KÄRIZ - TÄSIN ÝERASTY SUW ULGAMY
Ata-babalarymyzdan bize miras galan gadymy medeni gymmatlyklarymyzyň biri-de mundan 3-5 müň ýyl ozal güneşli türkmen ülkesindäki daglaryň damanasynda gurlan gadymy ýerasty suw ulgamy bolan kärizlerdir.
Türkmen topragyndaky kärizler, esasan-da goja Köpetdagyň guzaýynda, dagyň damanasynda biziň ata-babalarymyz tarapyndan gurlan ýerasty, örän täsin suw ulgamydyr. Gadymy türkmenlerden örän üşükli adamlar dag damanasynda ýerasty agyz suwunyň gorunyň bar ýerinde ýeriň üstünde gögerýän ösümlikleriň kömegi bilen çaklapdyrlar, şeýdip, käriz gazyp, suw çykarmak üçin ygtybarly nokady kesgitlemegi başarypdyrlar.
Ynha, şol nokatdan, ussa käriz ulgamynyň ilkinji guýusyny gazyp başlapdyr. (Häzirki güne çenli saklanyp galan kärizlerde ilkinji ene guýynyň çuňlugynyň 20 metrden 60 metre çenli ýetýänleri bar). Käriziň ene guýusyna suw damjasynyň syzylyp gelýän ugurlaryna tarap, 3 — 4 şaha edilip söw gazylypdyr. Söw—beýikligi, adatça, 130 — 150 santimetr (ussa we kärizgenler eglip içinde ýörär ýaly), ini 80 santimetr töweregi bolan ýerasty suw geçýän ulgam.
Söw gazylýarka, onuň gapdal we ýokary diwaryndan daşyň, çaglyň, topragyň dökülip söwden akjak suwuň öňüni bekläp, söwi ýykmazlygy üçin arçadan dörtgyraň (galyňlygy 2 — 3 santimetr, ini 10 — 15 santimetr ýonulan agaç ýasap, söwüň iç gapdalyna (aşagyna, ýokarysyna, iki gapdalyna) çarçuwa ýasapdyrlar. Ol agaç çarçuwa kärizgenler «palana» diýip at berýärler.
(Suratlarda: ene guýy, ondan suw gelýän taraplara gazylýan söwleriň nusgasy hem-de söwüň opurylmazlygy üçin hyzmat edýän arçadan ýonulyp ýasalan çarçuwanyň şekilleri).
Ene guýuda suwuň bolelin ýygnanýandygyny kesgitlän kärizgen soňra suwuň ýeriň ýüzüne çykmaly ýerini hasaplap, şol ýerden ene guýa tarap söw gazyp başlaýan ekeni. Söw barada, ozal nygtaýşymyz ýaly, arça agajy bilen palanalypdyr, ýöne söwüň gaty daşlykdan geçýän ýerlerinde onuň opurylmajagyna göz ýetiren käriz ussasy ol ýerlerde palana çarçuwasyny goýup, kähalatda daş örüp hem geçipdir.
Käriz suwunyň ýeriň ýüzüne çykarylýan ýerine «jalawa» diýýärler. Jalawadan başlanýan söw ene guýa çenli örän dogry gazylyp, onuň düşegi hem dogry bolmaly eken. (Suratda: Jalawadan ene guýa tarap gazylýan söwüň hem-de dikanalaryň şekili).
Jalawadan ýerasty bilen tä ene guýa çenli köwlüp gazylýan söwleriň uzynlygy ýeriň beýikligine-pesligine baglylykda 1,5-3 kilometr bolup bilýär. Ol ýerasty suw akabasynda, takmynan, her 25-30 metrden ýokarlygyna, ýeriň ýüzüne çykýan deşik — guýy gazylyp, oňa «dikana» diýip at berilýär.
Dikananyň (guýynyň) gyralarynyň opurylmazlygy üçin, onuň hem diwarynyň içini arça palanasy bilen ýa-da daş, kerpiç bilen örüp, berkidipdirler. Ol dikana kärizgen söw gazýarka, ussanyň kömekçisine gazylan ýerden alnan gumy, çagly ýokaryk dökmäge ugratmak üçin hem-de suwa zerurlyk wagty uzyn ýüpüň ujuna gowa ýa-da kiçiräk çelek bilen suw çekip almak üçin niýetlenipdir. Ussanyň işleýän söwüniň golaýyndaky dikananyň üstünde onuň kömekçileri çarh gurupdyrlar. Şol çarhyň kömegi bilen aşak söwe tarap çelek sallap, suw alypdyrlar ýa-da şol çarhyň polatdan ýüpüň, trosuň kömegi bilen käriz ussasyny, ussanyň täze käriz söwüni gazyp çykarýan gumuny, çagly, işleýän kärizleriň düýbünde üýşüp ýuwlan çagly öküz hamyndan tikilen, «gowa» diýlip atlandyrylýan halta salyp, ýokaryk, çarhy aýlaýanlara ugradypdyrlar.
***
Bäherden etrabynyň aglaba obalary dagyň damanasynda ýerleşýär. Şonuň üçin hem ol etrabyň her bir obasynda gurlanyna müňlerçe ýyl geçen, häzir işleýän we işlemeýän käriz ulgamlarynyň birnäçesi bar. Mysal üçin, gündogardan günbatara tarap ýatlasak, Döwgala obasynda Döwüň kärizi, Keletäniň kärizi, Hankäriz obasynda Hanyň kärizi, Akdepe obasynda Däliň kärizi, gadymy Bükri obasyna degişli Bükrüň kärizi, Tokly obasyna degişli Toklyň kärizi bolupdyr. Häzirki wagtda ýatlanyp geçilen kärizlerden diňe ikisi işleýär.
Durun obasynyň we Bäherden şäherçesiniň günortasynda Hüntüşiň kärizi, Aýnabadyň kärizi, Çopanyň kärizi, Garajanyň kärizi, Egriniň kärizi, Göwdüşiň kärizi, soňra Mürçe obasynda Mürçäň kärizi ýaly ýene-de birnäçe kärizler gadymdan bize miras hökmünde galypdyr.
Arhiw resminamalarynda beýan edilmegine görä, 1890-njy ýyla çenli Aşgabat uýezdiniň çäginde 42 sany işleýän käriz hasaba alnypdyr. Diňe gadymy Bagyr obasynda Garaçeşme, Garaýaşly, Tokgala, Awliz Aly, Işan ýaly kärizler bolupdyr. Hat-da geçen asyryň ortalarynda hem Gökdepe etrabynyň günbatar sebitinde Ajy käriz, Garry käriz, Ýegenäň kärizi ýaly kärizler işleýän ekeni.
Gadymy käriz dikanalarynyň yzyny Nusaý galasynyň töwereklerinde, gadymy Durun (Teke) galasynyň, Köwata ýerasty kölüniň 2 kilometr töweregi gündogarynda ýerleşen, gadymy Nusaýdan hem has gadymy oguz-türkmen şäheri bolan Goruk galasynyň daş-töwereginde hem görmek bolýar. Ol kärizleriň şol şäherleriň ilatyny agyz suwy bilen üpjün edýän ulgam bolandygy bellidir.
Şu ýerde ýene-de bir täsin käriz ulgamy barada ýatlap geçmek gerek. Gadymy ata-babalarymyz Köpetdagyň ýerasty äpet gowagynda ýerleşýän Köwata kölüniň suwuny käriz gazyp, soňra gowakdan 1 kilometr töweregi demirgazykda uly we çuň kanal gazyp, ýer ýüzüne çykarmagy başarypdyrlar. Ol suw häzir hem ekin meýdanlaryna akýar.
Gadymy türkmen topragyndaky käriz ulgamynyň ol galalary gaban duşmana garşy zarba urmaga hem örän möhüm serişde bolandygy barada gadymy аrар, pars çeşmelerinde ýeterlik maglumatlar bar. Mysal üçin, meşhur serkerde, soltan Jelaleddin Horezmşa Köneürgenji terk edip, ýanyndaky 300 söweşiji bilen günorta Horasana tarap gaýdýar. Ol Ýüpek ýoly bilen Köneürgençden Nusaýa gaýdýan kerweniň 16 günde geçýän ýoluny sanlyja günde geçip, Nusaýyň çygryna gelýär. Nusaýyň eteginde onuň uzak ýoldan argyn gelýän 300 atlysynyň garşysyna Çingiz hanyň nijeme günläp dynç alyp ýatan 700 atlysy çykýar. Gazaply söweşde türkmenler duşmany derbi-dagyn edýärler. Ol söweşde ýeňlen duşmanyň bir bölegi başyny gutarmak üçin, Nusaýyň töweregindäki kärizlere girip, ol ýerde gizlenmek isleýär. Kärize giren duşmanlar hem ýerli halk tarapyndan ýekeme-ýeke tutulyp jezalandyrylypdyr. Nusaýda bolan ol söweş türkmenleriň Çingiz hanyň goşunyna garşy eden söweşinde gazanan ilkinji ýeňşi bolup, taryha giripdir. Bu barada ýerligi nusaýly, soltan Jelaleddin Horezmşanyň kätibi bolan Şyhabeddin Muhammet Horendazi Zeýderi Nesewi özüniň arapça ýazan «Sirat-e Jelaleddin Mangburny» atly eseriniň 27-nji babynda (parsça terjime, XIII asyr, terjimeçi näbelli) ýazýar.
Ahal sebitinde bar bolan käriz ulgamlary dürli asyrlarda dagdan gelýän uly siliň käriziň dikanasyndan aşak söwe urup girmegi ýa-da güýçli ýer titremesi netijesinde ýykylan döwürleri hem bolupdyr. Ýöne olary halk soňra dikeldipdir. Käriz suwy diňe bir süýji agyz suwy bolman, ekerançylyk üçin hem derýa we çeşme suwlaryna garanyňda has gymmatly bolupdyr. Çünki ýerip göwsünden çykyp ekin meýdanynyň akýan käriz suwynda ýandak, gamyş ýaly haşal otlaryň tohumy bolman soň, guşgursak türkmen bugdaýynyň ekilen meýdanlarynda bitip oturan ýandak ýa-da gök gamyş bolmandyr...
***
Okyjynyň «Käriz barada bu maglumatlary nireden jemlediň?» diýmegi ahmal. Aýtsam, kakam pahyr men diýen jahyl wagty, geçen asyryň 50-nji ýyllarynyň ortalarynda, goşun gullugyndan gelensoň, öz daýysy, Kelete obasynyň gijen garaýörmelerinden käriz ussasy Babanyýaz aganyň maslahaty bilen kärizgenleriň toparynda birki ýyl çarhçy, gilbend bolup işläpdir. Ol «Men şol döwürler Hanyň kärizine, Bükrüň kärizine, Toklyň kärizine girip işläp görüpdim. Ol kärizleriň iň gadymysy Han kärizi bolmaly. Onuň söwi örän beýik we giň. Han kärizi aslynda biziň öz kärizimiz, 12 hojalygyň suwy bolan, sekuntda hem 120 litr suwy bardy. Han käriziniň ene guýusyndan kybla tarap gazylan söwden gelýän suwda Köw atanyň kükürtli suwunyň tagamy duýulýar. Bizden öňki ussalar ol suwuň gelmezligi üçin öňüne daş hem örüpdirler, ýöne şonda-da ol ýerden az-owlak suw gelip, ene guýa goşulýardy» diýip, gürrüň bererdi. Umuman, ol käriz hakynda, kärizgenleriň ulanýan gurallary, adalgalary barada köp gürrüň ederdi...
***
Käriz adalgalary köp. Kärizde işlemegiň ilkinji şerti, kärize — (ýeriň aşagyna çarh bilen sallanyp) söwe girýän her bir adam arassa, täretli bolmaly, çünki halkyň agyz suwuna girip işlemek üçin bu şert möhüm bolupdyr.
Käriz ussasy — ýeriň aşagynda, suw söwüniň zaýalanan palanasyny çalyşýar, söwüň ugrunda käriziň söwüniň düşegine jemlenýän çagyllary süzgün demir susak bilen alyp, öküz hamyndan taýýarlanan gön halta guýýar. Ol işlände, kerki, teşe hem-de gerek ýerinde kiçi saply pil hem ulanýar.
Gilbend — ussanyň söwüň düýbünden çykaran çaglyny gowany süýräp, dikananyň urganyna dakýan kömekçi ussa. Gowa 15 — 20 kilogram çagyl we ş.m. suwuň öňüne päsgel berýän zatlar gapgarylandan soň, gilbend ony süýräp depesine çarh goýlup, tow berlip işilen demir ýüpe (trosa) dakýar hem-de trosy üç gezek silkmek bilen ýokardaky çarhkeşlere: «Gowany çekiň!» diýen yşaraty edýär.
Çarhkeş — ýokarda, käriz dikanasynyň agzynda oturdylan çarhy aýlap, aşakdan ugradylýan ýüki ýokaryk dikananyň daş-töweregine guýýar. Dikananyň daşyna halka görnüşde guýlan ol çagyllar, soňra dagdan gelýän sil suwunyň dikana gelip girmegine mümkinçilik bermeýär.
Hammal ýüpi — käriz ussasy (ondan soň gilbend) dikanadan aşak düşmekçi, ýagny ýerastyna girmekçi bolanlarynda, olar çarhdaky ýüpüň ujunda aýaklaryny aşak sallap, söwe düşmek üçin ýörite oturgyç edýärler, oňa kärizgenler «eşek» diýip at berýärler. Çarhkeşler ussanyň münüp oturýan ýüküni ýuwaşlyk bilen aşak goýberýärler. Ussa (gilbend) çarhyň aýagyna daňlan goşmaça ýüp, «hammal ýüpi» diýilýän ýüpden hem berk ýapyşýar, sebäbi, birdenkä çarhyň ýüpi üzüläýen ýagdaýynda, ussa hammal ýüpden ýapyşyp oturyşyna, aşak gaçman janyny gorap bilýär.
Gut — gadymy käriz ussalarynyň ýeriň beýikligini kesgitlemek üçin guraly. Ol guraly görmedim. Kakam pahyr «Ol häzirki niwelire meňzeş gadymy we sada gural bolmaly» diýerdi.
Şem — käriz ussasy jalawadan başlap, ene guýa tarap söw gazyp başlanda, niwelir ýerine «gut» diýen guraly ulanan bolsa, söwüň gorizontal ýagdaýda göni gazylmagyny hem gazanypdyr. Garaňky ýeriň aşagynda belli bir ugra göni tonnel (söw) gazmagyň örän kyndygyny her kimem bilýändir. Söw gazylýarka, ol bir tarapa gyşarsa bolanok, onda söw ene guýynyň gönüsinden däl-de, başga tarapdan terse gitmegi ahmal. Şonuň üçin, ussa jalawadan göni söw gazyp başlandan soň, 5 — 6 metri geçirip, söwüň jalawa-arka tarapda geçi ýagy guýlan şemdanda pagta ýüpden edilen peltäni otlap goýýan ekeni. Onsoň garaňkyda öňe tarap söw gazyp barýan ussa her ýarym metrden şol goýlan, ýanýan şeme seredipdir. Şol ýanýan şemiň ussa, gowy görnüp durmagy, ussanyň söwi göni gazýandygyny kepillendiripdir. Soňra ussa her 5 — 6 metrden ýanýan şemdany söwüň içinde özüne golaý goýup, söw gazmagy dowam etdiripdir.
Şemdanda geçi ýagynyň ulanylmagynyň sebäbi, geçi ýagy bilen howa düşmeýän kapas ýerde ýakylan çyragdan adam üçin awuly tüsse bölünip çykmaýan ekeni. Hut şonuň üçin hem söw gazýan ussalar ol ýerde geçi ýagyny ulanypdyrlar.
Juma ATAÝEW,
žurnalist.
Oba hojalygy: maldarçylyk we ekerançylyk