10:08 Hatamnama: Şazada Münir hakyndaky hekaýat | |
ŞAZADA MÜNIR HAKYNDAKY HEKAÝAT
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Bu hekaýat Ürgenç welaýatynda hem rowaçlyk tapdy. Ol wagtda Ürgenjiň patyşasynyň bir ogly bardy. Ol örän görmegeý ýigitdi. Ol her bir sungata ussatdy. Onuň adyna Şazada Münir Horezmi diýerdiler. Ol Melikäniň sypatyny we husny-jemalyny eşidip, gaýybana aşyk boldy. Ol öz kalbyny köşeşdirmek niýeti bilen awa-şikara çykardy we dürli oýunlara meşgul bolardy ýa-da sazandalary, alymlylary ýygnap, mejlisler gurnardy. Emma ol şonda hem Melike Husnyýäni hyýalyndan çykaryp bilmezdi. Onuň söýgi ody tutaşyp, gün-günden güýçlenýärdi. Ol her gününi ahy-pygan çekmek bilen geçirýärdi. Bu şazadanyň bir suratkeş dogany bardy. Bir gün ol ony bir çola ýere çagyryp, oňa içki syryny beýan etdi. Ol: – Eý, doganym! Meniň yşgym nirelerden habar berýär? – diýdi. Ol: – Eý, şazada! Seniň bu sözüňi rast hem diýse bolmaz, ýalan hem diýse bolmaz. Emma eşidilen söz gören göz bilen deň bolmaz. Sen bir az salym sabyrly bol. Men siziň üçin sapara çykaýyn. Husnabat şäherine baryp, bu sözüň hakykatyny bileýin we ony saňa ýetireýin – diýip, oňa teselli berdi. Şazada oňa pata berdi. Ol Husnabat tarapa ýola düşdi. Az ýöräp, köp ýöräp Husnabat şäherine baryp ýetdi. Melikäniň wekilleri ony myhmanhana alyp baryp düşürdiler we olar oňa köp hezzet-hormat etdiler. Aradan dört gün geçdi. Melike: – Eger myhman ýola ugramakçy bolsa, oňa ýeterlik ýol harajatyny beriň – diýip, hyzmatkärlerine buýurdy. Hyzmatkärler oňa ýol harajatyny bermekçi boldular. Emma suratkeş ötünç sorap, ony almady. Ol bir kenizege: – Men uzak ýoldan hyzmat etmek üçin geldim. Eger Melike meni hyzmatkärleriň hataryna laýyk görse, men oňa taýýardyryn – diýip, mylaýymlyk bilen sözledi we Melikä ýagşy dilegler etdi. Kenizek onuň habaryny Melikä ýetirdi. Melike: – Ol myhman kişiniň näme hünäri bar? – diýip sorady. Kenizek: – Ol kişi suratkeşdir – diýdi. Onda Melike: – Ýene näme hünäri bar? – diýip sorady. Onda ol : – Meniň suratkeşlikden başga hem hünärim köp we başym çykmaýan hünärim ýokdur. Mahlasy men suratkeşdirin, nakgaşdyryn. Meniň ýaly eli hünärli başga bir adam indi dünýä gelmez. Men özüme nähili kyn iş buýrulsa, şony edip başarýaryn diýip aýdýar – diýdi. Melike bu habara örän şat boldy. Çünki, onuň öz suratyny çekdirmek hyýaly bardy. Melike bu iş barada enekesine maslahat saldy. Ol: – Eý, ene, eger men suratkeşe görünsem, ol maňa nämähremdir. Eger men oňa görünmesem, onda ol meniň suratymy nädip çeksin? – diýdi. Enekesi: – Bu işiň çäresi aňsatdyr. Bir uly legeni suwdan dolduryp, tamyň işiginiň öňünde goý, özüň köşgüň üstüne çykyp, ol suwa bak. Şonda, seniň şekiliň suwuň içine düşer. Goý, ol şekile seredip, seniň suratyňy çeksin – diýdi. Elkyssa, suratkeş hem bu sözi makul görüp, şat boldy. Ol bu söze görä, amal etdi. Suratkeş köşgüň astynda durup, Melikäniň suwuň ýüzüne düşýän şekilini görüp, ýüregine nagyş etdi. Soňra ol köşgüň bir otagynyň içine girip, aňynda galan, şekili kagyza geçirip iki sany surat çekdi. Ol suratlaryň birini Melikä bersin diýen niýet bilen enekä berdi, beýlekisini bolsa olardan gizläp öz ýanynda saklady. Eneke ol suraty Melikä eltip berdi. Melike öz suratyny görüp pikir girdabyna düşdi. Ol: – Bu suratkeş meniň şekilimiň bir ýerinde hem hata goýbermän çekipdir – diýdi. Ol öz suratyna özi aşyk boldy we suratkeşe köp peşgeş berdi. Suratkeş muňa köp şatlandy we Melikä ýagşy dilegler etdi. Aradan üç-dört gün ötdi. Suratkeş enekä: – Eý, ene! Melike meni birtopar baýlyga eýe etdi. Indi jo-gap bolsa men ýurduma gidip aýalymy we çagalarymy alyp gelip, galan ömrümi Melikäniň hyzmatynda geçirsem – diýip, arzyny aýtdy. Enekesi Melikeden oňa jogap alyp berdi. Melike oňa ýol harjyny berdi we hyzmatkärler ony ýola ugratdylar. Suratkeş Ürgenje tarap ýola düşdi. Ol birnäçe wagt ýol ýöräp, ýurduna baryp ýetdi we şazada Müniri tapyp, oňa Melikäniň suratyny peşgeş berdi. Şazada muňa örän şat boldy. Ol birnäçe gününi şol surata seredip geçirdi. Ol suraty bir gezek görse, onuň kalbyndaky yşk ody on esse bolup güýçlenerdi. Ol yşk zynjyryna baglanypdy. Yşk gandaly çözüläýmese, onuň ruhy bendilikden gutulyp biljek däldi. Yşk heseri onuň kalbyny telbelik derejesine ýetiripdi. Indi iki agyz sözi şazada Müniriň diwana bolup, magşugynyň ýolunda Husnabada barşyndan eşidiň. Onsoň: «Yşk soltanynyň raýy bilen bela çölüne ýeke özüň girmeli» diýip, magşugyna sary ýola düşmek üçin esbabyny sazlan şazada Münir, bir hatda öz hal-ahwalyny ata-enesine beýan edip: «Meniň üçin özüňizi gynamaň. Meniň özüm gelýänçäm yzymdan adam ibermäň. Olar bary bir meni tapmazlar. Eger olar meni tapaýsalar hem meni raýymdan gaýtaryp bilmezler» diýip ýazyp, möhrüni basyp, ol haty ýassygynyň üstüne goýup, galandar eşigini geýip, ýary gijede Husnabat şäherine tarap ýola düşdi. Ol hiç ýerde saklanman ýol ýöredi. Daň atdy. Şanyň hyzmatkärleri şazada Müniriň hatyny oňa getirip berdiler. Şa oglunyň hatynyň mazmunyndan habardar bolup, takdyryna razy boldy, oglunyň hakyna ýagşy dilegler etdi we ony Taňrysyna tabşyrdy. Elkyssa, şazada Münir gije-gündiz ýol ýöräp, özüni Husnabat şäherine ýetirdi. Ony Melikäniň hyzmatkärleri görüp, myhmanhana getirip düşürdiler. Olar oňa iki gün dürli-dümen nyg¬mat¬lar berip, gadyr bilen myhmandarlyk etdiler. Üçülenji gün Melikäniň bir hyzmatkäri şazada Münire ýol harjyny bermekçi boldy. Emma ol muny almady. Hyzmatkär ol harjyň üstüne ýene lagl-jöwherlerden goşdy. Emma şazada Münir ýene ol harjy almakdan ýüz dönderdi. Enekesi ony Melikäniň ýanyna getirdi. Melike bu kişiniň aşykdygyny bildi. Ol enekesini çagy¬ryp: – Eý, ene! Siz bu juwan ýolagçydan habar alyň. Eger onuň kalbynda yşk dawasy bar bolsa, onda siz onuň bilen mylaýym gürleşiň – diýip buýurdy. Eneke öz öýüni tämizläp, ol ýere şazadany çagyrdy we oňa myhmandarlyk etdi. Şazada bu aýalyň başdan aýagyna çenli mekirlikdir hile bilen doludygyny bildi. Ol şazadanyň öňüne desterhan ýazdy we onuň üstüne dürli tagamlary getirip goýdy. Hödür-keremden soň eneke: – Eý, oglum! Ýol bolsun! Sen nireden gelip, nirä barýarsyň? Seniň galandarçylyk edip ýörmekden näme maksadyň bar? – diýip sorady. Şazada ahy-dertden ýaňa içine ot düşüp, bir haty çykaryp, enekäniň eline berdi we: – Eý, ene! Meniň her bir aýtjak sözüm şu hatda beýan edilendir – diýip, gözýaşyny döküp, enekä bakyp ýyglady. Ene-ke ol haty okap görüp: – Eý, oglum! Sen özüňi uly bela we emgege baglapsyň. Sen gutulmaz derde sataşypsyň. Häzir hem bolsa sen şu dawadan el çek. Sen öz tagtyňa dolanyp bar. Bu dünýäde başga-da owadan gyzlar köpdür. Sen olaryň birini nikaňa alyp, bagtyň eýesi bol! Aýralyk derdi we hijran belasy seni köýdürmesin. Sen başga bir gözele öýlenseň, bu yşk dagynyň agramy arkaňdan aýrylar we seniň gamgyn günleriň şat bolar – diýdi. Şazada: – Men bu hyýala baş goýalym bäri yşk derdiniň azaryny çekýärin. Meni yşk ody köýdürse, armanym ýokdur. Ýöne men bu hyýalymdan hiç haçan el çekmerin – diýdi. Eneke: – Melikäniň ýedi sany sowallarydyr şertleri bar. Eger sen onuň hemme sowallaryna we şertlerine dogry jogap gaýtarsaň, onda sen Melikäni nikalap, mülki bilen alarsyň. Emma sowal¬laryny bilmeseň, onda özüňden gör – diýdi. Eneke oňa sowallaryň sanawyny berdi. Elkyssa, daň atdy. Melike enekesine bir hat berdi. Ol ony şazada eltip berdi. Şazada ony alyp gözüne, ýüzüne sürtdi we onuň mazmunyny okady: «Eý, yşk mülküniň sergezdany, eý, söýginiň duzagyna yşk dänesini çokmak üçin düşen guş! Sen yşk çeşmesinden çykýan aşyklyk suwundan eliňi ýuwmazdan çekilmelidiň, emma sen muny etmediň, indi saňa yşk gowgasyndan rahatlyk ýoluna çykmaklyk giç boldy. Men saňa şol sowaly we şerti bilmekligi buýurýaryn. Sen olary bilip meniň ýanyma gel. Beýt Bir görüp dilberi bes kylan, Iki görmegi ýene höwes kylan. Magşugyny bir görüp, ikinji gezek görmek arzuwynda galan kişi nähili adamdyr? Bu hatyň sebäbi nämedir? Wessalam, nama tamam.» Şazada yşk çölüniň belasynyň kynçylyklaryndan we apatlaryndan teşne bolan kalbyny söýgi suwundan içip, gandyryp, aman bolmak üçin gaýrat guşagyny biline berk guşady. Ol enekeden rugsat we ak pata alyp ýola düşdi. Ol bir-iki menzil ýol ýöredi. Ýöne ol haýsy ýere barjagyny bilmän, sergezdan bolup ýöräberdi. Ol haýsy bir kişiden bu sorag hakynda sorasa, ol oňa jogap berip bilmedi. Ol şäherme-şäher, obama-oba, çölme-çöl aýlandy. Emma ol bu soraglaryň jogabyndan hiç bir nam-nyşan tapmady. Ahyry onuň ýol ýöremäge ysgyn-mydary galmady. Ol alaçsyzlykdan süýrenip barýardy. Taňrynyň kazasy bilen şazada Ýemen çölüne ýetdi. Ol özüniň nähili ýere düşendigini hem bilmeýärdi. Ol ýadaw halda bir çeşmäniň üstünden bardy we suw içip, ol çeşmäniň başynda uklap galdy. Hatam ibn Taý wagtal-wagtal awa-şikäre çykardy. Ol çeşmäniň başyna baryp, atlaryny suwa ýakardy we özi bolsa ol ýerde oturup dynç alardy. Ol bu adatyna görä, öz golastyndakylar bilen çeşmäniň boýuna geldi. Olar ýüklerini düşürip, bir zatlar iýup-içmek üçin gazanyň aşagyna ot ýakyp başladylar. Tagam taýýar boldy. Şol wagt hyzmatkärleriň biri çeşmäniň gyrasynda ýatan bir adamy gördi we ony Hatama habar berdi. Ol : – Eý, Hatam! Çeşmäniň gyrasynda bir adam ýatyr, ol galandar lybasyny geýipdir. Ol şeýle bir hor düşüpdir, welin, «öli» diýseň diri ýaly, «diri» diýseň öli ýaly bolup ýatyr. Emma onuň maňlaýyndaky alamatlary onuň mertebeli adamlardandygyny habar berýär – diýdi. Hatamyň oňa rehimi gelip, assyrynlyk bilen onuň ýanyna baryp, şazadany gördi. Şazada oýanyp seretse, daşyna birnäçe adam ýygnanypdyr. Olar: – Biz bir ýagşy şazada sataşdyk – diýip, onuň üstüne saýa bolup durdular. Şazada şol wagty ýerinden turup, özüni Hatamyň aýagynyň astyna taşlady. Hatam onuň bilen mylaýym sözleşdi, onuň golundan tutup, desterhanyň başyna eltip, öz gapdalynda oturtdy. Tagam iýlip bolnandan soňra, oňa at-eýer berip, ata mündürdi we ony şähere alyp bardy. Hatam oňa üç-dört gün myhmandarlyk etdi. Bir gije onyň ýanyna çagyryp, ondan: – Eý, doganym! Seniň bu ýat ýerde ýöremekden we galan-dar eşigini geýmekden maksadyň näme? – diýip sorady. Şazada ahy-pygan tartyp, bagryny köýdürip, ýagdaýyny mälim etdi. Ol ýanyndan Melikäniň suratyny çykaryp, Hatamyň öňünde goýdy we: – Meniň şu ýagdaýa düşmegimiň sebäbi, ine şu gyza bolan yşkymdyr – diýip, zar-zar ýyglap, bahar buludy dek gözlerinden ýaşlaryny dökdi. Hatam oňa rehimi gelip teselli berdi. Ol: – Eý, doganym! Sen onuň gamyny iýme! Eger Beýik Taňry islese, bu işiň bir alajy tapylar – diýip, oňa kömek berjekdigine wada berip, äht etdi. Aradan üç-dört gün geçenden soňra, Hatam ata-enesine şeýle mazmunda bir hat ýazdy: «Eý, meniň mähriban atam! Eý, meniň gamgusar enem! Eý, meniň dogan-garyndaşlarym! Men Hudaýyň ýoluna gadam goýdum. Men şu gamgyn ýigidiň maksadyny amala aşyrmak üçin ýola çykdym. Meni "ýok" diýip, gözlemäň. Siz meniň hakymda ýagşy dilegde boluň» diýip, ol haty ýassygynyň üstüne goýup, şazada Münir bilen Husnabat şäherine tarap ýola düşdi. Olar çöl-sähralardan geçip, Husnabat şäherine baryp ýetdiler. Melikäniň hyzmatkärleri olary myhmanhana düşürip, ýagşy myhmandarlyk etdiler. Ol gije ötdi. Melikäniň enekesi bularyň gelendigini bilip, mylaýymlyk bilen: – Eý, ýigit! Sen Melikäniň beren sowalynyň jogabyny tapdyňmy? – diýdi. Hatam: – Eý, ene! Bu şazada meniň doganymdar. Men ol sowallara ahyryna çenli jogap bersem bolarmy? Men olaryň şertlerini berjaý edenimden soňra, Melikäni we Husnabady kime bermelidigi meniň ygtyýarymda bolsun. Eger men ol sowallaryň we şertleriň hötdesinden gelip bilmesem, onda olaryň günäsi meniň boýnuma bolsun – diýip, enekäniň öňünde şunuň ýaly şert goýdy. Eneke Melikäniň ýanyna baryp, onuň bu sözüni beýan etdi. Melike hem Hatamyň bu şertine razy boldy. Çapa taýýarlan Gurbangül GUZUÇYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |