00:35 Hatamnama: Hatamyň tilsimlere bent bolmagynyň beýany | |
HATAMYŇ TILSIMLERE BENT BOLMAGYNYŇ BEÝANY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Elkyssa, derwüş bilen Hatam biri-birine ýagşy dileg etdiler. Derwiş öz mekanyna gaýtdy. Hatam: «Ýa Haýý, ýa Kaýýum! « diýip, ýola rowana boldy. Ol çöl-sähralary gezip ýördi. Ol birnäçe günden soň öňi-ardy bilinmeýän bir çöle düşdi. Ol bu çölüň içinden ençe gün ýol ýöredi. Onuň gözüne her hili gorkunç suratlar göründi. Emma ol olaryň hiç birine bakmazdan ýoluny dowam etdirdi. Ol uly bir kölüň üstünden bardy. Onuň öňi-soňy ýokdy. Emma onuň aýna ýaly dury suwy bardy. Hatam bu kölüň gyrasynda oňa tomaşa edip otyrdy. Birdenem köl çaýkanyp, tolkun peýda bolup başlady. Tolkunlaryň arasyndan bir ýalaňaç hatyn peýda boldy. Hatam: – Men nämährem – diýip, gözüni ýumdy. Ol Hatamyň bilinden tutup, gujagyna alyp basdy. Hatamda ysgyn-mydar galmady. Ol Hatamy alyp, kölüň teýine girip gitdi. Aradan birnäçe wagt geçdi. Hatam gözüni açyp garasa, ne kölden nyşan, ne hem ol hatyndan habar bar. Ol kölüň ornunda bolsa bir ba¬gy-bossanlygy gördi. Munuň ýaly ýakymly, özüne çekiji bagy-bossanlyk dünýäde ýokdur. Serwi, arça ýaly her dürli daragtlar şahalaryny asmana ýaýradyp göm-gök bolup otyrdy. Her hili güller desse-desse bolup açylyp, reýhanlar reňbe-reň bolup, bossana görk berýärdi. Gülleriň arasynda bilbiller saýraşýar¬dylar. Periler näz-kereşme bilen tapyşmak üçin özlerini Hatama teklip edýärdiler. Hatam bulara göz salmazdan ötüp barýardy. Ol tä agşama çenli özge adamlara miýesser bolmadyk her hili tomaşalaryň şaýady boldy. Elkyssa, garaňky düşdi. Hatamy birtopar perizat ugruna goýmazdan, köşgüň içine alyp girdiler. Hatam köşgüň diwarlarynyň, tä, petigine çenli suratlar çekilip bezelendigini gördi. Köşgüň ortasynda altyn-kümüş çaýylan bir tagt goýupdyrlar. Onuň üstünde bir peri oturypdyr. Ol gymmatbaha eşikleri geýip bezenipdir we ýüzüne nikap tutupdyr. Onuň jemaly nikabyň aňyrsyndan töwerege nur saçyp durdy. Onuň saçlary örüm-örüm bolup, näzik biline düşerdi. Ol peri nikabyň içinden oňa tagtyň üstüne geçmekligini üm-yşarat bilen düşündirdi. Hatam oňa aňyny aldyryp, ornundan turup, ol tagtyň birinji basgançagyna gadam goýany hem şoldy welin, gulagyna bethaýbat bir owaz eşidildi. Onuň göwnüne göýä köşk ýykylyp, ýer ýarylan ýaly boldy. Ol seretse, hemmeler öz ornunda durupdyr. Ol tagtyň ikinji basgançagyna gadam goýanda öňküden hem has belent owaz güňläp ýaňlandy. Ol onuň her bir basgançagyna aýagyny basanda biri-birine meňzemeýän belent owazy eşitdi. Elkyssa, ol jadygöýüň ýanyna baryp oturdy. Gije düşdi. Çyralaryň ýagtysy köşgüň içine ýagtylyk berdi. Diwardaky suratlar gymyldap ýere düşdi. Olaryň hemmesi perä öwrüldiler we näz-kereşme edip başladylar. Şol wagt desterhan getirilip ýazyldy we onuň üstüne dürli tagamlar, miweler getirilip goýuldy. Hemmeler tagam iýmäge meşgul boldular. Hatam hernäçe iýse hem doýmady. Hemmeler iýmek-içmekden boşaşdylar we desterhan ortadan ýygnaldy. Periler Hatama ýakynlaşyp, onuň öňünde yşk oýnuny oýnadylar. Hatam olara goluny uzatmady. Gije geçdi. Daň wagty ýakyn gelende suratlaryň hemmesi diwardaky orunlaryna geçdiler. Köşgüň içi boşap galdy. Hatam jaýyň bir çüňküne baryp uklady. Ol ukudan ýagşy ganyp oýandy we ornundan turup köşgüň daş-töweregine tomaşa edip başlady. Gün gijikdi. Ol ýene köşgüň içine girdi. Periler ýene mej¬lis gurnadylar. Hatam ol periniň nikabyny açyp, ýüzüni bir gör-meklige höwes etdi. Ýöne derwüşiň aýdan sözi ýadyna düşüp, özüne teselli berdi. Ol öz özüne: «Eý, Hatam! Sen bu ýerde aýşy-eşretde döwran sürýärsiň. Ol iki aşyk bolsa saňa intizar bolup garaşýandyr. Sen Hudaýtagala näme jogap berersiň? Indi sen jadydyr tilsimlerden gutulmaklygyň pikirini et» diýdi. Daňyň atjak wagty ýakyn geldi. Ol Hudaýtagalany ýat edip, ol nikaply periniň elini tutdy we onuň nikabyny götermekçi boldy. Şol wagt tagtyň bir burçundan nikaply başga näz-kereşmeli bir peri çykyp, Hatamyň golundan tutup, ýüzüne bir şarpyk urdy. Hatam huşundan gitdi. Ol huşuna gelip, gözüni açanda bu ýerde ne köşgüň yzyny, ne köldür bossanyň yzyny tapdy. Hatam özüniň ümmülmez çölüň içinde galandygyny gördi. Onuň ne ýoldaşy, ne gamhory bardy. Ol alaç tapman ýöräp başlady. Birden onuň gulagyna bir adamyň sesi geldi. Ol bu owazyň gelen ýerine gadam goýdy. Ol dört gije-gündiz ýöränden soňra, bir çeşmäniň üstünden bardy. Ol ýerde başyna perde salan bir adam perdäniň içinde ýüzüni ýere goýup, zar-zar aglap şu beýti okady: Bir görüp dilberni bes kyldym, Iki görmegi ýene höwes kyldym. Hatam bu çölüň Hüweýda çölüdigini bilip, Hudaýtagala şükür etdi we ol adama salam berdi. Ol Hatamyň salamynyň jogabyny gaýtardy Hatam oňa: – Eý, juwan ýigit! Seniň bu bela-beterden doly çöli mesgen tutunmagyň sebäbi nämedir? – diýip, sowal berdi. Ol adam bu sowaly eşidip özünden gitdi. Özüne gelenden soňra ol: – Eý, ýigit! Meniň bu syrymyň gürrüňi uzyndyr. Eger men saňa doly aýdyp bersem, diňlemäge sabryň ýetmän, ondan irersiň – diýdi. Hatam: – Her hal hem bolsa, sen ony maňa aýdyp ber. Belki, men seniň derdiňe derman taparyn – diýdi. Ol adam söze başlady: – Men pylan şäherdendirin. Kärim söwdagärdi. Biz harytlary jemläp, pylan welaýata söwda saparyna gitmekligi ýüregimize düwüp ýola düşdük. Kerwen pylan çöle ýetende howa örän ys¬sy boldy. Men teşne hala düşdüm. Suw içmäge wagt tapmadym. Ýoluň gapdalynda bir depe göründi. Men kerwenden aýrylyp, ol depäniň üstüne çykdym. Meniň gözümiň öňünde bir köl peýda boldy. Men kölüň ýakasyna gelip, ondan bir jam suw alyp içmekçi boldum. Emma köl tolkun atyp, içmäge mümkinçilik bermedi. Birden meniň gözümiň öňünde bir bagy-bossanlyk peýda boldy. Ol örän uludy we onuň daşyna aýlanyp çykyp boljak däldi. Onuň içinde perizatlar hatar-hatar bolup, gezelenç edip ýördüler. Olaryň hemmesi aýdymçylardy ýa-da sazandalardy. Gün gijikdi. Olar meni özleri bilen alyp, diwar köşge getirdiler. Onuň eýwanynda bir ajaýyp tagt bezelip goýlupdyr. Gije garaňkysy düşdi we çyralar ýakyldy. Elkyssa, meni tagtyň üstüne mündürdiler. Onuň her bir basgançagyndan dürli alamatlar we sesler peýda boldy. Men tagtyň üstüne çykyp, dynç aldym. Diwarlaryň ýüzündäki perilere meňzeş suratlar ýere düşdüler. Olar meýlis gurdular. Beýle keýpi-sapany hiç bir kişi gören däldir. Men ýanymda ýüzüne nikap örtülen perini gördüm. Hemme gözeller bir tarapda dursalar, ol hem bir tarapda dursa, onuň husny-jemaly nikabyň astyndaka olaryň barysynyň görkünden zyýada gelerdi. Onuň görki köşgüň içini nurlandyryp durdy. Men onuň ýüzündäki perdesini göterip, jemalyny görmeklige höwes etdim we golumy onuň nikabyna uzatdym. Onuň jemaly nur ýaly ýalpyldady. Şol nazarym düşen suratyň keşbi heniz meniň gözümiň öňünden gitmeýär. Soňra tagtyň bir çetinden nikaply başga bir peri peýda bolup, golumdan tutup gulagymyň düýbüne bir şarpyk urdy. Men bihuş bolup, tagtdan ýykyldym. Huşuma gelip bakan wagtymda men özümi şu ümmülmez çölüň içine düşendigimi gördüm. Ne ol köşkden, ne ol tagtdan, ne bolsa ol periden nyşan bar. Ol periniň şekili we mylaýymlygy hiç aňymdan gitmeýär. Onsoň men näalaç bolup näçe wagtdan bäri şu ýeri mekan tutundym. Men ygtyýarsyz bolup şu beýti okadym: Bir görüp dilberimni bes kyldym, Iki görmegi ýene höwes kyldym. Indi meniň oňşugym şu beýtdir – diýip, ol adam ýyglady. Hatam: – Eý, juwan ýigit! Sen ornuňdan turup, maňa hemra bol! Men seni magşugyňa ýetirerin – diýdi. Ol özüni Hatamyň aýagynyň astyna taşlady. Hatam mähribanlyk edip, ol adamyň başyny ýerden göterdi we ony özüne ýoldaş tutundy. Soňra bu ikisi ýola rowana boldular. Hatam: – Eý, doganym! Men saňa nesihat bereýin, sen bolsa gulak as! Sen ol köşkdäki nikaply periniň elinden tutmasaň, ömrüňi şol ýerden çykyp bilmän geçirersiň. Eger bu tilsimden gutulmaklygy isleseň, onda sen ol suratyň golundan tut. Onsoň sen özüňi bu Huweýda çölünde görersiň. Eý, doganym! Sen ony ýene bir görüp, özüňi halas et, öz watanyňa baryp, öz islegiňe görä ýaşa. Emma bu zatlar diňe bir oýlanyp tapylan tilsimdirler. Olaryň asly ýokdur we olar akyldarlaryň oýun üçin guran zatlarydyr – diýdi. Olar az-ýöräp, köp ýöräp bir köle ýetdiler. Hatam oňa: – Men seni Hudaýa tabşyrdym – diýip, özi bu ýerden uzakda durdy. Ol adam kölüň kenaryna bardy. Birden kölde tolkun peýda boldy. Şol wagt ol ýerde bir ýalaňaç peri göründi. O şol kişini kölüň astyna alyp gitdi we gözden gaýyp boldy. Hatam göwnüni bire baglap ýola düşdi we derwüşiň bossanyna baryp ýetdi. Ol gören, eşiden zatlaryny derwüşe birin-birin beýan etdi. Derwüş Hatama ýagşy dilegler etdi. Hatam ýene bir gije onuň ýanynda myhman boldy we hoşlaşyp ýola rowana boldy. Ol adam suratly balygyň mekanyna gelip ýetdi. Ol bu ýerde periler bilen birnäçe gün aýşy-eşretde boldy. Soňra ol rugsat diläp, ýene ýola ugrady. Ol birnäçe gün ýol ýöränden soňra Aýy şanyň ýanyna bardy. Ol onuň bilen görüşdi we Mah periniň ýanyna girip göwnüni hoşlady. Ol bu ýerde iki aý bol¬dy. Ýoluň argynlygy onuň endamyndan çykdy. Onsoň ol hoşlaşyp, ýene ýola rowana boldy. Ol şagallaryň, börüleriň we doňuzlaryň mekanyna baryp ýetdi. Olar bilen bir gije söhbet edip, razylaşyp, ýene ýola düşdi. Ol az wagtda Husnabada,, gelip ýetdi we Münir şazada bilen söhbetdeş bolmak üçin gadam goýdy. Iki şazada doganlar ýaly bolup, bu gijäni söhbetdeş bolup oturdylar. Hatam gören-eşiden zatlaryny depdere ýazyp, Melikä iberdi. Melike haty başyndan aýagyna çenli okap, şat boldy. Ol enekesine: – Melikäniň dilinden buýrugy oňa ýetir – diýip, pul bilen desterhan iberdi. Enekesi oňa ikinji soragy hata ýazyp taýýarlap berdi. Eneke Hatam bilen görüşip, hal-ýagdaý soraşdy we oňa Melikäniň salamyny ýetirdi. Soňra olar desterhandan tagam iýip, garynlaryny doýurdylar. Eneke oňa Melikäniň hatyny berdi. Hatam Melikäniň hatyny okady. Hatda şeýle ýazylypdyr: «Yns-jynsy ýaradan Beýik Taňry taryplanmaga mynasypdyr. Size Taňrynyň salamatlygy bolsun! Siz bu ýerde üç-dört gün dynç alyp, özüňizi dürsäň. Soňra ikinji sowalyň jögabyny gözlemäge ýola düşüň. Siziň bu soragyň hem oňyn jogabyny taparsyňyz diýen umydym bar. Sowal şeýledir: Ýagşylyk derýaga ki kyl jandan, Ujrny Hak berer beýewandan. Ol kişi derýa ýagşylyk edip onuň muzduny çölden alypdyr. Bu sözüň aslynyň nireden gelip çykandygyny bilip gel». Çapa taýýarlan Gurbangül GUZUÇYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |