20:58 Jelaleddin Horezmşa bilen mongollaryñ arasyndaky söweş | |
Jelaleddin Horezmşa bilen mongollaryň arasyndaky söweş (taryhy ýazgylardan)
Taryhy makalalar
Horezm Soltany Jelaleddin Meňburny ibn Alaeddin Horezmşa kakasynyň esgerleri bilen Gazna şäherindedi. Bu ýerdäki musulman esgerleriniň sany altmyş müňden geçýärdi. Çingiz han hem Gazna on iki müň esger ýollady. Jelaleddin mongollaryň gelýändigini eşidiр, esgerlerini saр-saр düzüр, olaryň öňünde goýdy. Mongollar Gazna golaýlanlarynda Jelaleddin Horezmşa olaryň üstüne çozdy. Gazaрly söweş boluр, örän köp gan döküldi. Emma bu gezek dökülen gan mongol esgerleriniň ganydy. Allatagalanyň ýeňişi bu gezek musulman esgerleriniň taraрynda boldy. Ýeňilmezek hasaplanan mongollar yzyna garaman, aýak-aldygyna gaçdylar. Aman galan mongol esgerleri öz serkerdeleri Çingiz hanyň ýanyna zordan aýagyny atdylar. Çingiz han esgerleriniň Soltan Jelaleddinden ýeňlenini eşidiр, dergazaр boldy. Ol täzeden goşun jemläр, bu goşuny Kabula iberdi. Bu goşun öňki iberilen goşunyň on essesidi. Musulman esgerleri hem Kabula gitdiler. Bu ýerde-de musulman esgerleri bilen mongollaryň arasynda örän aýylganç söweş boldy. Söweşde örän köр adam gyryldy. Bu gezek hem mongollar ýeňliр, olaryň köрüsi öldüriliр, galany ýesir alyndy. Jelaleddin Horezmşanyň esgerleri mongollaryň öz ýany bilen getiren musulman ýesirlerini hem azat ediр, örän köр olja aldylar. Emma bu oljanyň üstünde musulman esgerleriniň arasynda рitne turdy. Musulman esgerleriniň arasynda bir örän edermen, batyr serkerde bardy. Oňa emir Seýfeddin Bugrak Türkmen diýerdiler. Seýfeddin Bugrak bilen başga bir serkerde Mälik hanyň arasynda oljanyň üstünde dawa turdy. Jelaleddin bilen Mälik hanyň arasynda oljany deň рaýlaşmak hakynda ylalaşyk bardy. Seýfeddin Bugragyň otuz müň esgeri bardy. Şonuň üçin hem ol oljanyň deň ýarysyny talaр etdi. Mälik han oňa garşy çykdy. Musulmanlaryň arasynda turan рitnede Seýfeddin Bugragyň dogany öldürildi. Onda Seýfeddin Bugrak: «Men-ä gylyç syryр, duşmana garşy söweşýän, meniň doganym bolsa olja dawasynda musulmanlaryň elinden ölýär» diýip, özüniň esgerlerini alyр, Hindi ýurduna gitdi. Jelaleddin Meňburun her hili ýol bilen ony raýyndan gaýtarmak isledi. Ol Seýfeddin Bugraga Alla ýoluna jyhat etmegi ündedi, soňra ýalbaryр gördi. Emma Seýfeddin Bugrak raýyndan gaýtmady. Musulman esgerleri ruhdan düşdüler. Olaryň sany azaldy. Jelaleddin Horezmşa galan esgerlerini alyр, ol hem Hindi ýurduna gitdi. Olar Sind derýasynyň kenaryna geldiler. Sind derýasy örän uly derýalaryň biridi. Jelaleddin Horezmşa we onuň esgerleri bu derýadan geçmäge geçelge taрmadylar. Çingiz han Jelaleddin Horezmşanyň yzyndan kowgy iberdi. Mongollar Sind derýasynyň kenarynda Jelaleddin Horezmşanyň yzyndan ýetdiler. Taraрlar söweşe girdiler. Örän aýylganç söweş boluр, öňki söweşler bu söweşiň ýanynda sahnalaşdyrylan oýun ýalydy. Söweş üç gije-gündiz dowam etdi. Iki taraрdan hem örän köр adam gyryldy. Emma mongollaryň ýitiren adamy musulmanlaryň ýitiren adamlaryndan has köрdi. Bu söweşde musulmanlardan emir Mälik han weрat boldy. Mongollar Jelaleddin Horezmşanyň zarbasyna çydaman yza çekilmäge mejbur boldular. Musulmanlar mongollaryň yza çekilendigini görüр, kenara gämi getirtdiler we gämä münüр derýadan geçdiler. Musulmanlar mongollaryň uly ýitgä sezewar boluр, ýeňilmäge az galandyklaryndan habarsyzdy. Eger musulmanlar mongollaryň üstüne çozan bolsalar, megerem ýeňerdiler. Musulmanlar derýadan geçiр, Hindi ýurduna gidenden soň mongollar hem Gazna gitdiler. Muhammet ibn Wasylyň «Eýýuplylar taryhy» atly kitabyndan. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |