15:07 Hatamnama: Garawul perileriň wakasynyň beýany | |
GARAWUL PERILERIŇ WAKASYNYŇ BEÝANY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Garawul periler oýanyp, Hatamyň ýokdugyny gördüler. Olar howsala düşüp, ony agtardylar. Emma ondan hiç bir nam-nyşan tapmadylar. Olar beýleki garawul perilere bu habary ýetirdiler. Olaryň hemmesi perişan we sergezdan boldular. Ýasawul periler: – Siziň gijä galmagyňyzyň sebäbi nämedir? Şaperi intizar bolup garaşýar – diýip soradylar. Garawul periler ýagdaýy aýtdylar. Onsoň ýasawul periler Şaperiniň dergähine gelip, Hatamyň ýok bolandygyny habar berdiler. Şa bilen döwletiň sütünleri bolan hemme periler gamgyn boldular. Olar garawul perilerden: – Bu nähili waka boldy? – diýip soradylar. Garawul perilerden biri: – Ol Hunaý periniň eline düşdi. Men Hunaý periniň onuň bilen aýşy-eşretde bolup ýörendigini gördüm – diýip, öz serkerdelerine mälim etdi. Ol serkerde peri baryp, Şaperä ýagdaýy arz etdi. Şaperi dergazap bolup, Menşa: – Eý, näpäk! Sen adamzat bilen gyzyňy bir ýerde goýup, hemmäni başagaý edýärsiňmi? – diýip, ýasawula käýedi we: – Hunaý bilen ol adamzady bu ýere alyp geliň! – diýip buýruk berdy. Ol Menşany, Hunaý perini we Hatamy şanyň dergähine alyp geldi. Hatamy görüp, şanyň inçe duýgusy oýandy. Hatam şa edep bilen salam berdi we oňa ýagşy dilegler etdi. Şa öz ýanyndan: «Hunaý periniň şu ýigide däli-mejnun bolmagy ýöne ýerden däl eken» diýip, Menşanyň we Hunaýyň günäsini geçdi. Ol Hatam üçin saçak ýazdyrdy we onyň üstüni dürli-dümen naz-nygmatlardan doldurtdy. Olar bile oturyp iýip-içdiler. Iýip-içilenden soňra şa: – Eý, juwan ýigit! Sen nireden gelip, nirä barýarsyň? Seniň ýeke özüň pyýada gezmegiň sebäbi näme? – diýip sorady. Hatam ornundan turup, oňa ýagşy dilegler etdi, soňra ýerine geçip oturdy we ol: – Men bir Ýemen ýurdyndan bolan pespäl adamdyryn. Meniň adyma Hatam bin Taý şa Ýemeni diýerler. Men Allatagalanyň ýolunda mätäç bendeler üçin janymy pida etdim – diýip, başyndan geçen wakalary başdan aýagyna çenli beýan etdi. Hatam Şaperiniň göwnüne ýarady. Ol: – Men Garagaş şa döwden Hatamyň adyldygyny we ynsaplydygyny eşidipdim. Onuň jemalyny bir görmekligi arzuw eýläp, köp azap çekdim. Hudaýa şükür, maňa bu gün arzuwyma ýetmeklik miýesser etdi – diýip köşeşdi. Şa peri Hatamyň sahylygynyň owazasyny eşidipdi. Ol tagtyndan düşüp, ony gujagyna alyp ogşady. Ol Hatamyň öz ýanyna gelmegine buýsandy. Oňa çakdanaşa köp hezzet-hormat etdi. Ençeme gün şunuň ýaly söhbet bilen geçdi. Bir gün ol Hatamdan: – Men Ýemende bir ökde tebip barmyş diýip eşitdim. Şony çagyryp bu ýere getirsem, nähili bolar? – diýip sorady. Ol: – Meniň ýalňyz oglum bar. Ol gözümiň nurudyr. Ençe wagt¬dan bäri onuň gözi agyrýar. Öz tebiplerimiziň eden emleri peýda bermedi – diýdi. Hatam: – Meniň hem bu kärden az-kem habarym bar. Men şazadanyň gözlerini bir görsem – diýdi. Şaperi Hatamy oglunyň ýatan ýerine alyp girdi. Ol oglanyň görki göýä göwheriň bir dänesi ýalydy. Onuň gözleri agyryp, gam-gussa düşüpdi. Hatam bir jam suw aldyryp, oňa Mahperiniň ýüzügini üç gezek çaýkady. Ol bir ýaglygy oňa ölläp, şazadanyň gözlerine ýapdy. Aradan bir sagat geçdi. Şazada uklady. Onuň gözleriniň agyrysy peseldi. Ol ukudan turup, gözlerini açdy welin, gözleri sagalypdyr. Ol muňa örän şatlandy. Şaperi, döwletiň wezir-wekilleri, mertebeli adamlary köp begendiler. Şaperi Hatama garap: – Şazadanyň gözi sagaldy. Emma onuň nur-şöhlesi kemdir. Onuň hem bir alajyny tap! – diýdi. Hatam: – Bu döwlet tilsim içindedir. Aýnul-haýat çeşmesinden suw içen bir daragt bardyr. Oňa: "Şemşat nury" hem diýip at berýärler. Ondan süýt ýaly päk suwuň damjalary damyp dur. Onuň bir damjasyndan ol daragt peýda boldy. Şazadanyň gözleriniň nury onuň bir damjasyndan soň, owwalkysyndan hem has röwşen bolar – diýdi. Bu söz olaryň barysyna hoş ýakdy. Emma bu işi bitirmeklik kyndy. Çünki, ol çeşmä garawul döwler köpdi. Olar hemişe häzir bolup durdylar. Şa: – Eý, döwletiň wezir-wekilleri! Kim bu işi bitirse, men oňa bu döwletde bar bolan haýsy bir zady islese şony hem bererin – diýdi. Hunaý periden başga hemmäniň başy aşakdy. Ol özüne tabyn bolan perilere baş bolup, tilsimlere tarap ýola düşdüler. Ol uçup, hemme perileri yzda galdyrdy we ýeke özi Aýnul-haýat çeşmesine gadam goýdy. Bu wagt çeşmäniň garawulçylygyna wekil döwler süýji ukuda ýatyrdylar. Hunaý peri ol agajyň nuruny tapyp, onuň şerbetinden bir çüýşäni dolduryp alyp, onuň agzyny mäkäm baglap durdy. Şol wagt döwlerden biri ukudan oýandy. Görse, bir ýat peri dur. Ol nagra çekip, Hunaý perä topuldy. Bu hysyrda beýleki döwler hem oýanyp, olar hem hüjüme geçdiler. Hunaý peri Hudaýtagalany ýat edip uçdy. Ol döwlerden saýlandy we tilsimler perdesinden çykdy. Ol bir gök otly ýere ýetip, ýere düşüp, demini dürsedi. Ol täzeden uçdy we az pursatda Şaperiniň ýanyna ýetip, oňa çüýşäni sowgat berdi. Şaperi muňa çaksyz begendi. Ol Hunaý perini ähli perilere ýolbaşçy edip belledi. Hatam şol wagt çüýşäniň agzyny açyp, iki damjasyny bir jama damdyryp, Mahperiniň ýüzügini oňa çaýkady, soňra ony şazadanyň gözüne sürme ýaly edip çekdi. Ol onuň gözüni iki sagat baglap goýdy we açdy. Onuň gözi öňküsinden has nurly boldy. Şazada özüni Hatamyň aýagyna taşlady. Hatam ony gujagyna alyp, ýüzünden-gözünden ogşady. Bu ýerde bar bolan periler şazadany gutladylar. Olar öz adatlaryna görä, dep kakyp, tüýdük çaldylar. Şaperi halky ýygnap, uly toý-tomaşa etdi. Uzak-ýakyndan gelen her hili suratdaky periler bu meýlise gatnaşdylar. Olar şazada ýagşy dilegler edip gitdiler. Hatam üçin köp baýlyk ýygnaldy. Şaperi hem oňa köp jöwher, gymmatbaha merweritleri peşgeş berdi. Hatam: – Eý, şa! Maňa dünýä maly gerek däl. Hor-homsy bendeleri şat etseler we goluňdaky ýüzügi maňa bagyşlasaň men razy bo¬laryn – diýdi. Şa: – Eý, Hatam! Men ony saňa bagyş edýärin. Men ony Nagym bilen hoja Harysyň gyzy biri-birleri bilen tapyşmak üçin berýärin – diýdi. Ol Hatamy toý üçin bezäp geýindirdi we ol ýüzügi oňa berdi. Ol ýüzügiň häsiýetinden ýeriň astynda gömlen we ýeriň üstünde ýygnalan hazynalardaky dürli görnüşli göwherler ýüze çykyp göründi. Hatam onuň ýüzüginiň keramatly häsiýetleriniň bardygyny bildi. Hatam Şaperiden gitmeklige rugsat aldy. Ol özüne berlen ähli baýlyklary alyp, döwlere göterdip ýola düşdi. Şaperi bilen şazada ony bir-iki menzile çenli ugratdylar. Şaperi perilere: – Hatamy Garabaş şanyň serhedine çenli ýetiriň – diýip tabşyrdy. Hatam Şaperi bilen hoşlaşyp ýola rowana boldy. Ol Hunaý periniň bagyna baryp ýetdi. Hatam bu ýerde bir hepde bolup, aýşy-eşret sürdi. Hunaý peri Hatama köp mähribanlyk etdi. Soňra Hatam onuň bilen hoşlaşyp, öz mekanyna barmaklygy niýet edip ýola düşdi. Dürli keşpli periler Hatamy Garabaş şanyň serhedine ýetirdiler. Garabaş şa Hatamyň gelmegine köp şat boldy. Ol Hatama üç günläp myhmandarlyk etdi, oňa köp zatlary peşgeş berdi we döwlere: – Hatamy gowagyň başlanýan ýerine eltip goýuň – diýip tabşyrdy. Garabaş şa Hatam bilen hoşlaşyp, öz köşgüne gitdi. Hatam ýene ýola girdi we Nagymyň saraýyna baryp ýetdi. Ol Nagym bilen duşuşdy we özi bilen getiren zatlaryny getirip, onuň ýanynda goýdy. Hatam bilen Nagym ikisi bir gije oturyp, söhbet edip geçirdiler. Säher bilen bu ikisi hoja Harysyň öýüne bardylar we onuň myhmany boldular. Melike perdäniň içinden Hatamyň başyn-dan geçiren wakalaryny aýdyp bermekligi sorady. Hatam gören-eşiden zatlaryny beýan edip berdi we oňa Şaperiniň ýüzügini gowşurdy. Melike ony barmagyna dakdy. Oňa ýeriň astynda gömlen we ýeriň üstünde ýygnalan hazynalaryň hemmesi aýan bolup göründi Melike muňa köp hoşal boldy. Hatam: – Eý, Melike! Seniň ýene näme şertiň bar bolsa aýt. Men ony bitirip, saňa hyzmat edeýin – diýdi. Melike: – Meniň şertlerim tamam boldy, indi erk-ygtyýar seniň öz eliňdedir. Men saňa kenizek boldum – diýdi. Hatam: – Men seni Nagym doganyma bagyşladym – diýdi. Melike muňa razy boldy we toý serenjamyny tutdy. Bu ýeriň öz däbine görä, toý edildi. Iki aşyga nika gyýyldy we olar biri-biri bilen tapyşdylar. Hatam olara ýagşy dilegler etdi. Ol bu işlerden boşandan soňra, hoşlaşyp ýene ýola düşdi. Hatam Hudaýtagaladan ýagşy dilegler edip, käte çöl-sähralary, käte bolsa obadyr şäherleri gezdi. Ol bir gün bir derýanyň kenaryna baryp ýetdi. Ol derýanyň kenaryny tomaşa edip barýardy. Ol derýanyň ýakynynda bir galany gördi. Hatam onuň uly we beýik derwezesiniň alkymyna bardy. Derwezä şu beýt ýazylypdyr: Ýagşylyk derýaga ki kyl jandan Ujrny Hak berer beýewandan Hatam bu syry görüp, şükür seždesini etdi. Ol derwezäni kakdy. Içerden zerli eşik geýnen bir hyzmatkär çykyp derwezäni açdy. Ol hyzmatkär görse, bir mysapyr gelipdir. Ol ony myhmanhana alyp bardy we oňa hormat bilen myhmandarlyk etdi. Aradan köp wagt geçmänkä, orta desterhan ýazyldy, onuň üstüne dürli-dümen tagamlar goýuldy. Şol wagt gapydan bir aksakal adam gelip girdi. Ol hormat bilen Hatama salam berdi. Hatam salama jogap gaýtardy. Olar iýip-içip bolanlaryndan soňra, ol aksakgal Hatamdan: – Eý, juwan ýigit! Sen nireden gelip, nirä barýarsyň? Seniň pyýada ýörmekligiň maksady nämedir? – diýip sorady. Hatam başyndan geçen ähli wakalary başdan-aýagyna çenli birin-birin beýan etdi. Ol Hüsniýe Banuwyň ýedi sowalynyň aslyny bilmek üçin gelendigini aýtdy. Ol: – Men ikinji sowal üçin çykypdym. Bu gün men ol sowaly siziň derwezäňizde ýazylgydygyny gördüm. Siz maňa bu sowalyň aslyny beýan ediň. Men iki sowaldan ötüp, üçünji sowala gadam goýsam gerek. Eger meniň asly nesebimizden sorasaňyz, men Hatam ibn Taý şa Ýemenidirin. Men Allatagalanyň ýolunda mätäç bendelerine janymy pida etdim – diýip, sözüni tamam etdi. Ol aksakgal: – Men owal garakçylardandym, mydama işim ogrulykdy. Men şonuň ýaly bozuk işlere meşgul bolardym. Men bu bozuk kärimden tapan zadymdan her gün iki tegelek nany alyp derýa taşlardym. Ony iýen jandarlar maňa ýagşy dilegler eder diýip, men umytda bolardym. Şunuň ýaly ýagdaýda ömrümi ötürýärdim. Taňrynyň kazasy bilen bir kesele uçradym we heläk bolmaklyga ýakyn geldim. Bu bihudalykda wagtym iki sany nowjuwan görmekli ýigidi gördüm. Olar maňa salam berdiler we: – Siz bizi tanaýarsyňyzmy? Biz siziň derýa taşlan nanyňyzy iýip-içen ýigitlerdiris. Indi biz size goldaw bermeklige geldik – diýip, gözüme ajaýyp zatlary görkezdiler. Olar ýene: – Sen bu ýaman işleriňe toba et. Allatagalanyň buýrugyny berjaý edip, onuň razylygyny gazan. Hudaýyň rehmetinden umydyňy üzme. Nesibäň Hudaýdan geler – diýip, gözden gaýyp boldular. Men gözümi açyp seretsem, keselimden gutulypdyryn. Men çyn ýüregimden toba etdim. «Mundan beýläk ýaman işleri etmerin» diýip, Hudaýtagalany şaýat tutundym. Ýene iki nany derýa taşlamak üçin nan taşlaýan ýerime bardym. Görsem, ol ýerde köp tyllalar bar. Men köp hyýala batdym: «Bu altynlar derýada gark bolup ölen bir kişiniňki bolsa gerek. Eýesi bolsa bulary oňa tabşyraryn» diýip oýlandym we olary öz ýanym bilen alyp geldim. Ertesi nan alyp, şol ýere ýene bardym. Görsem, ýene şonça altyn bar. Men olary hem alyp gaýtdym. On günüň dowamynda bu waka şeýle ýagdaýda gaýtalandy. Men gaty aljyradym. Men gije ýatamda ol iki ýigidi düýşümde gördüm. Olar: «Baýlyk saňa gaýypdan berlen halal nesibäňdir. Tä ajalyň ýetýänçä saňa her gün şunuň ýaly baýlyk bagyş etdiler. Sen ony Beýik Taňrynyň ýolunda haýyr-yhsan üçin ulan» diýdiler we gaýyp boldular. Şu ymaratlaryň haly-düşekleriň hyzmatkärleriň hemmesi Taňrynyň bagyşlan şol zatlarydyr. Men hemişe haýyr-yhsan edýärin. Derwezäniň beýikliginiň sebäbi men oňa şu beýti ýazyp goýdum: Ýagşylyk derýaga ki kyl jandan, Ujrny Hak berer beýewandan. Ol sözüni tamam etdi. Ol Hatamy üç-dört gün myhman aldy we Hatamyň göwnüni şat etdi. Hatam ol pir bilen hoşlaşyp, Husnabada tarap ýola düşdi. Ol köp ýol muşakgatyny çekip, Husnabada gelip ýetdi. Ol köşge baryp şazada Müniri gördi. Olar söhbetdeş bolup, bu gijäniň oturyp geçirdiler. Melike Hatamyň gelenini eşidip, enekesini onuň ýanyna iberdi. Eneke Hatamyň habaryny aldy we onuň hatyny Melikäniň dykgatyna ýetirdi. Melike haty okap haýran galdy. Eneke: – Eý, Hatam! Indi sen Melikäniň emri nähili bolsa hem üçünji şerte taýýar bolup dur – diýdi. Ol Hatamy öz saraýyna ugratdy. Hatam bilen şazada Munir bu gijäni saraýda geçirdiler. Ertesi Melikäniň enekesi Hatamy ertirlik berip naharlady. Ol Hatama pul bilen iki däne zümerrediň üstüne bir hat goýup getirdi. Eneke: – Bu zatlar saňa ýol harjy bolsun – diýip, Melikäniň habaryny ýetirdi. Eneke Hatam bilen hoşlaşyp, Melikäniň ýanyna gitdi. Hatam ol haty açyp okady. Ol hatda Melike ilki Hudaýtagalany taryplap, soňra çöl-sähralarda, köp wagtdan bäri şu beýdiň okalýandygyny ony okamaklykdan asla ýaltanylmaýandygyny ýazýar: Her kişi pygly betni eýledi paş. Ki boldy ol özüne ýaman ýoldaş. Eden ýamanlygy özüne ýaman ýoldaş bolan adam niçik adamdyr? Bu sözüň aslyny, bu beýdiň manysyny bilip geliň. Dördünji sowal hem taýýardyr. Çapa taýýarlan Gurbangül GUZUÇYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |