HÜWINIÑ ÝELEKLERINDÄKI HAT
—Hanha, hol şahada hüwi otyr! –diýip, Öwez belent sazaga tarap elini uzatdy. —Özem ullakan ekeni. Geliň, şu ýerde maşyny saklap, aýaklary ýazalyň. Hem-ä endamymyzyň guruşygy aýrylar, hemem hüwini synlarys, surata düşüreris –diýip teklip etdi.
Biz ylalaşdyk.
Hüwi bize hiç bir ähmiýet bermän, gözlerini ýumup, bir oturyşyna sarsman otyrdy.
—Garry adamlar hüwiniň ýeleklerinde arapça ýazylan keramatly hat barmyş diýýärler –diýip, Gara aga onuň owadan ýeleklerini görkezdi.
Garamtyl-çal ýelekleriň ýüzündäki goýry gara reňkdäki keşdä çalymdaş owunjak şekiller dogrudan-da arap hatyna meňzeýärdi.
— Arman, aramyzda arapça okap bilýänimiz ýok. Ýogsam ol hatda näme diýlip ýazylandygyny bilerdik –diýip, Öwez degişmä saldy.
— Arapça men okap bilýän. Häzir okap beräýerin –diýip, Aşyr guşa golaý bardy. —«Men tebigatyň erkin ýaradan jandary. Maňa azar bermäň!» diýlip ýazylypdyr.
— «Tebigylygy bozmaň!» diýip, ürç edip gaýtalamagy gowy görýän jümläňi-de goşmalydyň. – diýip, Öwez hezil edip güldi.
Biziň gohumyza biynjalyk bolan hüwi, apbasy ýaly tes-tegelek gözlerini giňden açdy. Ol bize seretdi-seretdi-de, sessizje uçup ötägitdi.
— Onuň şu töwerekde höwürtgesi bardyr –diýip, Gara aga töwerekdäki belendräk ojardyr sazaklaryň depesine äňedip başlady: —Hanha, hol sazagyň üstünde.
Şahalaryň arasynda ykjam gurlan höwürtgäniň ýanyna baryp, onuň içinde iki sany çaga guşjagazyň bardygyny gördük. Olar şeýle owadanjady, edil ýumşak çaga oýnawajy ýalydy. Ýelege çümüp dünýäden bihabar uklap ýatyrdylar.
Biziň höwürtgesine ýakynlaşandygymyzy uzakdan synlap duran bolarly, ýaňky hüwi sessizje uçup geldi-de, höwürtgesine gonup, çagalaryny gorap başlady. «Uhu-hu-huk-kuk!» edip, öz dilinde bize nämedir bir zatlar diýdi.
Onuň höwürtgesiniň aşagynda birtopar owunjak süňkjagazlar, iýen kirpileriniň tikenli hamlary çaşyp ýatyrdy.
—Ol, esasan, syçan, alaka ýaly gemrijiler bilen iýmitlenýär. Kirpidir ýylan tutup iýýän halatlary-da bolýar. Köplenç gündizine uklap, awa gijesine çykýar –diýip, Gara aga düşündirdi.
—Beýle bolsa, onuň ynjalygyny bozmalyň. Goý uklasyn –diýşip ýola düşdük.
Hemra ŞIROW.
Çagalar edebiýaty