23:02 Hatamnama: Hatam Taýyň Mahperä öýlenmeginiň beýany | |
HATAMYŇ MAHPERÄ ÖÝLENMEGINIŇ BEÝANY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Patyşa horaz mähribanlyk edip: – Eý, Hatam! Biz perilerdendiris. Biz öz keşbimizi horaz suratyna salyp gezýäris. Meniň Mahperi atly bir gyzym bar. Görk-görmekde, mylaýymlykda, dilewarlykda we päklikde ol saňa taýdyr. Oňa bäsleşip biljek perizatlaryň içinde hem ýokdur. Men ony seniň nikaňa girizeýin. Sen meniň teklibimi kabul et. Men ony perilere bermekligi oňlamaýaryn – diýdi. Hatam: – Adam bilen periniň nikasy niçik bolar?– diýip, ondan sorady. Patyşa horaz: – Hatamy Mahperiniň köşgüne alyp baryň – diýip buýurdy. Üç-dört horaz Hatamy köşge alyp gitdiler. Dagyň aňry ýüzünde Mahperiniň köşgi we bossany bardy. Hatam onuň Erem bagy bilen bäsleşýändigini gördi. Her ýerde çadyrlar gurlupdyr. Suwlar şirrildäp akyp durdy. Dürli miweli daragtlar we serwi agaçlary ösüp durdylar. Baglaryň ortasynda dury we şirin suwly bir howuz bolup, onuň öňünde ajaýyp köşk bardy. Ol köşgüň üstünde bolsa, owadan bir tagt goýlupdyr. Mahperi bolsa onuň üstünde otyrdy. Onuň öňünde bolsa perizatlaryň tutuş jemagaty otyrdylar. Hatamy ol tagtyň öňüne alyp bardylar. Şa Mahperä Hatamyň bu ýere getirilmeginiň sebäbini aýtdylar. Ol ýüz dürli näz-kereşme, edep bilen Hatamyň golundan tutup, tagtyň üstüne çykardy we oňa köp mähribanlyklar etdi. Sazandalar dürli sazlary çaldylar. Elkyssa, şeýle sylag-hormat bilen üç gije-gündiz oňa myhmandarlyk etdiler. Söhbet ahyryna ýetdi. Hyzmatkärler Hatamy mertebeläp, şanyň ýanyna eltdiler. Şa Hatamyň razylygy bilen periler toý dabarasyny gurnadylar. Toý ahyryna ýetdi. Mahperini Hatamyň nikasyna girizdiler. Mahperini Hatama, Hatamy Mahperä tabşyrdylar. Aşyk magşuk tapyşdylar. Aradan birnäçe wagt ötdi. Bir gün Hatamyň ýadyna şazada Münir bilen Husnyýe Banu düşdi. Ol öz özüne: «Eý, Hatam! Sen munda aýşy-eşretde döwran sürüp ýörsiň. Ol aşyklar bolsa ahy-pygan çekýändirler. Sen Hudaýtagala näme jogap berersiň?» diýip, Mahperä arz etdi. Ol Mahperä garap: – Eý, mähriban ýarym! Eger sen maňa rugsat berseň, men ýene Hudaýtagalanyň ýoluna girjek – diýip, başyndan geçiren wakalaryny oňa birin-birin beýan etdi. Mahperi bu habary eşidip, onuň gitmegine razy bolup, atasyndan rugsat diledi. Şa Hatama sapara gitmäge rugsat berdi. Hatam ýene üç-dört gün dynç aldy we öz ýoluna gitdi. Mahperi oňa ýadygärluk üçin bir ýüzük berdi we Hatama: – Sen şu ýüzügi asla öz ýanyňdan aýyrma. Ondan saňa köp peýda geler. Eger sen teşne bolup galsaň, ony agzyňa salsaň, suwsuzlygyňy gandyrar. Seniň başyňa her dürli bela-beter düş¬se hem ol seni olardan halas eder – diýip, wesýet etdi. Mahperi we beýleki periler bir-iki menzil ýoly Hatam bilen ýörediler. Soňra ony Hüweýda çölüne tarap ugrukdyrdylar we onuň bilen hoşlaşyp galdylar. Ondan soň, olar öz mekanlaryna gelip rahatlandylar. Çapa taýýarlan Gurbangül GUZUÇYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |