13:54 Hiññillik nähili döredikä? | |
● Kökler
Edebi makalalar
HIŇŇILLIK NÄHILI DÖREDIKÄ? 1974-nji ýylyň täze ýyl baýramyny Ankaradaky "Hilton" myhmanhanasynda geçirip, ertesi Izmir şäherine tarap ýola düşüpdik. Ýalňyşmaýan bolsam, üçünji ýanwarda Türkiýede gurban baýramynyň günleri başlanypdy. Ol dört güne çekdi. Emma, men hiňňillik uçulýanyny görmedim. 1992-nji ýylyň iýul aýynda Mekge-Medinä uly haja gitmek miýesser boldy. Gurban baýramy günlerinde hiç ýerde hiňňillik görmedim? Näme üçin ala-böle türkmenlerde, gazaklarda, hiňňillikde uçmak kada bolduka? Gurban baýramda hiňňillikde uçan adam günäsini dökýär diýýärler. Orta asyrda ýaşap geçen Gündogaryň meşhur alymy, filosofy Abureýhan Biruniniň “Öten nesilleriň ýadygärligi” diýen kitabynda Nowruz baýramynyň döremegine nämeleriň sebäp bolandygy hakynda birnäçe rowaýat getirlipdir we hiňňillik hakynda agzalýar. Gadymy Marynyň iň irki bölegi Erkgalanyň düýbüni tutan Tahmurasyň dogany Jemşit (Firdöwsiniň “Şahnamasynda” ogly diýip berilýär) özüne harby araba (kolesnisa) ýasanan güni jynlar hem arwahlar ony arabasy bilen göterip, bir günde Dunabat dagynyň depesinden Babilona eltipdirler. Bu gudraty gören adamlar şol güni baýram diýip yglan edipdirler, asmandan gaýyp barýan Jemşide öýkünip hiňňillikde uçupdyrlar. Belki, biziň köpçülikleýin hiňňillik uçýan mahalymyz öň Nowruz baýramynda bolandyr? Yslamyň ornamagy bilen bu däp gurbanlyk gününe geçirlendir? Günä dökmek üçin uçulýar diýlip, täze bir many tapylandyr? Soňra men “Mif we simwol” diýen kitapdan hiňňillik hakynda gyzykly maglumt tapdym. Şony terjime edip, siziň dykgatyňyza hödürlemekçi bolýaryn: “Gadymy kultlaryň çygrynda geçen döwürlerde ýaşan adamlaryň dürli hadysa bolan gönümel, ýönekeý, hilesiz garaýyşlaryna gabat gelýän dessurlar tapylypdyr. Şolaryň biri-de dogurmagy artdyrmaga ýardam etjek dessurdyr. Ýatgyda çaga düwünçeginiň döremegi üçin öňinçä ten ýakynlygynyň bolmagy zerur. Bu düşünje kulta häsiýetli hereketlerde öz beýanyny tapypdyr. Şol hereketleriň biri-de zenanlary hiňňillikde üwremek bolupdyr. Hiňňilligiň hereketi ten ýakynlygyna maýyl bolnan pursatdaky hereketi ýatladypdyr, şu pikir hem ritualyň özboluşlulygyny ýüze çykarypdyr. Kritde geçirilen gazuw mahalynda aýallaryň uçan hiňňillikleriniň maketleri tapyldy. Gadymy adamlar diňe oýnuň keýpi üçin oýunjaklar ýasamandyrlar. Bu tapyndy-da kulta häsiýetli zat. Gadymy Gresiýada, Rimde, Ýewropanyň giçki ilatynyň halk däplerinde gyzlaryň hiňňillikde uçmaklaryna dini many berlipdir. Gyzy uçurmak onuň halaýan ýigidine, adaglysyna buýrulypdyr. Ýene bir bellemeli zat, gyzyň ýigit bilen bilelikde uçmaklary uslyp görülmändir. Gadymy greklerden galan suratlaryň birinde hiňňillige münen gyzy betnyşan satir üwräp dur. Gresiýada häzirem gelin toýlarynda täze çatynjalaryň öýünde hiňňillik guramak däbi dowam etdiriýär. Hiňňilligiň badyna goşup, erotik mazmundaky aýdymlar aýdylýar”. Bu taryhy informasiýa çärýek asyr ozal okan kitabymy ýadyma saldy. Belli gazak ýazyjysy Muhtar Awezowyň meşhur “Abaý” epopeýasynda sähradaky ýurtda ýaşlaryň hiňňillik uçýan pursatynda söýüşýänleriň duýgularynyň usssat beýan edilişi göwnümden turdy. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |