20:20 Hatamnama: Hatamyň aždarhalara we jadygöýlere sataşmagynyň beýany | |
HATAMYŇ AŽDARHALARA WE JADYGÖÝLERE SATAŞMAGYNYŇ BEÝANY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Hatam perilerden aýrylyşandan soň, Beýik Taňra bil baglap, ýöräp barýardy. Ol bir çöl-beýewana gelip etdi. Onuň başy-ahyry ýokdy. Ol aňyrsy-bärsi görünmeýän gumlardan we jeňňellerden ybaratdy. Onda suwdan nam-nyşan ýokdy. Hatam Hudaýy ýat edip ýörýärdi. Ol ýüzügiň bereketinden oňa ir ertir, giç agşam ýüzüne nikap örtülen bir adam iki sany gyzgyn nan we suw getirip bererdi. Hatam nany iýip, suwy içip Hudaýa şükür ederdi. Birnäçe günden soňra uzakdan dag ýaly bir zat peýda boldy. Hatam onuň ýakynyna baryp görse, ol bir haýbatly aždarha eken. Aždarha ony demine dartdy, ol onuň agzyna girdi, damagyndan ötüp, aşgazanyna baryp saklandy. Ýüzügiň bereketinden aždarhanyň aşgazany ony gan damarlaryna siňdirip bilmedi. Hatam huşuna geldi aždarhanyň içegelerini depeläp başlady. Aždarha bitap bolup sähranyň soňuna bardy, Hatamy garnyndan çykardy we jeňňele siňip gitdi. Hatam bir sagatdan soň huşuna geldi we Beýik Taňra alkyş-taryp aýdyp, ýola rowana boldy. Ol uzak wagtlap ýol ýöränden soňra bir batgalyk suwa baryp ýetdi. Ol bu suwdan gusul etdi . Aždarhanyň nejasatyndan päklendi. Soňra ol dynç almaga oturdy. Birden läbik suw gymyldap başlady. Ondan bir mahluk çykdy. Onuň bedeniniň ýarysy balyga, beýleki ýarysy bolsa adama meňzeýärdi. Hatam oňa salam berdi, ol salama jogap gaýtardy. Soňra ol Hatam bilen görüşdi. Ol Hatamy göterip läbige basdy. Hatam gözüni açyp görse, ol läbikden nam-nyşan hem galmandyr. Uly bir bossançylyk onuň gözüniň öňünde peýda boldy. Onuň içinde suwlar bulaklardan her ýana şildireşip akyp durdy. Hatam bu ýeriň perileriň mekanydygyny bildi. Bir näzenin peri, senemleriň soltany özüne zynat berip, bir ýerde otyrdy. Başga periler bolsa hatar-hatar bolup, onuň hyzmatynda durdylar. Hatam özüni şalar tagtynyň üstünde gördi. Ol: «Elbetde, meni bu derejä ýetiren Beýik Taňry hemme aýplardan päkdir!» diýip, Taňryny taryplady we ýerinden turdy. Ol peri oňa: – Hoş geldiň! – diýip, sylag-hormat bilen ony desterhanyň başyna eltip oturtdy. Hatam iýip-içip bolandan soňra bulara ýagşy dilegler etdi. Ol bu ýerde wagtyny şunuň ýaly, ýagşy söhbetde geçirdi. Ol peri Hatamy özüne baglady. Hatam hemmäni unutdy. Ol jady bilen özüni Hatamyň nikasyna girizdi. Olar bir-iki aýa çenli aýşy-eşretde boldular. Bir gün Hatamyň ýadyna şazada Munir düşüp, ol bu perä öz arzyny aýtdy. Ol zyba senem razy bolup, Hatamy öňküsi ýaly läbik suwuň gyrasyna eltip goýdy. Olar hoşlaşdylar. Hatam ýene şu menzile gaýdyp gelmeklige söz berlp, soňra ene-de ýola rowana boldy. Hatam ýene kynçylykdyr muşakgatdan doly sähradan ýöräp barýardy. Ol birnäçe günläp ýol ýöredi. Onuň öňünden beýikligi asman bilen barabar bolan bir dag çykdy. Ol Hudaýtagalany ýat edip, daga dyrmaşdy. Elkyssa, Hatam dagyň üstüne çykdy. Onuň gözüne gök otlar käte suwuň üstünde, käte bolsa suwuň astynda bolup göründi. Bu ýeriň mylaýym howasy onuň göwnüne hoş ýakdy. Ol öňe tarap ýöräp, bir beýik we ajaýyp jaýyň üstünden bardy. Onuň içine birnäçe owadan halylar düşelipdir. Dürli naz-nygmat desterhanyň üstünde goýlupdyr. Hatam ol ýerde oturyp, tagamlardan iýdi. Onuň ukusy tut-dy. Ol birnäçe wagtdan soň turup seretse, bu ýerde bir derwüşsypat adam peýda bolandygyny gördi. Hatam ornundan turup, tagzym bilen oňa salam berdi. Ol derwüşsypat adam salama jogap gaýtardy. Ol Hatam üçin desterhan getirip ýazdy. Onuň üstüne dürli-dümen naz-nygmatlary goýmak bilen Hatama myhmandarlyk etdi. Naharyň töwirinden we ýagşy dilegler etmeklikden soňra ol adam: – Eý, juwan ýigit! Sen nireden gelip, nirä barýarsyň? Seniň bu sähra ýerlere gadam goýmagyňyzyň sebäbi nämedir? Maňa şol zatlary beýan edip ber! – diýdi. Hatam oňa başdan-aýak öz başyndan geçiren wakalaryny aýdyp berdi. Hüweýda çölüne barýandygyny hem aýan etdi. Ol derwüş: – Eý, oglum! Sen indi bu hyýaldan el çek. Çünki, mundan beýläk gitmek mümkinçiligi ýokdur. Her bir gadamda bela-beterler we her dürli tilsimler çensiz-çaksyz köpdür. Bu çöle girenler asla diri çykmaýarlar. Seniň öz ýaşlygyňa rehimiň gelsin. Sen bu ýerden salamatlyk bilen gitseň ýagşy bolar – diýip, köp nesihat berdi. Hatam: – Eý, ata! Seniň hemme aýdan sözüň hakdyr we akyldarlaryň sözüdir. Emma men janymy, hany-manymy Hudaýtagalanyň ýoluna, onuň mätäç bendesi üçin pida etdim. Men Beýik Taňrynyň kazasyna razydyryn. Men bendä: «Hatam bin Taý Ýemeni» diýýärler. Henize çenli men hiç bir hyzmatdan ýüz öwren adam däldirin. Eý, ata! Indi siz maňa ýagşylyk edip Hüweýda çölüniň ýoluny salgy beriň. Goý, Beýik Taňry sizden razy bolsun! – diýdi. Derwüş Hatamyň ruhunyň belentdigine we niýetiniň durnuklydygyna göz ýetirdi we ol: – Eý, görejimiň nury! Indi sen meniň sözümi diňle we ony ýadyňdan çykarma! Hüweýda çölüniň ýolunda howp-hatarlar köpdür. Her ýerde bir kynçylyga düşüp, derdeser bolup galsaň, hiç howlukma, oýlanyp netije çykar. Seniň gözüňe dürli suratlar görünse, eger ol peri bolsa hem sen oňa bakma! Mundan başga hem köp nyşanalar bardyr. Sen birnäçe wagt ýol ýöräniňden soňra periler öňüňden çykyp seni bir bagy-bossançylyga alyp bararlar. Onuň ýaly tämiz bagy-bossançylyk hiç ýerde ýokdur. Sen bularyň alyna özüňi aldatma. Olar özleriniň görk-görmegini, näz-kereşmesini yşk bazarynda haryt ýaly satarlar. Elbetde, sen olara özüňi imrindirme. Agşamara seni bir gala alyp bararlar we seni altyn-kümüş çaýylyp bezelen bir tagtyň üstüne çykaryp oturdarlar. Seniň ýanyňda owadan bir peri peýda bolar. Onuň jemalynyň nury nikabyň astyndan nur saçar. Onuň gollarynyň nury hemmäni nurana eder. Ol saňa näz-kereşme edip magşuklyk nazary bilen bakar. Sen onuň goluny asla tutma. Gijäniň garaňkysy düşende, ol köşgüň diwarynda suratlar peýda bolar we olar ýere düşerler. Olaryň her biriniň her hili näz-kereşmesi bardyr. Sen bulara hem meýil etme. Eger sen meniň nesihatlarymy berjaý etseň, onda ol tilsimlerden gutularsyň. Sen ol tilsimlerden gutulmaklygy isläp, tagtda oturan periniň goluny tutsaň, onda ýene bir tagtda başga bir peri peýda bolar. Ol tizlik bilen seniň goluňdan tutup, gulagyňdan tartyp, ýüzüňe bir şarpyk uranda, beýhuş bolup ýykylarsyň. Soňra sen özüňe gelip, gözüňi açaňda Hüweýda çölünde durandygyňy görersiň. Mundan soňky işleriňi özüň bilip edersiň. Eger meniň bu sözlerimi ýadyňdan çykarsaň, onda sen köp puşman edersiň. Seniň ömrüň barçasy tilsimleriň içinde bent bolup galar – diýdi. Derwüş Hatamy bir gije-gündiz myhman aldy, soňra ol ony öz ýoluna ugratdy. Çapa taýýarlan Gurbangül GUZUÇYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |