20:22 Kim bu ýeke tipçiler | |
KIM BU ÝEKE TIPÇILER
Publisistika
2024-nji ýyl dünýäde "öwrülişik" ýyly boldy... Togsan ýedi ýurtda saýlaw boldy, ýene-de bolmaly: Braziliýa, Hindistan, Indoneziýa, Meksika, Päkistan, Russiýa, ABŞ, Germaniýa, Fransiýa, Irlandiýa, Kanada, Ispaniýa, Çili, Alžir, Urugwaý, Wenesuela, Eýran, Awtsriýa, Çehiýa, Awstraliýa, Siriýa we başgalar... Şu ýyl 3.5 milliard adam saýlaw sandyklaryna ses oklady, ýene-de oklamaly... Sandyklarda "ýeke ses berlişik" bolýar aslynda: Neoliberalizmiñ dünýädäki kyrk ýyllyk ýykgynçylygy! Adamlar garyplaşdygy saýy merkezi partiýalardan daşlaşýar, neoliberalizmiñ döreden bosgunlar ýaly problemalaryny düýbünden çözjegine ynanylýan populist partiýalara bakan ýönelýär. Ine, asyl hakykat bilen ýüzleşesi gelmeýänler, ýüzleşilmegini islemeýänler "eý waý, ekstremistik sagçylar gelýär" gorkusyny ýaýýar... Hawa, sebäp-netije gatnaşygynyñ üstünde hiç kimse duranok. Biz duralyñ onda: Nasionalizm düşünjesi ilkinji gezek Iogann Gotfrid Gerder tarapyndan ulanyldy. XVII asyrda Angliýada, XVIII asyrda ABŞ-da we Fransiýada, XIX asyrda Germaniýada halkyñ syýasy gatnaşygynyñ barha ornaşmagy nasioalizmiñ orta çykmagyna goşant goşdy... * * * Gürrüñsiz, nasionalizm "hameoleonpisint" düşünje reñkini baglanyşýan manysyndan alýar. Şonuñ üçinem: Nasionalizmiñ orta çykan wagtyndan bäri geçen ýoly jedelli, jedeli edilmeli. Watandaşlyk, watansöýüjilik, halkçylyk, populizm, etnosite, şowinizm, imperializm hemişe biri-biri bilen bulaşdyrylýar... Nasionalizm umuman alanda döwürleýin synplandyrmalara bölünýär. Mysal üçin: Käbir syýasatşynaslar tarapyndan 1815-1871-nji ýyllaryñ birleşdiriji nasionalizmi, 1817-1900-njy ýyllaryñ dargadyjy nasionalizmi, 1900-1945-nji ýyllaryñ hüjüm ediji nasionalizmi, 1945-nji ýyldan biziñ günlerimize çenli-de häzirkizaman nasionalizmi hökmünde atlandyrylýar... Bu döwrelere halkçy, gumanist, tradision, ýakobinçi, liberal, halkçy-ykdysady nasionalizm we ş.m. diýýänlerem bar. XX asyrda iñ köp gürrüñi edilen etniki nasionalizm aslyýetinde nasionalizmiñ otrisatel tarapyny görkezýär. Biziñem başymyza bela bolan bu etniki nasioalizm umumy gelip çykyş, dil, din ýaly faktorlaryñ halk bolmagyñ barha kesgitleýji ölçeglerine öwrülmegi bilen separatistik aýratynlyga öwrüldi, öwrülýärem... Aslynda nasionalizmiñ kökünde halk agalygy pikiri bar. Çünki: Nasioalizm kapitalizmiñ dünýäni çaltlyk bilen täsiri astyna almagynyñ taryhy-jemgyýetçilik netijesidir. Nasionalizmi döreden kapitalistik ykdysadyýetiñ XVIII asyrdan bäri deñ däl, sazlaşyksyz ösüşidir. Şu ýerde aýratyn düşündirmeli bolýaryn: * * * Biziñ günlerimizde ideologiýalar, teoriýalar bilgeşleýin biri-birine garym-gatym edildi. Düşünjeler ýoýulyp, içi köwüldi. Sagçy, çepçi, faşist, kommunist, nasionalist, idealist, demokrat, liberal we başgalar hakyky berýän manylaryndan üýtgedildi. Käbir sagçy, käbir çepçi problematiki ýagdaýda getirildi. Şeýdibem, "añlaýyn ýol kartalary" ýok edildi. Maksat - hakykatyñ ýalñyş düşünilmegini ýola goýup, jemgyýetçilik durmuşyny täzeden (ýene isleýişleri ýaly) guramak! Munuñ "oýlap tapyjysy" neoliberalizm sa:p ykdysadyýeti däl-de, syýasaty - medeniýeti düýpden üýtgetdi. Iñ uly propogandanyñ serişdesi global mediýa näme diýse, ýerli ölçegdäki "terjime intelligentleri" halkyñ boýnuna şony ildirdi. Mysal üçin: Eksplutasiýaçy globallaşmaga garşy milli bazaryny we ýurduny goramaga synanyşanlara "faşist" diýildi! Şeýlelik bilen faşist maliýe kapitalistik eksplutasiýasynyñ döreden düzgüniniñ daşyna çykaryldy. Ýogsam bolmasa, faşizm kapitalizniñ totalitar dolandyryş formasydyr - eksplutasion ideologiýasydyr. Ykdysady krizis netijesinde girdejisi azalan kapitalistik synpyñ eksplutasiýa derejesiniñ ösdürilmegi üçin işçiler synpynyñ garşylygyny basyp ýatyrmak maksady bilen güýje girizilen režimdir. Galyberse-de... Kapitalizmiñ "zulum ýaragy" hökmünde taryh sahnasyna çykarylan faşizm bilen globallaşmagyñ arasyndaky ykdysady gurluşyñ meñzeşligi gutulgysyzdyr. Şeýle bolýan bolsa, onda: Global eksplutasiýa garşy ekin meýdanyny, tikinçilik ussahanasyny goran mülkdardyr telekeçi, zähmetiniñ hakyny talap edýän işçilerdir daýhanlar faşist bolup bilermi? Faşizmi ykdysady ulgamyndan çykaryp, sa:p ahlak-medeni ulgam bilen çäklendirmek hakykatda bar zady örtmekdir! Bütin bu saýlawçylara "faşist" diýip bolarmy? Halk döwletine duşman globalçylar milli döwletini, bazaryny goramak isleýän hemmeleri faşistlikde aýyplaýar. Ýogsam bolmasa, astl "tek tipçi" globallaşmaçy neoliberalizmden beter faşistem ýok... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 02.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |