KAKAMA GITME DIÝJEK
Men erkek adamyň güňleç sesine ukudan oýandym.
- Saklajak bolup, nähak azara galýaň. Men gitmeli. Bu ýerde galyp biljek däl. Düşünýäňmi, galyp biljek däl!
Bu kakamyň sesidi. Diýmek, ol gelipdir.
- Nirä gitjek? Nämüçin gitjek? Geleniňem-ä şu wagt - diýip, ejem aglamjyrady.
Kakam öňňin ir bilen öýden çykyp gidipdi. Iki günläp ejem ikimiz daş işige çykyp, onuň ýoluna garadyk. Ynha, indem gelipdir-de, çaky, ýene bir ýere gitjek bolýar.
- Adamyň azarynyň ýetmejek ýerine gitjek.
Hemişelik gitjek. Işlejek. Dynç aljak – diýdi-de, kakam äpişgäniň öňüne baryp, perdäni syrdy. Asmanyň ýüzünden galkyjaklap barýan Aýyň şöhlesi jaýyň içini, esasanam ejem bilen kakamyň duran ýerini oňat ýagtyltdy. Ejem ýatyş köýneginde sary-sadylla bolup durdy. Hortaň eginleriniň, elleriniň, aýaklarynyň, bütin endamynyň galpyldysy onuň aljyraňňylygyny mese-mälim edýärdi. Kakam, kesesinden seredeninde, biparh görünýän-de bolsa, häzir aladalydy. Hereketleri haýal, garaýşy sowukdy. Egninde şol öňki gök penjegi bardy. Şu wagt penjegiň tämiz däldigini men açyk görmesem-de, bilýärin. Ejem burnuny çekip, ýalbarmaga durdy.
- Bärem dynç almazça ýer däl-ä. Işläber şu taýda. Hiç kimiň azary ýetmez. Men seniň rahatlygyňy goraryn. Eşidýäňmi?
Kakam gödek jogap berdi. Onuň sesinde ýadawlyk, argynlyk bardy.
- Sen ilki özüňi oňar. Men özüme goraga mätäç bolmadyk rahatlyk tapynaryn. Umuman, men bu ýerde galyp biljek däl, gitjek... Hany, süýş beýläk. Maňa garaňky berme.
Ejem äpişgäniň öňünden aýrylan dessine ol Aýyň ýagtysyna çüňkde üýşüp duran kitapdyr kagyzlaryny dörüşdirip ugrady. Öýde bolýan mahallary kakam uzakly gün başyny galdyrman kitaplaryna seredýärdi, ýapyrylyp bir zatlar ýazýardy. Käteler ýazýan zatlaryny çyzyşdyryp,
ýyrtyşdyryp, kellesini tutup oturýardy. Şonda ejem oňa golaý barmazdy. Maňa-da ondan daşrak dur diýerdi. Kakamyň işleri ugruna däl bolarly. Ol hemişe diýen ýaly keýpsizdi. Ýüzi tutykdy. Maňa hoşamaý bolsa-da, ejem bilen yzgytsyz gürleşerdi. Häzir ol öňki bolşundan az-kem sypaýy, mylaýym, ýumşak.
- Onda bizem özüň bilen alyp git. Sen bolmasaň,
biziň bu ýerde nä körümiz bar?! – diýip ejem aýtdy.
Kakam kagyzlaryndan başyny galdyryp:
- Ýok, siz bärde galarsyňyz. Meniň ýanymda işiňiz ýok – diýdi. Soň ejemiň ýüzüne seredip, başardygyndan asuda gepledi. – Men golaýda bir zada akyl ýetirdim. Bu ýagdaýda, bu ýerde hiç zat başa barmajak eken. Tenha özüm ilden çete çykmasam, hiç hili gala alyp bolmajagyny bildim. Indi ähli zatdan geçmesem, özüme dözmesem, uzak bir näbelli ýere gitmesem bolmady. Men giderin. Ähtimal, bir gün yzyma-da gaýdyp gelerin. Sen haçanam bolsa bir mahal meniň dolanyp gelmegimi dile! Şu sözleri aýtmagyň maňa nähili kyn düşýändigini bilýärmiň?
- Bizi beýdip taşlama. Gowusy, öldürip git!
- Sizi öldürip, nä sizde köýüp ýatan arym barmy?
- Onda nämüçin beýdýäň? Biz saňa näme erbetlik etdik? Bizi taşlap gitme. Biziň bagtymyzy ýatyrma – diýip, ejem çöküne düşüp, aglady.
- Nädeýin? Başga alaç ýok! – diýip, kakam jogap berdi.
- Onda men özümi öldürjek.
- Ol öz işiň – diýip, kakam şol öňki biperwaý äheňi bilen gürledi. – Ýöne seň ýeriňe men bolsam-a beýtmezdim. Özüňi öldürer ýaly bu ýerde üýtgeşik zat ýok. Men gidýän. Sizem galarsyňyz, mensiz ýaşarsyňyz.
- Sensiz-ä ýaşamarys. Eýsem, nädip ýaşaly, ä? Suw bolmasa, balyk ýaşamaz-a.
Kakam pikirlenmän jogap berdi öýdýän. Kagyzlaryna gümra bolup durşuna bir agyz:
- Ýaşar – diýdi.
- Nädip ýaşar, ä? Düşündir-dä, nädip? – diýip, ejem
janyýangynly gepledi.
- Bilýäňmi näme, keýgim, men suw däl, senem balyk däl. Sen adam çagasy. Adam çagasy dowzah odundan başga ähli zada çydam edip biler. Çyda!
- Eýsem, sen bizi nirede goýup gidýändirin öýdýäň? Dowzahda dälmi?
- Küpür gepleme, samsyk heleý! Hudaýyň gazabyndan gork – diýip, kakam gaharlanjak boldy. Onsoň dymdylar. Esli wagtlap kakamyň kagyzlarynyň şygyrdysyndan hem ejemiň sojaýan sesinden başga hiç zat eşdilmedi. Daşarda-da ümsümlikden başga zat ýok bolarly.
Ahyry ejem:
- Ýüregiň daşdan bolmasa, bize rehimiň insin! Biz horlanarys – diýdi.
- Siz horlugy şu gün görmeli däl. Öwrenşersiňiz.
- Gyzyňa haýpyň gelsin! Biz heläk bolarys.
Barybir kakamyň äheňi üýtgemedi.
- Agzy açyk aç ölmez – diýip ol parahat jogap berdi.
- Ýok, men seni goýbermen. Gitmersiň. Eşidýäňmi,
gitmersiň. Gitseň, razy däldirin – diýip, ejem eňräp,
kakamyň dyzyndan berk gujaklady.
Kakam kitapdyr kagyzlaryny saýlaşdyryp boldy-da, olary halta meňzeş bir zadyň içine saldy. Agzyny bogdy. Çak bilen agramyny aljak bolýan deý, ony bir elinde göterip gördi.
- Hany, gyzym bilen hoşlaşmaga maňa maý ber –
diýip, ol güýç bilen diýen ýaly ejemiň elinden sypdy. Onsoň meniň ýatan ýerime tarap ýöräp gaýtdy. Men jaýyň ýagty düşmeýän garaňky çüňkünde ýatyrdym. Şonda-da oýalygymy bildirmejek bolup, gözümi ýumdum. Ukuda ýatan adamyň edişi ýaly, birsydyrgyn dem almaga başladym. Kakam sermeläp, meni tapdy. Başymy sypap, maňlaýymdan hem ýaňagymdan öpdi. Şonda onuň ösgün sakgal-murty meniň ýüzümi çokjalady. Görmesem-de, burnuny çekişinden onuň damagynyň dolup, gözýaşa boglup durandygyny bildim.
- Ýeri, bolýar. Men gideýin – diýip, birazdan kakam hoşlaşyk sözlerini aýtmaga durdy.
– Sag bol. Özüňi horlama. Menem idäp ýörme. Nähak köseneniň galar.
Darykma, giň bol. Hudaý bardyr. Hudaýa sygyn!
Ejem sesini çykarmaýardy. Iki eli bilen ýüzüni tutup, hünibirýan aglaýardy. Kakam eglip, ony gujaklady, maňlaýyndan öpdi. Soň göwünlik berdi.
- Ynha, pullansam, size az-owlak harjylyk ibärin.
Garaz, bir mydar edersiňiz. Men gitdim. Hoş!
Kakam gitdi. Ejem bolsa öýüň ortasynda çöküne düşüp, sesli aglaýardy. Men ony köşeşdirmek niýeti bilen ýerimden turup, ýanyna bardym. Ol meni gujaklap, öňküsindenem gaty aglamaga durdy. Arasynda-da şu sözleri diýdi:
- Kakaň gitdi, gyzym. Bizi taşlap, hemişelik gitdi. Ol indi gelmez. Özi gelmen diýip gitdi... Biz bir bagtygara bolduk, gyzym... Biz hossarsyz galdyk...
Men ejemiň göwnüni götermäge çalyşdym. Agysyny
goýar öýdüp:
- Eje, kakama gel diýip gygyraýynmy? Gitme
diýeýinmi, hä? – diýdim.
Ejem köşeşmedi. Kem-kemden güýjeýän agy sesiniň arasy bilen şu sözleri diline getirdi:
- Bar, gyzym, şeýt... Kakaňy dola, gyzym... Gel diý. Gitme diý. Bizi taşlama diý... Gygyr, gyzym!...
Onsoň ejem meni gapa garşy çalaja itip goýberdi.
Men daş işige çykyp, kakamyň giden ýerine seretdim. Anha, ol, ilerik agan Aýyň ýagtysyna çalasudur ýegşerilip, gidip barýar. Men onuň yzyndan gaty sesim bilen töweregi ýaňlandyryp:
- Kaka-a-a! – diýip gygyrdym...
Sentýabr, 1998. Mary.
Kakamyrat ATAÝEW
Hekaýalar