18:22 Hakyň didary -2/ romanyň dowamy | |
3.
Romanlar
Emin kolhozyň sklad müdiri Jumagurt aga bilen Annagül daýzanyň ýalňyz perzendidi. Jumagurt aga Jumagurt diýseň Jumagurtdy. Ol oduň bir bölegidi. Ol özüniň togsan alty kilogram agramy bilen, asyl telpegi, köwüşi, egin-eşigi bilen nebisdi. Kolhozyň ojagaz sklady, mal-mülki Jumagurt aganyň uly nebsine ýokam boljak däldi. Ýöne bu adam öz dünýäsi üçin juda kanagatly görünýärdi. Bary bilen bazar eýläp, iýmän ýalap ýördi. Şonda-da her hepde-de bir mal öldüriläýmeldidi. Iki sany plan jaýy, iki sany maşyny, oňat gün-güzerany bardy. Şu Jülge obasynda däl, tutuş etrapda ondan gurply adam bardyr öýdülenokdy. Dogry, ol toý edene, jaý gurana, toýa, ýasa, dilegçä kömek edýärdi. Karza geçýärdi. Öýüne myhman getirýärdi. Il bilen toýa, ýasa gatnaşýardy. Onsoň oba-da ony erbet görenokdy. Iň täsi ýerem, hökümedem, kolhoz başlygam ony arassa, halal adam hasaplaýardy. Sklad her näçe barlanylsa-da, onuň kemçiligini tapýan adam ýokdy. Şonuň üçin Jumagurt aga gaty arkaýyndy. Bir sapar ýokardanam barlag geldi. Bir ermeni ykdysatçy saçyny ýolup, Jumagurdyň garagyna bakdy. – Ah, uly talaňçylyg-a bar welin men tapyp bilemok – diýe-diýe yzyna gaýdanmyşyn. Jumagurt aga-da onuň gözüniň garagyna bakyp: – Opurlyşyk bar bolsa, erkek bolda üstüni aç. Tapsaň on müň manat ene süýdünden halal bereýin – diýipdir. Onsoň ol adamyň ýanynda kolhoz başlygy dagy näme? Jumagurt aganyň dünýäde ätiýaç edýän, çekinýän bir adamy bardy. Olam öz ogly Emindi. Emin ýuwaşdy. Ýumşakdy. Ol ýedi aýlyk bolup doglupdy. Ýöne Annagül daýza öňem üç çagasyny ýere berensoň, bu oglanam durar öýdenokdy. – Para-palçyk ýaly üç ogly alyp, Allanyň berýänem şu-da – diýip, kemsinip aglardy. Emin eýtdi-beýtdi, ölmedi. Oňa çagalykda sataşmadyk kesel galmady. Ol gyzdyrmanam, gara guş keselinem, sarylamanam, garahassalygam, ganly iç geçmänem başdan geçirdi. Boýy ösmedi. Aýaklary gyşarar, çaýşarar durardy. Okuwa dokuz ýaşyndan gatnap başlady. Okuwda: «Aňy işlänok, aýdylany kabul edenok, harp tananok, haty erbet» diýip mugallym ondan zeýrenýärdi. Annagül daýza oba sowetiniň başlygy, Jumagurt agada sklad müdiri. Onsoň direktoram, mugallymlaram olara ýaranyp bilse armany ýokdy. Eminiň okaýyşy bilen adam oglunyň işi ýokdy. – Meniň poşy ogluma okuw nämä gerek. Biz okadyg-a, oňa bolar şol okanymyz. Köpümiz küjümiz ýok-la – diýip, agzyna bir gysym nasy guýan wagty Jumagurt aga aýdýardy. Annagül daýzada ondan galmaýardy. – Tutuş oba Soweti şonuňky. Maňa zat gerek däl. Ölmese bolýar. Okuw dagy näme-eý... Emin bolsa şol çyrşajyk hatlary we gowşaklygy bilen gidip otyrdy. Ölenokdam, ozanokdam. Ilden artygam däldi. Ýöne bir azajyk gowşakdy. Onda çagalygyň boluşlary görünmeýärdi. Ýöne şol ýykylma-sürmeligi bilen ikinjä geçdi, soň ony üçünjä geçirdiler. Soň dörde, bäşe geçirdiler. Altynjy klasda onda bir üýtgeşiklik boldy. Ol azajyk özüne geldi. Hatyny düzetdi. Özüni tijedi. Sapak mahaly «Men aýtjak» diýip elini galdyryp başlady. Mugallym sapak sorasa-da sapak barada kitapda ýazylanyndan, mugallymyň aýdanlaryndan başga zatlar aýdyp goýberýärdi. Biologiýa sapagyndan «Sosnalar» diýen tema geçilende: – Sosnalar hem adamlar. Olaryň ýaşyl reňki mähribanlyk häsiýeti, tikenli iňňeleri diliniň şerebesi, maňyzlyja miweleri ýürekleriniň mähri. Sosnalary çapmaň! – diýip jogap berdi welin tutuş klas aňkaryp galdy. Edebiýat sapagynda «Hüwdüler» geçilende: – Ol ata-babalarymyzyň ýüreginiň umydy hem agysydyr. Türkmenler öz kiçijik çagalaryna agy bilen umyt bilen gandyrypdyrlar. Şonuň üçin olar gazaply hem dözümsiz! – diýdi. Mugallym oňa bäş goýdy. Çendir: – Mugallym, men on minutlap çykyş etdim, Jumagurdow bir sözlem aýtdy. Maňa-da bäş, oňa-da bäş diýip, jedel etdi. Mugallym Çendire iki bäşlik goýup, ony zordan köşeşdirdim etdi. Emma Çendir ömür köşeşermi? Direktoryň ýanyna gitdi. Arz etdi. Soň direktoryň özi şol mugallymyň sapagyna girdi. Mugallym «Miweler» diýen temany öýe iş beripdi. – Miweler agaçdan önýär. Agaçlar adamlar. Miwe olaryň bagty. Baglar ýeriň ýüzündäki doganlarymyz hor bolmasyn diýip, bize özüniň ýagşylygyny – şirin miwesini iberýär. Soň bir gün bizem şeýderis. Miweli baga öwrülip bu dünýä gaýdyp geleris. kimimiz ajy şänikli... Çendir jydyrdady. – Ine, mugallym, ol-a her sapar şeýdip samrap bäş alýar. Biz bolsak, temany aýtmaly. Indi bizem Jumagurdowyňky ýaly samsyk zatlary aýdyberjek – diýip, gahar bilen ýerinde oturdy. Direktor Emine «Hany temanam aýt!» diýdi. Emin sesini çykarmady. Direktor çykyp gitdi. Şondan bir hepde geçensoň «Bagtly çagajyk» gazetinde bir habar çap edildi. Onuň sözbaşysy «Hoz ýygylýardy». Onda «Biziň obamyz hoz agajyna baý. Äpet hoz agaçlary şu ýyl bol hasyl getirdi. Şu günler tutuş oba hoz miwelerini ýygnamaga gatnaşýar. Bizem okuwdan boş wagtymyz hoz ýygýanlara kömekleşýäris. Biz bir günde ýetmiş kilo hoz ýygyp, oba adamlarynyň «Berekellasyny» aldyk. E.Jumagurdow. Jülge obasyndaky 4-nji orta mekdebiň 6-njy klas okuwçysy». Gazetde çap edilen habar tomsuň yssy güni ýyldyrym çakan ýaly etdi. Oba, mekdep muňa hem güldi, hem begendi, hem haýran galdy. Olary haýran galdyran zat, obada ýeke düýp hoz agajynyňam ýoklugydy. Ýene bir zat, Jumagurduň sakyrtga ýaljak bolup, ýere ýapyşyp ýören şol ýarawsyz oglundan beýle zatlaryň çykanydy. Şonda-da oba bu habary kabul etdi. – Hoz bolmasa, bolar-da. Obamyz hoz agajynyň bitmejek ýer-ä däl. Hoz ekseň, hoz biter. Tutuş oba hoz agajyny ekip başlady. Emin gazetde çap edilen bu habara utanyp, ýere girip bilmedi. Ol özüne atyň kellesi ýaly altyn berselerem beýle zady ýazyp biljek däldi. Ol bu habary kimiň ýazanyny, näme maksat bilen ýazanyny bilýärdi. Ol hökman Çendir bolmalydy. 4. Çendir Aýjan gözi gögüň ogludy. Onuň kakasyna Nury aga diýýärdiler. Nury aga kolhoz ussahanasynda demirçi ussady. Ol günuzyn demir ýenjip kolhozyň awtoulaglary üçin, oba adamlary üçin gerek gurallary ýasaýardy. Oba pili, paltany oragy, çalgyny, kätmeni Nury ussanyň eli degmese hasap etmeýärdi. – Nury ussa bir süňksüz adam. bir goýundan agam dogar, gara-da diýişleri ýaly, Çendir-ä bir döremän geçen boldy – diýip, Nurgeldi aga oturan-turan ýerinde aýdyp ýörendir. – Ol agyn Aýjan gözi gög-ä. – diýip, oňa bada-bat goşulýardylar. Aýjan gözi gök ýanyp duran otdy. Onuň giden ýerinden getirmedik, diýen işini bitirmedik gezegi ýokdy. Aýjan gözi gök alty oglunyň bäşisini harby gullukdan alyp galdy. Mellek bermek düýbünden gadagan edilen ýerden bäş mellek alypdy. Ol kän bir arzam etmez. Bäş ýylda ýeke sapar arza ýazar. Onam Moskwa, SSKP-niň gurlutaýyna. Şeýdibem respublikadaky ýolbaşçylaryň agzyna gapak goýardy. Bir sapa Jülge obasyna respublikanyň baştutany geldi. Şonda Aýjan gözi gök onuň garşysyndan gül, duz-çörek alyp çykanlara goşuldy. Ýurt kethudasy salamlaşmanka, hal-ahwal soraşmanka Aýjan gözi gök şeýle bir aglap arzyny aýdandyr. – Doganym, itiň hory bolup ýaşaýan. Bäş gelni, otuz agtygy bir jaýda saklaýan. Iýmäge-de, geýmäge-de harjymam, bir gysym unumam ýok. Moskwadan gurlutaý jan ýer almaga ejaza berdi. Emma hana melleklerimi demirtiken basyp ýatyr. Jaýyň özi gurulýarmy, patyşa jan. Kömek ber, dogan – diýip, eňredi welin, döwlet kethudasynyň özem jüwüsünden elýaglygyny çykaryp, onuň bilen deň aglaşyp dur. Agynyň arasynda-da: – Aglama, bäş jaýyňam gurup bererler. Suw çekip, ekibem bererler – diýip samraýar. Ol gitjek bolanda Aýjan gözi gök atylyp onuň öňüne geçdi. – Şu bar-a hähini, mähini bermänkä bäş mellegimde-de jaý gurulyp, suw çekilip, ekilip, gül ýaly edilmese, Moskwa baryp, Gurlutaýlar köşgüniň öňünde üstümden bir çüýşe benzin guýup, özümi otlaryn. Soň aýtmady diýmäň. Men bir etjegimi edeýin, galanyny özüňiz görüň... Ýurt kethudasy atylyp maşynyna mündi-de, gelen yzyna ýel çalmanka Jülge obasyndan çykdy. Tutuş etrap gurluşyk guramasy Aýjan gözi gögüň mellegini üç aýlap iş edinip, baryp bir ýerlerden getirip, ak kerpiçden bäş sany jaý gurdular. Derýadan bent alyp, ýap çekdiler. Bäş mellegi sürüp, tekizläp, ekip, Aýjan gözi gökden «Hemmesi gül ýaly boldy» diýip, dilhaty aljak boldular. Bermedi. obanyň ortasyndaky öz ýaşap oturan jaýynyň içini-daşyny abadanlaşdyryp, howlusynyň daşyna demir germew çekdirensoň, gurluşykçylaryň burnundan gara gan getire-getire dil hatysyny berdi. Şondan soň-a ol kolhozyň, etrabyň ýolbaşçylaryny gepledenogam. Obada onuň diýeni diýen, aýdany aýdan. Şeýle enäni emen Çendir hakyky «Şeýtan» bolup ýetişdi. Ol ejesinden kem galar ýaly däldi. Obanyň esli ýagasy ondan gat-dat etse-de olar, Eminiň görýän görgüsini görenokdylar. Çendiriň eli edil demriň bardy. Gözi ýaly gatdy. Ol Emini her gün urýardy. Ol Emini aýamaýardy. Ýarawsyz, ejiz... diýip ýüregi awajak gümany ýokdy. Mekdebe gidilýän boluň bir ýerinde ir bilen garaşyp durandyr. Emini gördügi, eňterilip, gelip onuň kitap, depder salýan portifelini elinden gaňryp alýardy. Emin irden hiç zat iýmäge ýetişmeýärdi. Şonuň üçin Annagül daýza oglunyň portifeline içe düşümliräk bir zat salýardy. Çendir şony alyp, lak-luk atýardy. Soň Eminiň jübülerini barlap, puluny alýardy-da, arkaýyn sowup ýördi. Klasda-da Çendir Eminiň ýagysydy. Mugallyma Eminiň etmedik işinem etdi diýip, her sagat ýamanlaýardy. Emin «Edemok» diýip bilenokdy. Eger diýäýse, Çendir ony demir ýaly gaty, güýçli ýumrugy bilen çalyp goýberýärdi. Şonuň üçin Emin sesini çykarmak-ha däl, Çendiriň ýanynda-da demini alyp bilenokdy. Ahyr bir gün obadaş oglanlar «Çendir Emini urup, zadyny, puluny alýar» diýip, mugallyma ýamanladylar. Olaryň klas ýolbaşçysy Anna mugallymdy. Ol harby gulluga gidende dört ýyllap Ýuwaş okeýanda matros bolup gulluk eden adamdy. Beýle güýçli matematik bolmasa-da, mekdep tertibiniň eýesidi. Çagalar ondan çekinýärdiler. Anna mugallym tigrine atlanyp, irden okuwa barýan çagalaryň yzyndan gelýärdi. Birden onuň gözi Çendire düşdi. Ol ylgap baryp, Eminiň portifelini elinden garbap aldy. Soň ondan nämedir bir zatlar çykaryp, öz jübüsine saldy. Eminiňem gulagynyň düýbüne bir doňdurdy welin, Emin honda zyňylyp, tozanyň içine süýnüp gitdi. Çendir baryp, agzy gum garbap ýatan çaganyň jübülerini dörüp durka, Anna mugallym ýetişip geldi. Ol tigrini bir ýana taşlap, gelip, Çendiriň elinden tutdy. – Näme edýäň? Ogurlykda tutulan Çendir bir bada aljyrajak ýalam etdi. Emma gözlerini garagulagyňky ýaly ýaldyradyp, Anna mugallymyň ýüzüne müýnürgemän bakdy. – Mugallym, gelýärkäk Eminiň garaguş keseli tutup ýykyldy. Şony ýerinden galdyrjak bolup durun. Anna mugallym Çendiri gatyrak silterledi. – Ýalan sözleme. Hany eliňi aç. Çendir elini açmady. – Eliňi aç. Çendir mugallymynyň elinden sypyp, ýoluň gyrasyna baryp, joňkuldady. – Sen kim-äýt, bar aňyrda gez – diýip, gygyrdy-da aýagaldygyna gaçyp gitdi. Anna mugallym Emini ýerinden galdyryp, üst-başyny kakyşdyryp, portifelini egnine berkidip ýola saldy, Şol gün mekdepde: «Anna mugallym mekdebiň gyzlaryna azar berýär. Sekizinji klasdaky Suraýa lak atýar» diýen gürrüň ýaýrady-da, ol gürrüňi okuwçylar alyp gelip oba ýaýratdylar. Munuň üstesine Aýjan gözi gök «Anna mugallym meniň oglumy urupdyr» diýip, mekdep direktoryna arz edipdir. «Anna mugallym okuwçylaryň puluny elinden alýamyş. Öz puluny bermäni üçine Çendirem erbet urupdyr» diýen gürrüň ýaýrady. Şondan soň-a Alty mugallymam başga mekdebe geçdi. Çendir bolsa mekdepde hiç kimiň eli, dili ýetmeýän okuwçysy bolup galdy. Altynjy klasyň ahyrlarynda «Bagtly çagalykda» ýene bir habar çap edildi. «Bürgüt çagasy eýesini tapdy» diýen habaryň aşagynda ýene Eminiň ady bardy. Habarda enesini ýitiren, ganaty döwük bürgüt çagasyny öýe getirip, oňa hossar çykandygy barada ýazylandy. Şonyň yz ýanyndan «Täsin ýylan» diýip ýene bir habar çap edildi. Onda Jülge obasynyň ilersidäki çuň öleňligiň, iki kelleli ýylanlaryň mesgenidigi barada aýdylýardy. Ol ýylanlar ýyl-ýyldan köpelip, baglaryň arasyna siňip gidýärler diýip habar jemlenýärdi. Kim bu habar üçin Eminiň üstünden gülýärdi. Kim ondan «Nirede iki kelleli ýylan bar, bize-de görkez» diýip azar berýärdi. Emma Emin çaga bürgüdinem, iki kelleli ýylanam gören çaga däldi. Ýöne ol bu barada soranlara-da ýeke agyzam jogap berip bilenokdy. Sebäbi onuň aňyrsynda zabun garap duran Çendir otyrdy. Şol arada mekdebe, Eminiň adyna hat ýazyp ugrady. Dürli ýerlerden «Dost bolaly» diýip ýazýan haýsydy «Hat alşaly», «Myhmançylyga gel» diýip ýazýany haýsydy. Bir gün okuw mahaly Emini mekdebiň direktorynyň ýanyna çagyrdylar, Emin baranda bu obada görmeýän iki adamy gördi. Olar oglanjygy görüp ýerlerinden turup, salamlaşdylar. – Ine, şol habarçy! – diýip, direktor Emini olara tanatdy. – Bular aşgabatdan, biri Weýis Babaýew – uniwersitetden. Ol ýaşulam Zoologiýa institutyndan, Ata aga. Myhmanlar oturdy. Ata aga söze başlady. – Dünýede geň zatlar kän. Biz alymlaryň aklyna sygmaýan zatlar bolýar. Orta Aziýada mandragora bolmaz diýip ýörsek, asyl onuň asly mekany şu ýer bolsa nätjek. Iki kelleli ýylan bizde bolmaly däl diýsek, bu köşegim «Şu ýer goşa kelleli ýylanlaryň ýatagy» diýip ýazýar. Geň zat, gaty geň zat. Biziň ýurdumyzda goşa kelleli ýylany geň hadysa hökmünde arap ýurtlaryndan getirilip, gäbine mumýa dykyp, guradyp goýupdyrlar. Asyl görsek, öz ilimiz goşa kelleli ýylandan doly eken. – Alyň, çaý içip oturyň! – diýip, direktor mürähet etdi. Ata aga özüne uzadylan käsäni yzyna süýşürdi. – Sag boluň. Biz çaýa güýmenip oturmalyň. Düýn meni, institutymyzyň direktoruny Ylymlar akademiýasynyň direktory ýanyna çagyrdy. Ol bize şu köşegiň «Bagtly çagalyk» gazetine ýazan habaryny görkezdi. Dogrusy, utandyk. Elli ýylyň alymy bolup, şol ugurdan ylym gorap, bu zatlardan habarsyz bolmak utanjam Akademiýanyň prezidenti: «Baryň, gözüňiz bilen görüň, kartasyny çekiň. eger başaryp bilseňiz, birini-ýarymyny alybam geliň» diýdi. Indem gyssagymyz özümiz bile. Ol eliniň ýüzüne garady. – Ýörüň, gideliň! – diýip, Ata aga ýerinden turdy. Emin gymyldamady. Ol Ata aganyň ýüzüne garady. – Duruň! – Eminiň ýaş güňlenç sesi çykdy. – Duruň. – Ynha, näme boldy? diýip, direktor işikde, myhmanlary ugradyp barşyna sakga durup, sorady. – Gazete habary men ýazanok. Myhmanlar aňka-taňka boldular. – O nähili? – diýip, häliden bäri geplemän oturan Weýis Abaýew geň galyp sorady. – Onda kim ýazdy? – Bilemok. Habary gazete-de iberemok. Goşa kelleli ýylanam göremok. Bürgüt çagasynam göremok. «Hoz ýygylýar» diýen habaram men ýazamok. – Kim ýazýar ony? – Bilemok. Bary ýalan. Biri meni masgara etmek üçin meniň adymdan redaksiýa iberýär. Redaksiýa-da habary çap edýär. Men sizi aldap biljek däl. Men goşa kelleli ýylan göremok. Ata aga aty çykan ýaly begendi. – Men aýtdym-a. Bizde beýle ýylan bolmaly däl. Weýis Babaýewiň ýüzi sallandy. – Howlukma. Habary kim ýazypdyr. Belki şol görendir. Emin sakanaklady. – Ýok, gören däldir. Ol töhmetçi. Ýalan sözleýär. Obamyzda ýekeje düýp hoz agajy ýok. Ol meniň adymdan «Obada hoz ýygylýar» diýip ýazýar. Hiç kimden ses çykmady. – Beý, walla, meniň-ä beýle zatlardan habarym ýok – diýip, direktor müýünli gepledi. – Gazete ýazsalar dogrudyr – diýip ýörüs. – Bu haramzadaçylyk bolýar. Kim ýalan ýazsa, halkyň pikirini bulaşdyrýan adam hökmünde paş edip, berk çäre görmeli. – Ol eliniň horja, çepiksizje boýuna, keselden ýaňy turan ýaly bozuk reňkine garady. – Kim ol adamlary işden-güýçden goýup azara galdyrýan. Sen aýtmaly bolarsyň, han ogul. Senem akja jüýje däl... Emin sesini çykarmady. Myhmanlar gidensoň mekdep direktory onuň daşyna geçdi. – Jumagurdow, sen ýere garap ýörän bolup, geplemediksirän bolup, gaty hilegär, «Ýere bakyp ýöränden gork» diýenleri dogry eken. – Ol sesini birden gataltdy. – Kim ýazdy habary aýt. – Direktor äpet aýalary bilen oglanyň ýüzüne şarpyldadyp goýberdi. – Aýt, diýdi, aýt! Jaň kakyldy. Direktor mekdebiň ähli mugallymlaryny öz kabinetine ýygnady. Soň gaharly gürledi. – Görüň, siziň täze gahrymanyňyz «Goşa kelleli ýylan bar», «Hoz ýygylýar», «Bürgüt çagasyny ekdi etdik», aý, ýene pylan etdik diýip, gazeti, onuň üsti bilen halky, watany aldaýan näkes. – Men aldamok! – Eminiň sözi ýuwaş bolsa-da, ynamlydy. – Onda kim? Kim? Hany, aýt. – Men däl. Meniň makala ýazmak, gazete ibermek pikirime-de gelenok. – Onda sen näme üçin «Meniň adymdan gazete ýalan habar ýazypdyrlar, mugallym» diýip, gelip aýtmadyň. – Men şugulçy däl. – Sen şugulçy! Sen Aşgabatdan gelen alymlaryň öňünde ötünç sorarsyň. Bolmasa şu mekdepden garaňy saýlarsyň... – Özüm gitjek bolup ýördüm, mekdepden... Emi mugallymlaryň ýygnagyndan çykdy-da, kitaplaryny alyp, öýlerine gitdi. Şondan ep-esli wagt soň ony zor bilen mekdebe getirdiler. Çendir ýedinji klasda oňa ýene iki zarba urdy. Birinjisi sekizinji klasda okaýan Sapargül Gulyýewa Eminiň adyndan söýgi hatyny ýazdy. «Eý, söýgülim Sapargül! Seniň göwsüň, syrtyň gaty ullakan. Men şonuň ýalyny gowy görýän. Gel, ikimiz söýüşeli. Sen meniň söýgimden hezil edinersiň. Seniň...» Hatyň yzy wejera sözlerdi. Sapargül ol haty täzelikde gullukdan gelen Araba beripdir. Arap Emini öldir ýaly urdy. Soň: – Gaýdyp, şeýle haramzadaçylyk etseň, öldürerin – diýdi. Emin diňe: – Bagyşla. Men ýazamok. – diýmäge ýetişdi. Soň bir hepdeläp mekdebe gelip bilmedi. Ikinji zarba, hasam erbet boldy. «Tokmak» žurnalyndan bir habarçy mekdebe geldi. Onuň ýanynda häkimligiň wekili, prokuror hemem milisiýadan adam bardy. Direktoryň kabinetinde onuň öňünde bir hat onuň öňünde bir hat goýdular. – Oka! Şu hat seniňkimi? Emin öz poçerkini tanady. Ýöne «r», «m» harplar özüniňki däldi. – Oka. Daşyňdan oka! Emin okap başlady. « – Gadyrly «Tokmak». Sen adalaty gaty goraýaň, pisleri, ýaramaz adamlary paş edýäň. Meniň dädem Jumagurt kolhozyň sklad müdiri. Ol kolhozçylary çürkeýär. Iliň haram zadyny öýe getirýär. Arak içýär. G, B diýen gyzlar bilen gezýär. Dädem üçin il bizi ýigrenýär. Hormatly «Tokmak»! Dädemi öz sokudaşyň bilen tokmakla. Goý, ol dogry ýola düşsün... Siz maňa ynanmasaňyz geliň, dädemiň işleýän skladyny barlaň. Şonda meniň dogrulygyma göz ýetirersiňiz. Eger barlamasaňyz, gelmeseňiz, onda ýurduň iň uly başlygyna arz etjek. Salam bilen, Jumagurdow Emin.» – Hat seniňkimi? – diýip, takyr kelle habarçy, gözünden äýnegini aýryp sorady. – Hawa, ýok! – O nähili? Belli zat aýt. Hat seniňkimi? – Biri meniň hatymda şu zatlary ýazypdyr. Ýöne men ýazamok. Milisiýa işgäri Eminiň golundan tutdy. Onuň ätişgir ýaly barmaklarynyň awusyna çydar ýaly däldi. Emin çydady. – Men ýazamok. – Seniň goluňmy! – Meniň golum... – Hat, poçerk seniňki, gol seniňki, at seniňki, sen onda näme nadaralyk edýäň. Boýun al. – Men edemok. Men öz kakam barada beýle sözleri dile alar ýaly, dälirämok, kelläm ýerinde. – Onda kim? – Men bilemok. – Onda kim bilmeli. – Meniň etmänime Alla şaýatdyr. – Biderek sözleme – diýip, okuwçynyň Allanyň adyny ara salmagyna utanan mekdep direktory Emini silterläp goýberdi. Gep gutardy. Ony kabinetden çykaryp goýberdi. Emin gidenden soň mekdep direktory nadaralyk edip başlady. – Özi. Ýaňkyň özi ýazýar. Gazetlere-de ýalan maglumat ýazyp, bizi masgara edýär. Iň erbet ýeri, eden işini boýun alanok. Gör, onuň dazgarçylygyny «Alla şaýat» diýen bolup. Hany Alla. Žurnaldan gelen habarçy Eminiň «kezzaplygy» baradaky maglumatlary birin-birin ýazyp aldy. Soň: – «Eli bilen etse, egni bilen çeker» – diýdi. Men ony uly ile peçan ederin... Emin mekdepden öýe baryp, oturyp karar tapmady. «Çendir gaty gidýär». Ony saklamaly. «Nädip?» diýip oýlanyp oturşyna, iýmän-içmän ýatyp galdy. Ony agyr urgy, batly silterleme oýardy. – Tur, itiň süýdini emen ýeksurun, tur. Emin kakasynyň gazaply ýüzüni görüp gorkdy. Oglunyň oýananyny gören Jumagurt aga oňa täzeden topuldy. Oglunyň ýüzüne, içine kellesine daş ýaly ýumrugy bilen ýelmäp, özi ýadap, özi aýryldy. Emin gorkusyndan ýaňa bir gysym gara daş bolup düwlüp ýatyrdy. Ol agyra, urga çydar ýaly däldi. Şonda-da gözlerini ýumup, hor dyzlary bilen kükregini, eljagazy bilen ýüzüni tutup, hyklap ýatyrdy. Kakasy bir gyra çekilensoňam ol düwülgiligini ýazdyrmady. Jumagurt aga has-has edip, demi-demine ýetmän zordan gepledi. Onuň sesi gyrylandy. Ýüregine agram düşýäni bellidi. – Aý, dogman geçen. Agzyňdan süýt ysy gidenok. Eliň ýaňy galam tutdy. Sen eýýäm kakaňa dil ýetirýäňmi? «Kakamy tutuň, barlaň» diýip, «Tokmaga» arz edýäňmi? Sen bu wagt şeýle. Ulalsaň, bizi eklemeli bolsaň näme ederdiň. Bizi hendege taşlardyň. Sen haramzada. Meniň saňa yhlasym gözüňi gapsyn, saňa beren nanym haram bolsun. Sen ölüp, ýok bolup gitseň mundan abraýly bolardy. Ol gelip gazap bilen oglunyň hor dodaklaryna depdi, gabat gelen ýerine ýumruk saldy. – Tüf! Tüf! Tüf! Sen indi meniň oglum däl. Meniň oglum şu gün öldi. Ol ulili bilen ses edip, çykyp gitdi. Emin gijäniň bir wagty kakasynyň malyň damagyny çalýan agyr, pyçagyny eline alyp Çendirlere bakan ugrady. Ol Çendiri daşary çagyrdy. Çendir garaňkynyň içinde Emini görüp, bir kürtdürip durdy. soň öňki azymlylygy bilen oňa bakan ýöneldi. – Näme gerek? Emin pyçagy oňa uzatdy. – Me, şu pyçagy al-da, meni öldür. Bolmasa men özümi öldürerin. Çendir yza çekildi. – Sen meni diri gezer ýaly etmediň. Maksadyň meniň ölümim dälmi? Öldür. – Men hiç zat edemok. – Men näme edeniňi soramok. Ony bir sen, bir Alla bilýär. Ýöne sen diýileni et. Ýogsa, men öldürerin, özümi. – Men, men hiç zadam edemok. Şaýat tap. Subut et. Bolmasa töhmet atma. – Alla meniň şaýadym. Sen namart. Bir bendäni abraýdan düşürip, abraýly bolup bolmaz. Bir bendäni betbagt edip, bagtly bolup bolmaz. Sen, sen. Meni ýigrenseňem, garry, betbagt kakama haýpyň gelsin. Içerden Aýjan daýza çykdy. – Çendir! Kim gyz ol. Hümürdiňiz näme? Kim ol? Çendir: – Bir samsyk-laý. Bar, ýok bol şu ýerden Çendir içeri girensoňam Emin garaňkynyň içinde ep-esli durdy. – Ýok, mundan artyk ýekeje sekundam ýaşajak däl. Ol işiklerine baryp derli eli bilen gözýaşlaryny süpürip, agyr polat pyçagy bat bilen öz böwründen sokdy. | |
|
√ Duman daganda: Serçe-de bolsa, piliň gözüni çokaýan serçe - 06.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -13: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -24: romanyň dowamy - 24.05.2024 |
√ Hakyň didary -5/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Dirilik suwy -8: romanyň dowamy - 03.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -22: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
√ Bäşgyzyl -28: romanyň dowamy - 11.12.2024 |
√ Janserek -2: romanyñ dowamy - 13.03.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -27: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Hakykat nirede, hakykatçy nirede?! - 13.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |