07:54 Jerime / hekaýa | |
JERIME
Hekaýalar
Hekaýa Çatrykdan sowlup ýaňy bir bat alyp ugradym welin, Ýol gözegçilik gullugynyň işgäri “jü-ürt” edip, ala taýagyny galdyrdy. Ulagy sakladym. – Şäher ýol gözegçilik gullugynyň işgäri, seržant Ýolgulyýew – diýip, ol sag elini papagynyň gaşyna ýetirip, özüni tanyşdyrdy. – Dokumentleriňizi göräýsek... Resminamalary çykaryp, uzatdym. Görüşdirdi-de: – El tormozyň işleýärmi? – diýip sorady. – Howwa-la. Işleýä... – diýip, çekip görkezdim. – Ýangyn söndürijiň barmy? – Bar. Görkezeýinmi? – Ynanýan. Derman gutyň? – I-ii-i, ana şo ýok. Gutyň özi bar-da, içinde zat ýok. Aslynda bardy. Hol gün... Ýolgulyýewiň bulutly ýüzünde Aý göründi. Ol bada-bat sözümi böldi. – Ýeterlik şu. Jerime ýazmasak bolanok. Hiý, derman gutusyz ýola çykylarmy? Ynha barýarkaň gan basyşyň ýokary galyp, başyň aýlanyp, gözüň goşa görüp ugrady-da... – Hudaý diýeweri, Ýolgulyýew! – diýip, menem onuň sözüni böldüm. – Mende dawleniýe diýen zat ýok. Hiç wagt başym aýlananok. Suw ýerine arak içen wagtlarymam gözüm goşa görmändi. – Içgil-ä dälsiň-dä sen? – diýip, Ýolgulyýew betgüman boldy. – Hany, şu gutujyga üfläp goýber. Üfledim. Ol gutujygy işdämen ysgap görensoň, gaşlaryny çytyp: – Howwa, näme edeli indi? – diýip, maslahat saldy. Elbetde, näme etmelidigini bilipjik durun, bir gyzyl onlugy eline tutduryp, eňibermeli. Eňibermeli welin, mende şo gyzyl onluk ýok-da. Pul bar, palas ýaly, epin görmedik ýüzlük syrtky jübimde gös-göni bolup ýatyr. Ýöne onça puly muňa berip, togsan manat gaýtargy alyp boljagyna ynamym ýok. Onsoň samsyklyga salyp, şelaýynsyradym: – Näme etmekden Hudaý saklasyn! Ynha, şu ýerden dermanhana sürüp, gutyny dolduraryn. Muňa Ýolgulyýewiň gahary geldi. – Onda öňinçä men jerime ýazyp bereýin. – Dur entek, beýtme! – diýip, men ýalbarmaga başladym. – Jerime ýazmasyzam oňuşarys-a. Ýolgulyýewiň gözleri ýiteldi. – Bol-da oňuşjak bolsaň! – Wah, şu wagt ýanymda kör-köpük pul ýok. Ýöne sen gaýgy etme. Men ertiriň özünde saňa elin gowşuraryn. – Ýo-ok, han aga, munyňdan emel bolmaz. Bu meselede meň ädim ýanandyr. Öň üç-dört gezek uçugymy aldym. Muny nesýe etmäli! Ertirki gaýmakdan şu günki süýt gowy. Men saňa on diýip durjak däl, bäşlijek goý-da, gidiber. – Wah, sen bäşligiň gürrüňini edýäň, Pul bolsa nemedip durjak däl-ä. Jübim edil bilbiliň ketegi ýaly şu wagt. – Weý, jübiňde bolmasa, telefonyňda bardyr-a. Geçir meň nomerime. Tapawudy näme? – Oh, dogrudanam, ine gowy pikir! Häzir, häzir-r... – diýip, şo bada hasyr-husur el telefonyma ýapyşdym. Ýöne telefonymyň özi hem dilden-agyzdan galyp, pulsuzlygyň zaryny çekip ýatan ekeni. – Gapyşd-ow! – diýip, Ýolgulyýew alaçsyzlykdan hyrçyny dişledi-de, igenmäge durdy. – Siz ýaly syrnyhlara akylym haýran. Nä sandykda saklanyňyz bilen köpelýämi puluňyz? Nädip pulsuz ýola çykyp bilýäňiz? Utanaňokmy? – diýip, ol meni utandyrdy. – Utanýan-la, wah... – Onda näme bu ýerde set-müň gepiň başyny agyrdyp dursuň? Sen, how, düşün-ä, şo berjek puluňy men öz jantaýyma urup, hezil edinip ýörendirin öýdýäňmi? Bizde nä öý-öwzar, çaga-çuga ýokmy? Olary kim eklemeli? Tomsuň yssysynda güne ýanyp, gyşyň aňzagynda syňsyraklap, günuzyn ýolda durup... Aňsatmy? – Aýlygyň... – Samsyk gürrüň etme! Bir aýlygy nämä ýetireýin men? Başlygym gum ýalap oňmalymy? Başlygymyňam başlygy bar. Olar aç ölmelimi? Şu ýerde onuň halyna çynym bilen nebsim agyrdy. – Edil seň diýşiň ýaly taňrygargan-a däl bizem. Pulum bar. Ýöne bölek däl-dä – diýdim. Ýolgulyýewiň ýüzi ýagtyldy. – Iri pulmy? Näçelik? Ellilikmi? Ýüzlükmi? – Ýüzlük. – Böleris onyňy. Sen ony gaýgy etme! Men saňa togsan manat gaýtargy bersem, bolýar dämi? Al, hany bärik. Çykaryp berdim. Ýolgulyýewiň keýpi görnetin göterildi. Ol dim-dik bolup duran puly iki epläp, jübüsine saldy. – Hälden şeýtmeli-dä. Häzir, agam jan, gaýtargyňy berýän, ine, häzir... – diýip, ol beýleki jübüsinden eplem-eplem bolup ýatan pullary çykaryp, sanamaga başlady. Laýyk segsen manat çykdy. Muňa has-da kejikdim. – Hany, beýleki jübüleriňem gowja dörüşdir – diýip, nägile hüňürdedim. Nädäýersiň ýeke jübüsinden ýeke apbasy çykmasa! – Indi nätsekkäk? – diýip, ol kyn sowal berdi. Elbetde, men bir jerimäň öwezine on manat artyk töläp biljek däldim. Şonuň üçinem: – Çykalga bar – diýip teklip etdim. – Uly ýoluň ugrunda dursuň, ulag bary geçip dur, sakla ýeke-ýekeden, gabat geler-ä men ýaly hudaýuranyň biri. Al elinden onlugyny-da, ber maňa! – Gaty gowy pikir. Seň kelläň işleýşi erbet däl – diýip, ol ala taýagyny galdyryp, jürlewügini çasly jürledip, geçip barýan ulaglary saklap ugrady. Ýöne gapyşsa, gapyşýar ekeni. Ýolgulyýewiň saklan sürüjileriniň hemmesi dereksiz bolup çykdy. Birem bir manat goýup gitmedi. Syrnyh ekenler. Ýürekleri daşdan ýaly, hiç biri Ýolgulyýewiň ýagdaýyna düşünmedi. Ýogsa, o görgüli käbirlerine janygyp, düşündirjegem boldy. Düzgüni bozmaňda-da, ähli resminamalaryň düzüw bolanda-da, utanç ýagşy! Menem uzak oturmaga takatym ýetmedi. – Gowusy, ertir geläýeýin. Gyssanmajyrak şu wagt – diýip, Ýolgulyýewe ýüzlendim. – Wah, şony şeýtseň-ä, hasam oňat boljak, agam. Men saňa on manat bergili. Ýöne nagt berjek gümanym ýok. Ynha, ertir düzgüni bozaňda hutma-hut bolarys – diýip, Ýolgulyýew meni ýola salyp goýberdi. Şeýdip, entek bozulmadyk düzgüniň jerimesini töläp gaýtdym. 23-nji awgust, 2014-nji ýyl. Mary. Kakamyrat ATAÝEW | |
|
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |