09:50 Hatamnama: Hatamyñ bir tilsime ýolukmagynyñ beýany | |
HATAMYŇ BIR TILSIME ÝOLUKMAGYNYŇ BEÝANY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Hatam suw agtaryp, bir guýa ýetdi. Başga bir adam hem bu guýa gelipdi. Guýudan ýylan surat ýaly bir zat piliň holtumy ýaly bolup çykyp, ol adamy orap alyp, guýynyň düýbüne girip gitdi. Hatam: «Wah!» diýip, gelip guýynyň düýbüne baksa, ol surat bilen adamdan hiç nam-nyşan galmandyr. Hatam: «Ol biçäre ölmezinden öň halas etmesem bolmaz» diýip, gözüni ýumup özüni ol guýa taşlady. Ol guýynyň düýbüne ýetip, gözüni açyp görse, ol guýynyň içi miwedir, ol adam bilen surat bolsa bossandyr. Bu bossanyň ol ýan-bu ýanyna göz ýetmeýär. Onuň hemme daragtlary serwi, derek, arça ýaly syrdam agaçlardy. Hatam onuň içinde gezip, ol adamy agtaryp başlady. Ol birtopar beýik ymaratlary gördi. Ol oňa ýakyn baryp, olara tomaşa etdi. Bu ýerde bir köşk bardy, onda bir tagt goýlupdyr. Onuň üstünde bir bethaýbat adam uklap ýatyr. Hatam öz-özüne: «Men şol adamy oýadyp, ýylanyň alyp gelen adamsynyň nirededigini soraýyn» diýip, oýlanyp durdy. Şol wagt ol aždarha şol adamy alyp köşge girdi. Ol adam heniz diridi. Aždarha Hatamy görüp, oňa tarap topuldy. Hatam derrew Mah periniň beren ýüzügini agzyna saldy we ol ýylanyň bilinden tutup, güýç bilen özüne tartdy. Ýylan bir owaz etdi. Tagtyň üstündäki adam muny eşidip oýandy we syçrap ýerinden turdy. Ol Hatama: – Eý, ýigit! Ol ýylany goýber! – diýdi. Hatam: – Ýylan adamy goýbermese, ol menden gutulmaz – diýdi. Ol bethaýbat adam: – Eý, ýylan, häzir bol! Bu ýigit seniň agzyňa giräýmesin. Eger ol agzyňa girse, onda tilsim bozular – diýdi. Hatam bu sözi eşidip, ýylanyň iki äňinden tutup, güýç bilen agzyny açdy we onuň içine girdi. Hatam görse onuň içi gümmez şekilli uly bir öý ýaly eken. Şol wagt Hatamyň gulagyna: – Ony iki para et! Bolmasa sen tilsimiň içinde galarsyň. Soňra ondan çykmaklygyň alajy tapylmaz – diýen owaz gelen ýaly we gözüne bir zat görünen ýaly boldy. Şol wagt şahy öküziňki ýaly bir janawer Hatama kömek edip, ony para-para edip taşlady. Hatam Hudaýtagalany ýat edip, hanjaryny alyp, ony bölekledi. Ol öküz janawer ýok boldy. Her dürli owazlar peýda boldy. Terslin-oňlyn şemallar turdy. Dünýäni suw aldy. Hatam suwa gark boldy. Suwda girdap peýda bolup, Hatamy düýbüne çekdi. Hatamyň aýagy baryp ýere degdi. Ol gözüni açyp baksa ol suw hem, ol bossanlyk hem, ol ýylan hem, ol bethaýbat adam hem ýok bolupdyr. Özi bir çölüň içinde galypdyr. Ol ýerde birtopar öli adamlar bar eken, birnäçe diri adamlar hem bar eken. Ýaňky guýa düşen adam hem şol ýerde ýatyr eken. Hatam ondan: – Eý, dogan! Seniň ahwalyň niçikdir? – diýip sorady. Ol: – Guýynyň düýbüne alyp giden ýylan meni bu ýere taşlady we gaçyp gitdi – diýdi. Hatam dirilere garap: – Indi siz Beýik Taňrynyň hemaýaty bilen bu tilsimlerden gutuldyňyz. Baryň öýňüze gaýdyň – diýdi. Soňra onuň ýeke özi ýola düşdi. Elbetde, hemme zatlaryň dogrusyny Beýik Taňrynyň özi ýagşy bilýändir! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |