14:18 Internetli dünýä / çaklaňja kyssajyklar - Şypaly ýorgança | |
…Goş birikdirenlerine ýigrimi ýyl dolup gelýän jygba-jyg günlerde onuňam birdenkä, hiç hili gaýa ýok, gopuz ýok ýerinden, güpür-tapyr döwrebap adam bolasy gelip başlady-da, ol aýalyna nähilidir birhili gymmatbaha ýa-da ýadygärlik sowgat edermen boldy duruberdi…
Hekaýalar
Şu günki alan aýlygy bolsa, kisesine üznüksiz agram salyp durmak bilen, onuň oslagsyz emele gelen bu pikir-duýgusyna hasam meçew berdi. Ýagşy işi gaýra goýup durmanam, haýdan-haý soňky döwürler degdi-gaçdy ulanmany öwrenen internet diýilýän zadyň söwda degişli saýtlaryny sahypama-sahypa geçirip, agtarmaga oturdy. Kän oturdy. Soňabaka birhili lapykeç boljagam bolup ugrady. Sebäp diýseň, aýalynyň göwnünden turaýjak zatlara-ha onça puly gözüni ýumakga beräýip goýberäýmäge öz göwni ynjajak. Öz göwnüniň ynjamajak, hem-ä peýdaly, hemem amatly sowgatlyk harytlary bolan gazan-ukaç diýdi, kepgir-susak diýdi, gap-gaç, çäýnek-käse diýdi, ýa-da özüne ylaýyjak şapylaşypjyk duruberjek penjek-jalbar diýdi…diýen ýaly zatlary “sowgat” etse-de öýdäkiň göwni nähili boljak… Belli däl… Diňe, adaty bir “ynjap” oňaýjakmy?! Ýa-da şertnamalarda “fors-mažor” diýlip, iňňän parasatly aňladylýan, öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri bilen başga-başga adatdan daşary hadysalaram gopuberjekmi?!... Şonuň üçinem ol özüniň başlan işine eýýämden ökünse-de, guýmagursak hötjetligi zerarly başlan işini ahyryna çenli ýetirmek niýeti bilen islegini mümkinçiligine deňleşdirmäge gümra bolmagyny dowam etdirdi. Birsellem sahypadan-sahypa bökenden soňam, ahyryn gözleýäniniň üstünden bardy. Angor geçisiniň ýüňünden dokalan gülli ýorgança… “Odealo” diýlip ýazylypdyr orusçasynda… Gyzyklanyp ünsüni çeken harydyň häsiýetnamasyny dykgatly okap ugrady. …Angor geçisiniň ýüňüne merinos goýunlarynyň ýüňi goşulyp işilen mohirden dokalan bu ýorgança, her bir ýapynanyň janyna noş bolar! Ol adaty bir ýorgança däl-de, eýsem jana melhem, tene şypadyr! Günorta Afrikanyň iň aňrybaşy tämiz jülgelerinde, seleň sonarlykda diňe dermanlyk ot-çöplere bakylýan angor geçileriniň ýüňi, şol melhemlikleriň adam üçin peýdaly ähli elementlerini özlerine siňdirýärler. Bu ýorgançalaryň dokalan moherine goşulýan merinos goýunlary bolsa gadymy hem müdimi Pireneý daglarynyň adam aýagy sekmeýän gerişlerinde otlap-suwlamak bilen, daglaryň gaňşyrawugyňy kükediji päkize howasyny hem-de gaýnadyp içseň ýedi ýyl ýatan hassany bada-bat aýaga galdyrýan saýyrdyň gaýa gülleriniň lezzetini özlerinde toplaýarlar. Şu giden ajaýyplyklary hem ol janawerler şu ýorgançalary üstlerine ýapynýan – SIZIŇ bilen paýlaşmak üçin şunça azap çekýärler. ŞYPALY ÝORGANÇANY ÝAPYN! OL BARAM BOLSA, ÝOGAM BOLSA ÄHLI KESELIŇDEN, AZAT BOL! Artrit, gan basyşynyň ýokarylygy ýa-da pesligi, osteohandroz, tahikardiýa, stenokardiýa, gipertoniýa, gepatoz, skleroz we ş.m. keseller, şypaly ýorgançanyň gazabyndan gorkusyna, elheder alyp sizden gaçar! Galyberse-de, bu ýorgançanyň ýene-de bir peýdaly tarapy... IŇ ESASY ZAT! Ol erkeklik kuwwatynyň o dünýe bu dünýe gurymaz gözbaşy bolup hyzmat edýär. Ýigrimi bäş ýaşyňda bolsaň-a özüňi Kazanowanyň hut özüdir öýtdürýär. Kyrk ýaşdan agan bolsaňam ýigrimi bäş ýaşly Kazanowa bilen sportuň şol ugry boýunça ýaryşa çykasyňy getirýär... Bahasam amatly! Bary-ýogy müňje manatjyk... Bary-ýogy müňje manatjyk töleýärsiňiz-de, şeýlekin bir ajap gudratly, tenekar, jana melhem nepisligiň hem gözelligiň eýesi bolýarsyňyz… Haýal-ýagallyga ýol bermäň-de bize jaň ediň! Sebäbi bu şypaly ýorgançalaryň getirilişi iňňän çäklidir! Şuny berk belläň! Biziň telefon belgimiz:****** Ol durmuşda beýlebir ynanjaň-yňdarma adam bolmasa-da, näme üçindir bu ýazgylara güp ynandy. Belki, özüniň halys ynanasy gelendir. Belki-de “müňje manatjyk” hakynda ýazgy müňkürliginiň haýyny alandyr. Magady diňe özüne mälim. Ynanan dessine-de güýmeň-samaň edip durman, saýtda görkezilen belgä jaň etdi. Gepleşdi. Ylalaşdy. Ol-a işden çykyp barýarka harydy alyp, bahasyny töläp biljekdigini aýtdy. Satyjam şypaly ýorgançany aýdylan ýerine, belleşilen wagtda, elinjek getirip gowşurjakdygyna ynandyrdy. Sabyrsyzlyk bilen iş wagtynyň tamamlanaryna garaşa-garaşa-da, ahyry arzuwyna ýetip, iş ýeriniň öňündäki duralgada satyjynyň çapary bilen gabatlaşdy. Hasaplaşdy. Daşy sebet görnüşindäki saply ykjamja dolaga dolanan şypaly ýorgança eline agram salan badyna-da, özüniň gaýran işinden göwnühoş halda, monça bolup ýylgyrdy. Gül-gül bolup açylan keýpiçaglygy zerarlam, gündeki gatnaýan awtobusyna-da münmän paýu-pyýada öýüne gaýtdy. Süýjüden-süýji hyýallaram aňynda gaýmalaklaýar. Aýalyny begendirjekdigi hakda… Şypaly ýorgançanyň derman boljak dertleri hakda… Hasam ýorgançanyň, soňky döwürler birhili öz-özünden baýtallap, egbarlap ugran kuwwatyňam jylawundan dartyp ibermäge ukyplydygy hakda… Garaz näme, işine oňuna adamyň datlydan-datly hyýalbentligi-dä… Keýpihon halda golundaky şypaly ýorgançany hallanladyp, şol dähedem-dessemläp barşyna-da, uly söwda merkeziniň ýola bakýan dükanlarynyň biriniň mähnet görnüş aýnasynda gözi ägindi. “Sered-ä muny! Bu taýda-da şypaly ýorgança satylyp dur eken-ä!” diýip ol, göwnühoşlyk bilen oýlandy-da, görnüşe çykarylyp goýlan elindäkä birme-bir çalymdaş ýorgança siňe-siňe seretdi. Birdenem şypaly ýorgançanyň aşagyna iltelen, baha ýazgyly kagyz bölejigi nazaryna kaklyşdy. Onuň ýüzi boz-ýaz boldy. Kagyz bölejiginde köp derdiň dermany bolan şypaly ýorgançanyň bahasynyň ýüz manatdygy ýazylgy durdy… | |
|
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||