22:56 Hatamnama: Hatam Taýyň birinji şert üçin sapara gitmeginiň beýany | |
HATAM TAÝYŇ BIRINJI ŞERT ÜÇIN SAPARA GITMEGINIŇ BEÝANY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Elkyssa, Melike şaýatlaryň gatnaşmagynda Hatam bilen täze ähtnama baglaşdy. Hatam bilen şazada bu gije hem myhmanhanada boldular. Olar biraz rahatlandylar. Eneke Melikeden bir hat getirip bu iki şazadanyň öňünde goýdy. Hatam haty okap gördi. Onuň mazmuny şeýledi: «Bir görüp, dilberni bes kylan, Iki görmegi ýene höwes kylan». Aşygyny bir görüp magşugyny ýene görmek höwesinde galan nähili aşykdyr. Şu sowalyň jogabyny tapyp gel!» Indi iki keleme sözi Hatamdan eşidiň! Hatam bu haty biline baglap, şazada Müniri enekä tabşyryp, özi ýat ýurtlara tarap ýola düşdi. Ol sährama-sähra, obama-oba, çölme-çöl gezip, welaýatma-welaýat syýahat edip ýöredi. Ol her ýerde bir gijeden artyk durmazdy. Ol ahyry bir dagyň etegine baryp durdy. Görse bir aç böri keýik awlapdyr. Hatam keýigiň göwsünden süýdüň gelip durandygyny gördi. Ol keýik ýaňy owlaklapdyr. Ol owlagyny naharlamak üçin meýdana çykypdyr. Hatamyň ol keýige rehimi gelip, börä haýbat atdy. Böri onuň haýbatyndan gorkup, keýigi taşlady. Keýik ondan halas boldy. Ol böri dile gelip: – Eý, Hatam! Ol keýik meniň nesibämdi. Ol meniň golumdan gitdi. Indi men aç galdym – diýdi. Hatam: – Eý, böri! Sen meniň Hatamdygymy nähili bildiň? – diýip sorady. Böri: – Adamlaryň arasynda munuň ýaly iş Hatamdan başga birinden çykmaz. Men seniň Hatamdygyňy şondan bildim. Sen guşlaryň we haýwanlaryň arasynda iň meşhur adamlaryň birisiň – diýdi. Hatam derrew oňa öz endamyndan bir bölek et kesip berdi we: – Eý, böri! Sen aç galma – diýdi. Böri ony iýip, aram tapdy we: – Eý, Hatam! Sen täç-tagtyňy taşlap, bu ajal mekany bolan çölde näme işläp ýörsüň? – diýip sorady. Hatam oňa başyndan geçen wakalary başdan-aýagyna çenli beýan edip berdi. Ol börüden bu sowalyň jogabyny hem sorady. Böri bolsa oňa: – Bu sowalyň jogaby Huweýda çölünden tapylar – diýip, bu ýerden gitdi. Hatam ýerinden turup, ýola rowana boldy. Ol köp ýol ýöredi. Aýaklary gabaryp, ýörmäge mejaly galmady. Ol bir çeşmäniň üstünden bardy. Onuň başynda bir daragt bardy. Indi onuň bir ädim ýol ýöremäge-de ysgyn-mydary ýokdy. Ol bu daragtyň aşagyna baryp, bihuş bolup ýykyldy. Bir ýerden iki sany şagal peýda boldy. Bu ýer şagallaryň mekanydy. Olar bir-birine: – Bu syrly ýere henize bu güne çenli hiç bir adamyň gadamy düşen däldir. Bu adam çeşmäniň başyna niçik gelip ýetdikä? – diýişdiler. Olaryň biri beýlekisine: – Megerem bu adam Hatam ibn Taý bolsa gerek. Biziň ulularymyzdan men: «Bir gün nesibesi tartyp Hatam bu ýere gadam goýar» diýip eşidipdim. Onuň gelmegi bize ýagşy bolupdyr – diýdi. Beýlekisi: – Pylan ýerde bir aç böri bir ene keýigi awlap iýmekçi bolanda, Hatam onuň üstünden baryp, keýigi halas etdi we keýigiň deregine öz etinden kesip, ony börä berdi. Hatam şol ýaranyň, derdinden ýykylyp ýatandyr – diýdi. Ýene beýleki biri: – Ol biziň öýümizde beýle halda ýatsa ýagşy bolmaz. Munuň bir alajyny etmek gerek – diýdi. Başga bir şagal: – Onuň alajy kyndyr. Mazanderanyň jeňňelinde perä meň-zeş bir guş bardyr. Ony tutup, ýüregini ýa-da başyny bu ýara goýmakdan başga alajy ýokdur – diýdi. Ýene biri: – Biz Hudaýyň ýolunda gezip ýören adama, hyzmat etmäge galmaly. Indi sen bu ýerde dur. Sen Hatama garawulçylyk et. Men Mazanderanyň jeňňeline gidip, ol perisypat guşuň başyny ýa-da ýüregini alyp getireýin – diýip, ýola düşdi. Ol gije-gündiz ýol ýöredi. Elkyssa, ol Mazanderanyň jeňňeline baryp ýetdi we bir uly daragtyň düýbünde oturyp dem-dynjyny aldy. Bu ýere perisypat guşlar geldi we olar saýraşyp başladylar. Olar ýere düşüp bi¬ri-biri bilen oýnaşyp başladylar. Şagal busup baryp, olaryň biriniň üstünden basdy, onuň başyny alyp, ýola rowana boldy. Ol az ýöräp, köp ýöräp, özüniň mekanyna gelip ýetdi. Ol Hatamyň salamatdygyny görüp Hudaýa şükür etdi. Ol perisypat guşuň başyny dyrnaklary bilen ýaryp, beýnisini Hatamyň ýarasyna sürtdi we onuň başyny ýara ýapdy. Bir-iki sagatdan soň, Hatam özüne geldi. Iki-üç günüň dowamynda ol doly sagaldy. Ol şagallara: – Siz maňa köp ýagşylyk etdiňiz. Eger siziň menden haýyşyňyz bar bolsa onda ony maňa aýdyň. Men hem siziň hyzmatyňyzda bolaýyn – diýdi. Şagallar: – Biz çaga dogursak, doňuzlar gelip ony ýok edýärler. Biziň olara güýjümiz ýetmeýär – diýip, arz etdiler. Hatam: – Siz olaryň mekanyny maňa görkeziň. Men ol ýere baryp doňuzlary toba getireýin – diýdi. Şagallar öňe düşüp, ýol görkezdiler. Olar bir çeşmäniň gyrasyna bardylar. Şagallar: – Ine, şu ýer doňuzlaryň mekany – diýip, özleri bu ýerden gitdiler. Doňuzlar azyk gözlemek üçin gidipdirler. Hatam ola-ryň gelerine garaşyp, bu ýerde oturdy. Aradan birnäçe wagt geçenden soňra, doňuzlar peýda boldular we olar dişleri bilen ýer dörüp başladylar. Hatam Beýik Taňra alkyş-taryp aýtdy. Doňuzlar Hatama ýakyn gelip: – Eý, adam! Sen dek otur ýa-da öz ýoluňa git, bolmasa biz seni para-para ederis – diýdiler. Hatam olara: – Eý, Taňrynyň mahluklary! Siz mundan beýläk şagallaryň çagalaryna azar bermäň. Eger siz meniň şu şertimi berjaý et¬mä¬ge söz berseňiz, onda men bu ýerden giderin – diýdi. Doňuzlar: – Sen ilki öz janyň aladasyny et. Beýle söz aýdýançaň öz janyňy aman saklamagyň gamyny iý – diýip, hemle atdylar. Hatam bular bilen mylaýym gepleşmegiň kär etmejekdigini bildi. Ol bialaç ýerinden turdy we doňuzlary tutup baglady. Olaryň gyýagydyr toýnaklaryny kesdi we dişlerini gopardy. Soňra topraga ýüzüni goýup, Beýik Taňra: – Eý, Taňrym! Doňuzlar dişdir toýnakdan kösenmezligiň dermanyny tapsyn – diýip, arzyny aýtdy. Doňuzlar: – Biz dişdir toýnak bilen owkat edýäris. Sen biziň dişdir toýnaklarymyzy zaýa etdiň – diýdiler. Şol wagtda şagallar peý¬da boldular. Hatam şagallara ýüzlenip: – Men siziň üçin bu janawarlaryň dişdir toýnaklaryny ýok etdim. Indi bularyň iýmitleri siziňki bolar – diýdi. Soňra ol doňuzlar bilen şagallary ýaraşdyrdy we Hüweýda çölüne tarap ýola düşdi. Ol her hili görnüşli haýwanlara we peri-jynlara sataşdy. Hatam ençe wagt ýöräp, ýoluň ikä bölünýän ýerine gelip ýetdi. Ol köňlüni Beýik Taňrynyň ýardamyna baglap, çepe gidýän ýola gadam urdy. Ol bu ýol bilen üç-dört günläp ýöredi. Ýolda oňa birtopar horazlar sataşdy. Olar oýnaşyp ýördüler. Bular perilerdendi. Horazlar Hatamy görüp, ony orta aldylar, onuň bilen hal-ýagdaý soraşdylar. Soňra ony bir ýere alyp bardylar. Hatamyň gözi birtopar horaza düşdi. Bir horaz ýokarda oturypdyr. Beýleki horazlaryň hemmesi onuň erkine tabyndylar. Hatam bu horaza salam berdi. Horaz hormat bilen Hatamyň salamyna jogap gaýtardy. Hatam onuň sözüni adamdan eşiden ýaly eşitdi. Olar Hatamy ýokary alyp çykdylar. Onuň öňüne adamlaryň dessury ýaly edip desterhan ýazdylar we dürli-dümen naz-nygmatlary getirip goýdular. Hatam ajygypdy. Ol desterhandaky tagamlardan iýip, garnyny ýagşy doýurdy. Hatam olara saçagynyň bereketli bolmagyny arzuw edip, ýagşy dilegleri aýtdy. Hatam bu gije bu ýerde boldy. Gije ötüp, daň atdy. Ol säher bilen turdy. Ol bulara ýene ýagşy dilegler etdi. Onsoň patyşa horaz ony öz ýanyna çagyrdy. Ol Hatama köp mähribanlyk etdi. Patyşa horaz ondan: – Eý, juwan ýigit! Sen nireden gelip, nirä barýarsyň? Sen bu bela-beterlerden doly ýere näme üçin gadam goýduň? – diýip sorady. Hatam oňa: – Eý, şa! Men Ýemen welaýatynyň patyşasynyň ogly Hatamdyryn. Men janymy Hudaýyň ýoluna pida edýärin – diýdi. Soňra ol oňa şazada Hüsniýe Banuwyň şertidir sowalyny beýan etdi. Patyşa horaz oňa köp mähribanlyk etdi we hormatlady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |