12:35 Hatamnama: Hatama bir itiň sataşmagynyň beýany | |
HATAMA BIR ITIŇ SATAŞMAGYNYŇ BEÝANY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Hatam birnäçe gün çöl-beýewanlary gezdi. Bir gün ol bir çeşmäniň başynda dynç alyp otyrdy. Uzakdan bir it gelýärdi. Ol it aç hem suwsuzdy. Endam-jany bolsa ýaradardy. Ol it gelşine özüni suwa taşlap, suwsuzlygyny gandyrdy. Soňra ol Hatamyň ýanyna geldi. Hatamyň oňa rehimi gelip, ýanyna aldy, oňa nan berdi we arkasyny sypalady. Ol itiň başyny sypalanda eli bir gaty zada degdi. Görse, ol demir syh eken. Hatam haýran galdy we ol syhy sogrup aldy. It ýere bir-iki gezek togalandy we özüniň keşbini özgertdi. Ol bir ýigide öwrülip, Hatamyň aýaklaryny öpdi we ötünç sorady. Hatam: – Bu nähili syrdyr? Dogrulyk bilen beýan et! – diýdi. Ol kişi: – Men söwdagär kişidim. Başga şäherlere gidip, söwda ederdim. Bir gün men bu şähere geldim. Men bu ýerde howly, jaý, hyzmatkärleri we kenizleri satyn aldym. Men halkyň we söwdagärlerin arasynda abraýly adam hasaplanýardym. Bir gün bolsa nesibäm çekip, ýük baglap, Hytaý tarapyna söwda saparyna gitdim. Men ol ýerde bir ýyl söwda edip, nesip eden harytlary alyp öýüme geldim. Emma men gelýänçäm bir gulamym aýalym bilen oýnaş bolan eken. Meniň bu ýagdaýdan habarym ýokdy. Bir gün men öýde uklap ýatyrdym. Birden men ukudan oýandym. Görsem aýalym ýanymda ýok. Men ony gözläp başladym. Görsem, aýalym bilen ol gulam ikisi aýşy-eşrete meşgul bolup otyrlar. Ol gulam bet aždarha öwrülip, şu syhy taýýar edip goýan eken. Olar meni gördiler. Ol iki haramzada syhy meniň başyma sanjyp: – Eý, pylany! It suratynda bol! – diýdiler. Men şol wagt it suratyna öwrüldim. Olar meni köçä kowdular. Şäheriň itleri meni orta alyp daladylar. Men iki günläp şäheriň itleri bilen ýakalaşyp gezemsoň, bedenimiň hemme ýeri ýaradar boldy. Elkyssa, men özümi sähra alyp gaçdym. Bu gün meniň it bolup ýüwrüp ýörşüme üç gije-gündizdir. Hudaýa şükür we taryp bolsun! Seniň hormatyňdan men ýene adam şekiline aýlandym – diýip, Hatama ýagşy dilegler etdi. Hatam: – Eý, dogan! Gam iýme! Ýamanlar öz jezalaryny alarlar – diýip, oňa teselli berdi. Ol ikisi syhy alyp, ýola düşdüler. Olar şähere gelip girdiler. Söwdagär Hatamy öýüne alyp geldi. Hyzmatkärler hojasyny görüp şat boldular. Ol kenizlerden: – Bibi nirede? – diýip sorady. Ol has öýe yşarat etdi. Ol gulamy sorady. Ol: – Ol has hem öýdedir – diýdi. Ol Hatamy myhmanhana eltip ýerleşdirdi. Özi ýuwaşlyk bilen öýe tarap ugrady. Ol bu öýe baryp görse, bibi bilen gulam bir ýerde gujaklaşyp ýatyrlar. Ol bibiniň başyna syhy sokdy we: – Eý, pylany! Sen ganjyk suratynda bol! – diýdi weli, ol aýal ganjyga öwrüldi. Ol gulamy bolsa gylyç bilen urdy, gulam iki bölek boldy, ýene bir gezek urdy, dört bölek boldy. Ol ony ganjygyň boýnuna baglap, Hatamyň ýanyna alyp geldi we wakany oňa aýtdy. Hatam aýalyň günäsini diläp aldy. Aýal aslyna geldi. Ol aýalyny talak etdi we kowdy. Ol öýden gulamyň jesedini çykaryp topraga tabşyrdylar. Bu gije ötüp, daň atdy. Ertirlik naharyndan soňra iki bolup, Nagymyň hüjresine bardylar. Bu üçüsi demlerini dürsäp, hal-ýagdaý soraşmak üçin hoja Harysyň öýüne geldiler. Hoja Harys bu üç kişini gadyr bilen myhman aldy. Duz-tagam iýmeklikden soňra Melike işigiň arkasyna geldi. Melike hyzmatkärleri bilen Hatamyň gören we eden ajaýyp işlerini birme-bir diňledi. Melike: – Sen gowy iş etdiň we sözüňi dogry aýtdyň – diýip, Hatamyň berekellasyny ýetirdi. Melike: – Iki şert ýerine ýetdi. Üçünji şert Mahperidir. Eger ol ele gelse, bu kenizekler hem onuň ygtyýarynda bolar – diýip, haremhana gitdi. Hatam bu gijäni Nagymyň saraýynda geçirdi. Soňra iki doganyny Hudaýa tabşyryp, ýene ýola düşdi. Hatam bir menzil ýol ýöräp, bir ýerde oturyp: «Bu müşgil çözgüt nireden tapylar?» diýip pikirlendi. Ahyrynda ol: «Garagaş şa döwüň ýanyna baryp maslahatlaşaýyn» diýen netijä gelip, ornundan turup, ol gowaga tarap ýola rowana boldy. Ol gowagyň içi bilen döwleriň mekanyna baryp ýetdi. Ýolda ol tanyş döwlere sataşyp, hal-ýagdaý soraşdy. Ol serkerde döwüň ýanyna bardy. Ol Hatamy görüp şat boldy. Ol Hatamdan bu ýere gelmeginiň sebäbi barada sorady. Hatam Mahperi şa döwi gola getirmek maksadynyň bardygyny habar berdi. Bu gijäniň ertesi serkerde döw Hatamyň habaryny Garabaş şa ýetirdi. Garabaş şa bu habary eşidip aljyraňňylyga düşdi we hyýal kölüne çümdi. Ol: – Eý, Hatam! Siz Mahperiden ötseňiz ýagşy bolardy! Dünýäde ýagşy işler köp. Şolar bilen meşgul boluň – diýdi. Hatam: – Men şu wagta çenli «iş agyr» diýip, ondan ýüz öwürme-dim. Häzir men bu işden dönmerin – diýdi. Garagaş şa: – Mahperiniň ordasyna Kap dagynyň bir tarapy degişlidir. Ol ýere ýetip bolmaz – diýip, bäş ýüz sany pälwan döwe: – Hatamy göterip, Mahperiniň ordasyna ýetiriň, soňra Hatamdan habar bolýança şol ýerde garaşyp duruň – diýip buýurdy. Ol döwler Hatamy göterip, Mahperiniň ýurdunyň Galam atly jülgesine ýetirdiler. Olar: – Indi biz şu ýerde durarys. Mundan aňry ýöremeklige biziň hetdimiz ýokdur – diýip, Hatamdan rugsat aldylar. Hatam olar bilen hoşlaşyp, ýola düşdi. Ol birnäçe gün çöl-sähralary gezip, bir uly daga ýakyn geldi. Ol dagyň düýbünde periler sap-sap bolup ýöräp ýördüler. Olar Hatamy görüp, ony tutdular we ony dagyň üstüne alyp çykdylar. Olar: – Sen bu ýere nähili ýeke özüň düşdüň, sebäbi nämedir? – diýip, soradylar. Hatam öz-özüne: «Dymmaklyk ýagşy bolar» diýip dymdy. Periler muňa gazaplandylar, bir uly ot ýakdylar we Hatamy oňa taşladylar. Hatam Mahperiniň ýüzügini ele alyp, Beýik Taňryny ýat edip, oda oturdy. Periler: – Ol otda köýüp gitdi – diýip, öz mekanlaryna tarap gitdi-ler. Hatam oda köýmän ondan sag-salamat bolup çykdy. Ol Hudaýtagala şükür edip, alkyş aýdyp ýene ýola düşdi. Ýene bir görnüş periler duşup, oňa her hili işleri edip gördüler. Emma hiç çäresi bolmady. Olaryň hiçisi Hatama täsir etmedi we ol salamat galdy. Elkyssa, ençe görnüşli periler oňa her hili işleri edip gördüler. Emma Hatama hiç bir zat täsir etmedi. Soňra ýene birtopar periler sataşyp, ony göterip Gulzum derýasyna taşladylar. Hatam Mahperiniň ýüzügini agzyna saldy. Ol derýanyň apatyndan aman galdy. Emma ol huşuna gelip baksa, bir läheň balygyň agzyna düşüpdir. Ol balyk çalt hereket edýärdi. Hatam onuň içine düşdi. Hatam hanjaryny çykaryp, onuň bagryny para-para etdi. Läheň muňa çydam etmän, bitap bolup derýanyň kenaryna geldi we Hatamy gusup, içinden daşyna çykardy. Hatam kenarda huşuna gelip, lybaslaryny ýuwdy we olary guradyp geýdi. Ol: «Indi, men nirä bararyn?» diýip, ikirjiňlenip durdy. Ony Gulzum derýasyna garawulluk edýän periler ugratdylar. Hatam olara periler düzgüni bilen salam berdi. Onuň bu salamy perilere hoş geldi we olar salama jogap gaýtardylar. Olar Hatamyň garnyny doýurdylar soňra ony göterip gezdiler we öz mekanlaryna alyp geldiler. Ony myhman aldylar. Olar: – Muny heläk etseň ýagşy bolmaz. Gowusy, Şaperä arz edeliň – diýip, bu maksat bilen şanyň kabulhanasyna geldiler. Olar habarlaryny hata ýazyp, şanyň hyzmatkärine ýetirdiler. Hatda: «Biziň şamyzyň ömri uzyn bolsun, döwleti zyýada bolsun. Biz, Gulzum derýasyny garawullaýan periler, pylan gün bir adamzady ele saldyk. Ol örän akyldar bolup görünýär. Onuň özüni alyp barşy uly pirlere meňzeýär. Biz beýik mertebeli şanyň bu ýagdaý barada berjek görkezmesine garaşýarys» diýip ýazdylar. Hyzmatkär haty şa eltip berdi. Şa ony okap jogap hatyny ýazdy. Ol: – Bu hatyň hökümini eglemän ýerine ýetiriň – diýip buýurdy. Hyzmatkär haty garawul perileriň serkerdesine getirip gowşurdy. Ol haty alyp okady we: – Ol adamy tizden-tiz meniň ýanyma getiriň – diýdi. Garawul periler Hatamy göterip köp goşun bilen şanyň hyzmatyna getirmek üçin ýola ugradylar. Çapa taýýarlan Gurbangül GUZUÇYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |