08:31 Kirpijik / hekaýa | |
KIRPLIJIK
Çagalar edebiýaty
Ýylgynly ýaýlasynyň ilersinde Täzeguýy obasy ýerleşýär. Obalylar haşar edip, oýtaga ýagyş suwyny tutý arlar. Mes toprakly meýdanda kemala gelen düme ekinleri bitginli we datly bolýar. Şenbe güni agtygym Yslam bilen ekinçilige gidenimde ýolda goýun kirpisine sataşdyk. Janawar bizi görenden gaçmak bilen boldy. Kirpiniň aýajyklary kelte bolsa-da ýyndamlygy hiç neneň däl ekeni. Ýöne bizden gaçyp ujyz gutulmajakdygyna göz ýetiren janawar ýumaga öwrülip ýatyberdi. Ony berk matadan dikilen ýantorbasyna salanda agtygymyň hereketlerini ýazgaryp durmadym. Yslam ýýiň bir çetinde kirpijik üçin kinniwanja ketek gurdy. Telperje gaba süýt guýup goýdy. Kirpijik aýakgap gutusyndan bina bolan “öýünden” hereketimizi hüşgärlik bilen synlaýardy. Soň bir gün, belki, kirpijik bizden hiç-hili howpuň abanmaýandygyna göz ýetirendir, garaz gorkudan doly möle gözlerini bize dikanlap, süýt içdi, miwedir ir-iýmişlerden ýürekse edinip “ otagyna” sümüldi. Şeýdip, birnäçe gün içinde ol biz bilen ysnyşdy. Indi işigimizi açyp goýsak-da öýden gitmek islänok. Käte kirpijik daş çykyp gezim edýär-de “ otagyna” gaýdyp gelýär. Şahymerdan SARYOGLY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |