01:56 Ham-hyýal / hekaýa | |
HAM-HYÝAL
Hekaýalar
Allaň özi abraý berewersin, Bazar ýeke-hä ýatyp-ýatyp, bir sarydiş aýaly duluna geçirmek barada ham-hyýala münendir! Nurgylyjyň “Dul halky gaty oýnatgy bolar eken. Başy boş heleý hakda näme gürrüň etseň, güp ynanýar” diýenini ol eşitmedi öýdýän. Ýa eşidibem eşitmezlige saldymyka? Aý, ýok, eşiden däldir. Eşiden bolsa, hökman yzyna dolanardy. Nurgylyjyň dagy-duwara şular ýaly samsyk oýun etmezligi üçin içikdiriji sözleri suňşurardy. Iň bolmanda ýaşy altmyşdan geçen adamy oýnamagyň utançdygy, öziniň her bir aýdylan gepe ynanyp ýören oýnatgy däldigi barada, garaz, bir zatlar diýerdi. Eger muňa-da bogny ysmasa, onda öýke-kine ederdi. Ýok, Bazar ýeke öýke-kine etmedi. Gaýtam, öz ýanyndan Nurgylyja alkyş okady, ony tapbiler, aladaçyl oglan hasap etdi, özüne ýakyn hossar saýdy. Garaňky gatlyşansoň, ol janyny gul-gula salýan meseläniň ilki-hä anygyna ýetmek üçin, soňundanam, eger ugruna bolsa, çynyrgatmak niýeti bilen Artyk Garanyň ýanyna bardy. Barsa, Artyk Gara çiň-arkan düşüp ýatyşyna Gurhandan aýatmy, süremi, gaýtalap okap, dilini ýençýär eken. Bazar ýeke: – Pah, pah, tüweleme, tüweleme! – diýip, özüniň gelendigini duýdurdy. Onsoň gysgajyk salam-helik alyşdylar. Öý eýesi myhmana oturara ýer görkezensoň: – Ýekäm, işdäň bolsa, çekinme, nahar getirsinler, mürähed-ä däl – diýip, mürähet etdi. – Bereket bersin, şepe, men naharly, ýaňja iýdim – diýip, Bazar ýeke-de öz gezeginde ýalan sypaýçylyk bilen jogap gaýtardy. – Şeýlemi? Seret ýagdaýyňa, soraýa diýme ... -Diýmen, diýmen. – Nememi, ýekäm, senem gara içýäňmi? – Men çaý dannamok, şepe, gök, gara, parhy ýok. – Al, onda, ine, gara çaý şü. Oňat demini alan bolmaly – diýip, Artyk Gara demlenip, basyrylyp goýlan, çärýeklik diýilýän kiçijik çäýnegi myhmanyň öňüne süýşürdi. – Sen maňa seretme-de, içiber. Gün ýaşansoň çaý bilen kän bir ugrum ýok... – Böwrek heläk edýämi? – Bo-ow, gaty heläk etýä. Ind-ä mekge gulpagam peýda edenok. – Böwregini kesdirip ýörenem-ä bar. Peýda eder öýtseň, senem kesdirip goýbärler. Baýak Hojagulyň heleýi bir böwregini kesdiripdir diýdiler. Nepi degendir, girip-çykyb-a ýör. – Ih! – edip, Hojagulyň ady agzalandan Artyk Gara dikeldi. – Hol arada ýüzüni garaňka tutup, Hojaguly geldi. Gelip, oýkanjyrap otyr. “Beh, bu näme, haw, azaşyp dagy düşdümikä? Mundan öň tapýan gapysy däl bu. Halymy soramaga gelmedig-ä belli” diýip otyryn. Oturyp-oturyp, iň soňunda näme diýendir öýdýäň? – Ýeri, näme diýdi? – Namaz öwredäýseň diýýä. Baý-bo-ow, senmi namaz okajak diýdim. – Be, be, şü Hojagulymy? – diýip, Bazar ýeke çyny bilen geň galdy. – Hakyt şü Hojaguly. – Ýa-heý, walla, oň sypaty namaz okajaga meňzänog-a. – Menem diýdim şony. ”Bi göwräň, bi garnyň bilen nädip eglip-galjak” diýdim. ”Oýun etmesene” diýýär. ”Aý-how, oglan, oýun däl, çypbakaý çynym, garnyňdan habaryň barmy, nädip synja kyljak” diýdim. ”Synja näme bolýar” diýýär gaýtam. ”Sen synjanam biljek bolma, beýlekinem” diýdim. ”Namaz seň işiň däl, hötdesinden gelip bilmersiň” diýdim. ”Bu gün başlan ýaly edersiň, ertirem başarman taşlarsyň” diýdim. ”Öňem-ä bir aşyk abraýyň ýok” diýdim. Bazar ýeke Artyk Garanyň soňky sözleri hakykatdan hem diýenligine güman edip: – Bä-ä, şepe, göni şeý diýdiňmi? – diýip sorady. – Diýdim. Göni şeý diýdim. Hä, name oňarmandyrynmy? – Ýok, ýok, oňarypsyň, sazlapsyň. – Ýekäm, men, dogrusy, namaz öwretmegi zähmet göremok. Ýöne bi Hojaguly Hudaýa al saljak bolýar. Ana, şony halamok. Bazar ýeke düşünmedi. – Hudaýy aldaryn öýdýär. Hojagula özüni aldatsa, ondan Hudaý boljakmy?! – diýip, Artyk Gara ýene düşnüksiz gürrüň etdi. Göz öňünde Hojagulyň keşbi anyk janlasa-da, onuň nähili ýol bilen Hudaýy aldajak bolýandygyna Bazar ýekäniň akly kesmedi. Şoň üçin ol: – Hojagulyda oýun köpdür. Her zat eder – diýip, dagynyk gürrüň etdi. – Döwi gelen wagtlary hökimeti talap, ogurlyk edip, halal-haram ýygnady. Indem namaz öwrenäge-de, Hudaýyň öňünde akja jüýje boljak bolýar. Eýsem, häzir men saňa agzymdan gelenini aýdyp, hapa-hapa sögsem, soňundanam ”Wiý, bilmändirin, bagyşla” diýsem, nähili bolar? Be-e, bolmaz-a, oglan! – Bolmaz, bolmaz. Ondan-mundan bimany gep atyşyp, ýene biraz oturdylar. Nurgylyjyň gadyr bilmez ärden ýanan, indem ýekelik dagyny çekip ýatan başy boş aýal baradaky süýji gürrüňleri Bazar ýekä teý ynjalyk bermänsoň, ol ýaýdanybraga-da esasy gürrüňe ýol arçady: – Şepe, senden bir zady soraýyn diýip ýördim. Sen bilýäň diýdiler... Artyk Gara sesini durlamak üçin ýeňil ardynjyrap: – Weý, soraber, soraber, bilýän zadymy aýdyp bereýin – diýip, ätiýaçly jogap berdi. – Nememi, şü ýokarky gatlada oturýan Jumany tanaýaňmy? – Juma... Juma... Juma... – Bir ýerlerde ketde diýdiler. Siziň edaraňyzda başlyk dagam bolaýypdyr öýdýän. – Ih, Juma garynmy? – Juma garynmyka? Şodur-la. Tanaýaňmy şony? Artyk Garanyň ýüzüne dabara indi. Ol içki joşgunyny diline getirip, höwesli gürledi. – Pah, Juma garyny ýasanam tanaýan. Kakasyna Öwezgeldi syrnyh diýerdiler. Ady özüne şaplaşyp dur. Syrnyh diýseň syrnyhdy. Ömür boýy nas atandyr welin, öz adyna kädisi ýokdy pahyryň. Il bir gowy zat, ölýänçä nasy iliň kädisinden boldy. Ýogsa, pohdan ýasalýandyr, baha-da ýok... Ýekäm, sen menden uly bolubam tanaňokmy şony? – Şepe, sen köpüň adamsy, çakylygyň kän, tanyş-bilşiň köp – diýip, Bazar ýeke öý eýesine gop berdi. – Ýöne adyny eşidýärdim, gören bolmagymam ahmal toýda-beýlekide. Juma garyn... – Juma garynyň özüni kakasyndanam gowy tanaýan. Gaty belet çöpüm. Pensiýa çykmazymyň öň ýany edarada prorab boldy. Häzirem şo ýerde. Kakasynyň pohuça-da ýokdur. Salam-heligem bilenok. Edarany tozduran şo-da. – Bizden-ä birki müçe kiçi öýdýän? – Gowrak kiçidir. Garyn salyp, gomalyp ýörensoň, ýaşyndan uly görünýändir. Baý, özem bir hapysa welin, tabakdaş bolar ýaly däl. Men-ä näme, özüň bilýäň, gabady gelse, gönümelligimi edip goýberýän. Çekinip duramok. Bir gezek şäherde biriniň sadakasynda otyrkak gaty gaharymy getirende dalap aldym. “Sen dagyn heleý bolup dörän bolsaň, är almazdy” diýdim. “Äwüp-säwüp, bir bagtyýanyň başyndan iläýseňem, günde eş-şek ýaly taýak iýerdiň” diýdim. Şepesiniň şol sözleri Juma garynyň göni ýüzüne gelip diýendigine şunça güman etse-de, Bazar ýeke ýene onuň ugrundan gopdy. – Bä-ä, duzlapsyň-aý! – diýdi. – Gaty duzladym. Ölinçä içinden çykmaz ýaly edendirin. Şondan soň meň bilen kän ugry bolmady. Salamam ajal ýaly sowuk. Pensiýa çykalym bär-ä göremogam. Arada gürrüň etdiler heleýiniň talagyny beripdir diýip. Şu ýerde Bazar ýekäni galpyldy basdy. Ýüzi gyzdy. Ol beýnisine baryp urýan gyzgyn ganyň sarsgynyny açyk eşitdi. Ýeke dyz oturyp, ykjamlandy-da, Nurgylyçdan eşidenlerini sowal hökmünde gaýtalady: – Hany, o heleýiň özi turup giden ýaly-la? Artyk Gara “Sen ony kimden eşitdiň?” diýmedi. Diýen bolsa Bazar ýeke näme jogap bererdi? – Heleýiniň turup giden ýeri ýok, ýekäm. Otyr. Menden sora. Oň sebäbi bar. Juma garyn bireýýämden bäri şäherde heleý saklaýa. Gazanjy oňat bolansoň, şu çaka çen bildirmän gezipdir. Onsoň bir ýerden gulagyna ýetendir-dä, bi heleýi muny biläge-de, Juma garyny öýünden kowýar. Bazar ýekäniň gözleri uçganaklady. – Bä, bä, ýaman heleý oguşýan? – Günäsini it götersin welin, o heleýiň özüniňem gep-gürrüňi ýetik. Çermegine onçakly gaýym däl ýaly. – Şäherdäkisiniň, ä? – Ýok, haw, gatladakyň gürrüňini edýän, başdaş heleýi. Şäherdäkisiniň näçe derýaň suwuny içip, haýsy güzere näçe inenini Ýokarky bilen özünden başga bilýän ýok. Bazar ýekäniň muňa ynanasy gelmedi. – Haýt, haýt, şepe, gatyrak gitdiň öýdýän. Juda bir beýle-de däldir – diýip, ol halys ynjalykdan gaçyp sorady. – Hergiz gatyrak gidýän däldirin, ýekäm, göwnüňedir. – Görmän-bilmän biriniň maşgalasyna eýle-beýle diýip, günä göterme diýjek bolýan. – He-eý, ýekäm, ýa sen meni gepletjek bolýaň, ýa-da... A-haw, oglan, düzüw maşgala bolýan bolsa, Juma garyna ikinji heleý bolup barmaz-a. – Ähtimaldyr. Ikinjisi şeýledir. Şekim ýok. Ýöne başdaşy asylly maşgala ýaly-la? Biz-ä tanamzok, dogrusy. – Weý, sen tanamasaňam, biz tanaýas ony. Başdaşyna asyllylyk sürtseňem ýokmaz. Tüýs Juma garynyň taýy. Ýurtýykan, darsdaban. Men o heleýi birinji gezek göremde tanadym. Juma garynyň alkymyna dykylyp, iki elinem bykynyna urup, bir zat öwredip dur eken. Bir-ä ärine zat öwredýän heleý, birem iki elini bykynyna urýan heleý düzuw däldir. Hergiz bilip goýgun, ýekäm. – Çermegine gowşagrak diýdiň welin... – Gowşagrak däl, gaty gowşak. Asyl çermeksiz. – Sen ony birinden eşitdiňmi? – Birinden däl, kän adamdan eşitdim. Görenem bar. Juma garynyň özem bilýär diýdiler. Şundan soň Bazar ýekäniň iň soňky umudy hem puç boldy. Onuň ozalam sykyma gelen göwresi hasam kiçeldi. Gowşady. Onsoň ol dagy näme diýerini bilmän: – Geň-taň göremzok – diýdi. – Juma garyn sataşan bolsa gerek. “Deň etmän, duş etmez” diýýär. Duşmanyň heleý bolmasyn!.. Juma garynyň nädip prorab bolanyny eşitdiňmi, ýekäm? Bazar ýeke höwessiz: – Ýok – diýdi. Bu gürrüňi onuň diňläsiniň gelmeýändigi kesesinden görnüp durdy. – Häzir men derrewjik ýassymy okap alaýyn. Onsoň aýdyp beräýerin. – Täretiň barmy? – diýip Bazar ýeke juda dymyp oturmazlyk üçin sorady. – Täretim bar. Artyk Gara namazlyga mündi. Hezili gaçansoň, Bazar ýekäniň çaý bilen hoşy bolmady. Ellerini bykynyna tutup, üstüne abanyp duran haýýar aýalyň keşbi onuň oý-pikirlerinde ýigrenç gatyşykly düşnüksiz gussa döretdi. Öý eýesi namazlykdan düşen dessine ol gürrüňi başga ýana sowmak maksady bilen: – Şepe, ine, şu namaz okalyp bolansoň, iki egniňe salam berilýär. Şoň näme manysy bar? – diýip, ýalandan gyzyklandy. – Pah, şonam bileňokmy? Dawut pygamberden galan ol. Dawudyň kyrk ogly bolan. Kyrk ogluna ymam bolup, namaza durar eken. Onsoň bir gün namaz okap durka “Ýer ýüzünde men ýaly kyrk ogluna ymamlyk edýän adam barmyka” diýip, men-menlik edýär. Namazy gutaryp gezekli-gezegine iki egniniň üstaşyry yzyna seredýär. Seredýär welin, kyrk oglunyň kyrkysam seždä gidipdir-de, gatap galypdyr. Ana, şondan galan. Ana, men-menlik etseň! Hudaýyň gazaby güýçli. Juma garyn Hudaýyň gazabynyň müňden birinem görenok entek. Hojagulam görenok. Görerler. Bihasap zat barmy nä? Bazar ýeke “Hojaguly nireden geld-aý bu gürrüňe” diýip pikir edip otyrka Artyk Gara oslagsyz sowal berdi: – Ýekäm, sen Juma garyny nämüçin soranyňy aýtmadyň-la ? Bazar ýeke gümp-samp etdi: – Aý, gerekdi bir zat üçin. Şu ýerde Artyk Gara çyn gatyşykly degişme sowal bilen: – Ýa oň heleýine-zadyna göwnüňi böläýdiňmi? Ä? – diýip myhmanyň ozalbaşky niýetini bildi oturyberdi. Gönümel turup gaýdybermäniň ebeteýini tapman oturan Bazar ýekäniň ýüzi boz-ýaz boldy. – Şepe, aýaly ölen men bolsamam, heleý seň ýadyňa düşýär. Bu ýaşdan soň heleý alyp bolasy ýok, çagalaň göwnemejegi bes-belli. Men ýöne o tüki Juma garyn edara ketdesi diýensoňlar, seňem ony oňat tanaýanyňy eşitdim-de, öýdeş ogluma bir işjagaz soraly diýjek boldum – diýip ol ýalan sözledi. – Päh-heý, ýekäm, oňardyň-ow. Juma garyn çözenog-a ony, başlyk çözýär. Juma garyn ketde däl, prorab, gemriji prorap. Nädip prorab bolanyny aýdyp bereýinmi? Bazar ýeke “Aýdyp berme” diýip biljek däldi. Artyk Gara-da şepesiniň gürrüň giňlemäge höwessizdigini göze dürtülip duran hem bolsa, eger-eger duýanok. Ine, şular ýaly biri üçin gyzykly, beýlekisi üçin ejirli pursatlaryň birinde daşarda it üýrdi we itden gorkan çaganyň “Wä-ä!” diýen sesi eşidildi. Onsoň ýa-ha biri gelip, iti kowdy, ýa-da çaganyň çirkin sesinden gorkdy öýdýän, itiň sesi çykmady. Artyk Gara gapydan kellesini çykaryp: – Küç-aýt, ýat keläňi galdyrma!.. Kim, haw, sen? – diýip gygyrdy. Aňyrdan itden gorkan oglanyň sesi eşidildi: – Artyk kaka, atam ýaranok welin, kakam gelip gidäýsin diýýä, ýagdaýy agyr diýýä. – Kimiň ogly, haw, sen? Şirli agaň agtygymy? – Hawa. Kakam aýdýa, ýasyn okap bersin diýýär. Gaýrat etsin diýýär... – Bor, köşek, ine, bardym, häzir barýan. Artyk Gara eýýämhaçan gitmäge hyýallanyp, ýerinden turan Bazar ýekäniň ýüzüne seredip durşuna: – Ýasyn okatjak bolsalar irräk äwmeli eken. Giçden soň bolarmyka? – diýip öz-özi bilen gürleşdi. Muny özünden soraýandyr öýdip pikir eden Bazar ýeke: – Ýasyndyr-da. Hawa bolar. Iri-giji bolmaz-a – diýip jogap berdi. Yz ýanyndanam duýdansyz peýda bolan Şeýtan şübhesinden ätiýaç edip: – Men-ä bilmedim, şepe, özüň gowy bilýäň bolaýmasaň – diýdi. – Näçe gün bäri başyny saklap otyrlar welin, biz ýaly bigeleň ýok, halyny soramaga-da barmadyk, indem ýasyn okamaly... Hany, ýör onda, bileje baryp gaýdaly. – Men barmaýyn, şepe, bir hili görerler. Ertir ir bilenjik baraýaryn men. Sen özüň her zeýilli bir neme... Garaňky çatrykdan olaryň hersi bir tarapa sowuldy. “Şü deýýus Nurgylyjam it ýylgyryşyny edip, ýaman ýeser gürleýär welin, düzüw adam däl” diýip, Bazar ýeke gaharly pikir etdi. Ýanwar, 2011. Mary. Kakamyrat ATAÝEW | |
|
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |