08:24 Hatamnama: Ýolda peýda bolan alamatlaryň beýany | |
ÝOLDA PEÝDA BOLAN ALAMATLARYŇ BEÝANY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Derýanyň kenary bilen Şaperiniň köşgüniň arasynda Menşa peri atly şa periniň leşgeriniň emiri bardy. Onuň sahypjemal bir gyzy bardy. Onuň ady Hunaý peridi. Şaperiniň ýurdunda ondan ýagşyrak perizat ýokdy. Ol: «Gulzum derýasyny garawullaýan perileriň eline bir adamzat düşüpdir. Ony Şaperiniň dergähine alyp barýarlar» diýen habary eşitdi. Şeýle hem ol: «Periler bir adamzady Gulzum derýasyna taşladylar» diýip, eşidende: «Ol, elbetde, Hatamdyr» diýip oýlandy. Onuň ýüregi gaýybana köýüp, ony dost tutunardy. Ol bu gün: «Bir adamzady tutup, şanyň dergähine alyp barýarlar» diýen habary eşidip, ata-enesinden rugsat alyp, bagyň içinde öz hyzmatkärleri bilen gezelenç edýärdi. Ol bagyň içindäki köşgüni meýlis gurnamak üçin arassalap bezedi we özüne zynat berip oturdy. Gije ýarym boldy. Ol bäş-alty sany perä: – Assyrynlyk bilen baryp, Gulzum perilerinden ol adamzady ýaşrynlyk bilen meniň ýanyma alyp geliň – diýip buýurdy. Ol periler şol wagt Gulzum perileriniň ýanyna bardylar. Bu periler uklap ýatyrdylar. Olar Hatamy tagty bilen göterip gaçdylar we säher wagtynda ony Hunaý periniň dergähine getirdiler. Hatam oýanyp, özüniň meýlise düşendigini gördi. Hunaý peri näz-kereşme bilen tagtyň üstünde otyrdy. Hatam şol wagt ornundan turup, perileriň kadasy bilen salam berdi. Hunaý peri salama jogap gaýtardy. Soňra ol Hatamyň golundan tutup, öz ýanynda tagtda oturtdy. Ol mylaýymlyk bilen: – Siz nireden gelip, nirä barýarsyňyz? Siziň adyňyz näme? Siziň maksadyňyz nämedir? – diýip sorady. Hatam: – Men kemine bende Ýemen şäherindendirin. Meniň adyma «Hatam bin Taý şa Ýemeni» diýerler. Men janymy Beýik Taňrynyň ýoluna mätäç bendeler üçin pida etdim – diýip, başyndan aýagyna çenli öz başyndan geçen wakalary birme-bir beýan etdi. Hunaý periniň yşky zyýada boldy. Elkyssa, ol şirin sözler bilen, näz-kereşme bilen Hatamy alyna salyp, gije-gündiz aýşy-eşretde boldy. Hatam onuň erkine tabyn boldy. Çapa taýýarlan Gurbangül GUZUÇYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |