14:17 Internetli dünýä / çaklaňja kyssajyklar - Kreatiw maslahat | |
…Iki dost, bolanja maýasyny goşdular-da, bazaryň çetinde garbanyşhana açdylar.
Hekaýalar
Kiçeňräk. Bary-ýogy üç-dört stol sygýan, on alty adamlyk. Hödürleýänlerem diňe ýerli tagamlar… Dograma, palaw, unaş, düýeçal, agaran, gök-sök, tamdyr çörek we ş.m... Emma näme üçindir, günler günlere sepleşip geçip dursa-da, olaryň müşderisi köpelip gidibermedi. Onsoň bu ýagdaýa azak-tenek içi gysjak bolup başlan şereketdeşleriň sabyrsyzrak biri özüne görä sabyrlyrak beýlekisine geňeş kyldy: -Dossum, bü, bü jelegaýlaryň iýermenler-ä üýşmek-üýşmek bolup: “maňa nahar guý-da, maňa guý” bolşup, gawun eňňeresine çozan ýaly garbanyşhanamyza zabt edip durmyýalar welin, näme etsek gowusyndan bolarka?! Bi bolanja pulumyzam-a muňa çyrşadyk. Indi mundan batyp çykaýsagam…Onda gowusy, ömrüň ötünçä bi gennejeň gözüne görünmän, Hindistanda bir ýerde jaýlanyp öteniň ýagşy bolamasa…Hä?! Şärikleriň mundan buýanky beýlekilere garanyňda kanagatlyragy, her niçik-de bolsa, köpi gören pyýada ekeni. Kellä kän agram salyp durman, derrew çykalga salgy bermegiň hötdesinden geldi. Çykalgaňam döwrebabyndan… -Marketing we reklama diýen bir zat ba…-diýip ol eltelefonynyň sensor ekranynda nämedir bir zatlary dörüşdirip durşuna hümürdedi:-Şonuň ýaly zatlar bilen meşgullanýan biriniň saýtynyň salgysy bolmaly mende. Häzir şoň bilen habarlaşaly-da, ondan maslahat soraly. Belki bir üýtgeşik usuly öwreder… Aýdyldy gutardy. Saýtyň salgysyny tapdylar-da, habarlaşdylar. Aňyrdaky hakykatdanam öz ugrundan çorba baryny sowadyp, kitap baryny germen hünärmen bolara çemeli. Şärikdeşleriň ahwalyna gaty bahym düşündirdi-de, gepi çagaladyp durman, iki sanyjak sowal ýazdy: “Garbanyşhanaňyz daşyna öz hödürleýän tagamlaryňyz barada nähili maglumat ýazdyňyz?!”. “Dograma, palaw, unaş, düýeçal, agaran, ter önümlerden işdäaçarlar, tamdyr çörek we beýleki göwnüňiziň küýsän türkmen tagamlary!” diýip şärikdeşler soragyň jogabyny iberdiler. “Müşderilere hödürleýän tagamnamaňyzda-da şonuň ýaly ýazylgymy?!” diýip olaryň jogaby gidip-gitmänkä marketing we reklama geňeşdaryndan täze sowal gelip gowuşdy. “Hawa”. “Onda meniýniň sizlere gaýryp berjek ägirt uly hyzmatlarym üçin pylan telefon belgisine pelança manat möçberindäki ujypsyzja tölegi iberip alyň. Onsoň meniýni sizlere garbanyşhanaňyzyň öňünde we tagamnamaňyzda goýar ýaly täze, has özüneçekiji, döwrebapdanam beter, barypýatan aňrybaşy posty ýazyp, onyýny imeýliňize iberip alaýyn. Onnoň sizlerem, öňki köneçil ýazgyňyzlary aýrakga, meniýniň ýazyp iberen, hakdan içen ýazgymyzlary ýerbe-ýer goýsaňyz, onda meniýni sizlere hak sözüni aýdýan! Sizleriň garbanyşhanaňyzlar, Ýeriň ýüzünde diýseg-ä öte çoh lap urdugymyzlar bolar, ýöne iň bolmanna, Ýewraziýa we Awstraliýa hem-de Antarktida yklymlarynda-ha iň gelim-gidimli ýere öwrüljekdigine ýüz on iki göterim kepiller geçýärin!”. Öň munuň ýaly geňeşdarlar bilen iş salşyp görmedik dostlar biri-biriniň ýüzüne ýeke gezek oýurganyşyp garanjaklaşdylar. Öz-ä birhili, “geňeşdaryň” ýazýan zatlary ýaman birhilem welin, onda-da garbanyşhanalarynda taýýarlaýan tagamlaryny ak aýylardyr-pingwinlere çenli hödürlemek höwesem içlerini müňňül-müňňül byjyk-byjykdan dolduryp, halys alarladyp alyýbam barýar. Ikisem bir wagtda diýen ýaly, kibitlerini gysdylar-da, aýdylan tölegi görkezilen belgisine geçirdiler. “Aldym. Garaşyň.” diýen gysgajyk görnüşdäki habar “geňeşdardan” gelip gowşandan soňam garaşmaga başladylar. Dogrusy kän garaşmalam bolmadylar. Bir çäýnek çaý içer salym geçip-geçmänkä şärikdeşleriň sabyrlysynyň eltelefonyna ýene-de habar geldi: “Şu ýazgyny, edil şu taýdaky ýaly görnüşde garbanyşhanaňyzyň öňünde we tagamnamaňyzda goýuň! Onsoň sizler gaty bahym bagtly bolarsyňyzlar!!! DOGRAMEÇÇO! UNAŞERO! PALAWETTO! IŞDÄAÇARISSIMO! DÜÝEÇALIÝONI! AGARANERIKKO! TAMDYRELLO ÇÖREKKIÝOLI! Ondan başga-da… Ýene-de… Islän ekzotiki naharlaryňyz... Sizler üçin FAST-FUD usulynda, ýagny DESBI-DÄHIL taýýar ediler!”. Şärikdeşler aňk-taňk bolşup, biri-birine seredişdiler. Birhili: “Şujagaz zat üçinem, şunça manat tölemeli bolaýdymy-aý?!” diýşip, iňkise gidýän ýaly. Soňam: “Aý bolýa-la! Habar tutan özümiz, öwüt-nesihat soran özümiz, diýen nyrhy bilen ylalaşyp, pul geçiren özümiz…Onnoň bu taýda kim samsyk bolýa?! Onnoňam indi puly berlenden soň, onuň aýdanynam barlap göreli. Kim bilýä, belki ugruna bolar!” diýip, içlerini hümletdiler-de, biris-ä garbanyşhanaň ýazgysyny çalyşmaga, beýlekisem täze tagamnama sargyt etmäge ýöneldiler… Şondan soň dostlaryň garbanyşhanasyna pingwinlerdir ak aýylar geň-enaýy “desbi-dähil” tagamlary dadyp görmek üçin, gara daňdandan başlap, aňyrsyna göz ýetmeýän up-uzyn nobata durdylarmyka?! Bilemissimo… | |
|
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 5 | |||||
| |||||