08:14 Harasat / hekaýa | |
HARASAT
Hekaýalar
Gün dogup, naýza boýy galypdy. Egnimdäki öl-myžžyk bolan eşiklerimiň agramy barha basmarlaýardy. Ýadawlykdan gurşan bedenimi ýazmak üçin, aýagymy zordan süýräp, beýle ýanymdaky turba tarap ýöneldim. Şol wagt yzymdan maşyn sesi eşidildi. Maşyn sesine ünsem bermän, ýolumy dowam etdim. Turbanyň ýanyna baryp, ädigimiň palçygyny aýyrmak niýeti bilen, aýagymy onuň erňegine goýanym hem şoldy welin, maşyn gelip gapdalymda saklandy. Maşynyň kabinasyndan düşen uzyn boýly, dolmaç ýigit beren salamymy hem oňly alman, turbanyň beýle tarapyna geçdi-de, elini gasyn-gasyn bolup duran tyrryk plaşynyň jübüsine sokup, abşarylyp durdy. Soňra güri gara gaşlaryny bürüşdirdi-de: – Ozalam mehanizmi soraman alyp gaýdanyňa gaharlanyp gelýärdim. Bu turbaňam-a işini görüpsiň – diýip, teýeneli gep urup başlady. – Indi başgasyny getirip, täzesini seplemäge uçastogyňyzyň puly bir barmy? Özüni hondan bärsi tutup, salamymy-da oňly almandygyna birneme ýeňsäm gatanam bolsa, bir ýanyny giňlige, bir ýanyny ýaňsa salyp jogap berdim: – Gully, onuň gaýgysyny etme. Uçastogymyzyň puly ýetmese, öz jübimden töläýerin. – Şeýle diýsene asyl – diýip, Gully öňküsindenem beter gabarylyp gepledi. – Görýän welin siz adamy äsgermejek bolýaňyz-ow. Seniň bujugaz edeniňi siňdirer öýtme. Meseläni degişli ýerinde goýaryn hökman... Gullynyň haýbaty öňki ýadawlygymyň üstüne urna boldy. Biziň agşamky gören görgülerimizden onuň habary ýok. Onuň hondan bärsi bolup, gabarylyp durşuna biçak gaharym geldi. Gözümiň öňi garaňkyrap gitdi. Näme diýjegimi bilmän, dodagymy dişledim-de, aşak bakdym. Sanly sekundyň içinde agşamky bolan zatlar hatar gurap gözümiň öňünden geçdi. ...Howdan agzy-burny bilen suwdan dolupdy. Şonuň üçinem gaçydaky esasy garawullardan başga-da, gurluşyk uçastoklarynyň ikisiniňem inžener-tehniki işgärlerinden jogapkär nobatçy goýulýardy. Menem gije sagat on ikide nobaty kabul edipdim. Ýöne näme üçindir, beýleki gurluşyk uçastogynyň jogapkär nobatçysy görünmeýärdi. Men özüme berkidilen maşyn bilen gaçynyň üstüne aýlanyp başladym. Hemme ýerde ýagdaý kadalydy. Ynjalyksyzlanmaga esas ýokdy. Men asuda güýz gijesiniň sergin howasyndan dem alyp süňňüm ýeňlän ýaly boldum. Aýlanmagymy dowam etdirdim. Howdanyň gaçysynyň iň ahmal ýeri bolan bäşinji kilometrlige-de baryp gaýtmagy ýüregime düwdüm. Men gaçynyň oýulan ýeriniň öňüne läbik guýmaly zemsnarýadyň işlemän duranyny görüp, geň galdym. Suw bolsa alkymlap gelipdir. Sähel öwüsgin, bolup, tolkun emele geläýse, bu ýeri gaty howatyrlydy. Öňümdäki nobatçy-da bu barada maňa hiç zat aýtmandy. Bu ýere läbik guýdurmaly zemsnarýad bolsa beýleki uçastogyňkydy. Şonuň üçinem bu zemsnarýadyň näme üçin işlemän durandygy maňa näbellidi. Bolsa-da bu uçastogyň jogapkär nobatçysy görünmänsoň, men baryp zemsnarýady barlap görmegi, onuň näme sebäbe görä işlemän durandygyny anyklaşdyrmagy ýüregime düwdüm. Barsam, zemsnarýadda hiç kim ýok eken. Lapym keç bolup, yzyma dolandym. Aradan köp wagt geçmänkä hem günortadan öwüsýän şemalyň barha güýjäp ugraýandygyny aňdym. Birdenem şemalyň yzy apy-tupana aýlandy. Gaçynyň üstünden towlanjyrap asmana göterilýän tot-tozan daş-töweregi gaplap aldy. Ýol-yz bildirer ýaly bolmady. Maşynyň çyrasynyň ýiti şöhlesi hem iki metrden uzagy ýagtyldyp bilmeýärdi. Men maşyndan düşdüm-de, tolkun ýetýän ýerine golaýlap, zordan öňe nazar aýladym. Howdan häzir lasyrdap gaýnap duran äpet gazana çalym edýärdi. Öýüň garasy ýaly ägirt tolkunlar, bir-birine jalkyldap urulýardylar-da, ak köpürjikleri asmana sowrup, döşüni zarp bilen gaçynyň ýapgydyna oýkap-oýkap gidýärdiler. Gaçyny böwsüp bilmedigine ahmyr edýän ýaly, ahmyr bilen yza çekilip, ýene hüjüme geçýärdiler. Ýagdaý gaty howatyrlydy. Gyssagly çäre görmek gerekdi. Ýöne nähili çäre görjek? Aldygyna läbik guýduryberseň boljak. Ýöne zemsnarýadyň adamlary ýok. Ýörite nobatçy buldozerlerem görnenok. «Bärki çetki garawul jaýyna baryp, ýolbaşçylara habar edäýsemmikäm?» diýip oýlandym. Emma içiňi ýakaýyn diýen ýaly, bu niýetim hem ugruna bolmady. Harasat zerarly aragatnaşyk kesilipdir-de, gury ol ýere heläk bolup baranym galdy. Näme etmeli? Ýaňky howply ýerde gaçynyň ini on-on iki metrden giň däl. Bu apy-tupanyň sürüp getirýän äpet tolkunlary ony oburyp sähel wagtyň içinde böwser. Onsoň nähili berbatlyklaryň boljagyny göz öňüne getirmek kyn. Garawul jaýyndan çykdym-da, kabina giren badyma şofýora: – Sür! – diýip, buýruk berdim. – Nirä – diýip, şofýor ýüzüme soragly garady. – Buldozer gözlemäge. – Sagadam eýýäm dörtden işleýär. Proraby bolmasa, buldozerçiler ikimiziň diýenimizi ederlermikä? – Etmeseler posýologa gidip, ýolbaşçylary örüzmeli bolar. – Şeýle öz-ä... – Şeýle bolsa, haýal etme-de sür! Iki kilometr çemesi ýöredik. Görsek, öň ýanymyzda, maşynlaryň bir wagtlar gaçynyň üstüne gum çeken ýerinde bir buldozer dur. Buldozerçi hem beýle ýanynda hor çekip ýatyr. Maşyndan böküp düşdüm-de, ony yraladym. Ol «häh!» edip, hasanaklap ýerinden galdy. Ol ýigidiň adyna Orun Çaryýew diýýärdiler. Garagum kanalynyň gurluşygynda başdan işläp gelýänleriň biridi. - Orun, çaltrak bol, bäşinji kilometrlige ýetmesek, ýagdaý gaty howply – diýdim. Ol ýüzüniň tozanyny süpürişdirdi-de, ýaýdanjyrady: – Be, prarap Gully näme diýerkä?.. – Gulla özüm jogap bererin. Tizräk bol! Zordan diýen ýaly wagtynda ýetişäýdik. Ýagdaý hasam agyrlaşan eken. Tolkunyň has güýçli oburyp, öňe süsňän ýerinde gaçy ahmallan eken. Ol ýerden buldozer zordan geçip biljekdi. Ol insizje zolaga bolsa köpürjikläp gaýnap duran äpet bir umman agram salýardy. Her minut gyzyla barabardy. Maşyndan düşdüm-de, gum alar ýaly amatly ýer gözläp başladym. Emma alkymda amatly ýer ýokdy. Buldozerden näçe daşlaşanymy bilemok, ýöne garaňkynyň içinde sermenip ýörşüme, öň ýanymda bir zadyň garalyp görünýänini gördüm. Emedekläp diýen ýaly oňa ýetdim. Bagtymyza ol ätiýaç üçin diýlip bir wagtlar getirilip goýlan ýylgyn üýşmegi bolup çykdy. Göwrümim giňän ýaly boldy, wagty elden bermezlik üçin buldozeriň ýanyna ylgadym. Barsam, Orun eýleden-beýleden çokjalap, gum sürjek bolupdyr. Emma ol peýda etmändir-de, gaçyny zaýalapdyr. – Mundan netije çykmaz, ýör, ýylgyn getireli – diýip gygyrdym. Şofýor, Orun üçimiz üç ýerden ýetişibildigimizden ýylgyn daşamaga durduk. Ýöne getirilen ýylgyny tolkun äkider howpy bardy. Şonuň üçinem men suwuň öňüne bökdüm. Edil şol wagt hem batly gelen tolkun meni ýylgynyň üstüne agdardy. Ýakamdan giren buz ýaly suw bütin endamyma ýaýrady. Emma oňa üns bermän ýylgynlary tolkunyň urýan ýerine atyşdyryp başladym. Birbada howpuň öňi ol nana meňzeýärdi. Ýöne ýylgynlaryň yzyny oňat berkitmeseň, bu ýeriň uzak saklatmajakdygy bellidi. Onsoň göwrümi birneme giňän Orun aşak tarapdaky gum almaga amatly hasap eden ýerimizden yzly-yzyna toprak sürüp başlady. Ýöne ol aňşyrman, buldozeriň pilçesini zemsnarýadyň turbasyna ilişdiripdir-de, onuň iň uçkysyny goparypdyr. Gopan turbany ýoldan aýyrmak esli wagtymyzy alsa-da, soňra işimiz ugrugyp gitdi. Daň atyp, jahan ýagtylansoň, apy-tupanam köşeşip ugrady. Öz hanasyna sygman däli-porhan bolup çyrpynan suw-da eden işine, beren azabyna ökünýän ýaly kem-kem köşeşip, yza çekilip başlady. Bu zatlary aňymda aýlanymdan soň, gurşun ýaly agyr gabaklarymy galdyryp, Gulla seretdim-de: - Sen, gardaş, «uruş gutaransoň batyr köpeler» diýenlerini etme. Eger suw gaçyny böwsäýen bolsa nähili bolardy? – diýdim. Ol, näme üçindir, sesini çykarman, böwrüni diňledi. Edil şol wagt hem maşynyny güzledip, Gullylaryň uçastogynyň naçalnigi Ataýew geldi. Gele-gelmäne-de: – Ýagdaýlar niçik? – diýip sorady. – Häzir-ä ýagdaýlar ýaman däl, ýöne agşam gaty gyssady. Köp horlandyk. Sizde nobatçy ýok eken – diýip, men bolan wakany bolşy ýaly gürrüň berdim. Ataýew hiç bir müýnsüz: – O nähili biziň nobatçymyz ýok? Ynha durmanmy biziň nobatçymyz? – diýip, gapdalymda duran Gullyny görkezdi. – Asyl şeýle diýsene?.. Diňe şundan soň Ataýew nämäniň nämedigine düşünip, allajy nazaryny Gulla dikdi. Menem oňa şeýle nazar bilen garadym. Bu nazarlara tap getirip bilmedik Gully ýüzüni aşak sallady. Men oňa ýekeje agyzam söz diýmedim. Diýsem gatysyny diýmeli boljakdy. Şonuň üçinem men Ataýewiň hem oňa näme diýjegini eşitmek iýelemän, derrew olaryň ýanyndan aýrylmak bilen boldum. – Ýör, Orun, sen bir dynjyňy al, şepe – diýdim-de, ony maşynyma mündürip ýola düşdüm. Ataýew hem onuň ýanynda kän eglenmedi. Barmaklaryny çommaldyp, Gulla bir zatlar diýdi-de, ýoluna gitdi. Gully bolsa şol bir duran ýerinde dikil-gazyk bolup, gözüni ýerden aýyrman durdy. Men öz ýanymdan «Häzir onuň başynda öten agşamkydanam güýçli harasat gopýan bolsa gerek?» diýip oýlandym. Çary AGAÝEW. | |
|
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |