaýmaly. - Gaýtyb-a şu taýy oňat. - Tuwalediň ysyndan durar ýaly däl-ä by taýy. - Şuwadam bir pille. - Aý, indi ýerimizi üýtgedip ýörmäli. Ýene bir az gaz! Onsoň-a bolaram-la. - Özüň ys bilmäňsoň, nemedýän dälsiň. Ýene biraz eglip-galansoň, Nöker! - Arasynda dynjyny alaýmasaň şüý-ä biliňem uçurjag-ow, kaka! – diýdi. - Guşagyň ýokdur. - Şo-da. Guşagym ýok-da. - Guşagyň bolsa, hiç zadam etmez. - On-a bilýän-le. Nöker dikeldi, has-has edip demini aldy. - Bäň, gadym türkmenler guýyny nädip gazdylarka? Pil bilen-ä gazan däldirler. Bir emel eden bolaýmasalar. O zamanda traktoram-a ýok. Guýyň çuňlugy näçe metr bardyr öýdýäň?.. Ýadadýar-aý, biý-ä. Bolmazm-aý indi? Kemman agsak gözüniň gytagy bilen ogluny synlady-da: - Eýýäm ýadadyňmy? – diýdi. - Eýýäm bom-aý? Diýip goýberiberýäň-aý, kaka! Ýaman çalt ýadadýa, how, bi. - Ýene bir depik alsaň-a, bolaýmagam mümkin. Nöker kepjäni işledip ugrady. - Özem-aý, kaka, myny ýaman giň edipsiň-aý. Howuz ýaly, how, bi - diýip, ol birhaýukdan dikelip, dynjyny alyp durka aýtdy. - Gowu-da giň bolsa. - Nämesi gowy? - Göwnejaý bolýa-da. Hem uzaga gidýä. - Dar bolsa nä? Göwnejaý dämi? - Aý, oglum, edeniňe görä giňiräk, ulurak etseň diýýän-dä. Şeýtseň, siňek-piňegem bolmazak bolýa-da. Nöker sesini çykarmady. Haşlap demini aldy. - Hany bir göreýin men, bolar ýaly dämi? – diýip, Kemman agsak Nökeriň üstüne abandy. - Öz-ä alyberipsiň... Nöker jan, oglum, o taýyny daraltma, al! Ine, bi ýüzüňde. Kemman agsak çukuryň beýleki tarapyna aýlandy. - Nöker jan, ana, ho ýerinem al! Neme ýaly bolup durmasyn! – Şuny diýende onuň agsak aýagynyň aşagy opurylyp, esli gum Nökeriň üstüne, ýakasyna döküldi. Nöker kakasyna ýowuz garap: - Haýwandan tapawudyň ýog-aý, kaka, nädýäň-aý?! – diýdi. Kemman agsak ilki sesini çykarmady. Diňe birazdan yza çekilip, şeý diýdi: - Nöker jan, bar sen ýuwun-da, çaýyňy iç, ogul! Galanyny özüm gazaryn. - Ýo-o, indi kän zat ýok-laý. - Hany kepjäni ber. Ikibaşdan özüm girmeli boljak. Nöker çukurdan çykyp, kepjäni kakasyna uzatdy. Ýüzüni birhili edip çilim otlandy. Ajy tüssäni içine çuňňur-çuňňur sorup, hajathanany synlady. Bokurdagyny arçap: - Kaka! - diýdi. - How! - Tuwalediň özünem-ä täzelemeli bolupdyr, kaka! - Hä-ä, tuwalediň özünem täzelemeli. Oňat ýatladyň şuny – diýip, Kemman agsak guşagyny çekdirip durka aýtdy. - Şu gezek nemetseg-ä hasam oňat bordy. - Hany, men şu çukury bir birýaňalak edeýin. Onsoň görübiris. - Ähä! Kemman agsak kepjesini alyp, çukura girdi. Nökerem ýeňsesini gaşap, işige ýöneldi. 15-nji dekabr, 1993-nji ýyl, Aşgabat. Kakamyrat ATAÝEW | |
|
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |