10:37 Hatamnama: Hatam Taýyň ikinji şert üçin sapara gitmeginiň beýany | |
HATAM TAÝYŇ IKINJI ŞERT ÜÇIN SAPARA GITMEGINIŇ BEÝANY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Hatam bu ýerde bir-iki gün durandan soňra, ýol ýadawlygyndan çykdy. Ol ýene ýola gitmeklige taýýarlandy, soňra ak pata alyp, ýola rowana boldy. Ol çöldür sähralary aýlanyp gezdi. Ol bir hoş howaly ýerde oturyp, ýagşy oýlanyp gördi. Onuň köňli demirgazyk bilen gündogaryň ortasyna gitmeklige telwas etdi. Ol Beýik Taňra bil baglap, demirgazyk tarapa ýöredi, köp daglary sähralary, çölleri, şäherleri we derýalary geçdi. Bir gün onuň gulagyna bagryňy diliji söz eşidildi. Ol birnäçe wagt ýöräp, ol sesiň çykýan ýerine baryp ýetdi. Görse, bir nurana ýigit topraga başyny goýup, bu beýti okap ýyglaýar eken: Kaýana baraý, ki diýgeý bu haly-zarymy Ýetip hadysalara, tapmadym bararymy. Hatam ol ýigide ýakyn baryp, salam berdi. Jogap-salamdan soňra Hatam: – Eý, dogan! Beýle ýyglar ýaly saňa niçik hadysa boldy? – diýip sorady. Ol ýigit: – Men ony aýtsam dilim köýer, aýtmasam yşkyň ody ýüregime ýalyn çabradar. Eý, ýigit! Eger diňläp dursaň, men saňa başymdan geçen wakany beýan edeýin. Meniň adyma Nagym söwdagär diýerler. Şäherim pylan ýerdedir. Men bir welaýatda söwda edip, bu şäherden öz şäherime gaýdyp barýardym. Taňrynyň takdyry dogry gelip, bir köçäniň üstünden bardym. Garşydan bir uly derweze peýda boldy. Ol köşgüň dört sany deşigi bardy. Ol deşigiň biri köçä garap dur. Ol deşikleriň hemmesi aýnalanandy. Ol aýnanyň arkasynda zülpleri kement ýaly, gözleri ýürek diliji, ýürekleri gowga salyjy bir näzik gözel gyz göründi. Ol meni görüp, her dürli näz-kereşmeler edip, gözden gaýyp boldy. Men yşk gowgasyna düşüp, bitaplyga uçradym we şol köçäniň adamlaryndan: – Bu öý kimiňki? Ol maňa görnen gyz kimdir? – diýip soradym. Adamlar: – Eý, söwdagär kişi? Sen bu işi asla sorama. Sen öz janyňa jebir görkezme! Tiz öz ýoluňa ugra – diýdiler. Şeýle hem bolsa meni uran hijran ody hakynda soramaklykdan başga alaç ýokdy. Onsoň biri maňa: – Öz günäň öz gerdeniňe bolsun! Bu öýüň eýesi hoja Harys söwdagärdir. Saňa näz-kereşme eden gözel bolsa onuň gyzydyr. Ol gyz heniz äre çykanok. Eger biri ony sorap gelse, ol öňünde şert goýýar. Eger ol şerti bitirip bilmese, ol onuň malyny elinden alyp, özüni şäherden kowup çykarýar. Eý, ýigit! Öz ýoluňa git. Bu ýerde köp durma! – diýdi. Men alaçsyz bolup, bir adamy hoja Harysyň gyzyna sawçy iberdim. Ol meni myhman aldy we maňa : – Eý, Nagym! Sen bu işiň haýryndan geç! Birden özüňi bela duzagyna düşüräýme! – diýip, nesihat berdi. Men ugrumy ýitirip, onuň sözüni asla kabul etmedim. Söwdagärler ýygnanyp, maňa: – Eý, Nagym! Sen bu raýyňdan gaýtsaň ýagşy bolardy. Sen ol üç şertiň hötdesinden gelip bilmersiň. Eger üç şerti bitirip bilseň, onda Melike maly-mülki bilen seniňki bolar. Munuň tersine, şertleri berjaý edip bilmeseň, onda seniň öz malyňa dahylyň bolmaz – diýdiler. Men: – Men iki ýagdaýa hem razydyryn – diýdim. Bu ýerdäki söwdagärler meniň bu sözüme şaýat boldular. Nagym: – Men : «Eger bu şertleriň hötdesinden gelmesem onda meniň hemme zatlarym Melikäniňki bolsun» diýip, dilimden hat ýazyp berdim, we oňa möhrümi basdym diýdi. Hoja Harys Melikäni Nagymyň ýanyna getirdi. Melike: – Eý, söwdagär! Heniz hem bir pelle. Sen bu päliňden dänip öz ýoluňa git – diýdi. Men: – Asla bu hyýalymdan dänmerin – diýdim. Melike: – Onda seniň öz günäň öz boýnuňdadyr. Meniň goýjak şertim şeýledir. Birinji şert: Bu şäherden üç-dört parsah ýerde bir dagyň ýakynynda bir dere bardyr. Şol deräniň ýanynda bolsa bir gowak bardyr. Ondan habar alyp gel. Oňa giden adamlar henize çenli gaýdyp gelmediler. Ikinji şert: Şa periniň möhrüni elinden alyp gel. Üçünji şert: Her juma gijesi owazy gelýän kimdir? Kylmadym haýyr işi, men baryp, puşeýman bu gije Janu-jismim köýdi, boldum türpe nalan bu gije. Edilmedik işe puşman edilýän ol iş nähili işdir? Sen bu işleriň syrlaryny bilip gelip, maňa jogabyny ber – diýdi. Men bu şertiň kynlygyndan ýaňa näme diýjegimi bilmedim we bu işleriň hötdesinden gelip bilmejekdigimi bildim. Meni şäherden kowup çykardylar. Mal-mülkümden aýrylmagymyň bir syry bolan yşk odunyň söwdasy meniň çola ýere çykmagyma sebäp boldy. Eý, dogan! Ine, meniň saňa beýan eden wakamyň netijesi şeýle erbet boldy – diýip, Nagym ýyglady durdy. Hatamyň oňa rehimi gelip: – Eý, dogan! Seniň üçin bu şertleri men bitireýin. Men seni myradyňa ýetirerin – diýip, oňa teselli berdi. Soňra ikisi hoja Harysyň öýüne geldiler. Hatam: – Eý, hoja! Nagym üçin şertleri men bitireýin. Siz Nagymyň ahwalyndan habardar bolup duruň – diýdi. Nagyma kerwensaraýdan jaý taýýarladylar. Hatam sapara şaýyny tutdy. Hoja Harysyň hyzmatkärleri Hatamy ol deräniň içindäki gowaga getirdiler. Hatam bu gowagyň ajaýyp ýerdigini bildi. Onuň içi garaňkydy. Ol Hudaýtagala bil baglap girmekçi boldy. Ol adamlara: – Eger menden kyrk günläp habar bolmasa, onda dilegimi Nagyma we hoja Harysa ýetiriň – diýdi. Indi Hatamyň barsa gelmez mekanyna gireninden iki keleme söz eşidiň Aýdyşyna görä, bu gowak Beýik Taňrynyň döwler, periler üçin il gözünden çet ýerde ýaradan bir zadydy. Onuň bir tarapy Kap dagynyň gaýalaryna baryp ýetýärdi. Hatam gözüni ýumup, ol tilsimlere tarap gadam goýdy. Ol gowagyň içi bilen bir parsah çemesi ýol ýöredi we bir ýagtylyga çykdy. Elkyssa, Hatam bu ýerde ajaýyp bir dünýäni gördi. Onda çeşmeleriň dury suwlary bulduraşyp akyp durdy, dürli otlar al-ýaşyl öwüsýärdi, gülleriň hoşboý ysy töwerege bark urýardy we mylaýym howa janyňa hoş ýakýardy. Bu ýer asla adamyň gadamy düşen mekanyna meňzemeýärdy. Gözýetimde hiç hili janly-jandar hem görünmeýärdi. Hatam şu görnüşiň içi bilen birnäçe gün ýol ýöredi. Oňa uzakdan bir depe göründi. Ol muşakgat baryny çekip, oňa ýakyn ýetdi. Görse, ol döwleriň mekany eken. Birnäçe döw ýetip gelip: – Ýagşy bolaýdy! Biz muny ertirlik nahar edineris – diýip, Hatamy ara aldylar. Emma käbir döwler: – Eger bu etmişimizi patyşa eşitse, bize ýaman bolar –diýip, patyşadan gorkup, bu teklibi kabul etmediler. Ony taşlap gitdiler. Elkyssa, oňa ýene birnäçe topar döw sataşyp, şadan gorkup, oňa azar bermediler we zyýan ýetirmediler. Soňra başga birtopar döwler peýda boldular. Olar Hatamy ugruna goýmazdan ulu¬larynyň ýanyna alyp geldiler. Şol wagt pälwan sypat döw gözi ýaşly otyrdy. Hatam ondan: – Sen näme üçin beýle gamgyn halda otyrsyň? Näme üçin seniň halyň perişandyr? – diýip sorady. Ol: – Melikäniň gözagyry derdi sebäpli biziň günümiz kyn boldy. Şonuň üçin gamgyn hala düşdük – diýip, çensiz-çaksyz dat-bidat etdi. Hatam: – Men tebip kişidirin. Melikäniň gözlerine seredip görsem bolarmy? Men oňa em ederin – diýdi. Ol döw şat bolup, Hatamyň golundan tutup, öýüne alyp geldi. Hatam giň meýdanyň köp ymaratlar salnyp abadanlaşdyralandygyny gördi. Döw ony tagt ýasalyp goýlan bir eýwana getirdi. Oňa tagtyň üstünde ahy-pygan çekip oturan Melikäni görkezdi. Hatam onuň gözlerine bakdy, görse onda bir çiş peýda bolup, gözleri onuň astynda ýok ýaly bolupdyr. Hatam nyzmatkär döwlere: – Bir jam päkize suw getiriň – diýdi. Döwler arassa suw alyp geldiler. Hatam: – Bismilla – diýip, Mahperiniň beren ýüzügini üç gezek suwa çaýkap, Melikäniň gözlerine süýkedi, galan suwy bolsa «Bismilla» diýip, oňa içirdi. Birnäçe wagtdan soň, onuň başy derledi. Ol der bilen onuň gözagyrysy kem-kemden aýryldy. Ol üç güne çenli bu em bilen oňa üç jam suw içirdi we gözlerine ýüzügi sürtdi. Melikäniň gözleri dertden doly gutuldy we öňküsi ýaly boldy. Hemme döwleriň we serkerdesiniň Hatama mähribanlygy örän artdy. Bir gün Hatam oňa: – Sen meni patyşanyň hyzmatyna alyp barsaň, men onuň ýanyna baryp, ýagşy dilegler etsem – diýdi. Bu serkerde döw onuň bu haýyşyny kabul etdi. Ol öz ýanyndan: – Men şeýle ýol bilen şanyň dergähine barsam gadyrym belent bolar – diýip, Hatamy bir kürsä oturdyp, döwlere göterdip Garagaş şanyň kabulhanasyna alyp geldi. Serkerde şanyň ýanyna girip, oňa ýagşy dilegler etdi. Şa: – Ýol bolsun, eý, serkerde! – diýdi. Serkerde döw edep bilen: – Eý, şa! Adamzatdan bir akyldar tebip öz aýagy bilen ge-lip, biziň kemine öýümize birnäçe gün myhman boldy. Meniň Melikäm birnäçe wagtdan bäri gözagyry derdine ýolugypdy. Ol bu adamyň eden emi sebäpli şypa tapdy. Men ony siziň belent şa dergähiňize alyp geldim. Siziň muňa garaýşyňyz niçikdir? – diýdi. Şa: – Ony meniň ýanyma alyp gir – diýdi. Serkerde döw çykyp, Hatamy şanyň ýanyna alyp girdi. Hatam döwleriň adatyna görä, dilegler etdi. Hatamyň döwleriňki ýaly edebiniň barlygy şanyň göwnüne hoş ýarady. Ol: – Eý, adamzat! Sen nireden gelýärsiň? Seniň näme maksadyň bar? Sen näme sebäpden bu ýere gadam goýduň? Seniň adyň näme? Sen bu zatlary maňa beýan et! – diýdi. Hatam döwler ýaly dile gelip: – Men biçäre Ýemen şäherindendirin. Meniň adyma Hatam ibn Taý şa Ýemeni diýerler. Men mätäç bendeler üçin Hudaýtagalanyň ýoluna gadam goýdum we bu ýola başymy pida etdim – diýip, başdan geçiren wakalaryny birin-birin beýan etdi. Şa şat boldy. Ol: – Eý, Hatam! Men birnäçe wagtdan bäri ýüregagyry kese-line uçrap, azar görýärin. Döw tebipler em edip, ony bejerip bilmediler. Onsoň men adamzatdan hem birnäçe tebip getirtdim. Emma olaryň eden eminiň hiç birisiniň peýdasy bolmady. Olar häzir zyndanda ýatyrlar. Sen muňa näme diýersiň? – diýdi. Ol wagt iki tabaga tagam salyp geldiler. Olaryň birini şanyň öňünde, beýlekisini bolsa myhman diýip, Hatamyň öňünde goýdular. Şa ony döwleriň gözleriniň öňünde iýdi. Hatam bu ýagdaýdan şanyň ýüregagyrsynyň göz degmekdendigini bildi. Ol öz ýanyndan: «Men bulara bir göz görkezeýin» diýip, Mah periniň ýüzügini alyp, bir niýet eýläp, tagamy usul bilen çaýkady. Ol naharyň üstüni açyp, bu ýerde bar bolan döwlere görkezip, onuň gapagyny açdy, soňra ony ýene ýapdy. Aradan biraz wagt ötdi. Ol tabagyň gapagyny açdy. Ol tagam gurda meňzeş zatlar bolup galypdyr. Muňa hemme döwler haýran galdylar. Şa ondan: – Bu niçik hadysa boldy? – diýip sorady. Hatam: – Şalar naharyny halaýygyň öňünde iýmeýärler. Eger olar adamlaryň gözüniň öňünde tagam iýseler, olar şu gurtlar ýaly şany ýürekagyry derdine ýolukdyrýarlar – diýip jogap berdi. Ol bu söze tilsimler okady . Mundan soňra Garabaş şa ýürekagyrydan gutuldy. Şa: – Eý, Hatam! Maňa Beýik Taňry hemaýat edip, bir gyz beripdi. Ol ençe wagtdan bäri bitap bolup, ýerinden galyp bilmän ýatyr – diýdi. Hatam: – Men oňa bir gezek bakyp göreýin – diýdi. Şa Hatamy gyzynyň ýanyna alyp girdi. Hatam ol gyzyň ýagdaýynyň agyrdygyny we gözlerinde nur galmandygyny gördi. Ol biraz süýji zat getirmekligi buýurdy. Ony bu ýere alyp geldiler. Hatam bir jam şerbet taýýarlady, Mah periniň ýüzügini oňa üç gezek çaýkady we ony ol bitap gyza içirdi. Aradan bir-iki sagat ötdi. Gyzyň ýüregi kadaly urmaga we dem almaga başlady. Ol üç gijeläp, üç jam şerbet taýýarlap, ony oňa içirdi. Gyz bäri bakdy. Dördünji gün gyzyň az-kem işdäsi açyldy we tagam iýip ugrady. Bir hepdeden soň ol öz reňkine geldi we ýöräp atasynyň ýanyna çykdy. Şa Hatamyň gol-aýaklaryny öpdi. Hatam şadan: – Meniň başymda müşgil işler köp. Eger şanyň belent yg-tyýaryndan rugsat bolsa, men olaryň ugruna çyksam?! – diýdi. Şa ondan hoşal bolup, oňa köp sowgatlary peşgeş berdi. Ony bir kürsüniň üstünde oturdyp, gowagyň başlanýan ýerine eltmeklige buýurdy. Hatam Garabaş şa bilen hoşlaşdy. Döwler ony alyp ýola rowana boldular we ony gowagyň başyna alyp geldiler. Olar Hatamdan rugsat alyp, yzlaryna dolandylar. Bu ýerde hoja Harysyň hyzmatkärleri häzir bolup durdular. Olar baryp Nagyma hoş habary söýünjilediler. Nagym begenjine tiz ýetip gelip, Hatamyň aýagyna ýykylyp aglady. Hatam ol ýerden alyp gelen hemme gymmat bahaly peşgeşlerini Nagyma bagyşlady. Nagym öňküsinden hem baý boldy. Ol baýlygyny saraýa getirtdi. Ol gije Hatam Nagymyň hüjresinde myhman boldy. Ertir ir bilen hoja ikisini hoja Harysyň ýanyna getirdi. Hoja Harys olara myhmandarlyk etdi. Melike perdäniň aňyrsyndan: – Ol gowagyň niçik alamatlary bar eken? – diýip sorady. Hatam oňa başyndan geçen wakalary başyndan-aýagyna çenli birme-bir beýan etdi. Garagaş şanyň gyzy Melike oňa iki sany lagl beripdi. Hatam ol iki laglyň birini Melikä, beýlekisini bolsa hoja Harysa sowgat berdi. Hoja Harys bilen gyzy muňa şat boldular. Hatam: – Ikinji şert nämedir? Men onuň hyzmatyna gadam goýsam! Indi bolsa men bir-iki gün dem-dynç alaýyn – diýdi. Soňra Hatam Nagym bilen üç-dört gün durdy we olar ýene Melikäniň öýüne baryp myhman boldular. Melike perdäniň içinden: – Eý, Hatam! Her juma gijesi meniň gulagyma bir owaz gelýär. Beýt Kylmadym haýyr işi men, baryn puşeýman bu gije Janu-jismim köýdi, boldum türpeýi nalan bu gije, Onuň ilki etmedik soňra oňa ahy-nala bilen owaz edip, puşman bolýan haýyr işi nähili işdir? Bu sözüň hakykatyny bilip geliň, goý, meniň köňlüm teselli tapsyn! – diýdi. Elkyssa, Hatam bu sözi eşidip, Nagym bilen saraýa bardylar. Ol göwünlik berip, Nagymyň çöken göwnüni göterdi. Soňra Hatam onuň bilen hoşlaşyp, ýola düşdi. Ol birnäçe wagt çöl-sähralary gezdi. Ol çöle tarap gitmekligi ýüregine düwdi. Ol bir-iki menzil ýol ýöredi we bir çeşmäniň üstünden bardy. Ol ýerde her dürli köp daragtlar ösüp otyrdy. Hatam bu ýerde üç-dört gün boldy. Juma gijesi ol Allatagalanyň atlaryny gaýtalap, ahy-nala bilen aýdylýan şu owazy eşiti: Kylmadym haýr işi men, baryn puşeýman bu gije, Janu-jismim köýdi, boldum türpeýi nalan bu gije. Hatam Hudaýtagala şükür edip, ol owazyň çykýan ýerine tarap ýöredi. Çünki, ol her juma gijesi bu owazy eşidýärdi. Aradan birnäçe günler ötdi. Hatam hemmesi matam tutup, gara geýnen bir jemagaty gördi. Emma olaryň ortasynda öliniň jesedi ýokdy. Hatam haýran bolup, olaryň birinden: – Eý, dogan! Bularyň matam baglamagynyň sebäbi näme? – diýip sorady. Ol: – Bularyň welaýatynyň başyna bir bela indi. Bir jandar gelip, bir adamy iýip ýoklaýar. Eger bir adam berilmese, ol köp adamy heläk edýär. Bu gün şäheriň häkiminiň oglunyň nobaty ýetdi. Ine, bu olaryň gara geýnip, matam baglamaklarynyň sebäbidir – diýdi. Hatam ol häkimiň ýanyna baryp, salam berdi. Hatam olaryň hemmesiniň jahankeşdigini gördi. Hatam olara: – Ol bela niçik suratdadyr? – diýip sorady. Olar ol jandaryň suratyny ýere çekdiler. Hatam: – Ol jandara haluka diýilýär. Oňa hiç ýarag kär edip bilmez. Eger çüýşegär bir uly aýna taýýar etse, Beýik Taňrynyň medet we ýardam bermegi bilen ony ýok etse bolar – diýdi. Häkimiň hökümi bilen Hatamyň aýdyşy ýaly uly aýna taýýar etdiler, ony arabanyň üstünde ýerleşdirip, üstüni perde bilen ýapyp goýdular we arabany ol jandaryň her gün gelýän ýoluna eltip goýdular. Hatam: – Oňa tomaşa etjek bolup, bu ýerde adam galmasyn – diýip, adamlary şähere iberdi. Ol öz ýanynda birnäçe adamy alyp galdy. Hatam olara: – Siz ondan asla gorkmaň – diýip, özi arabanyň üstünde galdy. Birden ol jandar peýda boldy. Onuň daş keşbi döwe meňzeýärdi. Onuň başynyň we aýagynyň nirededigi mälim däldi. Agzy bilindedi, gözleri ýyldyrym ýalydy. Ol dem alanda burnundan oduň uçgunlary ýaly uçgunlar çykyp durýardy we owazasy bet haýbatdy. Ol arabanyň ýakynyna geldi. Hatam aýnanyň perdesini göterdi. Ol jandar öz suratyny aýnadan gördi. Ol öz suratyndan özi gorkdy. Ol haýbat bilen demini iki gezek içine dartdy. Ol dag ýaly bolup gitdi we demi içine sygman ýaryldy. Onuň içegeleri her ýana pytrap gitdi we garny ýarylan wagty belent owaz peýda boldy. Ol owaz uzak ýerlere ýaýrady, onuň zarbasyna dag-daşlar lerzana geldi we şäher halkyna güňlenç ses eşidildi. Hatamyň ýanyndaky adamlar bu owazy eşidip bihuş boldular. Olar huşlaryna gelseler, ol jandar garny ýarylyp ölüpdir. Olar bu hoş habary söýünjiläp şähere adam iberdiler. Şäheriň ilaty bu ýere gelip, bu habaryň rastdygyny gördüler we ol jandaryň böleklerini çöpläp oda ýakdylar. Olar Hatama köp sow¬berdiler. Hatam ony garyp-gasarlara paýlady. Hatam gije bu ýerde ýatmaklygy ýüregine düwdi. Agşam düşdi. Birden çyralar peýda boldy. Her dürli çadyrlar döredi. Ol çadyrlaryň biriniň içinde bir hoja otyrdy. Üstüne dürli nygmatlar goýlan desterhan bolsa, onuň öňünde ýazyglydy. Çarwalar bolsa öz çadyrlarynda dynç alyp otyrdylar. Bulardan bir-iki gadam gapdalda bir köçede bir adam tüssäniň içinde galypdyr. Onuň öňüne dowzahyň katranyndan desterhan ýazypdyrlar we onuň üstüne dowzahyň zakgunyndan goýupdyrlar. Wagtal-wagtal jamlaryň içinden ot-ýalny daşary urup durdy. Ol adam şeýle azaplara çydaman, ahy-nala tartyp şu beýti gaýtalaýar: Kylmadym haýr işi men, baryn puşeýman bu gije, Jismu-janym köýdi, boldum türpeýi nalan bu gije. Ol adam her sapar bu beýti aýdandan soň, hesrete düşýärdi we ökünç nalasyny edýärdi. Hatam öz-özüne: – Men bu köýen biçäreden onuň ahwahynyň sebäbini soraýyn – diýip, tüssäniň ýakynyna baryp oňa salam berdi. Ol oduň içindäki adam: – Eý, päkize sypat ýigit! Bu günäkär bendäniň halyny soraýançaň, çadyr dikinen çarwalara myhman bol. Mende ot-tüsse, zakgundan başga rahatlyk üçin hiç zat ýokdur – diýdi. Hatam: – Men bu ýere rahatlyk gözläp gelmedim. Sen maňa öz başyňdan geçiren wakalaryňy aýdyp ber – diýdi. Ol kişi tüssäniň ortasyndan: – Sen meni öz ugruma goýmadyň. Indi men saňa başymdan geçen wakany aýdyp bereýin, diňle – diýdi. Ol adam ýene: – Biziň adamlarymyz maňa Ýusup söwdagär diýerler. Me¬niň öýüm we mülküm bardy. Men mata-marlak satylýan mähellede iň baý adamdym. Meniň öz harytlarym bir kerwen bolardy. Köp adamlar meniň hyzmatymy ederdiler. Ýöne men gysgançdym we bahyldym. Bir adam bir şaýy birine sadaka berse, men bir ölüp bilmezdim. Emma hyzmatkärlerim menden ýaşryn haýyr-yhsan edýär ekenler we hüşür-zekat çykarýar ekenler. Elkyssa, biz söwda saparyna çykdyk. Biz ýol ýöräp, şu syrly menzile ýetdik. Garakçylar gelip, biziň hemmämizi öldürip, zatlarymyzy alyp gitdiler. Başga bir söwdagärler gelip, bizi jaýladylar we olar bize ýagşy dilegler etdiler. Beýleki merhum söwdagärler sahylygy sebäpli rahat menzile düşdüler we şehit derejesini aldylar. Emma men şumbagt bahyllygym üçin we haýyr-yhsanymyň ýoklugy sebäpli şehit bolsam hem bu azaba düşdüm. Eý, ýigit! Indi ýetmiş ýyla ýakyn wagtdan bäri her juma gijesi ahy-pygan bilen ol beýti okap, Beýik Taňrydan: «Eý, Hudaýym! Meniň bir armanym bar. Maňa bir sahy adama sataşsyn! Onuň bereketinden meniň ruhuma rahatlyk ýetişsin» diýip, dileg edýärin. Bu gije Allatagala seni maňa ýetişdirdi – diýdi. Hatam: – Sende galan ol arman niçikdir? – diýip sorady. Ol kişi ýyglap: – Meniň armanym şeýledir Çyn şäherinde öýüm, oglum we hazynam bar. Ol hazynadan bolsa oglum bihabar. Hiç kişi onuň nirededigini bilmeýär. Eý, ýigit! Sen şu haýyr işe gadam goýup, ol hazynany alyp, ony üç ülşe bölüp, bir ülşüni ogluma berip, iki ülşüni meniň sogabym üçin garyp-gasarlara sadaka paýlasaň, senden Allatagala hem razy bolar, men hem razy bolaryn. Seniň bu gadamyň bereketinden maňa bu ýerde ýeňillikler berler – diýip, hemmesini beýan etdi. Ýary gije boldy. Ol adam: – Indi men seni Hudaýa tabşyrdym – diýip, gözden gaýyp boldy. Hatam töweregine baksa, ol çadyr diken çarwalar hem çadyrlary bilen gaýyp bolupdyrlar. Hatam az salym uklady. Bu gije ötdi. Ol säher bilen turup, Çyn welaýatyna tarap ýola düşdi. Ol daglary çölleri we sähralary söküp barýardy. Ol bir welaýata baryp ýetdi. Şäheriň derwezebanlary Hatamy tutup, ony ugruna goýmazdan, patyşalarynyň ýanyna alyp bardylar. Hatam edep bilen şa bakyp: – Hiç bir yklymda ýolagça azar berilmeýär. Siziň bu adatyňyz niçik düzgündir? Siziň bu ýeriňizde bir owurt suw içmezden we bir döwüm çörek iýmezden öň ýolagça munça azar berilýär – diýdi. Şa gözlerine ýaş aýlap: – Eý, juwan ýigit! Bu welaýatyň ady öň Adylabatdy. Bu günlerde onuň ady Zulumabat boldy. Onuň sebäbi şeýledir. Meniň bir gyzym bar. Indi ençe wagtdan bäri bir ýolagçy bu şähere ýetse, ol ony heläk etmän goýmaýar – diýdi. Hatam: – Ol zalymy ýok etseň bolmaýarmy? – diýdi. Şa: – Öz bagrynyň bölegini kim ýok edip biler? – diýip sorady. Hatam: – Rasdyr, eý, şahym! Taňrynyň buýrugy gelýänçä nesibe şeýledir – diýdi. Birden Melikäniň hyzmatkärleri geldiler we Hatamy erkine goýmazdan Melikäniň ýanyna alyp bardylar. Hatam oňa salam berdi. Hatama oturmaga kürsi berdiler. Hatam onuň jemalynda adamzatda barabary bolmadyk alçak gyzdygyny gördi. Melike Hatam üçin dürli naz-nygmatlary desterhanyň üstüne goýup, hezzet-hormat bilen myhmandarlyk etdi. Nahar iýlenden soňra desterhan ortadan ýygnaldy. Gün gijikdi we garaňky düşdi. Derwezeler berklenildi. Hemme öz jaýyna gitdi. Melike öz ornundan turup, Hatamy tagtynyň üstüne alyp çykyp oturtdy. Tä gije ýarym bolýança Melike onuň bilen magşuklyk söz¬le¬rini sözleşdi. Soňra Melikäniň niýeti Hatamy özüne imrindirmek-de boldy. Ol agzyna çem gelen bihuda sözleri aýdyp başlady. Onuň gözleri ala-böle boldy. Ol Hatama bakyp: – Eý, nämährem! Saňa kim meniň ýanymda oturmaga ýol berdi? Seniň meniň ýanynda oturmaga hetdiň barmy? – diýdi. Hatam: – Men ýolagçydyryn. Meni erkime goýmazdan gije bu ýere getirdiler – diýdi. Melike: – Men senden üç sany zat sorajak. Eger olara jogap berip bilmeseň, men seni dara asaryn. Sen muňa taýýar bol – diýdi. Hatam: – Birinji soragyň nähilidir? – diýip sorady. Melike: – Birinji sowal şeýledir, jandarlar peýda bolýan derýa bilen katra niçikdir? – diýdi. Hatam özüni dürsäp: – Ol derýa hemme janly zatlaryň başydyr. Ol katra meni suwudyr . Erkek kişi bilen aýal maşgala jübütleşmegi bilen ondan göwrede çaga peýda bolýar. Älemleri ýaradyjy Taňrynyň erki bilen olaryň käbiri erkek, käbiri bolsa gyz bolup dogulýar – diýdi. Melike: – Ikinji sowal şeýledir, her bir jana has lezzetli we has şirin bolan miwe haýsydyr? – diýdi. Hatam: – Ol miwe perzentlerdir. Dünýädäki janly-jandara ondan lezzetli we ondan şirin başga bir miwe bolmaz – diýdi. Melike : – Üçünji mesele şeýledir, datmaýan kişi bolmadyk ol awyly-zäherli tagam haýsydyr? – diýdi. Hatam: – Nesibesi göterilmän janly-jandara miýesser bolmaýan ol tagam ölümdir. Oňa «ajal şerbeti» hem diýerler – diýdi. Melike bu jogaplary eşidip, tenine titremek ýetişdi, gara dere gark boldy we bihuş bolup tagtyndan ýykyldy. Melikäniň aýak tarapyndan aždarha meňzeş bir gara ýylan peýda boldy we agzyndan otlar saçyp, Hatama topuldy. Ol ýylanyň hüjümini yzyna gaýtarmasa, Hatamyň tenine zäher salyp heläklejekdi. Şonuň üçin Hatam Mah periniň beren ýüzügini agzyna saldy we ýylany tutdy. Melikäniň öňünde ýüz sany çüýşe bardy. Ol ýylany şol çüýşeleriň biriniň içine salyp, agzyny mäkäm baglady. Ol ýüzügi suwa çaýkap, çüýşeleriň hemmesine sürtdi we ýeri dyzyna çenli gazyp, çüýşeleriň hemmesini gömdi. Soňra bir jama suw guýup, ýüzügi suwa salyp çykardy we suwy topraga sepdi. Ol ýylana: – Sen kyýamat güni bolanda başyňy göter! – diýip, niýet etdi. Ol bu işlerden dynyp, ýaňy başyny göteripdi. Şol wagt Melike huşuna geldi. Ol Hatama bakyp: – Eý, keseki kişi! Sen bu ýerde näme işleýärsiň? – diýip, ýü¬züne çadyra tutdy. Hatam: – Men öten gije gelen ýolagçy kişidirin. Melike perýat edip enekesini we hyzmatkärini çagyrdy. Olaryň hemmesi bu ýerde häzir boldular. Olar Melikäniň huşuna gelip, nämähremden çadyra atynyp, ýüzüni gizleýändigini we ýolagçynyň sag-salamat galandygyny görüp haýran galdylar we bu hoş habary onuň atasyna ýetirdiler. Ata-enesi onuň ýanyna geldiler. Olar hem Melikäniň huşuna gelendigini we ýolagçynyň diri galandygyny öz gözleri bilen gördüler. Hatamdan: – Eý, bagtyýar ýigit! Bizi bu syrlardan habardar et. Bu nähili wakadyr? – diýip sorady. Hatam: – Bir jyn Melikä aşyk bolan eken. Şu sebäpden ol ýylan suratyna girip, adamzada zyýan ýetirýär eken. Men ol jyny Beýik Taňrynyň medet bermegi bilen çüýşä salyp, agzyny berk ýapyp, ýere gömdüm – diýip, gören wakasyny beýan etdi. Melike: – Meni ol apatlardan halas eden Beýik Taňry taryplanmaga mynasypdar we meniň oňa ýüz-müňlerçe şükürim bardyr – diýdi. Elkyssa, şa Hatama: – Indi men seni perzent tutundym we şu bagrymyň kümşüni saňa nikalap berjek. Ol senden şypa tapdy – diýdi. Hatam: – Meniň başymda etmeli haýyr işlerim köpdür. Eger Melike men nirä gitsem gaýdyp gelýänçäm garaşmaklyga razy bolsa, onda men seniň bu sözüňi kabul edýärin – diýdi. Hatamyň bu şertini şa hem, Melike hem kabul etdi. Toý-tomaşa tutuldy. Nika gyýyldy. Hatamy Melikä, Melikäni Hatama gowşurdylar we ikisini ýekelikde goýdular. Elkyssa, Hatam Melike bilen, Melike Hatam bilen biri-birlerinden asylly boldular. Aradan birnäçe gün ötdi. Hatam şa bilen Melikeden jogap alyp, Çyn welaýatyna tarap ýola rowana boldy. Elkyssa, Hatam birnäçe daglary we çölleri söküp, Çyn şäherine gadam goýdy. Ol bu gün şäheriň köçelerini, bazarlaryny aýlanyp tomaşa etdi we mata-marlyk satylýan mähelläni gözläp tapdy. Ol adamlardan Hoja Ýusuby we onuň öýüni sorady. Adamlar ony bilmediler. Käbir goja adamlar: – Bu wagtda Hoja Ýusup diýilýän adam ýokdur. Öň bir Hoja Ýusup diýilýän bir kişi bardy. Ony pylan çölde garakçylaryň öldüreli bäri ýetmiş ýyla golaý wagt geçdi. Onuň oglunyň ady pylandyr – diýip, öýüniň salgysyny berdiler Hatam ol howla gelip, derwezesini kakdy. Ondan ýüz ýaşyna giren ak sakally bir adam çykdy. Ol: – Siziň bizlik näme işiňiz bar? – diýdi. Hatam: – Men bir ýolagçydyryn. Siziň öýüňizde bir-iki gün durup, ýoluma giderin – diýdi. Ol aksakal: – Hoş gelipsiňiz – diýip, ony myhman jaýyna alyp geldi. Ol Hatamy naharlady, myhmandarlyk etdi. Ol gije ötdi. Ertir ir bilen Hatam öý eýesinden: – Siziň adyňyz näme, ataňyzyň ady näme? – diýip sorady. Ol: – Meniň atamyň ady Hoja Ýusup bezirgendir, öz adym bolsa Hoja Ýusup pylandyr – diýdi. Hatam: – Men pylan çölde siziň ataňyzyň ruhuny ýoldaşlary bilen gördüm. Şol gün juma gijesidi. Olaryň hemmesi şehit bolup ölen ekeni. Onuň ýoldaşlary sahylygy sebäpli rahatlykda eken. Hoja Ýusup bolsa bahyl we gysganç kişi ekeni. Ol bahyllygy we gysgançlygy sebäpli gaty azapda ekeni. Ol maňa: «Öýümde bir hazynam bardyr. Ondan oglum binesipdir, ol maňa hem peýdasyzdyr. Siz baryp oglumy ondan habardar ediň, Ol hazynany alyp, üç ülşe bölüň. Onuň üçden birini ogluma beriň, üçden ikisini garyp-gasarlara haýyr-yhsan üçin paýla» diýip, maňa hat ýazyp, wesýet etdi. Men dört bäş aýdan bäri bu dag-çölleri söküp gelýärin. Indi siz bu sözlere razy bolsaňyz, men Hoja Ýusubyň hökümini berjaý edeýin. Eger kabul etmeseňiz, onda ataňyz azapda galar, siz hem ol hazynadan binesip bolarsyňyz – diýdi. Hojanyň ogly oý-pikire çümdi. Ol: «Bu kişiniň sözi dogry diýsem, ýalana meňzeş, ýalan diýsem çyna ýakyn. Emma ölen kişiden heniz bu hili waka, ýüze çykmandy. Eger onuň sözleri dogry bolsa, ýagşy bolar. Ýö¬ne onuň sözleri ýalan bolsa, halaýygyň öňünde şermende bolsam gerek» diýip, köp pikir-hyýala mündi. Emma üçden bir ülşüň höwesi ony öz ugruna goýmady we ol ylalaşyga geldi. Hatam öz ýanyndan çykaryp, oňa pul berdi. Hoja Ýusubuň ogly adamlary ýygnap, atasyna aş-suw berdi. Hoja Ýusuba aýat-töwür okaldy we ýagşy dilegler edildi. Hatam adamlaryň öňünde: – Hazyna orta çykarylandan soňra baýlyga gyzygyp, sözünden dänäýmesin – diýip, Hoja Ýusubyň oglunyň dilinden ähtnama aldy. Bu ýagdaýy eşiden-görenler: – Bu nähili syrly wakadyr? – diýip, haýran galdylar. Elkyssa, Hatam mähelläniň ýigitlerinden ýedi-sekiz sanysyny alyp, Hoja Ýusubyň oglunyň öýüne girdi. Ol ýigitlere öýüň ortasyny gazmaklygy buýurdy. Olar ony gazdylar we hazyna tarap gidýän ýoluň üstüni açdylar. Hazyna girip görseler, ol çaksyz-çensiz köp eken. Bir sandygyň içinden hasap depderi çykdy. Onda hazynadaky pullaryň we harytlaryň sany ýazylypdyr. Şol depder bilen Hatamyň elindäki depderiň içindäki hasapda tapawut ýokdy. Olar Hazynanyň hemme zatlaryny howlynyň içine alyp çykdylar we olary jemlediler. Soňra hazynany üç bölege böldüler. Onuň bir bölegini Hoja Ýusubyň ogluna tabşyrdylar. Onuň galan iki bölegini ýene hazyna girizdiler. Her gündiz, her gije mätäçler bu ýere gelýärdiler. Hatam olaryň nesibesini berýärdi. Hoja Ýusup olaryň dilegleriniň sogabyny alýardy. Elkyssa, Hatam bir aýda hazynanyň üçden iki bölegini sadaka paýlap gutardy. Bu waka şäherde şöhrat tapdy. Adamlar Hatamyň ýanyna gelip: – Eý, bagtyýar ýigit! Siz bu welaýatda galsaňyz, siziň bereketinden biziň hemmämize nesip etse!? – diýip, haýyş etdiler. Hatam: – Eý, ýaranlar! Men Ýemen şäherinden bolaryn. Maňa Hatam bin Taý şa Ýemeni diýerler. Men janymy hem, malymy hem Hudaýtagalanyň ýolunda mätäç bendelere pida etdim. Meniň başymda kän ýagşy işler bardyr. Meniň ýolumda garaşyp duran mätäçler köpdür. Indi maňa rugsat berseňiz men ýola düşeýin – diýdi. Ol adamlardan jogap alyp ýola rowana boldy. Hoja Ýusubyň ogly oňa iki menzile çenli hemra boldy. Hatam onuň bilen hoşlaşyp ýoluny dowam etdi. Ol üç-dört aýdan soň, ýene şehitleriň görüstanyna baryp ýetdi. Ol gije juma gijesidi. Ýene öňki ýaly çadyrlar we çyralar peýda boldy. Hemme öz jaýynda rahatlykdady. Hoja Ýusup öz jaýynda tilsimleriň astyndady. Onuň bossany göründi. Oňa özge çadyrlar bilen arasyna perde tutulypdyr. Hoja Ýusup bir tagtyň üstünde parahat otyrdy. Hojanyň rahatlygy hemmäniňkiden zyýadady. Ol Hatamy görüp, tagtdan düşüp, gol-aýaklaryny öpdi, oňa ýagşy dilegler etdi. Ol: – Eý, ýagşy ýigit! Seniň gözel ahlagyň medeti bilen Allatagala maňa bu bagtyýarlygy berdi. Seniň bir ýagşylygyň ornuna Hudaýtagala saňa köp sogap bagyşlasyn! – diýip, ýanynda oturdy. Ýene ýarym gije boldy. Ol Hatam bilen hoşlaşyp, gözden gaýyp boldy. Allatagala käbir şehitlere şunuň ýaly döwleti rysgal berermiş. Eý, Taňry! Hemme mömin bendeleriňe şehitleriň beýik derejesini we din ugrunda söweşýänleriň derejesini bergeý Sen! Biziň dileglerimizi özüň kabul etgeý Sen, eý älemleriň hökümdary! Elkyssa, ol gije ötdi. Hatam ertir ir bilen ýola düşdi. Ol birnäçe gün ýol ýöräp Adylabat welaýatyna ýetdi we öz öýüne baryp düşledi. Melike, şa we onuň aşnalarynyň hemmesi şat boldy. Melike hamylady. Allatagala medet berip, ol bir ogul dogdy. Hemme şäher halky, şa we döwletiň sütünleri muňa begendiler. Bir aýyň dowamynda toý-tomaşa tutuldy. Ol oglanyň adyna şazada Salym ibn Hatam goýdular. Oňa Hatam diýseň hem bolar. Elkyssa, Hatam üç-dört gün ötenden soňra, şa bilen Me-likeden jogap alyp, olar bilen hoşlaşyp ýola rowana boldy. Ol pesu-belent ýerleri tomaşa edip, bir çöl-beýewana ýetdi. Teşnelik ondan üstün geldi. Ol ýana, bu ýana aýlanyp suw gözledi. Çapa taýýarlan Gurbangül GUZUÇYÝEWA | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |