21:43 Hatamnama: Gerdan şa we Husniýe Banu hakynda hekaýat | |
HATAMNAMA
Halk döredijiligi we rowaýatlar
BЕÝIK ALLANYŇ ADY BILEN Elbetde, rehimdar we jomart Taňry taryplanmaga mynasypdyr. Iki dünýäniň hökümdary we hemme älemleri ýaradyjy Taňrynyň tarypy çensiz-çäksizdir. Ol äşgär we gizlin zatlaryň syrlaryny anyk bilijidir. Onuň mertebesiniň möçberi çäksizdir we beýikliginiň ölçegi gutarnyksyzdyr. Ol başlangyjynyň başy we ahyrynyň soňy bolmadyk Taňrydyr. Onuň sansyz naz-nygmatlar eçilmek bilen ynsana eden sylag-hormatyna ýüz-de müň gezek şükür bolsun! Taňrynyň ýagşy gören dosty, yslamyň bagt ýyldyzy, günä-dertleriň tebibi Muhammet alаýhyssalama, onuň asylly nesil-neberesine, yslamyň adalat tuguny berk tutan çaryýarlara we pygamberiň ýoluny päklik bilen dowam etdiren wepadar sahabalaryň hemmesine, ýalkaw we alkyş bolsun! Eý, älemleriň hökümdary bolan Taňry! Biziň dileglerimizi öz dergähiňde kabul etgeý sen! Rowaýatlarda getirilişine görä, Hatam ibn Taý kämillik ýaşyna ýetenden soň, tä, otuz bäş, kyrk ýaşyna çenli dünýäni aýlanyp gezipdir. Onuň ölen wagty barada käbir kitaplarda: «Iki dünýäniň hojasy Muhammet alаýhyssalama pygamberlik bagtyýarlygy inderilen wagty bilen Hatamyň wepat bolan wagtynyň arasynda ýüz elli ýyl ýatyr» diýilýär, käbir taryhy kitaplarda bolsa: «Mundan az ýa-da köp wagt geçipdir» diýlip aýdylýar. Pygamber alаýhyssalama pygamberlik mertebesi kyrk ýaşynda inderilýär we bu möhüm waka 610-njy milady ýylyna gabat gelýär. Danalaryň sözlerinden we rowaýatlaryň inçeliklerinden ussatlyk bilen baş alyp çykýan alymlaryň akyl-paýhasyna mälim bolan maglumatlara görä, Hatamyň ýedi arkasyna çenli bolan ata-babasynyň atlary şeýle usulda beýan edilipdir: Hatamyň atasy Taý, onuň atasy Kehlan, onuň atasy Rasan, onuň atasy Nahşap, onuň atasy Kahtan, onuň atasy Hud, onuň atasy Emaýe. Emaýe Ýemen welaýatynyň hökümdarydy. Onuň daýhançylyk kesbi bardy. Emaýe dünýäden ötdi. Huda ondan diňe daýhançylyk kesbi miras galdy. Ol atasynyň kesbini ýöredip daýhançylyk bilen meşgul boldy. Onuň daşyndan ol öz ýurdundaky her bir iş we waka barada pikirlenip gezerdi. Onuň kalbyna hökümdarlyk etmek hoş geldi we bu höwesiň ugrunda dürli hyýallara mündi. Ahyrsoňunda ol hyýallaryny bir maksada jemledi. Ol dogan-garyndaşlaryny ýygnap, olara myhmandarlyk etdi, isleg-arzuwlaryny aýdyp, maslahat sorady. Dogan-garyndaşlary oňa: – Sen Ýemen ýurdyna häkim bolmak isleýän bolsaň, bu işde biziň hemmämiziň jem bolmagymyz we agzybir bolmagymyz gerek. Bu uly işdir, bolmasa ol iş gola girmez – diýdiler. Hud: – Siz agzyňyzy bir edip güýç toplaň – diýip, olara söweş geýimlerini we ýaraglaryny berdi. Ol ýene: – Siz bu işi amala aşyrmakda maňa goldaw bermäge ra-zylyk beriň we dilegde boluň, şonda Beýik Taňrydan ýardam bolup, men Ýemeniň soltanyndan täç-tagty we hökmürowanlygy alaryn – diýdi. Şeýlelik bilen, Hud olardan ýagşy niýet bilen pata aldy. Hud işiň abyny-tabyny bilýän birnäçe adamlary ýanyna ýygnady. Olary ýaraglar, söweş geýimleri we harajatlar bilen üpjün etdi. Bularyň hemmesi gylyç, naýza we ýaý ulanmaga ök¬dediler. Şol wagt Ýemeniň soltanyna: – Emaýäniň ogly Huduň seniň bilen uruş etmek hyýaly bar – diýip, habar berdiler. Soltan dergazap bolup, özüne garaşly bolan on sany pälwana leşger bilen Huduň üstüne barmaklyga buýruk berdi. Bu ýakymsyz habary Huda ýetirdiler. Huduň esgerleri hem ätiýaç¬lygy elden bermezlik üçin naýza we gylyç bilen ýaraglanyp, söweşe taýýar bolup durdular. Elkyssa, şäher tarapdan Ýemen soltanynyň pälwanlary göründi. Bu gije iki tarapyň leşgeri hem ýaýdanşyp durdular. Daň atyp, gün çykandan soň olar söweşe taýýar bolup, söweş meýdanyna tarap ýüz goýdular. Söweş meýdany uly tomaşa meýdanyna öwrüldi. Bu wakany görenler: «Beýik Taňry bu gün kimiň ýüzüne rahatlygyň şemalyny ösdürmekligi, kimiň başyny göwresinden aýryp, heläkçilik çukuryna togalamaklygy we kimiň başyna döwlet täjini atmaklygy laýyk gördikä?» diýip aýtdylar. Batyrlar ýeke-ýekeden çykyp, güýç-kuwwatlaryny we hünärlerini görkezdiler. Esgerler gyzyşyp, bäş-bäşläp, on-onlap, ýüz-ýüzläp, söweş meýdanyna çykdylar. Ahyrynda uruş soňlandy. Soltanyň goşuny ýeňlişe sezewar boldy. Ol ölülerini, ýaralylaryny we ýaraglaryny söweş meýdanynda taşlap, şähere tarap gaçyp gitdi. Ýemeniň soltany bu ýeňlişiň öwezini dolmak maksady bi-len ertesi hasapsyz goşun ýygnap, täzeden Huduň üstüne ug-rady. Soltanyň esgerleri hem, Huduň esgerleri hem sap düzüp, nyzama durdular. Ol günüň gündizi-de gijesi-de ötdi. Ertesi gün dogandan soň, iki tarapyň leşgerleri ýene-de söweşe girdiler. Söweş örän gandöküşikli boldy, emma birnäçe hüjümlerden soň, uruş soňlandy. Beýik Taňry özüniň syrly gudraty bilen Huda ýardam berdi. Soltanyň leşgeri ýene-de ýeňlişe sezewar boldy. Soltan bu söweşde hem ýeňlişse sezewar bolandan soň, ölüm şerbetini içmekligi ýüregine düwdi. Ol bu şerbeti içdi we panydan baka tarap göç etdi. Şäher halky we esgerler jemlenişip, agzybirlik bilen Huduň aýagyna tabynlyk başyny goýdular we ondan özlerine geçirimlilik etmegini soradylar. Hud bularyň etmişini bagyşlady we olara mähribanlyklar etdi. Hud özüni hökmürowanlyk tagtynda bagtyýar halda görüp, tagta çykyp oturdy we ýurt işlerini adalatly dolandyryp başlady. Raýatyna ýardam berdi we özüne tabyn adamlary bagtyýar etdi. Olar ençe wagta çenli gaýgy-gamsyz döwran sürdüler we şadyýanlykda günlerini geçirdiler. Welaýatlar örän abadanlaşdy. Munuň ýaly rahatlyk henize çenli bolmandy. Hud garrap, ahyret saparyna taýýarlandy hem-de bir gün ajal şerbetini noş etdi. Ol täjini we tagtyny ogly Kahtana miras bermekligi äht edip, gitse gelmez ýoluna gadam goýdy. Kahtan hem öz gezeginde ýurdy adalatlylyk bilen dolandyrdy hem-de atasynyň ornaşdyran adatlaryny ýöretdi. Raýatyna we esgerlerine elmydama hemaýat ederdi. Ol hem bir gün ahyrýet saparyna azygyny taýýarlap başlady. Ol bu dünýäde at we mertebe gazanypdy. Emma ol ahyrýete şeýle mertebe bilen barmaklygy özüne laýyk hasaplamady. Şonuň üçin hem ol tagtyndan, täjinden ýüz dönderip, hökümdarlygy ogly Nahşaba tabşyrdy. Ol hem şeýdip, baky dünýä sapar etdi. Täç-u tagt Nahşaba ýetdi. Emma ol hökümdarlygy atasy ýaly adalatly alyp baryp bilmedi. Onuň hökümetine duşmanlar her tarapdan päsgel berdiler. Ol az wagtlap hökümdarlyk etdi we ajal sakysyndan ölüm şerbetini alyp içdi. Onuň täji-tagty ogly Rasana geçdi. Ol Ýemen döwletine eýe bolandan soň ýurtda perwaýsyzlyk bilen iş alyp bardy, raýatynyň hal-ýagdaýyndan habar almady. Ol şalygyň aladasyndan çykyp bilmän, bu az pursatlyk dünýäden ahyrete tarap sapar etdi. Onuň täji-tagty ogly Kahtana miras galdy. Kahtan kişä zyýan hem bermän, peýda hem ýetirmän, ýurda ortaça hökümdarlyk etdi. Onuň hem ajal möhleti gelip ýetdi we jahan mülkünden ýüz öwürdi. Onuň orny ogly Taýa miras galdy. Ol Ýemeniň täji-tagtyna eýe boldy. Taý şa ýagşy niýet bilen hökümdarlyk işine girişdi. Ol Hud babasynyň ýola goýan işlerini tutdy. Ol Ýemeniň topragyny duşmanlardan azat edip ony abadan saklady. Esgerlerdir raýatlaryň ählisi şadan razy boldular. Onuň hökümdarlyk eden döwründe döwletiň hazynasy baýlykdan doldy. Onuň hökmürowanlygynyň dabarasy gün-günden ýokary göterildi. Döwleti eşretli günlere ýetdi. Beýik Taňry oňa bir ýagşy perzent bermekligi mynasyp gördi. Onuň aýaly hamyladar boldy. Aýalynyň hamylalyk wagty dolup, ondan bir ogul dünýä indi. Taý şa Taňrynyň bu sahylygynyň haky üçin garyp-gasarlardan salgyt almady. Taý şa şol wagt ähli akyldarlary ýygnady we olardan ogluna bir ýagşy at dakmaklaryny sorady. Alymlar ýyldyz ylmyna garap, onuň täleýine bakyp gördüler. Olar: – Bu ogluň täleý ýyldyzy çaksyz belentdir. Onuň ykbal-döwleti beýik bolar. Ol hümmet guşagyny biline baglap, hemişe mätäçleriň, garyp-gasarlaryň we ýetimleriň köňlüni şat eder. Ýyldyz ylmynyň görkezmegine görä, bu oglanyň ady Hatam bolsun – diýdiler. Taý şa muňa köp şat boldy we olara oňat serpaýlar peşgeş berdi. Ol şol günde doglan oglanlary alyp gelip, olary Hatam bilen bir ýerde terbiýelemekligi buýurdy. Elkyssa, bular on ýaşdan on iki ýaşa gadam basdylar. Taý şa olaryň hemmesine eýer-esbap taýýarlap berip, her birini bir ata mündürdi we olary şäheriň köçelerinde gezdirdi. Ol bu işi bir garyp ýa-da bir ýolagçy görse, onuň göwnüni hoşlamak üçin edýärdi. Hatamyň göwni ýukady. Ol awa çykanda hem hiç bir haýwany endamyna ýara salyp tutmazdy. Ol haýwanlary duzak gurmaklyk bilen ýa-da elguşa buýurmaklyk bilen tutardy. Ol hiç wagt gaty söz sözlemezdi. Ol günäkär adam bilen hem ýumşak sözleşerdi. Mylaýymlykda we görmegeýlikde onuň bilen bäsleşip biljek adam ýokdy. Ol haýsy bir köçeden geçse, aşyklaryň nalasyny eşiderdi we şol ýerde säginip, Beýik Taňrydan olara sabyr-kanagat bermekligini diläp, olary köşeşdirerdi. Soňra ýoluny dowam etdirerdi. Hatam bir gün awa-şikara çykdy. Ol ýoluň üstünde bir şire sataşdy. Onuň gorkusyndan ýaňa endam-jany titredi hem-de ony gylyç bilen çapmakçy boldy, birden onuň kellesine: «Bu hem Taňrynyň ýaradan mahlugydyr. Oňa azar bermeklik ýagşy iş bolmaz. Men özümi şu şire tabşyraýyn» diýen pikir geldi. Ol atyndan ýere düşüp, şiriň ýanyna ýuwaşlyk we mylaýymlyk bilen ýöräp bardy. Ol şire tagzym bilen egilip, salam berdi hem-de: – Eý, haýwanlaryň şasy! Eger saňa adam eti gerek bolsa, ine, men Hudaýyň ýolunda taýýar bolup durun. Men özümi saňa bagyşladym. Eger saňa atyň eti gerek bolsa, ine, atym hem taýýardyr. Sen işdäň baryndan haýsy birini isleseň, şony iý, eger iki jan gerek bolsa, ikisi hem taýýardyr – diýdi. Şir bu sözleri eşidip, yşarat bilen tagzym etdi we öz ýoluna gitdi. Elkyssa, munuň ýaly işler Hatamyň başyndan ençeme ge-zek geçdi. Emma ol hergiz olara gynanmazdy. Onuň adaty haýyr-yhsan etmekdi. Elbetde, hemme zadyň dogrusyny Beýik Taňrynyň özi ýagşy bilýändir! • GERDAN ŞA WE HUSNYÝE BANU HAKYNDA HEKAÝAT Rowaýatda aýdylşyna görä, Eýran ýurdunda bir uly welaýat bardy. Onuň adamlarynyň hemmesi baý we kuwwatly kişilerdi. Olaryň Gerdan şa atly özlerine laýyk şasy bardy. Onuň hetdenaşa köp hazynasy we esgerleri bardy. Patyşanyň dili gije-gündiz dogalary sanardy. Ol patyşa özüni adyl şa saýýardy. Ol öz ogly hem şerigata laýyk gelmeýän bir iş etse, ony adalatly höküm edilmegine tabşyrardy. Beýik Taňry oňa şu döwlete mynasyp owadan bir gyz berdi. Onuň ady Nädireýi Döwrandy. Onuň jemalyna we mylaýym gylyk-häsiýetine taý gelip biljek gyz ýokdy. Onuň ýüzünde we maňlaýynda on dördi gijäniň aýynyň töweregindäki ýyldyzlar ýaly görk berip duran hallary bardy. Gerdan şa ony örän gowy görerdi. Günlerde bir gün Hoja Berzeh atly asly mertebeli maşgaladan bolan uly söwdagär Taňrynyň takdyry bilen Gerdan şanyň ýanyna geldi. Gerdan şa ony gowy görerdi. Ol Nädireýi Döwrany oňa nikalap berdi, olara şäheriň ortasyndan bir ýer satyn aldy we ol ýerden beýik ymarat saldyrdy. Şa gyzy Nädireýi Döwran bilen hoja ol jaýda ýaşap başladylar. Aradan birnäçe wagt ötüp, şa gyzy Nädireýi Döwran Hoja Berzehden göwreli boldy. Göwreliligiň möhleti dolup, enesin-den hem birnäçe esse owadan bir gyz dünýä indi. Gerdan şa we uly-kiçi adamlar bu waka şat boldular. Olar bu gyz üçin Beýik Taňra minnetdar boldular we onuň adyna Husnyýe Banu dakdylar. Ol gyz ýedi ýaşyna ýetende Nädireýi Döwranyň kazasy dolup, bu ötegçi dünýäden baky ahyrete gadam goýdy. Az wagtdan soň, Hojanyň hem nesibesi üzülip, bu dünýä bilen hoşlaşyp, ahyret saraýyna sapara gitdi. Hemme emläk we howly Husnyýe Banuwyň ygtyýaryna miras galdy. Şondan soň Husnyýe Banu bir hepde Gerdan şanyň köşgünde we bir hepde öz öýünde bolup, gün geçirerdi. Ol on ýaşyna bardy. Bir gün Husnyýe Banu penjiräniň aňyrsyndan daşarynyň gözel görnüşine seredip lezzet alyp otyrdy. Onuň gözi uly köçeden geçip barýan bir eziz adama düşdi. Onuň bilen iki ýüz adam altyn kerpiji we iki ýüz adam kümüş kerpiji elinde göterip barýardy. Olaryň her biri öz kerpijini onuň aýagyny basjak ýerine goýýardy, soňra ol kerpijiň üstünden ýöräp geçenden soň, ony galdyrýardy we ýene ylgap kerpijini onuň gadamynyň astyna täzeden goýýardy. Ol şunuň ýaly uly hormat bilen ötüp barýardy. Husnyýe Banu enekesinden: – Ol adam kim? Bu waka nämäni aňladýar? – diýip sorady. Enekesi: – Bu adam Gerdan şanyň piridir. Eý, gyz! Sen asla biedeplik etme! – diýdi. Husnyýe Banu bu wakany görüp haýran bolup galdy. Bir gün onuň ýadyna şol bereketli kişi düşüp, Gerdan şanyň ýanyna bardy. Ol: – Eger rugsat berseňiz men siziň kalby nurly piriňizi myhmançylyga çagyrjak? – diýip, atasyna arz etdi. Gerdan şa gyzynyň bu teklibine şat boldy we: – Sen ony pylan gün myhmançylyga çagyr – diýip, rugsat berdi. Husnyýe Banu bu sözden hoşwagt bolup, öýüne gaýtdy. Ol tä, şol gün gelýänçä bikarar boldy hem-de myhmany kabul etmek üçin taýýarlandy. Ol enekesine: – Sen ol şyha: «Seni şa gyzy ertir myhmançylyga çagyrýar» diýip, aýdyp gaýt – diýip buýurdy. Eneke şa gyzynyň öýündäki hyzmatyny bitirip bolandan soň, çadyrasyny başyna alyp, şyhyň ýanyna gitdi. Baryp şyha şa gyzynyň salamyny ýetirdi we şa gyzynyň ertir ony myhmançylyga çagyrýandygyny aýtdy. Şyh bu çakylyga şat boldy we şa gyzynyň teklibini kabul etdi. Eneke begenip, şa gyzynyň hyzmatyna gaýdyp geldi. Bu hoş habara olar bilelikde şatlandylar. Olar tutuş gijäni ertirki myhman kabul edişlige taýýarlanyp geçirdiler. Ertesi gün naýza boýy ýokary galanda, ol şyh atly, şägirtleri bolsa pyýada gözýetimde peýda boldular. Şägirtleri onuň ýörejek ýolunyň iki gyrasyna altyn we kümüş kerpiçleri goýdular Şyh altyn we kümüş kerpiçleriň üstünden ýöräp, şa gyzynyň howlusyna ýetip geldi. Saraý hojalary bulary myhmanhanada düşürdiler hem-de tagzym bilen olara myhmandarlyk etdiler. Bu gije tä daň atýança hoşamaý söhbet bilen ötdi. Olar tä gelen wagtlaryna çenli bu ýerde boldular. Şa gyzy olaryň hemmesine gymmatbahaly halat-serpaýlar ýapdy, dürli-dümen naz-nygmatlar eçildi. Şyhyň özüne bir at we dokuz gat eşik sowgat berdi. Şyh şa gyzyna pata berdi we ýagşy dilegler etdi, soňra ol rugsat sorap, öz mekanyna tarap atlandy. Ol özüne berlen peşgeşlerden hoşal boldy. • Ogrularyň Hojanyň öýüni talap gidişleri bilen baglanşykly hekaýat Bu myhmançylykdan soň, biraz wagt geçdi. Bir gije şa gyzy ukusy tutmansoň ýerinden turdy. Daşardan nätanyş adamlaryň hyşy-wyşy sesleri eşidildi. Ol işige bukulyp, seredip görse, şyhyň baştutanlygynda dört ýüz sany zäkir gamyş boýradan başga köp sanly öý esbaplaryny we haly-palaslary arkalaryna alypdyrlar. Olar şa gyzynyň hyzmatkärleriniň birnäçesini ýaradar, birnäçesini bolsa şehit edip çykyp barýardylar. Şa gyzy dat-bidat etmek purasatynyň bireýýäm ötüp gidendigini bildi. Onsoň ol enekesini oýardy we ony bu wakadan habardar etdi. Eneke olaryň şyh bilen onuň sopularydygyny anyk bildi. Ol ikisi näme çäre görjekdigini bilmän oturdylar. Olar ertesi säher bilen turdular we Gerdan şanyň kabulhanasyna baryp: – Öten agşam köp ogry amatly pursat tapyp öýümiziň gamyş boýradan başga zatlaryny hiç zat goýman talap gitdiler. Emma biz ol ogrulary ýagşy tanadyk. Olar siziň piriňiz we onuň sopulary eken. Piriň kerpiç göterýän sopulary şa gyzynyň hyzmatkärleriniň birnäçesini ýaradar we birnäçesini şehit edip gitdiler – diýip, arzlaryny patyşanyň mübärek gulagyna ýetirdiler. Gerdan şa bir-iki gezek uludan demini aldy, soňra şa gyzy bilen enekä gazap bilen bakyp: – Eý, töhmetçiler! Siz meniň pirime näme üçin munuň ýaly töhmet atýarsyňyz? Töhmet atmaga dünýäde başga adam tapylmadymy? – diýdi. Şol wagt şanyň endamynda saňňyldy peýda bolup, dünýäni garaňkylyk gaplap aldy. Ol öz-özüne erk edip bilmän: – Eý, jellatlar! Bu ikisiniň başyny goýnuň kellesini kesen ýaly kesip, tenlerinden jyda ediň! Olaryň göwresini hindi ýaly oda köýdürip, külüni asmana sowruň. Goý, bularyň bu älemden atlary öçüp gitsin! – diýip, höküm etdi. Jellatlar ol ikisini şanyň ýanyndan alyp çykdylar. Olar hökümi Gerdan şanyň buýruşy ýaly berjaý etmekçi boldular. Gerdan şanyň wezirlerinden biri şany taryp etmeklikden soňra: – Eý, şa! Beýik mertebeli Keýumersden bäri, hiç bir patyşa aýal maşgalanyň ganyny dökmedi. Şeýle hem, bu gyz öz perzendiňizdir. Meniň size berjek maslahatym, siz ony bir çöl-beýewana eltip taşlaň. Şondan soň ol ölen hökmünde bolar – diýip, patyşadan rugsat sorady. Patyşa oňa rugsat berdi. Şondan soň wezir şa gyzy bilen enekesini jellatlaryň elin-den çekip aldy we özi baş bolup, olary bir çöl-beýewana eltip taşlady. Ol ýerde asla janly-jandar ýokdy. Weziriň olara haýpy gelip: – Eý, gözümiň nurlary! Eger işiňiz hak bolsa, onda siz halaslyk daňyna çykarsyňyz. Men sizi Beýik Taňra tabşyrdym – diýip, gözýaş dökdi. Ol bulara birnäçe wagta ýetjek azyk bilen suw goýup, şähere sary rowana boldy. Ol ikisi bu iňlär siňek ýok çölde ýeke-ýalňyz galdylar. Gün gyzdy, olar yssydan ýaňa muşakgat baryny çekdiler we oňa çydaman gündizi bihuş bolup, geçirdiler. Olar gijäni biri ýatyp, beýlekisi oýa bolup ötürdiler. Ertesi gündiz olar dynç alar ýaly ýer gözläp geçirdiler. Birnäçe günden soňra uzakdan bir daragt göründi. Olar ýykylyp-sürşüp, şol daragta tarap rowana boldular. Elkyssa, ol ýere baryp ýetdiler. Görseler, ol daragt bir çeşmäniň başynda gögeripdir. Olar şol daragtyň saýasynda mekan tutmaklygy makul bildiler. Ol daragtyň aşagy salkyn we jana ýakymlydy. Olar özlerini şeýle eşretli ýere ýetirendigi üçin Beýik Taňra: «Sen beýle çöl-beýewanyň içinde hem arassa suw bitirip, ejiz bendeleriňe rysgal berijisiň!» diýip, alkyş baryny aýtdylar. Gijäniň ýarymyna çenli şa gyzy uklardy, enekesi bolsa garawulçylyk çekerdi, soňra enekesi ýatyp, şa gyzy gijäniň galan wagtyny oýalykda geçirerdi. Şeýle ýagdaýda birnäçe gije-gündiz geçdi. Bir gije şa gyzynyň nobatynda säher wagtynda iki sany guş gelip, ol daragtyň başyna gondy. Olar mylaýym owaz bilen Beýik Taňrynyň zikirini edip saýradylar. Şa gyzy hem olar bilen goşulyşyp zikire meşgul boldy. Guşlar zikiri tamamlap, dile geldiler hem-de biri beýlekisine: – Eý, mähriban jora! Bular bu ýere myhmandyrlar. Olar adam aýagy sekmejek ýere düşüpdirler we biziň mekanymyzda aýak çekip, rahatlyk tapypdyrlar. Bu ejizlere myhmandarlyk etmek gerek – diýdi. Olaryň biri: – Biz danyşmentlerimizden: Bir wagt bir sebäp bilen bu çeşmäniň boýuna iki sany ejiz zenan maşgala geler. Olaryň biri şa gyzy, beýlekiisi bolsa onuň enekesidir. Şa gyzynyň adynyň başy «hy» harpy bilen başlanyp, ahyry «alahi» harpy bilen gutarar. Bu sebäpden onuň adynyň Husnyýedigi mälim bolar diýip eşidipdim. Bu iki mazlum myhmandyr. Bular şol iki adam bolsa gerek. Myhmandarlyk hormatyna men size bir hekaýat aýdyp bereýin, siz ony eşidip şat bolarsyňyz – diýdi. Guşlaryň ene biri: – Ol niçik hekaýatdyr? Aýdyň, men hem eşideýin – diýdi. Ol guş adam dili bilen şu hekaýaty aýtdy. Şa gyzy Husnyýe Banu ony öz gulagy bilen eşitdi. • Hekaýat Öňki zamanlarda bir patyşa bolupdyr. Onuň asly kyýanlylardandy . Ol bir gün aw-şikara çykyp, çöl-beýewanlary aýlanyp gezdi, ahyry dynç almak üçin hut şu çeşmäniň başyna gelip düşledi. Çeşmäniň dury suwy we bu ýeriň arassa howasy onuň göwnüne hoş ýarady. Ol birnäçe gün bu çeşmäniň boýunda dürli adamlar bilen söhbetdeşlik gurnady. Ol kä gijeler sazandalary diňlärdi, kä gijeler bolsa, alymlar bilen söhbetdeş bolardy. Elkyssa, nobat akyldar hekimler bilen söhbet guramak gijesine gelip, ýetdi. Olar tagzym bilen orunlaryndan turup: – Eý, jahanyň şasy! Beýik Taňry size uly döwlet, mülk, ýurt hazyna we uly rysgal beripdir. Beýle bereket dünýäniň başga şalaryna we baýlaryna nesip etmändir. Şonuň üçin size özüňizden soň at galar ýaly sogap gazanmak üçin haýyr-sahawat etmek gerek – diýdiler. Patyşa: – Ol nähili işdir? – diýip sorady. Olar: – Şu çeşmäniň boýunda gelen-geçen adamlar dynç alyp geçer ýaly saraý gurulsa gowy bolardy – diýdiler. Bu söz patyşanyň köňlüne hoş geldi. Ol ussalary getirip, ol ýerden ýedi gümmezli bir ymarat saldyrdy, çeşmäniň suwuny onuň töweregine aýlanyp geçer ýaly etdirdi. Az salymda bu ýerde bir ajaýyp bina peýda boldy. Gümmezleriniň birini jöwher bilen, beýlekisini lagl bilen, başga birini ýakut bilen, galanlaryny zeberjet we merwerit bilen bezediler. Olaryň syrçalarynyň ýüzlerine patyşanyň başyndan geçen gahrymançylykly wakalaryny beýan edýän sözleri tertip bilen ýazdylar. Akyldarlar: – Hazynalary niýetlenilen adamdan başga bir kişi almak niýetinde bolsa, onda olar ýylan-içýana öwrülip, ol kişä awylaryny dökerler. Olar diňe niýetlenilen adamyň nesibesidir. Emma bu ýagdaýdan habardar kişi olary kast edip eýelemekçi bolsa, onda olardan aždarhalar ýa-da şirler peýda bolarlar we ol hazynalary ýitirim ederler. Bu ymaratyň ykbaly hem edil şonuň ýalydyr. Eger bir kişi oňa bet niýet bilen kast etse, aždarhadyr şirler ol ymaraty gümmezleri bilen ýok eder. Eger daragtyň ýigrimi ädim gündogar tarapy gazylsa, ol ymaratyň ýoly açylar. Ýöne ýokarda aýdylyşy ýaly iş etseler, bu gürrüňde beýan edilen höküm berjaý bolar – diýýärler. Söhbetiň şu ýerine ýetenlerinde säher wagty boldy. Guşlar rysgallaryny gözlemek üçin uçup gitdiler. Şa gyzy enekesini oýatdy. Olar ýuwunyp-ardyndylar. Sag-aman örendikleri üçin Beýik Taňra alkyş-taryp aýtdylar. Şa gyzy agşamky bolup geçen wakany enekesine mälim etdi. Enekesi guşlaryň beýan eden ýerini köwläp, gümmezli ymaratyň ýolunyň üstüni açdy. Elkyssa, olar bu ymaratyň içine girdiler we ajaýyp zatlara tomaşa etdiler. Olar akyldarlaryň aýdan zatlaryndan alyp, ymaratyň daşyna çykdylar we az salym dem-dynç aldylar. Şa gyzy synag üçin enekesine: – Pylan zady alyp çyk – diýip buýurdy. Enekesi ymaratyň içine girip gördi. Wagşy haýwanlar oňa haýbat atyp başladylar. Enekesiniň gorkusyndan ýaňa ýüregi ýarylara geldi we ymaratyň daşyna gaçyp çykdy. Şa gyzy akyldarlaryň sözüniň rastdygyny bildi. Onuň özi ymaratyň içine girip, altyn-tyllalardan alyp çykdy we olary enekesine berip: – Eý, ene! Siz bu tyllalary alyp, şähere gidiň. Men bu ýerde, tä, siz gelýänçäňiz sakçy bolup duraýyn. Siz iki ogluňyzy, gulamlary we bize gerek bolan her bir zatlary alyp geliň. Meniň bu ýerden ajaýyp bir şäher gurmak niýetim bar – diýdi. Elkyssa, enekesi şa gyzyndan rugsat alyp, ýola rowana boldy. Ol tyllalary bir guta salyp, öz ýany bilen aldy. Ol birnäçe gün ýol ýöräp, duýdansyz öz öýüne bardy. Ogullary ejeleriniň gelenini görüp, çensiz şat boldular. Ejeleri ogullaryna altyn pul berip, olara gerek boljak esbap-enjamlary, arabalary we birnäçe gulamlary satyn almaklygy buýurdy. Eneke bir hepdeläp, gerek-ýarak şaýyny tutdy, soňra gijäniň içinde ýola düşdi. Şa gyzy enekesini ýola ugradandan soňra, akyldarlaryň beýan eden mülküni birme-bir gözden geçirdi. Akyldarlaryň galdyryp giden hatyny tapdy. Onda bir patyşanyň adyndan şeýle sözler ýazylypdyr: «Eý, gyz! Men şu hazynany seniň üçin galdyrdym. Sen şu çeşmäniň boýundan bir şäher salarsyň, myhmanhanalar, kerwensaraýlar gurarsyň. Bu baýlykdan haýyr-yhsan edersiň. Seniň sahawatlylygyň bereketinden garyp-gasarlar bagtyýar bolarlar. Seniň bolsa rysgalyňy Beýik Taňry bol eçiler diýen umydym bar. Elbetde, naz-nygmatlaryň eýesi we älemleriň hökümdary bolan Taňrynyň gudratly sahylygy çäksizdir!» Şa gyzy öz ýanyndan: «Eger Taňry islese, men hukamala-ryň aýdan şol mertebeli we hoşniýetli şasynyň tabşyrygyndan hem başga köp ýagşy işleri ederin» diýip, köňlüne päk niýet baglady. Eneke köp esbap-enjamlary alyp, şa gyzynyň ýanyna sag-salamatlyk bilen gaýdyp geldi. Şa gyzy beýik Taňra ýüzde müň şükür etdi. Şa gyzy enekesiniň getiren esbap-enjamlaryny we adamlaryny görüp, ondan hoşal boldy. Ol enekesiniň bir ogluny olara ýolbaşçy belledi we oňa şäheriň gurluşygyna başlamaklygy buýurdy. Ol enekäniň beýleki bir ogluna hazynanyň daş-töweregine diwar aýlap, üstüne ymarat salmaklygy tabşyrdy. Elkyssa, olar bir ýyla ýetip-ýetmän bir ajaýyp şäheri bina etdiler. Ýüzden gowrak myhmanlar üçin kerwensaraýlar saldylar, olaryň içine dürli reňkli haly-palaslary düşediler. Bu wagtyň içinde ol ýerde giden bir bag-bossançylyk ösdürip ýetişdirdiler. Bu zatlaryň daşyndan hem köp öýler gurdular we olara-da garyp-gasarlary getirip oturtdylar. Olaryň hemmesine geýim-gejim we başga harajatlary berip baý etdiler. Şeýlelikde, öýler adamlardan, saraýlar maldan, myhmanhanalar myhmanlardan doldy. Şa gyzy işleriniň düzgünli ýöremegi üçin gullukçylary we hyzmatkärleri hyzmata duruzdy. Olaryň kimsi myhmanhanalarda, kimsi saraýlarda hyzmata meşgul boldular. Netijede, şa gyzy daşyna kenizeklerini üýşürip, eşretli günlerde döwran sürdi. Ol hepdede bir gün ýa-da iki gün erkek kişiniň geýimini geýip, aw-şikar etmek üçin çöl-beýewanlara çykardy. Bir gün şa gyzy adatyna görä, awa-şikara çykdy. Oňa Gerdan şanyň nökerleri sataşdy. Olar haýran galyp: – Siziň adyňyz näme? Siz haýsy gülşenden bu ýerlere uçup gelen bilbil?– diýip soradylar. Şa gyzy az salym oýlanyp: – Men pylan patyşanyň perzendidirin. Adym şazada Münewwerdir. Men atamdan rugsat alyp aw-şikar tomaşasyny görmek üçin nökerlerimi we garyndaşlarymy alyp sähra çykypdym. Bagt guşy başyma gonup, men bu ýerde mesgen tutdum. Çünki, bu ýeriň tebigaty meniň hoşuma geldi. Onsoň men atamdan jogap alyp, bu çeşmäniň boýunda bir şäheri bina etdim. Men ol şäheri Husnabat diýip atlandyrdym. Men bir aý öz şäherimde, bir aý bolsa atamyň ýanynda bolýaryn – diýip, sözüne bezeg berdi. Gerdan şanyň adamlary on kişiden ybaratdy. Şa gyzy olary ugruna goýman, şäherine myhmançylyga alyp gaýtdy we olary myhmanhanada ýerleşdirdi. Ol myhmanlara bir gije-gündiz ga¬dyr bilen myhmandarlyk etdi, soňra olara gymmatbahaly sowgat-serpaýlar ýapyp, ýol harajatyny berip ugratdy. Myhmanlar ondan örän hoşal boldular, tä, ýurtlaryna barýançalar oňa alkyş baryny aýdyp, tarypyny etdiler. Olar: – Biz bu zatlary Gerdan şa başga birinden eşitmänkä oňa aýdaly. Bolmasa özi öň eşitse ol bize azar baryny görkezer – diýip, şol lybaslary we sowgat-serpaýlary bilen Gerdan şanyň ýanyna bardylar. Gerdan şa olaryň täze lybaslar geýnendigini görüp: – Eý, ýigitler! Sylag-serpaýlaryňyz gutly bolsun! Beýle hormat size näme üçin we nirede nesip etdi? – diýip sorady. Olar: – Eý, jahan şasy! Biz pylan güni Sary daga tarap aw awlamak üçin çykypdyk. Biz bir şazada peri-peýkere sataşdyk. Megerem bu zamanda ol şazada ýaly görmekli, gözel ahlakly, şirin sözli, jan alyjy gaş-gözli gözel ýok bolsa gerek. Ol şazadanyň asly göwherden ýasalan ýaly. Ol peri-peýkerden gelip çykan bolaýmasa, ynsan enesinden beýle perzent dogulmaz – diýip, onuň waspyny ýetirdiler. Gerdan şanyň köňlüne gaýybana ot düşdi, ony bir görmäge muştak boldy. Ol: – Kimiň awa çykmak höwesi bar bolsa, pylan güni Sary daga tarap gadam goýsun! – diýip, şäher halkyna buýurdy. Şol gün özi wezir-wekillerini, esgerlerini we hyzmatkärlerini alyp, ol daga tarap ugrady. Hemme halk, talyplara çenli sähra gadam goýdular. Giň meýdan adamlardan doldy. Gerdan şa günüň dowamynda hoş hyýallary başa getirmek bilen awa-şikara meşgul bolup gezdi. Ahyrynda ol ýadap, dynç almak üçin öz çadyryna baryp düşledi. Bu şikara çykanlaryň biri Husnabat şäherine bardy we Gerdan şanyň habaryny gizlinlikde şa gyzyna ýetirdi. Şa gyzy nökerlerini alyp, özüne we goşunyna zynat berip, haýbat bilen ýola çykdy. Ol awa gyzygyp, özüniň ýakyn adamlary bilen Gerdan şanyň düşelgesiniň golaýyna baryp ýetdi. Şa gyzynyň habaryny Gerdan şanyň dykgatyna ýetirdiler. Gerdan şa özüniň mertebeli adamlarynyň birnäçesini onuň gaşyna iberdi. Olar şa gyzyny Gerdan şanyň düşelgesine alyp geldiler we oňa hormatly ýerden orun berdiler. Şa ony ýakyndan gördi we onuň jemalyna akyly haýran boldy. Ol onuň waspyny we tarypyny akylynda aýlap, aňyna laýyklap bilmedi. Şanyň köňlünde turan uçgun uly oda öwrüldi. Salamdan we ýagşy dileglerden soň ol: – Eý, gözümiň nury, bilimiň kuwwaty! Sen kim bolarsyň? – diýip, ondan aslyny beýan etmegini haýyş etdi. Şa gyzy: – Seniň mylaýym sözli, gözel ahlakly we edep ekramly danyşmendiň ýokmy? – diýip, onuň soragyna garşylykly sowal berdi. Gerdan şanyň ýüzi gyzardy. Elkyssa, Gerdan şa özüniň mümkinçiligine we başarnygyna görä, naz-nygmatlar eçildi we tagzym etmek bilen myhmana hyzmat edip ugrady. Ol şa gyzynyň aslyndan-neslinden köp sowal sorady. Ahyrynda şa gyzy: – Meniň döwletimiň sütüni atamdyr – diýip, jogap berdi. Şa gyzy hem onuň özüne şol soragy berdi. Ol hem: – Meniň hem döwletimiň sütüni atamdyr – diýen jogaby gaýtardy. Olaryň söhbeti tamam boldy, Gerdan şa oňa halat-serpaý ýapdy. Şa gyzy ondan gitmäge rugsat sorap aýrylyşdy. Ol Gerdan şany öz köşgüne myhmançylyga çagyrdy. Şa bu çakylygy kabul etdi. Şa gyzy öz köşgüne gelip düşdi we Gerdan şany myhman almaga taýýarlanyp başlady. Bu gije ötdi we daň atdy. Şa gyzy Husnabat şäheriniň adamlaryny ýygnady we myhmandarlyk üçin gerek boljak zatlary jemledi. Olar hyzmat guşagyny billerine berk guşap, Gerdan şanyň gelerine göz dikip, garaşyp durdular. Indi habary kimden al Gerdan şadan al. Ol hemme leşgerleri bilen myhmançylyk üçin atlandy. Ol sähradyr meýdanlary tomaşa edip gelýärdi. Şa gyzynyň ýollarda goýan adamlary onuň gelýändigi barada habar berdiler. Şa gyzy erkek geýimini geýdi we Husnabat şäheriniň ähli adamlary, ony garşylamak üçin pyýadalap onuň gelýän tarapyna garşy ýarym parsah ýol ýörediler. Adamlar atlas-ýüpek eşikleri we altyn-kümüş bezegleri dakyndylar. Elkyssa, şeýle dabara bilen Gerdan şany köşge eltip düşürdiler. Onuň leşgerlerine hem düşmäge jaý taýýar edip berdiler. Olara bu ýerde üç gije-gündiz gadyrlap, myhmandarlyk etdiler. Olar biri-birine: – Henize çenli beýle myhmandarlygy bir adam başga bir adama eden däldir – diýişdiler. Gerdan şanyň gaýdar wagty boldy. Şa gyzy dokuz-dokuzdan her bir kişä lagl, ýakut we merwerit peşgeş berdi. Gerdan şa ömründe munuň ýaly şat bolmandy. Şa gyzy şanyň esgerleriniň her biriniň mertebesine görä, sowgat-serpaý eçildi. Olaryň hemmesi baý adama öwrüldiler. Elkyssa, ol Gerdan şany ýokary derejede hormatlap ýoluna ugratdy. Gerdan şa: –Bu akyldar, juwan patyşa Beýik Taňry ýagşy bereketleri rysgal edip eçilsin – diýip alkyşlady. Üç günden soň, Gerdan şa öz şäherine baryp ýetdi. Ol sa-lam haty taýýarlady we özüniň birnäçe ýörite ygtyýarly adamlaryna: – Bu haty şol nurly şazada oglana gowşuryň we ony meniň ýanyma alyp geliň – diýip buýurdy. Elkyssa, ol adamlar Gerdan şanyň hatyny şazada ýetirdiler. Gerdan şanyň ilçilerini ilçihana düşürip, hormat-hezzet bilen myhman aldylar. Şanyň hatynyň mazmuny şeýledi: «Eý, meniň Münewwer oglum! Şu hat saňa baryp ýetişse, bu garry ataň gözlerini gadamyň topragy bilen röwşen eýle. Men seniň geleriňe sabyrsyzlyk bilen garaşyp intizardyryn». Şa gyzy daň atandan soň özüne timar berip, ýüz sany hyzmatkärini özüne ýoldaş edip, ýola düşdi we Gerdan şanyň şäherine baryp ýetdi. Gerdan şa: «Münewwer şazada pylan ýere geldi» diýip, habar berdiler. Ol uly wezipeli adamlaryndan birnäçesini onuň öňünden çykyp garşy almak üçin iberdi. Şa gyzynyň öz öýüniň derwezesine ýetýänçä, göýä bilbiliň güle ýetýänçä sabyr-kararynyň bolmaýşy ýaly, elinde erk-ygtyýary galmady. Ol öýüni gördi. Onuň derwezesini tozan basyp gidipdir we derwezäniň üç-dört ýerinden gulp asylypdyr. Ol muňa biçak gynandy. Bu ýagdaýyň günäkäriniň patyşadygyny onuň içi bilip durdy. Ol öz öýüniň deňinden ah tartyp, gözlerini ýaşardyp geçdi we Gerdan şanyň dergähine nähili baryp ýetendigini duýman galdy. Gerdan şa ony görüp biygtyýar tagtyndan düşüp, onuň bilen gujaklaşyp görüşdi we ony wezirlerinden ýokary orunda oturtdy. Gerdan şa onuň gelenine biçak şat boldy. Saglyk-amanlyk soraşylyp, ýagşy dilegler edilenden soň, şa onuň elinden tutup haremhana alyp bardy. Ol ýerde şanyň aýallary, gyzlary we kenizekleri oňa köp hormat-tagzym etdiler. Olar bilen birnäçe wagt söhbet guruldy. Soňra ol döwletiň meşhur ogullary bilen duşuşyp, olary begendirdi. Elkyssa, Münewwer şazada bu ýerde üç gün boldy. Soňra ol: – Men her hepdede Husnabatdan bir gezek gelip duraryn – diýip, edep-ekram bilen Gerdan şadan rugsat sorady. Şa hoşal bolup oňa rugsat berdi. Şa gyzy Husnabada tarap ýola düşdi we öz köşgüne baryp rahatlandy. Aradan bir hepde ötenden soň, ýene Gerdan şanyň huzuryna geldi we jany aram tapdy. Elkyssa, ol şu usul bilen ýene iki gezek gelip-gitdi. Üçünji gezek gelende Gerdan şa oňa: – Eý, eziz perzendim! Men saňa bir ýagşy howly taýynlap bereýin. Eger seniň öýlenmek niýetiň bar bolsa, onda men seni uly mertebeli ýerden öýlendireýin – diýdi. Ol ýene: – Eý, meniň görejimiň nury! Seniň göwnüň haýsy howlyny islese, haýsy gözel ýary halasa men seniň hormatyň üçin şol işi berjaý edeýin – diýdi. Münewwer şa oňa ýagşy dilegler etdi. Ol : – Eý, jahan şasy! Men şäheriň ortasynda bir howlyny ýagşy gördüm. Onuň derwezesine tozan siňip gidipdir. Onuň derwezesine birnäçe gulp asylypdyr. Ol howlynyň eýesiniň günäsini ötseňiz we oňa mähribanlyk edip ol howlyny maňa berseňiz? – diýdi. Gerdan şa ol howlynyň eýesi baradaky gam-gussasyny ýüreginden çykaryp: – Eý, meniň görejimiň nury! Eger senden başga biri bu sözi agzyndan çykaran bolsa, onda men onuň dilini düýbi bilen sogrup alardym. Ýöne meniň senden özge mähribanym ýokdur – diýip, ol howlynyň eýesiniň günäsini ötdi. Dört ýüz sany adama: – Siz baryp ol howlynyň gulplaryny açyň, onuň otaglaryny süpürip, päkize ediň, onuň içine haly palaslary ýazyň, gerek bolan hemme esbaplary eltiň we ony taýýarlap goýuň! – diýip, tabşyryk berdi. Hyzmatkärler şol Berzeh hojanyň howlusyny täzeden tämizläp goýdular. Ol gije geçip gitdi. Nurana şa gyzy rugsat sorap, öz howlusyna gelip girdi. Ol Beýik Taňra köp taryp we alkyş okady. Garyp-gasarlara köp sadaka paýlady. Ol şundan soň bir hepde öz öýünde, bir hepde bolsa Husnabatdaky köşgünde wagtyny geçirerdi. • Indi bir agyz habary ol röwşen pirden we Melikeden eşidiň Münewwer şa Gerdan şanyň huzuryna arzyny etirmek üçin bardy. Ol şazadanyň özüne bir arzynyň bardygyny bildi. Ol: – Eý, meniň görejimiň nury! Sen bu gün meniň ýanyma gelipsiň. Seniň maňa näme arzyň bar bolsa, aýt – diýdi. Münewwar şa: Eý, ata! Men siziň ussadyňyz bolan piri bir gezek myhman alsam diýip arzuw edýärin – diýdi. Gerdan şa onuň bu sözüne hoşwagt boldy we oňa bu işi etmeklige rugsat berdi. Münewwer şa öýüne baryp myhman kabul etmäge taýýarlyk gördi. Onuň bu gezekki taýýarlygy öňküsinden ençeme esse zyýadady. Ol şol piri myhmançylyga çagyrmak üçin kerwensaraýyň hojalarynyň birini ýanyna çagyryp oňa: – Sen ol piriň ýanyna baryp oňa myhmançylyga çagyrylýan wagtyny aýan et – diýip iberdi. Hoja bu çakylyga hoşwagt bolup kabul etdi we ol: – Biz ertir bararys – diýip, söz berdi. Saraýyň hojasy yzyna gaýdyp geldi we şyhyň myhmançylygy kabul edendigini aýdyp, Melikäniň kalbyna şatlyk saldy. Melike dört ýüz myhmany kabul eder ýaly şaýyny tutdy. Ol gije ötdi we jahanyň ýüzüne röwşenlik ýaýyldy. Gün günorta wagty boldy. Şyh gözýetimde göründi. Şyh köne adaty boýunça altyn we kümüş kerpiçleriň üstünden basyp ýöräp gelýärdi. Melikäniň hyzmatkärleri dört ýüz sany myhmany myhmanhana alyp bardylar. Ol myhmanlar biri-birine: – Bu gün bu öýüň esbaplary öňküden birnäçe esse köp eken. Biz bu zatlary hem ogurlap alarys – diýişip, özleriniň ogurlyk dilleri bilen aýdyşdylar. Elkyssa, bir gije-gündiz ötdi. Zikir we söhbet ahyryna ýetdi. Myhmandarlyk etmek soňlandy. Myhmanlara köp peşgeş-sowgat, halat-serpaý ýapyldy, soňra olary ýola saldylar. Şyh öz hanakasyna baryp düşledi. Aradan üç-dört gün ötdi. Indi iki agyz sözi Melike bilen şanyň goşunbaşysyndan eşidiň. Melike ýarym gije gizlinlikde adam iberip, goşunbaşyny çagyryp getirtdi we özi onuň öňünden erkek adamyň lybasyny geýip çykdy. Ol oňa ýagşy dilegler edip, ak pata berdi we: – Eý, gijeleriň serdary we salary ! Sen ol ogrularyň wela-ýaty harap edip ýörendiklerini bilmeýärsiňmi? Onuň sebäbi nämedir? – diýdi. Goşunbaşy aglap: – Eý, şazada! Ençe ýyllardan bäri bu ogrular sebäpli meniň janyma daglar basylýar. Çünki, olar şanyň dostlarydyr. Men olara hiç hili alaç edip bilmeýärin – diýdi. Melike: – Eý, goşunbaşy! Sen ol tarapdan hiç bir gam iýme! Eger Beýik Taňry ýol berse, ol hyýanatçylar ele düşerler – diýip, oňa teselli berdi. Soňra ol: – Seniň näçe mirşebiň bar? – diýip, ondan sorady. Goşunbaşy: – Olar iki ýüz sany – diýdi. Melike: – Ýene iki ýüz esgeri olaryň üstüne goşup, dört ýüz ýigit edip, hemmesini söweş ýaraglary bilen bu ýere iber. Olaryň her birine adam daňar ýaly ýüp hem ber. Olar gije assyrynlyk bilen gelip, howlynyň içinde otursynlar. Ogrular hem dört ýüz adamdyr. Seniň adamlaryň olar zatlary ogurlap, göterip çykýançalar garaşyp dursunlar. Soňra olar ogrularyň üstüni basyp, el-aýaklaryny baglasynlar. Goý, seniň esgerleriň her biri olaryň birini tutup dursun. Şol wagt men şanyň ýanyna baryp bu ogrularyň üstünden arz edeýin. Ýöne siz olary şanyň dergähine alnyp barylýança, arkalaryndaky ogurlyk ýüklerini ýere düşürmäň – diýdi. Melike oňa başga hem köp tälimleri öwretdi. Goşunbaşy Melikäniň aýdyşy ýaly taýýar bolup, ogrularyň geljek wagtyna çenli garaşyp ýatdy. Melikäniň jansyzlary: – Bu gije ogrular duýdansyzlykda çozmaklygy karar etdiler – diýip, Melike bilen goşunbaşyny habardar etdiler. Goşunbaşynyň esgerleri iki-ikiden, on-ondan toparlara bölünip, howlynyň içinde busup ýatdylar. Melike hem öz hyz-matkärleri bilen uklaman, olara garaşyp oturdylar. Gije ýarymdan ötdi. Ogrularyň aýak sesleri eşdilip başlady. Olardan biri ýüpe aslyşyp, howlynyň içine girdi we baryp howlynyň derwezesini açdy. Olaryň hemmesi ýuwaş-ýuwaşdan howlynyň içine girdiler we öýe tarap ýörediler. Olaryň her biri öýden göterip bilen zatlaryny göterip aldylar. Şol wagtda goşunbaşynyň adamlary bukudan çykyp, olaryň üstüne topuldylar we alan zatlary bilen bile her birisi bir ogryny basyp, gol-aýaklaryny arkan bilen bagladylar. Ogrularyň biri hem gaçyp-gutulyp bilmedi. Melike bu işiň şowly gutarmagyna ýardam berendigi üçin Beýik Taňra şükrana seždesini etdi. Goşunbaşynyň nökerleri, tä, daň atýança ogrulary arkalaryndaky ýükleri bilen saklap durdular. Daňyň nury älem-jahany nurlandyrdy. Melike şanyň resmi kabulhanasyna tarap atlandy we onuň huzuryna bardy. Döwletiň mertebeli adamlary şanyň ýanyna ýygnanypdylar. Münewwer şa ornundan turup, şa üçin ýagşy dilegler etdi. Şa: – Eý, meniň görejimiň nury! Sen meniň ýanyma ýene näme arz bilen geldiň? – diýip sorady. Münewwer şa: – Eý, älem-jahanyň şasy! Goý, şanyň döwletine Beýik Taňry dowamat bersin! Öten agşam meniň öýüme ogrular çozdular. Biz olaryň hemmesini tutduk we gol-aýaklaryny baglap goýduk. Häzir olar goşunbaşynyň elinde. Ol ogrular dört ýüz sany eken. Eger şa hezretleri rugsat berse, men olary bu ýere alyp gelmäge häzirdirin – diýdi. Kabul edişlikde oturan adamlaryň hemmesi bu waka haýran galdylar. Şa olary bu ýere alyp gelmekligi buýurdy. Goşunbaşy olaryň hemmesini şanyň huzuryna getirdi. Adamlar ogrularyň ogurlan zatlarynyň arkalaryndadygyny gördüler. Şäheriň uly-kiçi adamlary ogrularyň başynyň şanyň piri bolan şyhdygyny we galanlarynyň hem onuň altyn-kümüş kerpiçlerini göterýän sopularydygyny bildiler. Gerdan şanyň teninden akýan gyjalat deri masgaraçylyk humuny doldurdy we ol hyýanatçylyk ýüküniň agramyna ýegşerildi. Ol: – Arman, men bagrymdan önen eziz bigünä perzendim Hus¬nyýe Banuwy bu kezzap pir üçin nähak çöl-beýewanlara taşlan ekenim – diýip, bagryny kebap etdi we gözýaşlaryny çeşme ýaly akdyrdy. Gerdan şa jar çekdirip, bu biabraýçylykly wakany şäher halkyna mälim etdi. Ol ogrularyň hemmesini oda ýakdy. Şa şyhyň öýüne adam iberip, onuň hemme öý goşlaryny aldyrdy we ol zatlary eýelerine gowşurdy. Gerdan şanyň bu işden eli boşaýança gije boldy. Münewwer şa rugsat aldy we enesiniň ýanyna salam berip bardy. Melike Banuwyň ýitirim bolmagy onuň ejiz enesiniň eşretli gününi ahy-zara aýlandyrypdy. Onuň bagry perzendiniň gelerine intizar bolup para-para bolupdy. Onuň gamgyn ýagdaýyny görüp, Melikäniň köňli bozuldy. Ol erkek kişiniň eşiginiň içinden buludyň içinden çykan gün ýaly bolup ýalpyldap çykdy. Enesi Melikäni tanamady. Ol ýarym-ýaş bolup, öz gyzyny ýatlap, ony goýnuna gysdy we onuň başyndaky altyn täjini eline aldy. Melikäniň müşk ysly örüm-örüm saçlary aýaklaryna düşüp, ýeri öpdi. Melike enesiniň aýagyna ýykylyp, ýüzüni onuň ýüz-gözüne sürtedi. Enesi hem onuň ýüz-gözünden öpüp: – Eý, perileriň serweri! Sen kim bolarsyň? Sen şunuň ýaly jadydyr näziň eýesi ekeniň. Sen meniň çekýän gaýgy-gamymy täzelediň, bagrymy köýdüren ody çaksyz güýçlendirdiň – diýdi. Melike: – Men şol çöl-beýewanlara taşlanan Melikedirin. Men seniň nala tartyp, ýat edip, gözleriň intizar bolan Husnyýe Banuwyňdyryn – diýdi. Enesi bu sözi eşidip bihuş bolup ýykyldy. Ol bir sagatdan soň özüne geldi we ony gujagyna alyp götergiledi. Gerdan şa hem bu ýere geldi. Ol: – Bizi duşuran Beýik Taňry hemme aýyplardan päkdir – diýip, Allatagalany taryplap Melikäniň ýanyna bardy. Ol Melikäni görüp: – Meniň eziz gyzym direlip gelipdir! – diýip, çensiz-çaksyz şat boldy. Melike atasynyň aýagynyň astyna özüni taşlady. Gerdan şa Melikäni gujagyna alyp ýyglady. Bu üçüsi tä daň atýança sözleşip oturdylar. Elkyssa, Gerdan şa Melikä eden etmişinden köp gyjalata galdy we özüniň görkezen hupbatlary üçin ondan ötünç sorady. Melike onuň bu ýalňyşyny bagyşlady. Bu üçüsi tapyşyp-tanyşyp, köp şatlandylar we bu ýerde üç günläp wagtlaryny şatlykda we şagalaňda geçirdiler. Ondan soň Melike enesinden we Gerdan şadan rugsat alyp, Husnabada tarap gaýtdy we öz köşgüne gelip köňli aram tapdy. Ol enesini we atasyny Husnabat şäherine myhmançylyga çagyrdy. Ol hyzmatkärlerine: – Gerdan şa bilen enemi bu ýere alyp geliň! – diýip buýur-dy. Olar Melikäniň bu buýrugyny berjaý etdiler. Onuň atasy we enesi Husnabada gelip aram tapdylar. Melike Husnabadyň ilatyny ýygnap, kyrk günläp, toý-tomaşa berdi. Ata-enesi ondan razy boldular. Gerdan şa Melikäniň hazynasyna girip gördi. Ol bu hazynanyň bir adamyň ömrüne näçe sarp etseň hem gutarmajakdygyny görüp haýran galdy. Melike atasyna garap: – Eý, ata! Sen şu hazynadan isledigiňçe al – diýdi. Şa hazyna elini uzatdy welin, ondan ýylan-içýanlar peýda boldy. Şa hazynanyň Melikeden başga hiç bir kişä niýetlenilmändigini bildi we ony Melikäniň özüne galdyrdy. Ol Husnabat şäherini we onuň töweregini gyzynyň ygtyýaryna berdi. Bu babatda ol gyzy bilen şertnama baglaşdy we oňa möhrüni basdy. Gerdan şa şat bolup, öz şäherine tarap gadam goýdy. Melike enesi bilen oňa köp peşgeş berip ýola saldy. Soňra Melike köşgüne gaýdyp geldi, tagtyna münüp oturdy we köňli aram tapdy. Ol atasy bilen mähirli gatnaşyk saklady. Aradan birnäçe wagt ötdi. • Indi iki agyz sözi Melikäniň durmuşa çykyşy barada eşidiň Husnabat şäheriniň abadançylygy we Melikäniň görk-görmegi gün geldigiçe artdy. Şazada gyzyň döwletiniň we özüniň owazasy çar tarapa ýaýrady. Onsoň Melikä söz aýdyp töwerekden ilçiler gelip başlady. Emma Melike olaryň hiç birine durmuşa çykmagy göwnemedi. Ol bu işe näme alaç etjekdigini bilmeýärdi. Bir gije Melike enekesini pynhanlyk bilen öz ýanyna çagyrdy. Ol: – Eý, ene! Men bu zaman adamlarynyň pirdir serdarlaryna çenli ýagdaýlaryny gowy bilýärin. Men bu zamananyň adamlary bilen ülpet bolmak islemeýärin. Emma maňa söz aýdyp gelýän sawçylaryň yzy üzülmeýär. Indi meniň olara garşy çykmaga hiç bir çäräm ýokdur. Munuň bir alajy tapylmasa men bu kynçylykdan çykyp bilmerin. Men indi özümiň mynasyp bir ýara sataşmagym üçin şert goýup, birnäçe kyn işleri berjaý etmekligi tabşyrmaly. Eger olar meniň tabşyrygymy berjaý edip bilmeseler, menden ellerini üzseler gerek – diýip aglady. Bu sözleri eşidip, enekesiniň ýüregine ot düşdi. Ol: – Eý, gyzym! Sen gamgyn bolma. Bu mesele barada meniň köňlüme bir maslahat makul gelýär. Biz ýedi sany kyn sowaly orta atarys. Kim bu sowallaryň jogabyny dogry tapyp bilse, ol seniň jübtüň bolar – diýip, al-owsunlary Melikäniň gulagyna okady. Bu söz Melikäniň göwnüne hoş geldi. Melike: – Eý, ene! Ol al-owsunlar nähilidir? Olar nähili mazmundadyr? Olary maňa beýan ediň – diýdi. Enekesi: – Men haýýar garrylardan: «Bu ýedi beýtiň ýazylyşy ýedi dürlüdir. Ýöne onuň manysy takykdyr we çuňdur. Onuň manysyny bilmek her bir kişiniň golundan gelmez» diýip eşidipdim – diýdi. Ol ýene: «Goý, ol nuktadanlar bu sowallaryň jogabyny bilsinler bakaly diýip» ol beýtleri okady. Melike ol sowallary halady. Birinji sowal: Bir görüp dilberni bes kylan, Iki görmegi ýene höwes kylan. Ikinji sowal: Ýagşylyk derýaga ki, kyl jandan, Ujrny Hak berer beýewandan. Üçünji sowal: Ol kişi pygly betni eýledi paş, Etmiş ol özüne ýaman ýoldaş. Dördünji sowal: Rastlygy kibi kylar yzhar Oňa hemra hemişe Biribar. Bäşinji sowal: Ne diýgen söz erer bu Kuhy neda, Näge bul tamam imiş oňa pida. Altynjy sowal: Bilse aslyn kişi şu hammamdan, Ýetirer ol kaýan bu aglamdan. Ýedinji sowal: Bu göwher dek birini kyl peýda, Ýedi yklym gezip kyl muheýýa. Şu sowallary we olaryň şertlerini Melike göwnejaý görensoň, kim özüne söz aýdyp gelse, ol şol ýedi sowaly berdi. Hiç bir ýigit bu sowallaryň jogabyny tapyp bilmedi we tamakinçilikden el üzüp, alaçsyz bolup, öz mülküne dolandy. Elkyssa, bu gürrüň welaýatlara doldy we her bir yklyma ýaýyldy. Her ýerde aşyklar bolsa, olar bu ýedi sowalyň jogabyny tapmakdan ejiz geldiler. Çapa taýýarlan Gurbangül GUZUÇYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |