01:49 Kesekiniñkide kireýine / hekaýa | |
KESEKINIŇKIDE KIREÝINE
Hekaýalar
Ýanwardy. Sowukdy. Aýaz güýjeýärdi. Daşarda on bir günüň gary baslygyp ýatyrdy. Jaýlaryň üçeklerine juda golaý gelen bulutlaryň bu jelegaýlaryň asmanyny terk eden mahaly ýerde ýatan al-ýaşyl gar ýüzüňi kesim-kesim edip, gözüň ýagyny iýýärdi. Adamlaryň agşamlyk naharyny edinip, ýatylýança oňa-muňa güýmenäýýän çaglary Näzik gelin ör turup, äpişgeden daşaryny synlaýardy. Köçe tarapdan çagalaryň jagyl-jugly eşidilip durdy. Olaryň häzir gar zyňyşyp oýnaýandyklary tüýs bir heňe geläýjek zatdy. Ahyry gapy açylyp, Hekim geldi. Ony görüp, Nazik gelniň haýýaty göçdi: - Gyýw, näm boldy? Waý-ý!... Hekimiň sag ýany boýdan başa palçykdy. Kä ýerlerinde entek eräp ýetişmedik gar ýokundylary bardy. Ol eginlerini silkişdirip, eli bilen saçyny daraklady-da, ähli zada perwaýsyz garaýan adamyň äheňinde: - Aý, ýaňy ho taýda çalarak ýykylan boldum-laý – diýdi. - Üst-başyň-a çalarak adamyňka meňzänok – diýip, Näzik gelin äriniň daşyna aýlandy. - Şu gün meni sorap, öýe hiç kim gelmedimi? – diýip, Hekim daşky eşiklerini çykaryşdyryp durşuna başga zadyň gürrüňini etdi. - Ýok. Hä-ä, gelmelimidi biri? - Gelmesin-ä gelmelidi welin, aý, zyýany ýok-laý. Pul sorapdym-da birinden... Hekim agyr penjegini gapyň agzyndaky asawaçdan asdy-da, köwşüni çykaryp, töre çemlendi. Äriniň haýal-ýagal hereketlerini sypdyrman synlap duran Näzik gelin oňa gaty kyn sowal berdi: - Jaý tapybilen dälsiň? - Ýok – diýip, Hekim gysgajyk jogap berdi. Ýaşaýan jaýlarynyň kireýini wagtynda tölemeýändikleri (töläp bilmeýändikleri üçin diýseň has dogry bolardy) sebäpli öýüň eýesi düýn gelip, üç günüň içinde jaýy boşatmaklaryny Hekimden talap edip gidipdi. Hekimiň bolsa şu gün gara daňdandan kireýine ýaşar ýaly jaýyň idegine çykyp, şu wagt gelip durşudy. Gep salgysyndan mälim bolşy ýaly, ol netijesiz dolanypdy. - Indi näderkäk? – diýip, Näzik gelin howsala düşdi. Hekim giňlige saldy: - Ertir bir alajyny ederis-le. Biraz oturyp, Nazik gelin: - Sen açmyň? Iýjekmi bir zatlar? – diýip sorady. - Sen nä? - Men-ä dok. - Meňem işdäm ýok. Şunuň bilen bu gürrüňem gutardy. Hekim pallap başlady. Näzik gelin az-kem çekinibräk: - Hekim! – diýdi. - How? - Hekim, men gorkýan. Hekim geňirgenme gatyşykly bilesigelijilik bilen Näzik gelne soragly bakdy. - Nämeden gorkýaň? - Biz köçede galarys. Hekimiň göwnüne bolmasa, onuň ýüregini kimdir biri kän mahallap suwda ýatan posly pyçak bilen dilimdilim edýän ýaly bolup duýuldy. Ol ýasama açyklyk bilen: - Aý, seň-ä samsyk ekeniň-aý. Meni masgara etjegaý halys. Şu gürrüňiňi dagyn biri eşidäýse, ile çykar ýaly bolmaz – diýdi. Soň agraslandy: - Biri birki aýlyk wagtlaýyn ýaşamaga jaýym ba diýdi. Juda bolmasa, şonuňkuda nemedäýeris. - Wagtlaýyn bolsa-da, bolýa-la – diýip, Näzik gelin birneme ynjaldy. Hekim diwara ýaplanyp oturan ýerinde uklap ugrady. - Gyýw, uklajak bolýaňmy? Tur, ýeriňi salyp bereýin – diýip, Näzik gelin gapböwürde eplengi duran düşekleri düşeşdirip ugrady. - Daş çykyp gelmeli welin ýaman ýaltanýan – diýip, Hekim gözlerini süzdi. Birdenem laňňa ýerinden galdyda: - Ýaltalykdan oýun bolmaz – diýip şohsurady. Soň daş çykyp geldi. Ýerine geçip gyşardy. Gyşaran dessine-de: - Sen ýatjakgäm-ow? – diýip, Näzik gelne habar gatdy. - Ýatjak – diýen jogaby alansoňam: - Çyrany özüň öçirsiň-dä onda – diýdi. Hekim uklady. Näzik gelin şondan soňam esli mahal äpişgäniň öňünde söýenip durdy. Soň çyrany öçürdi. Onsoň derrew ýatybermedi-de, Hekimiň ýüzüne seredip oturdy. Horoşaja-da bolsa, hiç kese kireý tölenmeýän, kesekä dahylsyz, hususy bir jaýyň arzuwyny etdi. Bolsady ekdi. Göz öňüne getirdi. Biraz gussa çaýylan ýakymly oýa çümdi. Şonda ol dymdyrslyk bilen ötüp duran pursatlaryň birinde uklap ýatan Hekimiň çala ýylgyrandygyny-da gördi. Gördi-de, Näzik gelniň özem biygtyýar ýylgyryp goýberdi. Aýalynyň şu wagtjyk arzuw edip, göz öňüne getiren garypja tünegini Hekim düýşünde görendir. Bosagasyndan ätläp, içeri girendir. Nähilidir bir gudrat bilen ahyry aýratyn, öz adyna jaýly bolandygyna begenendir. Begenjine-de ýylgyrandyr. Şu çaklamanyň dogrulygyna Näzik gelin şübhe etmedi. Galamasynam ertir ir bilen Hekim ukudan oýanan wagty “Öten agşam düýşüňde näme gördüň?” diýip sorap göräýmeli. Gijelikde Hekimiň ýylgyrandygyny Näzik gelniñ nädip görenligi dogruda goşmaça sowal ýüze çykmaz ýaly ýene bir zady aýdaýyn. Daşarda on bir günüň gary baslygyp ýatyrdy. Ol garaňky öýe ýiti ýagtylyk berýärdi. Ähli zat ap-aýdyň saýgartmaýan-da bolsa, garaz, ýatan adamyň ýylgyrşyny onuň ýüzüne seredip oturan kişiniň görmegi üçin ýagtylyk ýeterlikdi. Şujagaz ýagtylyk Näzik gelniň ukusyna päsgel berip bilermi? Oktýabr, 1994. Aşgabat. K.Ataýew | |
|
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |