16:09 Hatamnama: Hatamyň ogrulara sataşmagynyň beýany | |
HATAMYŇ OGRULARA SATAŞYP TALANMAGYNYŇ BEÝANY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Hatam birnäçe gün jülge-dereleri gezdi. Ol gije-gündiz ýol ýöreýärdi. Bir gün bir garyp aýal kişi ýoluň üstünde Hatama bakyp, dilenip doga etdi. Hatam ol aýala Allatagalanyň ýoluna bir gymmatbaha ýüzük berdi. Ol aýal bir-iki gezek belent owaz bilen gygyrdy. Şol wagt her tarapdan ýedi-sekiz sany adam peýda boldy. Olar bu kempiriň yşarat bermegi bilen Hatamy basyp ýalaňaçladylar, gol-aýaklaryny baglap, bir-iki ýumruk urdular. Olar ony göterip gelip, bir suwly guýa taşladylar. Şeýdip hem ogrular gaçyp gitdiler. Hatam guýa zyňlanda huşuny ýitiripdi. Ol birnäçe wagtdan soň özüne geldi. Ol özüniň bir guýynyň düýbünde ýatandygyny gördi. Emma onuň telpegi kellesinde galypdyr. Ol Hudaýtagala şükür etdi. Ol onuň içinden Mah periniň ýüzügini çykaryp, agzyna saldy we tüýküligini ýaralaryna çaldy. Bir sagat ötüp-ötmän onuň ýaralary gutuldy, üç-dört sagatdan soň, tutuş agzalary tut ýaly boldy. Ol bu ýüzügiň häsiýetinden aç garnyny hem doýurdy. Ony uky basmarlady. Düýşünde oňa eziz bolan iki kişi: «Eý, Hatam! Sen gam iýme! Bu ýerde seniň adyňa tilsim bolan hazyna bar. Sen bu guýydan sadaka paýla. Dünýäniň malyny haýyr-yhsan eden Taňrynyň bendesi hormata-keramata eýe bolar. Iki adam peýda bolup, seni guýydan çekip çykararlar we olar saňa hazynany çykaryşarlar» diýip, gözden gaýyp boldular. Hatam ukudan oýandy. Iki adam gelip guýa ýüp sallap: – Eý, Taňrynyň bendesi! Eger sen diri bolsaň, bu ýüpe aslyşyp guýydan çyk! – diýdiler. Hatam ol ýüpi tutdy. Ol guýudaky hazynalaryn olara tarap ugratdy. Olar ony çekip çykardylar. Hazyna harman ýaly üýşüp gitdi. Ondan soň ol iki adam Hatamy çekip, guýudan çykardylar we eşiklerini oňa berip, gözden gaýyp boldular. Hatam hazynadan biraz altyn alyp, ogrulary yzlap tapdy. Ol olara ýumruk ýaly altyndan berip: – Eý, adamlar! Eger siz bu päliňizden toba etseňiz, hiç kişä azar bermeseňiz, onda men siziň her biriňize ömrüňizden artjak dünýä baýlygyny bererin – diýdi. Ol ogrular tüýs ýürekden etmişlerine toba etdiler, Beýik Taňrydan günälerini geçmegini soradylar. Hatam öňe düşüp olary guýynyň gyrasyna getirdi. Ol olara bu hazynadan hetsiz-hasapsyz altyn-kümüş berdi. Ol: – Indiden soň hiç adama azar bermäň! – diýdi. Hatam olar bilen hoşlaşyp ýoluny dowam etdi. Çapa taýýarlan Gurbangül GUZUÇYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |