12:38 Janköýerler we fanatlar | |
JANKÖÝERLER WE FANATLAR
Sport we turizm
● Özbegistan bilen Türkmenistanyň ýygyndy komandalarynyň duşuşygyndan galan täsirler ýa-da özgelere seredip, özüň hakda oýlanma Jürlewügiň çalynanyna bir sekunt geçdimi ýa geçmedimi? Ýaňam imi-sala otagyň içine näme aralaşdy diýseň dogry bolarka? Mätiň iki dyzynyň üstünde oturmagy gowy görýänini öňem bilýän, ýöne iki dyzynyň üstünde ylgaýan adamy ilkinji gezek görşüm! Olam, nä ylgamak! Iki elini ýokarsynda galgadyp, horajyk göwresiniň niresinden çykýandygy belli bolmadyk uly goh bilen dyzlarynyň üstünde telewizora tarap okdurylyp barýan Mätini göz öňüne getiriň! Başartdymy? Indi bolsa, daşyndan seretseň, gürlemäge ýaltanýan adama meňzäp duran Nejebem göz öňüne getiriň-de, ony hem dik duran ýerinden Mätiň bolşuny gaýtalaýan terzde-de hyýalyňyzda janlandyryň! Özüm-ä ol, Mätiň üstüne ýykylyp, ony mynjyradar öýtdüm! Otagyň huşy başyndan göçüp, onuň täsirem diňe maňa-da ýetmändir eken. Elindäki içi tagamly gaplaryny näme etjegini bilmän, dik duran ýerinde doňup galan Resulyň syh-syh bolan saçlaryny sypalap ýumşadaýasym geldi! Öňem kiçi bolmadyk gözlerini hanasyndan çykaraýjak bolup, maňa tarap seretmäge zordan özünde güýç tapan Resul, ilki şol gözleri bilen maňa dünýäň soragyny berdi-de, soň dillenmäge-de özünde güýç tapdy: — Agam, beýle bolsaňam bolýam-aý?! (Şeýle putsatda-da bir anekdot ýadyma düşdi. Öňem bir awçy, ýanyna itinem alyp, kölüň başyna ördek awlamaga gidýär. Eleme-deşik edilen üç-dört sany ördek, kölüň ortarasyna gaçandan, kakynan-silkinen bolýa-da, ýene-de asmana uçup gidýär. Bu ahwalata haýran galan awçy, delalat gözleýän ýaly, soragly nazary bilen itiniň ýüzüne seredýär. –Hojaýyn, nämä maňa seredýäň-aý! Şu wagt özümem h…t edip otyryn! — diýip iti jogap berýär.) Ilki Mäti bilen Nejebiň, soňam (emin penaltyny karamlansoň) bir ýerde bilýän bar paýyş sögünçleriniň diňe başyny aýdyp, soňuny bolsa owadanlamaga çalşyp, byzbydyklap ýören Sungatyňam bolşuna özümiňem hu… e… e-e-e… haýran galyp oturşuma, Resula näme jogap berjegimem bilmän, diňe eginlerimi gysaýdym. Asla oňa meň jogabym geregem däldi, ol o soragyny, häki bir, dil açmak üçin beräýipdi. Dogrudanam, beýle-de bolsaň bolýarmyka? Entek ýene iki maşyn oglan gelmeli! Men hemmeden beter Merdany görmäge howlugýan. Hemem gorkýan. Bu üçüsi şeýle bolsa, ýatsa-tursa futbolistleň ady bilen samrap ýören hemem şu oturlyşygam özi guran Merdan näderkä? –Jigim, ýene salfetkasyz geldiňizm-aý?! — diýemde, soň iki döwem dik durup gören Merdan töweregine garanjaklap, aljyraňňy gözleri bilen Nejebiň ýakasyndan tutdy. — Maşynda salfetkalar galypdyr, şolary alyp gel! — diýip, maşynyň açaryny inisine uzadanda, ikisiniň eli tapyşyp bilmänem, esli eglendiler. Nejep, gitse, gitdem welin, onuň gözleri telewizoryň öňünde galdy. Oň içinden: “Şu wagt seň ýadyňa salfetka düşýä! — diýip, yzyndanam sögünmedigine hiç hili garantiýam ýok. Içi iki paçka salfetkaly paket gapdalyma gütüläp düşende bu çaklamam hasam güýjedi. Oýnuň öňündenem, onuň dowamynda-da: “Oýunçy utsun!” diýip, oýun edip, çynyňy aýdaýsaňam, “Şu gezek oýunçy utmasyn ho-ow, ýeňiş şu gezek bize has wajyp!” diýip, olaryň gara çyny. Geň galmaly ýeri, bularyň her ýerden-her ýerden tutup edýän gürrüňlerine men düşünmänem duramok welin, olar mende hiç hili gyzyklanma döredip bilenok. Dogry, köpçülikden galmajak bolup, menem käte bir zatlar diýip gygyran bolýan, ýöne ony diňleýäniň, oňa üns berýäniň bardygyna güwä geçip biljek däl. Il näme?! Aýdýan zatlam indiki sekuntda öz ýadymdanam çykýar. Resul-a mençe-de ýok. Giden gohuň içinde oň bilen mesawy gürrüň edip bilýäs. Aladamyzam özümiz bilen (öz ýanymyzda). Biziň ýygyndy komandamyzyň derwezesine ikinji pökgi girende, juda naýynjar ýagdaýa düşen Mätiň birnäçe gezek biz tarapa öwrülen aljyraňňy kellesiniň bir ýerde durup bilmeýän gözleri şol aladamyzy bokurdagyndan başyma çekäýsem diýýäne meňzeýär. Çopan-a Resul ikimizdenem parahat. Ol arasynda goňşy otaga girip, ýatyp, dynjyny alybam geldi. Käwagt bir söz goşaýsa-da: — Şeýle ýagdaýdan üstün çykmak üçin Dnepr bilen bolan duşuşykdaky ýaly, aram-aram çyrany söndürmeli! — diýýär. Bir gezeg-ä, hemmeleň zähresini ýaryp, çyrany öçüribem ýakdy. Parahadyrak görünjek bolýanlaň biri — Maksat, ýöne onuňam (edil gapdalymda her üç minutdan oturşyny üýtgedip oturanyny görüp oturamsoň) parahat däldigini duýup otyryn. Hemme zatda pikir bilen duýgyň deňagramlylygyny saklap ýašamaly diýilýän pikire uýup ýaşamaga çalyşýan Mukamam häzir parahat däl, ýöne ol ýanynda ýan tazysy bolan telefonynyň anten tutýan wagty hiç ýerde-de parahat bolup bilenok. Häzirem bir gözi telewizorda, beýlekisi — telefonda; bir aýagy bu otagda, beýlekisi — goňşy otagda; bir aýagy otyr, beýlekisi — dik dur. Her näçe aýlawly gürlemäge çalyşsa-da, Seýranyň häzirki ýagdaýda gürleýşinde hemme zadyň ilkinji sekuntlardan düp-düşnükli bolup durmagy geň hadysa. Arasynda sögünenem bolýa olam, ýöne oň sögünçlerem “Ja-na-a!” diýilýän ýaly bolup eşidilýär. Sungat. Arasynda gürlemäge maý tapan wagty, onuň teswirlerini diňlemek gyzykly. Hatda paýyş ýerlerini owadanlap goýberýän sögünçlerinde-de hemme zat ýerbe-ýer. Geň zat! Entek öň görmedik bir myhmanymam bar. Adyny üç gezek soradym, üç gezegem ýadymdan çykdy.Göwresine görä giňligini saklajak bolýan ol myhmana häzir: “Al, çörek iýip otur!” diýeniňden, “Gürläp otur!” diýeniň ýeg. Tüýs kommentator bolaýmaly oglan eken! (Ýogsa-da, kommentatorlyk hakynda: kimiň başga bir dili öwrenesi gelýän bolsa, şoňa gowy kommentatoryň çykyşynda futbol görmegi maslahat beräýmeli — özbek dilini tas öwrenipdim!). Oýun gutaransoň, ýolda, Merdanyň maşynynda gaýdyp gelýärkäk, onuň yzyny kesmän gyjyrdap janykmasyny köşeşdirjek bolup: — Jigim, Hajy agany tanaýaňmy? Şoň balagy ýaly giň bolsan-a! — diýemde, yzky oturgyçda oturan myhnan: — Hawwa, meň balagym ýaly bolsan-a how! Ol-a dört nol eken, sekiz ýa dokuz nol bolanda-da (“Bolmalysam şoldy!” — bu hem myhmanyň sözleri), meni horlajak gümany ýok! — diýdi. Ady Hajymyrat eken. — Lew Tolstoýyň “Hajymyradyny” ýatda saklaýmaly, agam! — diýip, Merdan açylyşyp başlady . Hawa, ahyry edebiýata-da gezek ýetdi! Aslynda-da, men bu oglanlaň hiç birinem futbol janköýeri ýa fanaty hökmünde tanamandym. Tanyş bolanyma bolsa iki ýyl bolup geçdi. Şol iki ýylyň içinde ençe çişliklerdir çorbalary sowatman iýsegem, her hepde-de diýen ýaly bolýan duşuşyklarda edebiýatyň gürrüňi has köp edilýärdi. Has dogrusy, demläp ýetişseň, sokga sorulýan tüňçedir tefal çaýlarynyň başynda esasan edebiýat hakda gürrüň edilýärdi. Men häzir şol oturlyşyklary ýatladym. Soňam utandym. Şol oturlyşyklarda özümi alyp barşymdan utandym. Dogrusy, men ol duşuşyklarda özümi nähili alyp barmandym! Mäti ýaly däliräbem, Nejep ýaly içimden, Sungat ýaly daşymdan sögünibem gördüm. Merdan ýaly — nämeleri nämelere deňemedim! Otursam-tursam, özüňe bir ideal döretmegiň, nämedir bir zadyň ýa-da kimdir biriniň fanaty bolmagyň özüňe, döredijiligiňe uly zyýandygyny aýdyp ýören halyma, özüm kime öwrüläýipdirin! Iki sany dyngy belgisi, bäş sany harp ýalňyşy, iküç sany sözlem ýalňyşlary üçin özümi alyp baryşlarym ýadyma düşende… Logika diýdi, formadyr mazmyn diýdi, ideýa diýdi… Şol wagtlar özüm kimdir biriniň göwnüne degýändirin diýen pikirem bolmandyr mende! Ine, bularyň fanat ýerinde sen ýönekeý janköýerçe-de ýok welin, seň üstüňe heňkirip duran ýog-a! Onsoňam, özüňem bilýäň welin, olaram bilýä: “Hä”, “Hümüni” ýetirip dursaňam, olar üçin gyzykly zatlar seň üçin hiç zada-da duranok ahyryn! Kim nähili oýnady, kim kimi utdy, kim kimi satyn aldy, kim näçä durýa… Bularam edil sen ýaly — kim nädip ýazypdyr, näme üçin ýazypdyr, nämä ýa kime bagyşlapdyr we ş.m.- ler olary gyzyklandyranok. Olar edil futbolda görüp, alyp bilýän estetiki lezzetlerini edebiýatdanam alyp bilýärler: niredendir urulan topuň derwezä nähili owadan girişi yaly, nähilidir bir pikiriň (setiriň) owadan aýdylyşy… Näme, haklary ýokmy?! Bolýa, bu hakda — soň! Häzir oýun gidip dur! Ynha, bizem bärde on bir bolup oturyp, gyşaryp, byzbydyklap: otyrys, ýatyrys, dik durus. Häzir şularmyz bolup özlerine professional derejede oýnaýandyryn öýdýän öz ýygyndy komandamyzyň-a däl, eýsem Özbegistanyň komandasynyň garşysyna oýnasagam, utjagymyz ikuçsuz! Mät-ä emedekläp ýa aýbogdaşyny gurup oturşyna ylgap, Nejebem kellesinde büdüräp salarlar welin, hersi bir gol salman meýdançadan çykmazlar. Esasy hüjümçi edip welin Merdany goýmaly! Futbol meýdançasy diýilýän zat şu günki güne çenli görmedigini görermikä diýýän — oýun gutaryp, meýdança boşap galansoň salar welin, ol ýeke öz iki gol salman, ortadan çykmaýa! Mukamy ýarym goragçy-ýarym hüjümçi edip goýmaly (şeýle termin öň ýogam bolsa, ony hökman girizmeli!)! Goý, dünýäň, wi, meýdançaň deňagralmlylygyny ýeke özi saklasyn-da, diňe öňe ýa yza däl-de, iki gapdalyna-da jogap bersin! Ýöne öňürti, her edip-hesip edip, oň elinden telefonyny almaly, ýogsa … oýnamaýa ol! Ine, kime telefon, ýok, tutuş planşet bermeli, ol — Maksat! Häzir bu ýerde Mele ýok! Ol häzir Özbegistanda — garşydaş toparyň taktikasyny içinden öwrenip ýör! Goý, Maksat ikisi skaýpda habarlaşsyn welin (Maksadyň ony top oýnap ýörkäde başarjagyny bilýän!), biziňkileň haýsy flangdan haçan barmalydygyny bilmek üçin habarlaşyp dursunlar! Seýran! Ine, häzir iň gerekli oýunçy! Oň pirimleri bilen (ýa hakyky bolşy bilenmi?) garşydaşyň başyny-gözüni (ýa “gözüni-başynymy?” Aý, haýsy bolanda-da, Seýranyň özi alyp çykar!) aýlamaly! Meýdançaň içinde oň näme işläp ýörenine, haýsy tarapa oýnaýanyna düşünýänçälerem, diňe tomaşaçylaryň däl, eýsem garşydaşlaryňam aňkasy aşar. An-a şonda-da (aýgytly pursatda!) ol Sungata pas geçirýär! Sungat depýär! Go-o-o-o-o-o-ol!!! Ine, seniň bar özüňi alyp baryp bilşiň! Entegem sen şu oglanlaryň çagalarynyň ýa şol çagalaryň deň-duşlarynyň edebiat meýdanyna gelişlerinem synlap ýetişmek isleýäň (ölüm ýok ýaly!). Howwa-da, öz deň-duşlaň bilen hasap edeňde, olar dördünji nesil bolup, seň özüň bilenem atdaş bolýar. Ol gören üç nesliň haýsysy sende nähili täsir galdyrdy? Sen her gezegem şeýle duşuşyklara fanatlarça yňanyňy duýman galýaň. Ine, şu gezegem şeýle boldy. Bu oglanlaň her biri bilen bolan aýratyn gatnaşygyňda-da, olary umumylykda alanyňda-da, her bir aýratyn ýa umumy duşuşyklara garaşyşyňda-da, olaryň dowamynda-da käteler fanatlykdan geçip, manýaklyga ýeten gezekleňem az däl! Araky наваждениелерденем-ä şu gün oglanlary göreniňden soň zordan aýňaldyň! Olar bolsa… Her gezegem ilki bilen agyr göwresini ýeňillik bilen gopduryp bilýän Hümmet aga peýda bolar. — Howwo, onsoň, bu biziň dogmamyzdan bir zatlar çykjakmy ýa ol boş-boşuna entäp ýörmi? — Bu soragy öň — oň öz göwnüne degmäkäň beren bolsaň gowy bolardy! — Bäh! Men oňa näme edipdirin-aý beýle! Sen, meň ömrümde etmedigimi edip, oň ýeňsesine kakyp, syrtyna depip ýörsüňem welin, ol senden bir zadam gaty görmän, men adyny “Umjan” diýip tutsamam, ol ömür menden öýkeli! — Menden gaty görer ýaly, men oň nämesimişim, Hümmet aga?! — A onda men näme etmeli? — Oň höwesine badak atman, gaýta goltgy berseň nädýä? Oň ruhy dünýäsi barada, heý, gyzyklanyp gördüňmi? Hemme zady maddy ýagdaý bilen çözjek bolmak öz çagaňa gezek gelende hasam ýalňyşmyka diýýän. — A maňa gyzykly bolmasa nadeýin. Gülenimi duýman galýan: — Başyndan turup bilmän görüp oturan seriallaňdan-a gyzykly şuň ýazýan zatlary! Onsoňam, seň ýa seň ýoldaşlaň biri-biriňize gezek bermän edýän gürrüňleriňiz maňa gyzyklydyr öýdýäňmi? — Ýöne sen ol gürrüňlere-de bizden gowy düşünip otyrsyň-a! — Şoň üçinem olar maňa gyzykly däl-dä! A saňa öz ogluňa düşünjek bolmaga, oň bilen dostlarça gürleşmäge kim päsgel berýä?.. Bu gürrüňler günüň-gününde gaýtalanyp dur. Men hiç düşünip bilemok: hemme zady assyrynlyk bilen synlap ýören Hümmet aga menden nägile bolup şeýle gürrüňleri edýärmi ýa-da menden haraý gözleýärmi? Ynha, Hümmet agaň ýassyk ýaplanyp ýatan durky yza çekilip, oň ýerinde Handurdyň durky ör boýuna galýar, gapdalynda bolsa ýuwaş-ýuwaşdan Sapargül peýda bolýar. Olar hiç gezekde-de ýeke agyz sözem aýdanoklar — ýöne durlar. Ine, olaryň ýanynda süýem barmagy bilen äýneginiň ortasyndan ýokaryk itip peýda bolýan Serdaryň äýneginiň aňyrsyndaky gözleri bolsa: “Wah, bize dil bitäýen bolsa, diýmeli zady bilýäs-le!” diýip durlar. Ol öz gözleriniň sözleriniň äýneginden bärik gaçaýjak bolup duranyndan bihabar. Ýeri, bu Şahana näme diýjek?! Zat bilen azary bolman, oýnap ýören ýalydyr welin, şolam üçünji gözi bilen bar zady synlap ýörendir. Şahandanam aňyrrakda biriniň bukulyp çilim çekýän suduram görünýär. Oňam kimdigi belli! Aga-inili gürrüňe gezek gelende, gözleri her bir zady inçelik bilen synlap oturan Balkan kakasy Baýram aga bilen ejesi Sapargül gelnejeden öňürti peýda bolýar. Ömür çaý-nahar bilen bašagaý bolup ýören Sahypjemalam käte bir bärik nazaryny aýlaýar. Saçagyň başynda-da bir zatlara güýmenmese, dek oturyp bilmeýän Baýram aga bölüşdirip, üstüne-de duz sepen hyýardyr pomidorly tarelkasyny maňa uzadyp oturşyna, halymdan habar alýar: — Howwo, oglumyň bratişkasy! Gowja dynç alyp bildiňmi? — Şu Lebap welaýatynda tanaýanlarymdan diňe sen öýdýän “Normalnymy?” diýip soramaýan? — Menem diýýänm-aý? — diýip, Balkan gözlerini güldürýär. — Seň-ä iki sözüň biri şol welin, men-ä su gezek Saparyňam, onüň aýalynyňam: “Çüw! Çüw!” diýip, sygyr kowşuna-da haýran galandyryn! Umyd-a: “Bizde-de şeý diýilýär” diýýä. “Onda, ata näme diýýäniňizi soramaýynam!” diýdim. — Sapar diýýäniň kim bolýa? — diýip Nury (Baýram agaň inisi) dillenýär. — Gussaň kakasy. Baýram aga, bajaň Aşyr bar-a — Jelalyň kakasy? Şony gör-de, Saparam gör-äý. Ýaşlaram meňzeş welin, häsiýetlerem gaty meňzeş. — Agam, senem-aý, şo-ol, kimiň nähili gürleýänini synlap ýörsüň-aý! — diýip, Balkan eýýäm hemmeleň unudyp ýetişen temasyny ýatladýar. — Özüňe “Çüw!” diýilýänçä geziber-dä diýýäňmi! Gülüşýäler. Men: — Onda, näme, Baýramçik! — diýip, täze tema geçjek boldum welin, Nury bilen Balkan-a ýöne bir tisginip gitdiler welin, Baýram agaň elindäki çaýly käs-ä tas uçutdan gaýdan ýaly bolupdy. — Hä, näme, diňe ogluň maňa: “Bratişka”, “Çaryşka” diýende gülkünç eşdilýän ekenmi? — diýip men olaň bolşuna hezil edip gülýän. — Eý, sen bu passanlary özüňe gaty öwrenişdiripsiň! — diýip, düşen ýagdaýyndan entegem aýňalyp bilmedik Baýram aga ýylgyrmagam ýadyndan çykarana meňzeýär. Käşgä hemme zat şeýle görnüşlerdir ýatlamalar bilen soňlanýan bolaýsa! Iň ýowuzlary AK TÜMLÜKDÄKILER! Olar bilen ne gürleşip bolýar, ne-de görüşip! Gözedürtme ak tümlügiň içinde çala saýgardýan çalymtyk sudurlardan gelýän seslere çydamak has kyn! Her gezek olaryňam peýda boljagyny bilsemem, her gezegem gapyl galýan. Has, dogrusy, olara hiç öwrenişip bilemok. Olardan gorkýan. Olaryň seslerem güňleç welin, olar näme üçindir çekimli harplary däl-de, çekimsiz harplary has uzaldyp, olary iküç gezek dagy gaýtalap aýdýan ýaly bolup gürleýärler. — Mmenn …– yňň attassy-y!!! — Mmenn …– yňň dddäddessi-i! — … bilen … mmmeňň ddoggmmmollommm! — … bbbizziňň oggllummyzzz! — Mmenn …! — Mmmennn …!!! — Mmmennn!!! Gözleriňi ýumup, gulagyňy tutanyň peýdasy ýok! Olar gözleriňe-de, gulaklaryňa-da kelläň içinden hüjüm edýärler: — Ssenn bbizziňň ççaaggaallaarrymmyzzddann nnämme isslleýýä-äňňň?!! Ssaňňa ollarrddann nnämme ggerre-ekk?!! “Allajanlarym, men bulaň çagalaryny näme diýip ynjytdymkam, bulaň beýdip rahat ýatyp bilmezleri ýaly?! Ýa “Dirä — güman, ölä — aýan” diýilşi ýaly, meň içimde bulaň çagalaryna bir erbetlik bolup, olaram şony duýýarmykalar? Ýa bu meň öz gorkymmy? Her niçik bolanda-da, beýdip olaryň ruhuny gozgamaga meň hakym barmy?!” Şeýle görnüşleriň ýagyp durmasyndan soň sen esli wagt içiňi hümledip gezdiň. Saýta-da öňküleň ýaly sagatda birnäçe gezek girip ýörmediň, goýulýan eserlerdir teswirlerem biperwaý okamaga çalyşdyň. Dogrusy, indi öňküleň ýaly, kimdir birine ýazasyň gelýän teswirleriňi ýazyp bilmeýän wagtlaryň, daga seredip : ” Eh-he-he-he-e-e-ý!!!” diýip gygyrasyň gelip duranok. Ýene-de oglanlar kän geçirimli! — Agam, aramyzda akyllyja bolup otursaň, biz-ä futbol görmäge üýşsek diýýäs! — diýip, Sungat jaň edýär. — Şol akyly sizden alaýyn diýsemem-ä, baryňyzyňkyny toplaňda-da … Ýene-de henek, ýene-de degişmedir gülki. Netijede? Netijede — hasap 4-0! Düýn Merdan SMS ýazypdyr, “Omandanam…” diýip. Menem “Bolmandyr…” diýip jogap ýazdym. Hemme zat öňki-öňkülik. Oýunda-da, saýtda-da, durmuşda-da, dünýäde-de… Näme üçindir üç sany sözi indi birnäçe gün bäri pikirlemden hiç çykaryp kowup bilemok. Olar indi aňymda goşgyňmy, aýdymyňmy bir setiri ýaly bolup gaýtalanyp durlar, özem (içigargalmyş!) — orsça: Если любишь — отпусти! Если любишь — отпусти! Если любишь — отпусти… Çary ATAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |