07:43 Jigim / hekaýa | |
JIGIM
Hekaýalar
Hekaýa Gyzylja ýüzi mürşeripjik duran bir oglan jigim bardy. Kiçijikdi. Ejemiň ony akja gundaga dolap, öýmüze getirenine ýaňy bir hepde bolupdy. Menem dört-bäş ýaşlarymdadym. O döwürler kakam bir ýerlerde garawulçylyk edýärdi, günaşa ýatymlaýyn işe gidýärdi-de, ir bilenjik gelýärdi. Bir gün, kakamyň işe giden güni gijara jigim bir zatdan bimaza bolup çyrlap-çyrlap aglady. Ejem ony elinden düşürmän, her näçe küşşüklese-de, goýar ýerde goýmady. Ak saçlary gulagynyň arkasyndan hüwjerip çykyp duran goňşymyz Sadap daýza gelip: – Aýna gelin, bi näme dynuwsyz çyrlaýa-la? Ýaramajak bolýamy? – diýdi. – Näbileýin, daýza, Gün ýaşaly bäri bir zatdan-a tebil tapyndy şü. Näme etsemkäm? – diýip, ejem haraý isläp, Sadap daýzadan sorady. – Gulajygyna süýt sag, gulagy agyrýandyr. – Wah, sagdym-la, iki gulagyna-da sagdym – diýip ejem jogap berdi. – Onda näme bolup biler? Göz-dil degen-ä däldir-dä hernä? – Gözmonjugy bar-a, ine! – diýip, ejem jigimiň gundagyna berkidilen ala monjugy görkezdi. – Be-e, ýa çile düşäýdimikä? – Bilmedim-dä... – Zäk ýakyp gördüňmi? – Ýok. – Ýak! Zägem ýak, ýüzärligem tütet! – diýip, Sadap daýza maslahat berip gitdi. Ejem arasyny üzmän aglaýan jigimi sallançagyna saldy-da, birki gezek tapbatlady. Birbada jigimiň sesi galdy. – Gel, jigiňi üwre birsalym – diýip, sallançagyň bagyny elime tutdurdy. – Ýöne ýüpüni gaty çekip, gaçyryp oturybermegin! Ejem daş çykyp gitdi-de, biraz wagtdan içinde ýüzärligiň goýy tüssesi tütäp duran köne jamy alyp geldi. Ony ilki-hä jigimiň üstünden üç-dört gezek aýlady, soňundanam ajy tüsseden ýaňa tä gözümiz ýaşarýança öýüň içinde burugsatdy. Arasynda sallançaga ýanap jigimi emdirdi. Soň bir ýerlerden zäk tapyp gelip: – Ýeri, indi muny nädip ýakmalyka? Men-ä ugruny bilýän däldirin. Häk, ýaňy Sadap daýzaň özüne ýakyp ber diýäýmeli ekenim – diýip, öz-özi bilen gepleşdi. Oňa çenli jigim ýene aglap başlady. Ejem ony eline alyp, bir daş çykyp, birde içeri girip, şunça höre-köşe etse-de, peýdasy degmedi. Jigim elde-aýakda durman, dygysyz gaty ses bilen aglaýardy. Biraz wagtdan gapdal goňşymyz Maýsa daýza geldi. – Aýna goňşy! Bäbejigiň sesi ýaman yzaly çykýa-la? Üşeden-ä dälsiň-dä? Hany, maňa ber – diýip, ol gele-gelmäne jigimi eline aldy. Lak atdy. – Posalajygyň göwnüne kim degdi? Kim aglatdy seni? Ä? Niräň agyrýar, moşalajyk? Jigim agysyny kesdi-de, ýene çyrlap başlady. – Birazajyk gyzgynam bar ýalymy? Ýa göwnümemi? Çagajyk göm-gök bolupdyr-da. Maňlaýyndaky damarjyklaryna çenli görnüp dur. Ýüregiň daşdanmy, gyz, sesine neneň oturybilýäň şeýdip?! Derrew dogtora göter! – diýip, Maýsa daýza ejeme maslahat berdi. Ejem ýaýdanyp: – Kakasy işde ahyryn. Dogtora nädip gideýin? – diýdi. – Waý-eý! Hökman kakasy äkitmelimi? Özüň dogtory tapaňokmy? – Kakasy gelmese, gymyldap bilmen-ä, jan dogan! – O nämüçin? – Özi ýokka nädip gideýin? Bolmaz-a! – Onda kakasynyň yzyndan adam iber. – Kimi ibersemkäm? Gelermikä? Maýsa daýza agysyny kesip, köşeşen jigime seredip durşuna başyny ýaýkady. – Çagany köseme, gyz, bar, dogtora git. – Ynjalaýjak ýaly-la. Hany, ertire bir çykaly! Jigim hakykatdan hem ynjaldy. Käte bir yňranjyraýar diýmeseň, asuda dem alyp, uka gitdi. Ejem bilen pessaý sesde hümürdeşip, az salym oturansoň, Maýsa daýza-da öýlerine gaýtdy. Şondan soň menem oturan ýerimde uklap galypdyryn. Näçe wagt ýatanymy bilemok, jigimiň iňňä-iňňä sesine oýansam, ozalkyja ýatýan ýerimde, ejemiň çep ýanynda ýatan ekenim. Ejemem ymyzganan borly, ol hasyr-husur dikelip oturdy-da, jigimi gujagyna aldy. Emdirdi. Huwwalady. Ejemiň hüwdüsi bilen ýaňy uka gidip barýarkam, ýene jigim aglap başlady. Uky her näçe süýji bolsa-da, jigimiň çasly sesine ýatyp bilmedim. Ejem ony eline alyp, öýüň içinde terslin-oňlyn aýlanmaga başlady. Men bolsa daşky çyranyň ýarymaçyk penjireden düşýän ölügsi ýagtysyna gözümi çüýjerdip, ejeme seredýärdim. Onuň nädibem bolsa, jigimiň sesini goýduraryna garaşýardym. Şunça höre-köşe edilse-de, wagty bilen agysyny kesmänligi üçin ahyry jigime gaharym gelip başlady. Göwnüme bolmasa, ejem oňa birki şarpyk çalsa, sesini sem edäýjek ýalydy. Az salymdan, alagaraňkylyga öwrenişemsoň, jigim bilen bile ejemiňem aglap oturanyny saýgardym. Ol gözüniň ýaşyny syldy-da, “Näme edeli? Kakaň yzyndan adam iberelimi, ýa ertire garaşalymy? Dogtora gidibersek, ertir kakaň gelip näme diýer?” diýip, maslahat salýan ýaly meň ýüzüme seretdi. Men näme diýeýin? Sesimem çykarmadym. Beýlemä düňderilip ýatyberdim. Özümem şo pursatdan başlap, tükeniksiz iňňildisi bilen ejem ikimizi ukudan goýup, hunaba baryny ýuwutdyryp ýatan jigimi ýigrenip ugradym. “Bular ýaly aglak jigi maň-a gerek däl. Aglamaýan, akyllyja jigi getirmeli ekeniň-dä!” diýip, öz ýanymdan ejeme-de igendim. Şu ikarada ýene uklajak bolupdyryn. Oýanyp seretsem, ejem sessiz gözýaş döküp, jigimi gujagyna gysyp, birsyhly yralap oturan eken. O bolsa, demini alman diýen ýaly, çyrlaýar. Şol wagt men “Öläýmese, sesini goýmaz bi. Ölüp, dynsa, ejemem başga bir aglamaýan jigi getirse!” diýip arzuw etdim. Şo gije men jigimiň ölümini iki sagatlyk uka çalyşmaga kaýyl boldum. Şo gije bagryndan öndüren perzendini ajalyň eline beresi gelmedik ejem elewräp, azar baryny çekdi. Şo gije jigimem şirin janyndan aýrylmajak bolup, kiçijik elleri bilen ejemiň ýakasyndan berk ýapyşyp, çyr-çytyr aglady. Şo gije ýaman uzak boldy. Daňa golaý bolsa gerek, uklap galypdyryn. Jigim bolsa, ertire çykman, ölüpdir. Meniň uklabilmän ejir çekip oturşyma gözi gyýmaýan ýaly, gara bagyr ejemiň uzak gijeläp çekýän jebrine dözmeýän ýaly sesini kesip, ölüpdir. Men bu ýitgini şo wagt duýmandyryn. Ýogsa, şondan soň ejem maňa başga jigi hem getirip bermedi. Ýeke ösdüm. Ulaldym. Bekedim. Wagtyň içinden parran geçip barşyma aglap-aglap, ölüp giden şojagaz jigimi hem ýyllarboýy ýatdan çykarypdyryn. Men şo ýitgini indi-indiler duýup ugradym. Ugurly-ugursyz gowgalar başymy hekem edinip, maňlaýymy daşa uran wagtlarym, soňsuz aladalar bilen çörňeşip, alaç tapman aljyran çaglarym, ýeriň arkasynda, gögüň garnynda gonara mesgen, ganat ýaýara mekan tapmadyk mahallarym ölüp giden şojagaz oglan jigimi küýseýän. Indi onuň deregini hiç kesiň tutup bilmejegini süňňüm bilen syzyp, arman edýän, ah urýan. “Eger şo gezek jigimiň ölümini dilemedik bolsam, belki, onuň täleýi başgaçarak bolardy. Ulalardy, adam bolardy, köpelerdi, köl bolardy, ýykyljak wagtym söýenerdi, entän günüm goltugyma gop bererdi, ejem bilen kakamyň ýel atyna atlanan güni tenha galmazdym, özümi arkaly saýardym” diýip, şo gijeki bibat arzuwym, betha dilegim üçin puşman bolýan. Elbetde, bu zatlar jigimiň maňlaýyna ýazylandyr. Bu dünýä seýran etmek üçin oňa bary-ýogy bir hepdelik ömür berlendir. Jigimiň ömrüniň dowamlylygy meniň islegime bagly däldir. Bolmalysy şeýledir. Onda nämüçin men jigimiň ölümi üçin özümi günäli saýyp, ejir çekýän? 24-nji iýul, 2014-nji ýyl. Mary. Kakamyrat ATAÝEW | |
|
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |