IGDE
Gümmürdeşip gelen çagba getirdi,
Igde gülleriniň enaýy ysyn.
Men ony duýmandym öň ýüz görübem,
Akja güller neneň ajap hem täsin.
Öň eşderdik igde hakda jyn sözün,
Şonda ony salaýmasak biz ýada.
Ýa bişende iýäýmesek miwesin,
Başga wagty gerek däldi hiç zada.
Sap-saryja güller düzüm-de-düzüm,
Çal ýapraklar seni oýa batyrýar.
Igde artykmaç däl ýeriň ýüzünde,
Olaram ornunda bir zat getirýär.
▶ KIM AÝDAR
Günler – aýa,
Ýyla döndi aýlaram,
Inda barha yhlaslarym kem gaýdar.
Arman bilen gursagymda jaýlanan,
Söýgim diri diýip saňa kim aýdar?!
Duýmadyň – syzmadyň ýa-da düşmediň,
Baýramdan baýrama ýada düşmedim.
Ýolda ýolukmadyň, hiç görüşmediň,
Söýgim diri diýip saňa kim aýdar?!
Göýä gökde durna, zeminde duzak,
Ruhum perwanadyr, durmuşym gurak.
Yşkym güýçli, ýöne aýralyk – uzak,
Söýgim diri diýip saňa kim aýdar?!
Bile şatlygymyz, bile duýgymyz,
Ýar bile duşuşan seýilgähimiz.
Ömür arzuwumdyr meýlimdäki gyz –
Söýgim diri diýip saňa kim aýdar?!
Men düýş bolup galan günlere aşyk,
Henizem al-elwan güllere aşyk.
Ýöne gat-gat ýollardan aşyp,
Söýgim diri diýip saňa kim aýdar?!
▶ SALAM
Ýaňy daňyň düýbi çyzylyp barýar,
Azanlar gygyrlan irlere salam!
Kalpda täsin täsir syzylyp barýar,
Beýik üç ýüz altmyş pirlere salam!
Biz örýäris,
Guşlar eýýam senada,
Basym ýatuw geýmin geýjek Kanada.
Sowaly köp, jogaby az dünýäde,
Gaty busup ýatan syrlara salam!
Salam diýip atasyna-atyna,
Gündogar şapakdan şalyn atynar.
Aýböwürde köne ýaý deý dartylan,
Daşymyň penasy gyrlara salam!
Allanyň adyny ýatlanlar- Rüstem,
Many al garalyp oturan pürsden.
Ýüregiňi päkle, niýetiň dürsle,
Säher kalba dolan nurlara salam!
▶INDI
Meni ne döw çaldy paşanok işim,
Elimem gelenok, utdurýan indi.
Gowsy saçym gyrkyp ýogyn ýüp işiň,
Bes, barsa-gelmeze tutdurýan indi.
Hiç meýlim bolmady beň-geroine,
Dagdan gowak alsam men kreýine.
Okaraňygetirsüýtbereýine,
Gygyryp-gygyryp, hut durýan indi.
Ynanamok gozden akan ýaşlara,
Gözüm gidýä diňe gara daşlara.
Garlawajyň ganaty deý gaşlara,
Eglişik edemok, bet durýan indi.
Erkin ýeldim, islän çagym öserdim,
Manydym, mazmundym, köne eserdim.
Mergendim, turgendim, juda ýeserdim,
Tutmadyk guşumy ütdürýän indi.
Köňlüm bardy, hiç diwarsyz-petiksiz,
Nädip weýran boldy, belki ýetik siz.
Jalbyrymam ýygyrt-ýygyrt ütüksiz,
Ne ýyrtyk jübisin çatdyrýan indi.
Tüýs nadanam aýdym-sazam diňlämok,
Uzak-uzak gyşam, ýazam diňlämok.
Ýogsada olary azam diňlämok,
Öz-özümi aldap çypdyrýan indi.
Ikä bölüp ýüregimiň gatyny,
Ýyrtyp zyňdym onda saklan hatymy.
Tüweleýläp ula çapan atymy,
Dogry tomaşada çapdyrýan indi.
Garaýyşsyz, duýgusyz hem gylyksyz,
Ýaşaýan kadasyz, çäksiz-çyzyksyz.
Gör-ä, özüm-özümede gyzyksyz,
Şuňa-ha aklymy çakdyrýan indi.
▶ Goşa guw
Dökülip, tüsse deý çal ýapraklary,
Gyzyl monjuk dakynanda igdeler.
Ýowuz gyşdan gelden dyzmaç çapara,
Baglar solup, başlaryny egdiler.
Ak guwlaram uçup gitdi gykuwlap,
Has öňünden gaçyp sowuk pajygaň.
Ýöne goşa guwuň göçden galanna,
Haýran boldy köpi gören pajyman.
Hasam haýran boldy soň başga zada,
Tebigatda muny görmändi entek.
Jenan guwuň sag ganaty döwlensoň,
Taýyn taşlap gidip bilmändir erkek.
Başyn alyp gidip bilerdi ahyr,
Kim ony sud edip, çykarjak hökmi?!
Sadagaň bolaýyn gudratly söýgi,
Adamzat aňlamaz syrlaryň köpmi?!
Bir-birinden açylaysa arasy,
Aňry daşlaşmaýar ýeke garyşdan.
Göýä yza dartyp duran ýalydy,
Göze görünmeýän ýüpek kirişler.
Balykçylar geleninde kenara,
Erkek karar tapman dara-direde;
Tolgunyp, pyrlanyp howatyrlanyar,
Delalat isleýär kimden, nireden?!
Pajymanam gaýtalap ýör dynuwsyz:
"Mähriban goşa guw,
Eziz goşa guş!
Çyn söýgä uly aň gerek däl öýdýän,
Duýgyň bolsa, besmi, ýeke goşawuç?!"
▶ Nusgawy äheň
Egsilmezdir eşretleri eremiň,
Ýagşy-ýaman bile ömür sürşene.
Ýöne bir biwepa göwün bereniň,
Suw beren ýalydyr ajy türşege.
Çuňlukdandyr göwnüň intizarlygy,
Peslikdendir giň dünýäniň darlygy.
Gül dälmidir süýji sözleň barlygy,
Ajy sözler barabardyr gurşuna.
Öwezine tama etmän hiç zady,
Sahawat edeniň peselmez bady.
Köňüller köşgünde ýazylyp ady,
Melhem bolar ýürekleriň urşuna.
Emma-ki bir husyt ýaranjaň baýyň,
Aýbyny öňýeten açmaga taýyn.
Doldursa-da zerden, halydan jaýyn,
Öz syrtyny dözmez mahmal düşege.
Söz bolmasa zehinimizzeýlärdi,
Goşgy ýazman Magtymguly neýlärdi.
Ilmet Gurban tilin bendi eýlärdi,
Agyz ýapyk zyndan bolsa durşuna.
▶ ERJELLIK
Eýeriň üstünde oturmak nire,
Aýaklary ýetmese-de pedala.
Haýdaýar gapdaldan aýagyn salyp,
Ýaryşdan soň tamakin deý medala.
Bir eýläk,
Bir beýläk sürüp barýar ol,
Ýykylmazdan gözlerimiň öňünde.
(Tüwdürilse, ýene turar, tijener),
Esasy zat – hyjuwy bar köňülde.
2013-nji ýylyň 10-njy maýy
▶"BAGYŞLAP BILDIŇ"
Sen meni neneňsi bagyşlap bildiň?!
Ençeme zenanlaň, müňläp hatynlaň;
Başaryp bilmejek,
Çydap bilmejek.
Owal-ahyr ellerinden gelmejek;
Ýürekleriň jümmüşinden, gatyndan;
Syzylyp çykmajak duýgular bilen,
Mydam meni söýüp arzylap gezdiň.
Sen nädip toýlarda şatlandyň, güldüň,
Agşamky meýlisden çala aýňalyp,
Ýene serhoş bolup içenimde meý,
Üstümize sürünende aýralyk,
"Titanige" dogry gelen aýsberg deý,
Täleýimden sypjak bolup aýlanyp,
Ýüregiňe salanymda daglar, heý,
Sen meni nähili bagyşlap bildiň?!
Men bir tüweleýdim, ötegçi ýeldim,
Towlana-towlana towlarym geçdi.
Hiç medet bolmady tijenenime,
Batyl bagtym idelmegne garaşdy.
Kän şowsuzlyk düşdi bijelerime,
Hiç düşnüp bilmedim akylym çaşdy.
Seni ýalňyz goýan gijelerime,
Sen meni niçiksi bagyşlap bildiň?!
Haçan nädip beýle karara geldiň,
Beýle bolup bolmaz dara-direde.
Ýa kiçelmediň, ýa beýgelmediň sen,
Çydamagy öwretdiler nirede,
Perimidiň ýa peýkermidip sen,
Gözýaşlam döküldi zire-zire deý,
Mermere jan berlen heýkelmidiň sen,
Sen meni nädipler bagyşlap bildiň?!
▶ Dileg
Däde, mellek ýere ekeli pisse,
Bilýän, ýogsa ir ýetişýär kädiler.
Bahar geçip,
Güýz sowulyp,
Gaz gitse,
Ömrümizem bir ujundan gädiler.
Öz diýşiň deý salymy ýok pasylyň,
Geçer gider adam guşluk çaýlasa.
Görmesek-de berjek süýji hasylyn,
Gow-a, gülläp, özgä şatlyk paýlasa.
Bu zatlar hakynda etmezler pikir,
Ykbalyndan,
Durmuşyndan nadyllar.
Eklenjem ýeterlik, hudaýa şükür,
Bidöwletiň tagamyndan dadylmaz.
Ýada salar gaçyp ömrüň manysy,
Bu günler ýanyňdan, ýadyňdan gitse.
Şonuň üçin tapyp iki sanysyn,
Däde, mellek ýere ekeli pisse.
Goşgular