09:27 Kyrkynjy ýyllaryñ türkmen prozasy: taryhy epopeýa bilen ýüzbe-ýüz -3/ dowamy | |
Hydyr Derýaýewiň «Ykbal» romanyňyň baş gahrymany Uzuk hem geçmişiň gara gününde harlananlaryň biri. Ol zalym baýlaryň demir penjesine düşýär. Berdi bilen durmuş gurmak baradaky süýji umytlary depelenýär.
Edebiýaty öwreniş
Bu romanyň başynda Uzuk hem häsiýeti boýunça edil Aýna ýaly sada, näzik, owadan oba gyzy. Ýöne ol öz söýgüsi, bagtly durmuşy ugrunda Aýna ýaly aktiw göreşip bilmeýär. Ol hemişe özüni ejiz saýýar. Düşen gara gününi özüniň takdyry hasaplaýar. Hut şonuň üçin-de gaty köp horluklary başyndan geçirýär. Diňe Beýik Oktýabr sosialistik rewolýusiýasy ýeňip üstün çykandan soň arzuwyna ýetýär. Eger-de Aýna-da mukaddes söýgüsi ugrunda göreşmedik bolsady, onda Ballynyň öňki aýalynyň ýa-da «Ykbal» romanyndaky Uzugyň ykbaly onuň başyna düşerdi. Artyk bilen ýaşap başlandan soň hem öz öýüniň, maşgalasynyň, Artygyň sarpasyny belent saklaýar. Artyk ýüz öwrüp giden soň Eziz han onuň aýalyny bendi edip saklap, Artygy aýagyna ýykmak isleýär. Hut şonuň üçin-de ýaranlarynyň birnäçesiniň Aýnany alyp gelmek üçin olaryň üstüne iberýär. Şu ýerde-de Aýnanyň Artyga bolan wepalylyk, şeýle hem mertlik, gaýduwsyzlyk häsiýeti açylýar. Ol birmahal gelen Peleňe we onuň ýanyndaky ganojaklara şeýle diýýär: – Artykda arysyz bolsa, eliňizden gelse, onuň özünden alyň. Maşgala bilen siziň näme işiňiz bar? Nurjahanyň dili tutuldy. Ol özüne gysmyljyraýan gyzyny gujaklap, gözüniň ýaşyny dökdi. Şeker sandyrady. Olaryň çepbesine, Aýna adatdan daşary gurp geldi...»40. Peleňiň haýynlygy, onuň Şekere el urmagy, Eziz hanyň namartlygy Aýnany ýaraga ýapyşmaga mejbur edýär. Ol Peleňiň läşini dula serýär. Eger-de Aýna şeýle batyrlyk etmedik bolsa, bu ýerde hem üç sany naçaryň nähili güne sezewar boljagy gümana. Berdi Kerbabaýew gahrymanlaryňy häsiýetini köptaraply açyp görkezmegi, häsiýeti ösüşde görkezmek bilen berk utgaşdyrmagy başarýar. Şeýle utgaşmany hut Aýnanyň häsiýetinde-de görmek bolýar. Sebäbi gahrymanyň häsiýetini köp taraply açyp, emma ony ösüşde, özgerişde görksezmeseň, munuň özi hakykata laýyk bolmazdy. Romanyň ahyrynda Aýnada öňki sada, ýygra oba gyzynda rewolýusion häsiýetiň kemala gelendigini görýäris. Görüp geçişimiz ýaly, Aýnanyň häsiýetindäki şeýle monumentallyk öz-özünden kemala gelmändi. Aýnanyň Artyga bolap söýgüsi, wepalylygy, oňa düşünmegi, döwrüň galagoplylygy onda şeýle häsiýetiň formirlenmegine getiripdi. Eger-de Artygyň täsiri bolmadyk bolsa, onda şeýle batyrgaýlygy Aýnada görüp bolmazdy. Şeýle häsiýetli obrazy döretmek tarpdan gelen zat däldi. Ýazyjynyň hut 30-njy ýyllarda türkmen diline terjime eden «Ene» romanynda hem şeýle obrazlary görmek bolýar. M.Gorkiniň bu meşhur romanyndaky Pelageýa Nilowana-da ilki sada aýal. Ol öýde gybyrdanyp ýörmekden başga hiç zat bilenok. Emma ogly Paweliň, onuň rewolýusion pikirleri ýoldaşlarynyň gürrüňi, täsiri astynda ol Russuiýanyň gara günde galan garyp işçileriniň halyna, şeýle agyr günüň sebäplerine düşünip başlaýar. Şondan soň onuň häsiýetinde özgerişlik emele gelýär. Ýagny ýüreginde ogluna, onuň ýoldaşlaryna kömek etmek hyjuwy döräp başlaýar. Romanyň ahyrynda ol oglunyň we ýoldaşlarynyň sud edilen wagtynda sözlän sözi ýazylan praklamasiýalary äkidip barýarka ele düşýär. Ol çekinip durmaýar. Bu ýagdaý, gykylyk-galmagala üýşen märäkäniň öňünde edil Paweliň zawodyň ýygnagynda çykyş edişi ýaly çykyş edýär. Hakykaty märekä ýetirýär. Umuman, Berdi Kerbabaýewiň taryhy-monumental prozasynda gahrymanlaryň häsiýetiniň köptaraply, töwerekleýin açylyp görkezilýändigi aýratyn bellemäge mynasypdyr. Ýazyjynyň romanlaryndaky çylşyrymly, özboluşly häsiýetli gahrymanlary ertekilerdäki, dessanlardaky, otuzynjy, kyrkynjy ýyllarda onuň döreden hekaýalaryndaky, powestlerindäki gahrymanlara garanda düýpli tapawutlanýar. Türkmen edebiýatynda gahrymanlaryň häsiýetini şunuň ýaly köptaraply çuňňur açyp görkezmekde emele gelen bu täzelik hut Berdi Kerbabaýewiň ussatlygynyň, köp ýyllyk tejribesiniň, bu ugurda çeken irginsiz zähmetiniň netijesinde hasyl boldy. Edebiýatymyzda emele gelen bu täzelik beýleki ençeme ýazyjylaryň döredijiligine hem oňaýly täsirini ýetirdi. Ata Gowşudowyň, Beki Seýtäkowyň, Hydyr Derýaýewiň, Berdi Soltannyýazowyň, Berdinazar Hudaýnazarowyň we beýleki ençeme ýazyjylaryň döreden monumental häsiýetli gahrymanlary hem hut Berdi Kerbabaýewiň göreldesine eýermek arkaly emele geldi diýsek, elbetde ýalňyş bolmaz. Bu ýazyjylar hem türkmen sowet edebiýatynda emele gelen bu täzeligi doly özleşdirmek bilen, gahrymanlaryň häsiýetini köptaraply açyp görkezmäge özleriniň goşantlaryn goşdular. Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romany diňe bir wakalary anyk taryhy ýagdaýda görkezmekde, gahrymanlaryň häsiýetini köptaraply açyk-aýdyňlaşdyryp görkezmekde däl, sýužeti we kompozisiýany giň masştably açyp görkezmekde bahasyna ýetip bolmajak, nusga bolup durýar. Romanda mirap saýlawy, arçyn saýlawy, pälä adam almak meselesi, suw meselesi, Güljemal hana pul, zat ýygnamak meselesi, Artyk bilen Aýnanyň arasyndaky söýgi meselesinde Artyk bilen Halnazaryň toparynyň arasyndaky garşylyk, Iwan Çernyşýew hem-de Aşyr bilen Artygyň dostluk gatnaşyklary, Artygyň Gullyhan, wolostnoýlar bilen oňuşmazlygy Artyk bilen Eziz hanyň gatnaşygy, rewolýusion göreş ýaly onlarça liniýalary görmek bolýar. Eserdäki şo liniýalar diňe bir durmuşy köp taraplaýyn görkezmek üçin alnan ýagdaýlar bolman, epsem eseriň baş ideýasyny açmaga, aýdyňlaşdyrmaga, gahrymanlaryň obrazynyň üsti bilen olaryň häsiýetni açmaga kömek berýän esasy garşylyk liniýalary bolup durýar. «Aýgytly ädim» romanynda suratlandyrylýan hakykat Tejen zähmetkeşleriniň rus işçileri bilen birleşip, halky asyrlar boýy ezip gelen baý-emeldarlara, tire başlyklaryna, hanlara garşy awtoryň gören we gatnaşan göreşleri we wakalarydyr. Görnükli rus sowet ýazyjysy Alekseý Tolstoýyň öz «Petr – 1» romany barada: «Исторический роман не может писаться ввиде хроники, ввиде истории... нужно прежде всего, как во всяком художественном плотне, – композиция, орхитектоника произведения. Что это такое композисия! Это прежде всего установление центра: зрения художника... В моем романе является фигура Петра – 1»41 diýşi ýaly, «...В романе «Решающий шаг» мы легко называем основного героя (основного фигура – Ö.N.) это молодой дайханин Артык Бабалы»42. Bu romandaky görüp geçen meselelerimiziň hemmesi Artygyň hereketleri, durmuşy bilen gös-göni baglanyşykly. Şol meseleleriň hemmesine Artyk gatnaşýar. Şol meseleleriň her biri Artygyň obrazynyň açylmagyna, aýdyňlaşmagyna azda-kände bolsa-da kömek edýär. Şol meseleleriň her biri özbaşdak liniýa bolmak bilen Artygyň, şol bir wagtyň özünde beýleki ençeme gahrymanlaryň häsiýetiniň açylmagyna, maksadynyň aýdyňlaşmagyna, olaryň maksat ugrundaky göreşe hyjuwlanmagyna kömek edýär. Mundan başga-da gahrymanlaryň arasyndaky özara gatnaşyklaryň hem-de eserdäki esasy garşylygyň ösmegine, çözülmegine mümkinçilk döredýär. Türkmen halk döredijiliginiň epiki eserleri bolan ertekilerde we dessanlarda hem durmuşy köptaraply görkezmege laýyk gelýän sýužet, kompozisiýa gurmaga synanşygyň bardygyny görmek bolýar. Mysal üçin, «Hudaýberdi gorkak» ertekisinde iki, «Akpamyk» ertekisinde üç, «Garaja batyr» ertekisinde bolsa bir kompozision gurluşda dört epizodik sýužet bar. Şol epizodik sýužetleriň her biri gahrymanyň başdan geçirmeleriniň belli bir etapyny öz içine alýar. Bir kompozision gurluşda köp sýužetlilik ähli halklaryň ertekilerine, şol sanda türkmen ertekilerine hem mahsus zat. Şeýle ýagdaýy biz «Totynyň hekaýalary», «Müň bir gije» ýaly ertekilerde-de görýäris. Ýöne ertekilerde sýužet esasan bir gahrymanyň başdan geçirmesi, bir şahsyýet bilen baglanyşykly ösdürilýär. Onda ähli mesele şol gahryman bilen baglanyşykly çözülýär, aýdyňlaşdyrylýar. Dessanlarda-da sýužet ertekilerdäki ýaly formada ösýär. Ertekilerde sýužet we garşylyk bir adam bilen baglanyşykly ösýän bolsa, dessanlarda garşylyk iki sany toparyň arasynda ösýär. Diýmek, ertekilere garanda, dessanlardaky wakalara gahryman has köp gatnaşýar. Muňa garamazdan dessanlarda diňe söýgi we gahrymançylyk meselesi esasynda sýužet gurulýar. «Leýli-Mežnun». «Şasenem-Garyp» dessanlarynda söýgi meselesiniň, «Hüýrlukga-Hemra» dessanynda bolsa söýi, gahrymançylyk meselesiniň gozgalýandygyny görmek bolýar. Emma «Görogly» eposynyň onlarça şahalary bolup, olaryň her birinde bir mesele boýunça gürrüň berilýär. Olaryň her biri özbaşdak esere çalym edýär. «Edil... dessanlardaky ýaly, eposyň her bir şahasynda-da haýsydyr bir mesele gozgalyp, sýužet hem esasan diňe şol bir mesele boýunça ýüze çykýan garşylyk esasynda gurulýar»43. Mysal üçin, eposyň «Arapreýhan» şahasynda Göroglynyň Arapreýhanyň eline düşüşi, ahyry köp kynçylyklar çekip, hile bilen güýç bilen ondan üstün çykyşy, «Göroglynyň öýlenişinde» onuň Agaýunusa öýlenmek üçin gidende ýüze çykýan garşylyklar, «Öwez» şahasynda Ýusup şanyň ogullyga Öwezi Çandybile alyp gaýtmagy, «Kyrk müňlerde» Hüňkar soltanyň, Lekge şanyň, Hasan şanyň, Amanarabyň, Ýusup şanyň goşunlary bilen baglanyşykly garşylyklar esasynda sýužet gurulýar. Şol bir wagtyň özünde-de «Göroglynyň öýlenişinde» söýgi we gahrymançylyk meselesi, «Ar alyşda», «Öwezde» «Öweziň halas edilişinde», «Öwez öýlenende», «Arapreýhanda», «Kyrk münlerde», «Kempirde» we beýleki şahalarda dine gahrymançylyk meselesi hut Göroglynyň gatnaşmagynda aýdyňlaşýar. Şol gahrymançylyk, söýgi meselesi hem esasan Görogly bilen baglanyşyklylykda ýüze çykýar. Şundan görnüşi ýaly, «Görogly» eposy has köp sýužetden düzlen-de bolsa, oňa köp gahryman gatnaşýan-da bolsa, onda bir ýa-da iki mesele işlenýär. Ertekilerde we dessanlarda diňe görüp geçen meselelerimizde döreýän garşylyklaryň netijesinde esasy liniýalar bolup, epizodik sýužetler şol liniýalar arkaly biri gutaryp, beýlekisine başlanýan formasynda ösdürilýär. Emma «Aýgytly ädim» romanynda durmuş meseleleri-de, gahrymanlarda, garşylyk liniýalary-da ertekilerdäki, dessanlardaky we eposdaky bilen deňeşdirip bolmajak derejede köp we çylşyrymly. Şol bir wagtyň özünde, durmuşyň şol meseleleri şol garşylyklar ertekilerdäki, dessanlardaky we eposdaky ýaly biri gutaryp, beýlekisine başlanylýan formada däl-de parallel ýagdaýda, köp masştably, töwerekleýin ýagdaýda suratlandyrylýar, ösdürilýär. Sebäbi diňe roman žanrynda durmuşy giň, çuňňur we köptaraply suratlandyrmaga, garşylygy köptaraply gurmaga gahrymanlary ösüşde, özgerişde görkezmäge doly mümkinçilik bar. Bu barada belli rus tankyçysy W.Belinskiý beýik rus şalyry A.S.Puşkiniň mysalynda şeýle düşündirýär: «Puşkin... öz ömrüniň soňky wagtlarynda barha drama we romana zor berýärdi we şolara zor berdigi saýyn liriki poeziýadan uzaklaşýardy. Edil şonuň ýaly-da ol şol wagtda proza bilen meşgul bolup, goşgyny köplenç unudýardy. Şunuň özi, biziň zamanymyzda beýik şahyrlyk talantynyň ösüşiniň iň bir tebigy barşydy. Ýaş adamyň kalbynda aýratyn güýç bilen joşýan syzyş we duýgular dünýäsini öz içine alýan liriki poeziýa ýetişen adamyň pikiri üçin dar bolup ugraýar... biziň zamanymyzyň hakykaty romanda we dramada has doly, has çuňňur, giň bolýar44. Hakykatdan hem Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romany döremezden öň, türkmen durmuşyny giň masştabda görkezmäge, durmuşyň köp meselesini açyp görkezmäge, gahrymanlaryň obrazyny dartgynly wakalar, çylşyrymly garşylyklar esasynda köptaraply aýdyňlaşdyrmaga mümkinçilik bolmandy. Diňe «Aýgytly ädim» romanyňyň döredilmegi bilen, durmuşyň köp tarapyny öz içine alýan, çylşyrymly sýužet kompozisiýany monumental eser peýda bolandan soň edebiýatymyzdaky şol ýetmezçiligiň üsti doldy. «Aýgytly ädim» monumental eser bolmak bilen, ondaky esasy ideýany, esasy sýužeti yzarlajak bolsaň, Artygyň gatnaşyk edýän gahrymanlarynyň hereketleriniň we şolar bilen baglanyşyklylykda döreýän, ösýän garşylyk liniýalaryny yzarlamaly bolýar. Şeýle edilen mahalynda şu aşakdaky sýužet liniýalaryny görmek bolýar. 1. Esasy sýužet liniýasy: Azatlyk ugrunda rewolýusion göreş liniýasy45: a) Artygyň Halnazar, Gully han, Eziz han, miraplar, arçynlar bilen gatnaşygy; b) Artygyň Iwan Çernyşýew bilen gatnaşygy; w) Artygyň Durdy bilen gatnaşygy. 2-nji sýužet liniýasy: Artygyň Aýpa bilen gamaşygy (söýgi liniýasy). 3-nji sýužet liniýasy: Artygyň Eziz bilen gatnaşygy. 4-nji sýužet liniýasy: Artygyň tebigata, suwa bolan garaýşy. Dory, sýužet, kompozisiýadaky şeýle köptaraplylyk, durmuşy şeýle monumental formada açyp görkezmek türkmen sowet edebiýatynda bir bada emele gelen ýagdaý däldir. Ol türkmen ýazyjylarynyň eserden esere, ýagny hekaýadan hekaýa, powestden poweste kämilleşmeginiň, B.Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romanyňyň döredilmegi netijesinde emele gelipdi. Biz ýigriminji ýyllaryň edebiýatyna nazar aýlanymyzda, şol döwürlerdäki proza eserlerde sýužetiň we kompozisiýanyň örän sada gurulandygyny görýäris. Şeýle ýagdaýy hut Berdi Kerbabaýewiň irki hekaýalarynda-da görmek bolýar. Ýazyjynyň «Obada bolan waka» (1926ý.) hekaýasynda bir kompozision gurluşda bir sýužet liniýasy bar. Ýöne hekaýanyň esasy bellemeli aýratynlygy ýer-suw reformasy döwründäki durmuş hakykatyny dogruçyl beýan edýänligindedir. Hekaýadaky Ýalkabyň hereketi yzarlanylanda ýer-suw reformasy döwrüniň hakykaty, şonuň bilen bir wagtda synpy duşmanlaryň görkezen her hili garşylygy, sosialistik hakykatyň ýeňşi ýaly meseleleriň çözgüdi synlaýarys. Hekaýatyň sýužetň ertekilerdäki, dessanlardaky ýaly hyýaly äheňde däl-de, öz döwrüniň möhüm wakalary esasynda gurlupdyr. Ýazyjynyň «Kim ýeňdi» hekaýasynda kolhozçy aýal Sadabyň kolhoz önümçiligine gatnaşyşy, özara sosialistik ýaryşda yza galmagy, onuň aňynda könäniň zyýanly galyndylaryna bolan özgeriş, kolhozçylaryň oňa täsiri we beýleki meseleler suratlandyrylýar. Meseläniň köpdügine garamazdan bu hekaýada hem esasan, bir sýužet liniýasy dowam edýär. B.Kerbabaýewiň «Garşa guda» (1928ý), «Baýram» (1934ý.) powestleriniň döremegi bilen türkmen sowet edebiýatynda durmuşy köptaraply görkezmäge, sýužet, kompozisiýany köptaraply we çylşyrymly gurmaga çynlakaý çemeleşilendigini görmek bolýar. «Garşa guda» powestinde esasan üç sany sýužet liniýasy: Eseniň maşgalasynyň ogul öýermek baradaky aladalary, Durdynyň özüni öýlendirmändikleri üçin öýkeleýşi we öýlenişi, Annanyýazlaryň maşgalasynyň başyndan geçirýän wakalary. Annanyýazyň ogly Agalynyň ýogalmagy bilen esasy garşylyk liniýasy başlanýar we ýaşulylaryň gatyşmagy bilen çözülýär. Sýužet liniýalarynyň köpdügine, garşylygyň düýplidigine garamazdan, powestde bir meseläniň garşa guda bolmagyň nähili elhenç ýagdaýlarynyň bardygy baradaky mesele inçe suratlandyrylýar. 1940-njy ýylda «Aýgytly ädim» romanyňyň özbaşdak kitap bolup çapdan çykmagy durmuşy köp masştably töwerekleýin görkezmegiň, sýužeti we kompozisiýany köptaraply gurmagyň, gahrymanlaryň häsiýetini çylşyrymly garşylykar bilen utgaşyklylykda köptaraply açyp görkezmegiň iň ýokary derejesine ýetildi. Ine, görüp geçen şu mysallarymyz «Aýgytly ädim» romany ýaly çylşyrymly sýužet, kompozisiýaly, düýpli garşylyk liniýalary, durmuşyň has köp meselesini içine alýan eserleriň birbada döredilmändigini görkezýär. Mundan başga-da «Aýgytly ädim» romanynyň döredilmegi bilen durmuşy köptaraply görkezmekde, sýužet, kompozisiýany düýpli, çylşyrymly guramakda örän uly üstünlige eýe bolnandygyny subut edýär. «Aýgytly ädim» romanyňyň döremegi bilen, durmuşy köp masştably beýan etmekde sýužeti we kompozisiýany köptaraply hem-de çylşyrymly gurmakda täze däp, täze ugur emele geldi. Çünki, beýle tär, beýle däp öň türkmen edebiýatynyň praktikasynda hiç haçan bolmandy. Şonuň üçin-de Berdi Kerbabaýewiň bu ugurda edebiýatymyza getiren täzeligi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. «Aýgytly ädim» romany birden-bire döremedi. Sýužet we kompozisiýany köptaraply gurmakda, durmuşy köptaraply görkezmekde rus edebiýatynyň ýetiren täsiri juda uly bolupdy. Bu barada B.Kerbabaýew şeýle ýazypdy: «Men Gorkiniň, Tolstoýyň, Şolohowyň eserleriňi terjime etdim. Olaryň öz obrazlaryna nähili gylyk berýänlerine kompozisiýany nähili düzýänlerine aýratyn üns berdim. Dogrusyny aýtsam, şeýle çeper eserleriň üsti bilen edebiýat unwersitetini geçdim»46. Türkmen sowet edebiýatynda «Aýgytly ädim» romanyndan soň döredilen roman-epopeýalarda-da durmuşyň edil «Aýgytly ädim» romanyndaky ýaly, çylşyrymly, köptaraply görkezilýändigini görmek bolýar. B.Seýtäkowyň «Doganlar» romanynda Ýefimowyň, Şaýdakowyň, Saparmyradyň, Kasymyň maksady we eseriň esasy garşylygy Jüneýit han. Atamyrat gotur, Kriwsow ýaly otrisatel tipler bilen gatnaşykda aýdyňlaşýar. Mundan başga-da, iňňän köp irili-ownukly wakalar janly, täsirli suratlandyrylýar. Durmuşyň şeýle giň suratlandyrylyşyny Hydyr Derýaýewiň «Ykbal», Berdi Soltannyýazowyň «Sumbar akýar», Ata Gowşudowyn «Köpetdagyň eteginde» romanlarynda-da we beýleki ençeme monumental eserlerde-de görmek bolýar. «Aýgytly ädim» romanyňyň esasy sýužet liniýasynyň üsti bilen Artygyň maksadyny, häsiýetlerini açýan we eseriň baş ideýasynyň giňden aýdyňlaşmagyna täsir edýän esasy konflikti döredýän wakalar suratlandyrylýar. Romanda Halnazar baý eseriň köp linýalaryndaky garşylyga sebäp bolup durýar. Artyk bilen Halnazaryň arasyndaky garşylyk eserde mirap saýlawynda ösüp başlaýar. Halnazar bilen baglanyşykly garşylyk Aýna we Aşyr meselesinde-de bir wagtyň özünde başlanýar. Munuň özi şol garşylygyň ýeke-ýekelikde we umumy alnanda-da kolliziýa häsiýetlidigini görkezýär. Artygyň gallasyz galmagy, atynyň elipden alynmagy, pälä gitmeli meselesi, Aýna meselesi ýaly möhüm ýagdaýlar Artygyň Halnazara, umuman, baý-beglere garşy söweşmegine sebäp bolýar. Arçynlar we wolostnoýlar romanda özbaşyna sýužet liniýasy bolman, Halnazar bilen maksatdaş epizodik sýužetleri emele getirýär. Artygyň tussaglykdan gelmegi, Aýna öýlenmegi, Halnazaryň bugdaýyny halka paýlap bermegi, Ballyny urmagy, Hojamyrat wolostnoýdan we Agsak mürzeden hasap soramaga garşylygy has ýitileşdirse, Eziz hana nöker bolmagy garşylygy az-kem gowşadýar. Artygyň Eziz han bilen tersleşmegi peselen garşylygy ýene-de güýçlendirýär. Öň Artygyň garşysyna Halnazar baý. Gulluhan, Hojamyrat wolostnoý üç ýerden çarba urup, düýpli garşylyk liniýalaryny döredýärdiler we ony has ýitileşdirýärdiler. Halnazaryň ölmegi, Gullyhanyň gyzyllara geçmegi, Hojamyradyň sesini çykarmazlygy Artyk bilen Eziz hanyň arasyndaky tersleşigi emele getirýär. Artyk göreş hyjuwyny öňki duşmanlaryndan sowýar. Artyga şondan soň, hakyky maksat barada düýpli oýlanmaga şert döreýär. Ol şert Aşyryň ýaralanmagy bilen zerurlyga öwrülýär. Artyk bilen Eziziň arasynda garşylygyň döremegi Artygyň Gyzyl Goşuna geçmegini wagty bilen gurap bilmeýär. Eziz bilen Artygyň arasyndaky garşylygyň ösmegine, Eziz hanyň Ata murty, Horaz bagşyny öldürmegi, Tejene gan çaýkamagy ýaly elhenç wakalar bilen birlikde, Aşyryň, Iwanyň, Durdynyň täsiri-de uludyr. Şondan soň Artyk esasy maksat ugrundaky göreşe, Gyzyl Goşuna goşulýar. Şu ýerden görnüşi ýaly, «Aýgytly ädim» romanyňyň baş gahrymany bolan Artyk sosial, rewolýusion situasiýanyň esasy bolup durýan wakalara, garşylyklara gatnaşýar. Onuň Halnazar baý, Hojamyrat wolostnoý, Gullyhan, Eziz han bilen oňşuksyzlygynyň sebäbi diňe bir hususy meselede emele gelenok. Artyk baýlaryň, hanlaryň alyp barýan syýasaty, maksady, niýeti bilen hem ylalaşyp bilenok. Şonuň üçin ol turuwbaşdan Halnazar baý bilen çaknyşyp başlaýar. Türkmen edebiýatyndaky beýleki monumental eserlerdäki gahrymanlarda biz şeýle ýagdaýy görüp bilmeýäris. Mysal üçin, H.Derýaýewiň «Ykbal» romanyndaky Berdi bilen Suhan gatynyň, Bekmyrat baýyň arasyndaky garşylyk esasan, Uzuk meselesinde ýüze çykyp, gaty köp wagt geçenden soň Sergeýiň we beýlekileriň täsiri netijesinde onda rewolýusion hyjuw emele gelýär. Beki Seýtäkowyň «Doganlar» romanynda Kasym bilen Akjagülüň söýgüsi, olaryň gaçyp gitmegi Saparmyradyň rewolýusion ýola düşmeginiň başy bolýar. Sebäbi Saparmyrat şu mesele arkaly durmuşyň gaty köp taraplaryna göz ýetirýär. Ýöne ol Artyk ýaly, eseriň başyndan eziji synpa garşy ýigrenç bilen hujuwlanyp barmaýar. Artygyň, Aşyryň, Mawynyň Iwan bilen gatnaşygyny emele getirýän liniýanyň üsti bilen türkmen işçileriniň, türkmen daýhanlarynň rus rewolýusiýasynyň wekilleri, rus proletariaty, rus işçileri bilen türkmenleriň doganlaşyşy, olaryň yzyna eýerip, zähmetkeşleriň bähbidi üçin baýlara, emeldarlara, hanlara, keseki ýurt basybalyjylaryna garşy göreşi suratlandyrylýar. Artyk bilen Iwanyň arasyndaky dostluk, olaryň, Halnazara we beýleki ýerli han-beglere garşy göreşi Artygyň aty elinden alnansoň lapykeç bolup Iwanlara barmagy bilen ösüp başlaýar. Iwan öz halkynyň gara gününiň gaýgysyndan daşary, türkmen halkynyň-da agyr gününi görýär. Şonuň-da agysyna aglaýar. Artygy goldar ýaly hiç hili kömegiň elinden gelmeýändigine gynanýar. Ol Artyga ýagdaýy düşündirýär. Emma Artygyň ganygyzgynlygy, soňuna seretmezligi, paýhaslanmazlygy, Iwanyň sözüne «hä» beren-de, wagty gelýänçä sabyr etmezligi, Artygyň ýalňyşmagyna sebäp bolýar. Artyk Aşyr bilen sataşandan soň-da Iwanyň ýanynda müýnli ýaly bolup görünýär. Ol Iwanyň diňe hakykaty aýdýandygyna, onuň gözüniň has daşrakdan saýgarýanlygyna gowy göz ýetirýär. Şeýlelikde, Artyk Eziz handan arany açyp, Iwanyň ýanyna golaýlajak ýaly bolup görünýär. Şeýle-de bolsa, Gyzyl Goşunda Gulluhanyň bolmagy, Artygyň ganygyzgynlygy ýene-de Eziz hana goşulmagyna sebäp bolýar. Sebäbi Artygyň ýa Iwan Çernyşowa ýa Eziz hana goşulmagyny şol döwür talap edýärdi. Ýöne ol özüniň duşmanlarynyň biri bolan Gulluhanyň bardygy sebäpli Gyzyl Goşuna goşulyp biljek däldi. Ol şoňa görä-de ýoluny açyk saýgaryp bilmän, Eziz hana goşulýar. Dosty Aşyr atylyp ýaraly bolanyndan soň Artyk öz edýän işiniň ýalnyşdygyna doly göz ýetirip başlaýar. Ýöne onuň, Gyzyl Goşuna geçmegine şert döremeýär. Sebäbi Gulluhany itden beter ýigrenýän Artygyň onuň bilen «mäşi bir gazanda bişmejekdi». Gulluhanyň tutulmagy, Eziz hanyň tutýan maksadynyň aýan bolmagy Artygyň öz atlylary bilen Gyzyl Goşunyň hataryna geçmegine şert döredýär. 2-nji sýužet liniýasynda Artyk bilen Aýnanyň söýgi gatnaşyklary yzarlanylýar. Sebäbi «Aýgytly ädim» romanynda hut söýgi liniýasy bilen bagly birnäçe garşylyk emele gelýär. Şol liniýa bolsa halkyň eziji synpa bolan iýgenjini, belli bir derejede rewolýusion göreşe galkynmagyny aýdyňlaşdyrýar. Görüp geçişimiz ýaly, türkmen halk dessanlarynda-da söýgi meselesi barada gürrüň berilýär. Ýöne şol gatnaşyklarda diňe bir belli-belli adamlaryň ýa-da belli-belli toparlaryň şol meselä bolan garaýyşlary açylyp görkezilýärdi. Aşyklaryň köp kynçylyklary başdan geçirip, ahyry soňunda maksat-myradyna ýetişi barada gürrüň berilýärdi. Emma durmuşyň beýleki taraplary welin görkezilmeýär. Ýöne başga bir zady-da bellemek gerek. Dessanlarda aşyklaryň söýgä, durmuşa bolan gatnaşygyny, ýagmy Zöhre bilen Tahyryň, Leýli bilen Mežnunyň, Şasenem bilen Garybyň arasyndaky söýgi gatnaşyklýaryny Artyk bilen Aýnanyň arasyndaky söýgi bilen deňeşdirmek asla mümkin däldir. Eger-de dessanlardaky söýgi gatnaşyklary hyýaly, fantastiki durmuşa golaý bolsa, «Aýgytly ädim», «Ykbal», «Doganlar» romanlaryndaky söýgi gatnaşyklary real durmuşyň hakyky şöhlelenmesidir. Ol durmuşy hakyky, anyk duýarlyk formada, durmuşyň köp meseleler bilen baglylykda ynandyryjy formada beýan edýär. Mundan başga-da söýgi meselesi rewolýusion situasiýanyň tizleşmeginiň esasy alamatlarynyň biri hökmünde hem öňe sürülýär. «Aýgytly ädim» romanyňyň birinji babynda awtor okyjyny esasy gahrymanlaryň esasy hereketlerini, duýgy-düşünjelerini, kimi söýüp, kimi ýigrenýänligini beýan edende Arrtygyň Aýna bolan simpatiýasyny Artygyň, Aşyryň üsti bilen beýan edýär. – «Aşyr... gulak as, Halnazaryň ikimiz bilen ýaşytdaş oglunyň, ondan kiçisiniň, kiçisinden hem kiçisiniň suwy bar. Emma...»47. «Aşyr elini çarpyp jakgyldap güldi. – Ba-a!.. Sen nirelere baryp tozatdyň?.. Seniň hem ataň Halnazar ýaly baý bolsa, seni eýýäm öýererdi»48. «Artyk, anha, seniň Aýnaň!»49 «Artyk soňky wagtlar Aýna hyrydar göz bilen seredýärdi»50. Ýokardaky alnan mysallardan bu iki ýigidiň öz güzeranyndan närazydygy, gara günden zeýrenýändigi, Artygyň Aýna diýen gyzy gowy görýändigini duýsa bolýar. Romandan mälim bolşy ýaly, Aýna bilen Artyk çagalykdan biri-birini tanaýar. Artyk ýigit, Anna ulugyz çykandan soň gepden gaçyp, kiçijik obanyň berk adatyna görämi, kämilligiň kanunyna görämi olar biri-birini göreninde hyrydar garamak bilen oňaýýarlar. Aýna ýanlyk ýaýyp durka Artygyň gelmegi, Artygyň oglanlyk günlerini ýatlamagy, Aýnany çagalykdan Eziz görýändigini duýdurmagy bilen bu ikisiniň arasynda söýgi çigli düwülýär. Artygyň gije düýşünde, gündiz huşunda Aýnany ýatlap ýörmekden başga elinden gelýän zat ýok. Alaşasyndan başga malynyň, iýer ýaly artykmaç gallalarynyň bolmazlygy, Aýna üçin adam ibermek däl, şonuň pikirini etmäge-de Artygy çekindirýär. Halnazar baý agtygyny öýerende, gelinalyjydan gelýärkä Ballynyň aýalynyň düýeden ýykylyp, aradan çykmagy, toýda Ballynyň Aýnany görmegi, oňa aşyk bolup, «men ony hökman alaryn» diýmegi bilen Artygyň, Aýnanyň ýolunda esasy söýgi meselesindeki garşylyk başlanýar. Aýaly ölenden soň Ballynyň Aýna öýlenmek hyýalyny Halnazar baýyň we Sadabyň makullamagy bu garşylygy has berkidýär. «Ýedi derýanyň suwuny içen», «esentanyş» Umsagül Meret makullara gudaçylyga gelip, ýeňilkelle, nebsine ejiz Mamanyň gowşak damaryndan tutup, Aýnany Balla bermäge onuň razyçylygyny alýar. Şu ýerden söýgi liniýasyndaky esasy garşylyk, Artyk-Aýna bilen Halnazarlaryň arasyndaky garşylyk ösüp ugraýar. Aýnanyň Artyga «Ölsem ýeriňki, ölmesem seniňki» diýmegi «azajykda bolsa zenan ýüregidir, gyzyna dözmez» diýip Mama ýalbarmagy, Mamanyň, Aýna azgyrylmagy, Meret makulyň bu söwda sesini çykarmazlygy, Aýnanyň «satdyrmaryn» diýip aýgytly karara gelmegi garşylygy ösdürýär. Toýuň tizleşmegi bilen garşylyk açyk ýagdaýa geçýär. Artygyň «Men ölsem-de seni başga birine berdirmerin!» diýmegi, Artyk bilen Aýnanyň dilleşmegi, şol gije Artyk bilen Aýnanyň gaçmagy garşylygy has-da ösdürýär. Artyk at getirmäge gideninde yzçynyň we Ballynyň gelip Aýnany yzyna alyp gitmegi, Aýnany urup-horlasa-da ýoldaşynyň kimdigini aýtmazlygy, Bally «Mün syrtyma!» diýeninde «Seniň syrtyňa it münsün!» diýmegi, hoşamaýlanlarynda «Maňa el degdi, men indi ölmesem şonuňky, ölsem ýeriňki» diýmegine seredeniňde, bu liniýanyň kulminasiýasyna ýeten ýaly görünýär. Aýnanyň Halnazar baýyň adyny masgaralamagy, onuň uludan guran toýuny «harama çykarmagy», Balla «Seniň ýaly garaçomaga aýal bolanymdan özümi öldürip taşlaryn» diýmegi, iň soňunda «Maňa el degdi» diýmegi Halnazar baýlaryň Aýnany gelni edinmek niýetinden el çekdiräýjek ýaly. Näme diýse «ýok» diýilmeýän Halnazar baýyň «adyny-abraýyny ýere çalan», «toýuny haram çykaran», «el degen» gyzy gelin edinmegi olaryň abraýyna gelişmeýän zat. Şonuň üçin-de Halnazar baýlar bilen Aýnanyň arasyndaky garşylygyň şu ýeri ösen pillesi. Mundan aňry Aýna baradaky gürrüňi Halnazar baýlar agzamajak, oňa gatyşmajak ýaly. «Ähli gowy zatlar meniňki bolsun» diýýän Halnazar abraýna şek getiren, diýenini boldurmadyk gyzyň, başga biriniň bagtyny açmagyna düýbünden garşy, Aýnanyň aklyna, hiç kimde bolmadyk ajaýyp görküne suwsan Ballynyň ony daşyndan gabanyp ýörmegi, şol gürrüňlerden soň, eger Aýna razy bolsa gelin edinmäge taýýarlygy, heniz-de garşylygyň gutarmanlygyny görkezýär. Ýöne garşylyk kulminasiýanyň bäri ýanyna ýetýär. Artygyň ikinji gezek guýynyň başynda Aýna duşmagy, Aýnanyň «Artyk jan, ýa meni şu sagadyň özünde şu ýerden alyp git, ýa da... öldürip git!» diýmegi bilen alaşasyny gaýtaryp alan Artyk Aýnany alyp gaçýar. Muny Bally görýär. Artykdan içi ýangynly, Aýna ýürekden aşyk, ondan elini çekip bilmedik Bally Artykdan ar almak, Aýnany ele salmak niýeti bilen gykylyk turuzýar. Artygy «idän» bäş-alty sany atly adamy ýanyna alyp, olaryň yzyndan kowýarlar. Artygyň atyny atyp, öldürenlerinden soň Artygyň elini-aýagyny daňyp alyp gidýärler. Aýnany öýlerine getirýärler. Bu ýerde-de Mama Aýnany Balla bermek niýetinden el çekmeýär. Awtor romanda muny Aýnanyň adyndan Artyga şeýle gürrüň berýär. – Artyk jan, seni alyp gidenlerinde meniň dünýäm el aýtmyna gelipdi, meniň göwräm galsa-da, ýüregim seniň bilen gidipdi. Meni getirip öýmüze taşladylar. Eneligim: «Waý, äkidiň» diýip, nadaralyk etdi. Men indi öňi Aýna däl-de ýaraly Aýna ahyry!.. .Meniň ýanyma indi kim gelse isleseň özüň gel – ýa ölerin ýa-da öldürerin» diýdim. Eneligimsumak Halnazarlara bakan gykylyklap gitdi. Bir haýukdan soň Bally gotury yzyna tirkäp geldi. «Ynha seni, hem, meni masgara eden maşgalaň isleseň eýelik et, isleseň öldür» diýip, hödürledi. Bally gotur maňa el urjak bolapda «bar uýaňa ýapyş» diýdim. Bally bilen ejeligim ikisi iki ýerden el urjak bolanlarynda synna ýapyşdym. Onýança bolsa göwne gelmez bir waka ýüze çykdy. Kakam eline pilsapy alyp gelip, «Heý seniň!!!» diýip, ejeligimiň kempaýyna goýdy. Ol gykylyk bilen togalandy. Kakam Balla bakan okdurylanda, ol haram telpegini galdyryp umma gaçdy. Ertesi gün töwella geldiler. Men olaryň ýüzüne jabjynmankam, kakam olara «Hojam, şu mesele üçin şundan soň bäriňe garap hem bakma» diýip kowdy. Halnazar şondan soň «obadan göçirin» diýip azm urdy. Kakam oňa «meniň maslygymy göçirsiň ýa-da men seniňkini» diýip, jogap gaýtardy. Kakam şol günden başlap, mana çynlakaý kaka boldy. Şol günden soň hem meniň gulagym dyndy!»51. Şu ýerden görnüşi ýaly, Halnazar-da, Bally-da Aýna tamasyny üzenok. Şu sýužetde Meret makulyň gatnaşmagy bilen mesele çözülýär. Meret aganyň ýüreginde namys ody, atalyk hyjuwynyň oýanmagy ýöne ýerden däl. «Meret makulyň häsiýetiniň özgermegine, bir tarapdan onuň adamkärçiligi, perzendine bolan söýgüsi, maşgalanyň namysy güýçli itergi beren bolsa, ikinji tarapdan durmuş, baýlaryň açgözlüligi, wagşylygy, olaryň pul, baýlyk diýip, adamkärçiligiň, ynsabyň elementar kadalaryny eginlerinden aşyryp zyňyşlaryny syzmak Aýnadyr Artygyň ýürekleriniň, duýgularynyň päkdigine edýän hereketleriniň belent adamkärçiliklidigini, adalatlydygyny duýmak uly täsir edýär»52. Ol Aýna meselesi üçin Halnazarlar bilen gyrlyşmaga-da taýýar. Halnazaryň töwellaçysynyň kowulmagy, Aýnanyň berilmezligi. Meret bilen Aýnanyň «diliniň» bir çykmagy Halnazar baýyň döwletiniň yranyp ugramagynyň bir detaly bolup durýar. Beýdeki wagt bolsa Halnazar Merediň ýakasyndan elini çekmezdi. Merediň «ederin» diýen zadyny etjekdigini, ýurduň içiniň öňki-öňkülik däldigini göz öňünde tutup niýetni üýtgedýär. Merediň Mamanyň hem-de Ballynyň üstüne topulmagy şu sýužet liniýasynyň kulminasiýasy bolup durýar. Artyk türmeden gelende Merediň ony mähribanlyk bilen garşylamagy, Mamanyň «Hiýh! Nalaç edeýin» diýmegi bolsa şu liniýanyň çözülişi bolup durýar. Söýgi meselesi Hydyr Derýaýewiň «Ykbal» romanynda has hem giňdi görkezilýär. Birdi bilen Uzugyň arasyndaky mukaddes söýginiň arasyna bigana adamlaryň düşmegi edil «Aýgytly ädim» romanyndaky ýaly hususy garşylykdan sosial garşylyga ösüp geçýär. Netijede, şol düýpli garşylyk doly ýok edilenden soň, olaryň arzuwy hasyl bolýar. «Aýgytly ädim» romanynda Artygyň türmeden gelmegi billep bu mesele çözülýär. Ýöne soň hem Aýnanyň öz söýgüsi, öz durmuşy baradaky göreşi gutarmaýar. Ýöne B.Seýtäkowyň «Doganlar» romanyndaky Akjagülde, B.Soltannyýazowyň «Sumbar akýar» romanyndaky Gülzarda, M.Hydyrowyň «Öwrümli ýollar» romanyndaky Döndüde durmuş gurup başlandan soň, şeýle aktiwligi görüp bolmaýar. Şonuň üçin-de Aýna bilen Artygyň arasyndaky mukaddes söýginiň beýleki romanlara garanda özboluşly, ynandyryjy görkezilendigini bellemek gerek. Mundan başga-da bu liniýada baş we esasy gahrymanlaryň eseriň baş ideýasynyň, esasy liniýasynyň ösmegine gatnaşygy, synpy pozisiýasy has we aýdyň görkezilýär. Romandaky 3-nji sýužet liniýa Artygyň Eziz han bilen gatnaşygyny aýdyňlaşdyrýan liniýadyr. Bu liniýa romanyň kompozision gurluşyndaky esasy liniýalaryň biri bolmak bilen, eseriň baş gahrymapy Artyk Babalynyň göreş ýolunyň onuň ýalňyşlyklarynyň, aňyrsyndaky rewolýusion göreşe tarap düýpli öwrülişigiň esasy pursatlaryny öz içine alýar. Awtor bu liniýanyň üsti bilen daşary ýurt içalylarynyň ýerli han-begleri zähmetkeş halkyň rewolýusion hyjuwyna we Sowet häkimiýetine garşy goýuşlaryny anyk faktlaryň üsti bilen açyp görkezýär. Aty elniden alnan, Aýnany alyp gaçmak baradaky maksadyna ýetmedik Artygyň başyna pälä gitmek howpy hem düşýär. Şonuň üçin-de ol şähere, Iwanlara barýar. Iwanyň, Artomonowyň, Durdynyň gürrüňleri ony il içindäki adalatsyzlykdan dynmaga hyjuwlandyrýar. Şeýle hyjuw bilen oba gelende, obadaşlarynyň adalatsyzlyk, açlyk-horluk baradaky zeýrenji onuň gahar gazabyny ýetjek derejesine ýetirýär. Ine şol wagtam oba Eziz han baradaky habar düşýär. «Eziz han... şeýle tabşyryk berdi: Patyşanyň päli azdy. Gurby gaçdy. Musulmana el uzatdy. Şonuň üçin biz pygamber tuguny galdyrýarys. Başyna telpek geýen, gaýratyny, namysyny elinde saklaýan, musulman gany bar adam erte agşam hökman patyşa hökümetiniň üstüne çozmaly...»53. Bu habar Artyk üçin adalatsyzlykdan dynmagyň, ar almagyň ýeke-täk ýoly bolup görünýär. Eziz hanyň: « – Artyk sen dogry aýdýarsyň. Iliň görýän gününi it görse, gözi agyrjak. Haramzada arçynlar, eminler başlyklaýyn iliň etini çeýnäp, ganyny sordular. Indi bolsa süňküni pytradyp, aşyklysyny gemirmekçi bolýarlar. Mundan artyk çydara tap galmady...»54 diýmegi Artygy oňa has ýakynlaşdyrýar. Ol şeýle hyjuw bilen Halnazardan bugdaý alyp Gandyma berýär. Olaryň atyny alýar. Ballyny ýençýär. Bu Artyk üçin uly ýeňiş bolup görünýär. Eziz han iki müňe golan adam bilen Tejendäki ýrli hökümetiň üstüne çozýar. Çozuş ýeňliş bilen gutarýar. Eziz han Owganystana gaçýar. Artyk bolsa aljyrap ýörşüne Aýnany ikinji gezek alp gaçýar we gozgalaň sebäpli yzarlap ýören adamlaryň eline düşýär. 1917-nji ýylda Petrogradda Oktýabr rewolýusiýasynyň, ýeňmegi bilen Artyk türmeden boşaýar, oba gelip Aýna öýlenýär. Emma oba adamlarynyň agyr haly, açlyk, gedaýçylyk, Tejen ilindäki baş-başdaklyk Artygy öýde arkaýyn oturmaga goýmaýar. Onuň Babahan arçyndan Agsak Mürzeden hasap soramagy, olara bolan ýigrenji ony Sowet hökümetiniň, rewolýusiýanyň tarapyna geçmekden saklanýar. Iwan Çernyşýewiň düşündirmeleri ona täsir etmeýär. Ýöne haýsydyr bir maksada gulluk etmek baradaky pikirden hem el üzmeýär. Şonuň üçin-de, ýene-de Eziz hanyň ýanyna gelýär. Eziz han ony otrýada baş edýär. Oňa at, ýarag berýär. Sözüne ynam bildirýär. Oba emeldarlara üstünden arz edip gelende, Artygyň sarpasyny saklaýar. Ine, şu ýagdaýlar Artyk Eziz hana has ysnyşdyrýar we gylawlandyrýar. Şol wagt Eziz han halka Sowet häkimiýetindenem ýakyn bolup görünýär. Ol päleden dolanyp gelen Aşyra: – Synpyňa onçakly düşünip duramok weli, Eziz türkmenlere gulluk edýä – diýýär. Artyk ýaragyna, arkasynda Eziziň bardygyna daýanyp Aşyr bilen Halnazar baýyň bugdaýyny halka paýlaýar. Bu Eziz hana ýaramaýar. Emma hiç zat diýmeýär. Sebäbi Eziz hana Artyk ýaly gaýduwsyz ýigitler gerekdi. Eziz han ýene-de ýaş sowet hökümetiniň üstüne çozýar, talaýar. Şol çozuşlara, talaňçylyga Artygam gatnaşýar. Artyk Eziziň tabşyryşy boýunça Aşgabada gidende, Eziziň aragatnaşyk saklaýan adamlarynyň arasyndaky agzalalygy, ikiýüzlüligi görýär, onda olara ýigrenç döreýär. Tejene gelenden soň Eziziň yzyna düşüp, öz dosty Aşyry ýaralaýar. Eziziň ýygynçagy ýerli hökümet tarapyndan dargadylýar. Şondan soň Artygy Iwan Çernyşýew Aşyryň üsti bilen çagyrýar. Şol bir wagtyň içinde Eziz han hem oňa çakylykçy iberýär. Artyk üçin iň ýigrenji adam bolan Gulluhanyň Sowetleriň tarapynda durmagy Artygyň ýene-de Eziz hanyň ýanyna gitmegine sebäp bolýar. Emma Eziz hanyň yzyna düşüp, ondan oňa entäp ýörmek Artygy ýadadýar. Eziz hanyň nökerlerine bolan hyýrsyzlygy, rehimsizligi Iwan Çernyşýewiň, Aşyryň oňa aýdan sözleri ony oýlandyrýar. Şol oýlar Eziz hanyň maksadyny, onuň tutýan ýolunyň ýalňyşdygyny görmäge oňa kömek edýär. Ol obaly adam ýenjilende Ezize garşy çykýar. Eziz han Kelhana Artygy atmaga buýruk berenden soň, Artyk Eziz handan öýkeleýär. Onda öz atlylary bilen Iwan Çernyşýewiň ýolbaşçylyk edýän Gyzyl Goşunyna goşulmak niýeti oýanyp başlaýar. Emma ol muňa batyrlyk edip bilmeýär. Şol wagt Eziz handan töwellaçy gelýär. Artyk ýene-de oňa gulluk edip başlaýar. Garagöz işanyň Iwan Çernyşowdan habar getirmegi we Gyzyl Goşunyň gazanýan ýeňişleri Artygyň göwnüni ýagşy bölýärdi. Emma ondan oňa göçmeklik, şäherdäki başagaýlyk bilen gyzyllaryň tarapyna geçmäge şert döremeýär. Şol arada Mawynyň Iwan Çernyşýewyň sargydy bilen gelmegi Artygy oýlandyrýar. Ol Mawa Gyzyl Goşunyň tarapyna geçmäge söz berýär. Iňlisleriň içalysy Abdykerim hanyň Artygy Eziz hana garşy goýmak baradaky maksady başa barmaýar. Içaly Eziz bilen Artygyň agzyny ýagşy alardýar. Ol indi Eziziň maksadyna oňat düşünýärdi. Ony çyny bilen ýigrenýär. Mary etrapynda onuň bet niýetini, eden zalymlygyny ýüzüne basýar. Şondan soň Eziz bilen hasaplaşýar. « – Eziz han! El-egri bitmek üçin döwülýändir. Çanagyň döwügi seýik tutar, ýürek döwügi tutmaz. Meniň senden göwnüm döwülenine ep-esli wagt boldy. Ikimiziň aşymyz indiden soň bir gazanda bişmez. Men seniň ýaly päli ýeserlige salyp gizlenip iş etjek däl. Men saňa mertlerçe anyk mälim edýän: men seniň ýanyňda ýok. Men häziriň özünde yzyma dolanýan. Ahmal galdym diýme, eliňden näme çäre gelse-gör! Öz nökerleriň, kör gullaryň azlyk etse, agalaryň goşunlaryny, hindileri, aklary hem meniň üstüme sür. Men ynha gitdim! – Kim meniň dostum bolsa, meniň yzyma düşsün! Sotnýadan biri galman, bary at üstüne çykdy»55. Görüp geçişimiz ýaly, bu liniýa Artygyň aňyndaky öwrülişigiň esasy pursatlaryny öz içine alýar. Biz bu liniýada Artygyň Gyzyl Goşunyň tarapyna näme üçin giç geçendigini, onuň ýalňyşlyklarynyň sebäplerini yzarlaýarys. Bu liniýa Tejen etrapynda, tutuş Türkmenistanda käbir ownuk toparlaryň rewolýusiýanyň yz ýanyndaky yraň atmasynyň, rewolýusiýa, onuň beýik gazananlaryna gijiräk düşünmeginiň sebäplerini hem görkezýär. Biz bu liniýany gözden geçirenimizde rus işçileriniň rewolýusion maksat bilen hyjuwlanan şol ikirjiňlenýänleri hakyky maksat ugrunda göreşmäge çagyrmakda nähili uly işleri alyp barýandyklaryny hem görýäris. Bu liniýa Iwan Çernyşowyň, Aşyryň dostluk gatnaşyklary bilen berk utgaşýar. 4-nji sýužet liniýasynda esasan suw meselesi barada gürrüň gidýär. Suw meselesi altyna barabar toprakly türkmenler üçin irki döwürlerden bäri derwaýys, iň wawaly, iň dartgynly meseleleriň biri bolupdyr. «Aýgytly ädim» romanynda-da suw meselesi eseriň başyndan ahyryna çenli eriş-argaç bolup geçýär. Eger-de awtor suw meselesini romanda gozgamadyk bolsa, eser hakyky eser bolmazdy. Sebäbi türkmenleriň geçmişini suw baradaky arzuwlardan, suwsuzlyk jebrinden, suw ugrundaky göreşlerden aýrylykda göz öňüne getirmek mümkin däl. Eseriň başynda baýlaryň baýy, garyplaryň bolsa özlerini gözden salmajak adamy mirap saýlajak bolşunyň esasy sebäpleriniň biri-de durmuşyň köp derejede suwa garaşlylygy üçindir. Eserdäki esasy gahrymanlaryň, ýagny Halnazar bilen Artygyň arasyndaky kolliziýa häsiýetli garşylygyň biri mirap saýlawynda oňuşmazlykdan başlanýar. Soňa baka Tejen derýasynyň suwy-da kesilýär. Adamlaryň umydy diňe «göge» baglanyp galýar. Asmandan-da nem dammany üçin Tejende açlyk başlanýar. Şu ýerden görnüşi ýaly, eger suw bolsa, gallanyň ýaryny baýlar alaýanda-da halk ölmez-ödi gününi görjek. Özünde bolmasa baýyrak, gurplurak adamlardan aljak, hiç bolmanda-da künji, gawun, kak, sök, mekgejöwen bilen gününi dolajak. Suwuň bolmazlygy, asmandan ygalyň dammazlygy, urşuň sansyz salgytlarynyň bu gurakçylygyň üstüne üste bolmagy adamlaryň baýlara, urşa, patyşa hökümetine bolan gazabyny, rewolýusion situasiýanyň şertlerini gürrüňsiz döredipdir. Tejende gurakçylygyň bolmagy rewolýusiýa amala aşýan döwrüne gabat gelip, rewolýusion situasiýanyň döremeginiň bir şerti hökmünde, rewolýusiýanyň tizräk amala aşmagyny guramaga düýpli kömek edýär. Awtor bolsa bu ýagdaýyň köküne göz ýetirip, ony tipik, janly, beýleki sýužet liniýalary bilen utgaşykly görkezmegi başarypdyr. Ýyllar boýy «suwsuzlygyň jebrini» çeke-çeke gelýän Artyk Amyderýanyň akyşyna, «däli», bol suwuna haýran galýar. Derýa ýüz tutýar. Haýyş edýär: «Gözel derýa «Doýmadyma» bakan akman, Mara, Tejene, Ahal çöllerine bakan aksa bolmaýamy? Şonda daýhan suwsuzlyk, gurakçylyk belasyna duçar bolmazdy. Bol suw bilen bol ýer tapylsa ülke gülzarlyga aýlanardy!. Eý, gurbanyň bolaýyn eziz derýa! Sen bize bakan güler ýüzüňi öwür goý, gözel sähra güllesin!..»56. Şu ýerde Iwan bilen Artygyň arasynda bolan gürrüň arkaly romanda gozgalýan suw meselesi jemlenýär. – Amyderýany Türkmenistan çölüne ýaýratmak üçin, öňüne bent basmaly. Islän ugruňa gönügip gider ýaly, noburlar gazmaly. – Oňa kimiň güýji ýetjek? – Sowet häkimiýetiniňki ýeter. – Ýaman aňsat bolýa-la!.. Seniň hem Amyderýa bent basjak bolşuň meniň oňa ýalbaryşym ýalymykan öýüdýän»57. ...Sowet topragynda seniň ýaly million zähmetkeş bar. Ýurtda parahatçylyk emele gelse, ykdysat, tehnika össe, Amyderýanyň suwuny biz ýalbaryp alman, gaňryp alarys. Men seni ynandyrýan. Tejen çölünde Amyderýanyň akar suwundan hut sen özüň atyňy ýakarsyň!..58 – Käşki! Hawa, Amyderýany diňe doganlyk, beýik agzybirlik, dostluk bilen boýun egdirip biljekdi. Boýun egdirdem. «Aýgytly ädim» romanynda halkyň roly örän oňat berlipdir. Ýokardaky seredip geçen sýužet liniýalarymyz bilen şeýle bir sepleşýär. Olary halkdan, halky şol olardaky wakalardan aýryşdyrmak mümkin del. Romanyň kompozision gurluşy sapaga iş edilip, paýhaslanyp düzülen köp dürli monjuga meňzeýär. Saýlanyp alnan köp dürli monjugyň gyzyllaryny bir, gögüni bir, agyny bir etseň-de owadanlygyny saklaýşy, her dürlüsinden aralaş-aralaş goýsaň-da owadanlygyny saklaýşy ýaly, romandaky sýužet liniýalary we epizodlar birlikde-de, aýry-aýrylykda-da owadanlygyny saklaýar. Hersi aýrylykda we umumylykda-da eseriň kompozisiýasyna bezeg berýär. Romanda esasy hem-de epizodik sýužet liniýalary biri-biri bilen özara baglanyşyp, şolardaky garşylyklaryň ösmegi netijesinde bir bitewi sýužeti we kompozisiýany emele getirýärler. Bu ýagdaý romandaky garşylyklaryň özara baglanyşmagynda hem hut şeýledir. Romanyň kompozisiýasyny gözden geçirenimizde, epizodik liniýalary almanymyzda-da, esasy liniýalaryň biri-biriniň döremegine, aýdyňlaşmagyna, ýitileşmegine, çözülmegine sebäp bolýandygyny hem-de öz aralarynda pugta baglanyşýandygyny görmek bolýar. Mysal üçin, bu romandaky azatlyk ugrundaky göreş liniýasynyň çözülmegine Artyk bilen Halnazaryň arasyndaky garşylygyň, soňra Artyk bilen Gullyhanyň, Artyk bilen Eziz hanyň, miraplaryň, arçynlaryň aralaryndaky garşylygyň döremegi, ýitileşmegi hem-de çözülmegi sebäp bolýar. Bu garşylyklaryň çözülmegine Artyk bilen bilelikde, Iwan Çernyşýew, Aşyr, Durdy we beýlekiler hem gatnaşýarlar. Ikinjiden, şol garşylyklar baş ideýanyň, baş gahrymanlaryň obrazlarynyň, baş temanyň aýdyňlaşmagyna sebäp bolup, esasy liniýalar bilen bilelikde beýleki liniýalar bilen özara baglanyşýarlar. Romanda baş mesele azatlyk ugrundaky göreş liniýasy bolup durýar. Şondaky garşylyk romanyň esasy liniýalarynda, ýagny Artygyň Halnazar baý, Gullyhan, Eziz han, miraplar, arçynlar bilen gatnaşygyndaky, ikinjiden, Artyk bilen Aýnanyň söýgi gatnaşygyndaky garşylygy, Artygyň Eziz han bilen gatnaşygyndaky garşylyklary emele getirýär. Sebäbi mirapçylyk meselesinde, päle meselesinde, goşuna at almak meselesinde Halnazar baý, Gullyhan, miraplar, arçynlar bilen Artygyň arasynda garşylyk döremedik bolsa, şol garşylyk söýgi meselesinde, Eziz han bilen baglylykda, şeýle hem suw meselesinde ösmedik bolsa, onda Artyk baş ideýanyň, ýagny azatlyk ugrundaky rewolýusion göreşiň ýeňmegine baş gahryman hökmünde gatnaşyp bilmezdi. Çünki romandaky epizodik liniýalar hem, esasy liniýalar hem biri-biriniň döremegine, ösmegine, ýitileşmegine, çözülmegine sebäp bolup, şol liniýalardaky garşylyklary pugta baglanyşdyrýarlar. Täze liniýalar, täze garşylyklary döredýärler. Şeýle baglanyşygyň netijesinde bir bitewi forma emele gelip, durmuşy köptaraply açyp görkezmäge mümkinçilik berýär. Durmuşy şunuň ýaly köp masştably beýan etmek, sýužeti we kompozisiýany monumental formada gurmak türkmen edebiýatynyň taryhynda, tä «Aýgytly ädim» romany döredilýänçä bolmandy. Şonuň üçin şeýle formada eser döretmegi, şeýle formany edebiýatymyzyň durmuşyna ornaşdyrmagy ýazyjy B.Kerbabaýewiň uly hyzmatlarynyň biridir. Sýužetiň we kompozisiýanyň çylşyrymly gurluşyny, köp masştablylygyny ýazyjynyň monumental formada ýazylan başga bir eserinde-de, «Nebitdag» romanynda-da görmek bolýar. «Nebitdag» romany türkmen edebiýatynyň taryhynda türkmen nebitçileriniň gahrymançylykly zähmeti, alyp barýan asylly işleri baradaky iri planly ilkinji eserdir. Romanyň fabulasy Nebitdagda iki ýyl ýarym ýaşan» iki ýarym ýylyň içinde burawlara, promysel sehlerine, kärhanalara dürli ýygnaklara»59 gatnaşmagy arkaly awtoryň görüp duýup bilen zatlarydyr. «Aýgytly ädim» romanyňyň türkmen sowet edebiýatynda getiren ýene bir ajaýyp täzeçilliginiň biri, olam çeper dil meselesiniň edebi dolanyşyga batyrgaý ornaşdyryp bilenligidir. Dogry, türkmen edebiýatynda gahrymanlaryň dilini özüniň häsiýetine görä açmak däpleri türkmen ertekilerinde dessanlarynda hem dowam edip gelýärdi. Mysal üçin, ertekilerde haýwanlar adam dilinde gürläp, edil adam ýaly pikir etýän bolsa, ertekilerde her tipiň özüne görä dil bermek adata öwrülip gidipdir. Meselem, «Hudaýberdi gorkak» ertekisiniň birinji bölüminde Hudaýberdi tilkiniň ýanyna baranynda birhili gorka gepleýän bolsa, aýalynyň, gyzynyň ýanynda asla sesini çykaryp bilenok. Emma ertekiniň ikinji bölüminde Hudaýberdi juda haýbatly gürleýär. Şeýdibem döwleri ýeňýär. Ertekiniň ahyrynda bolsa ol has hem haýbat bilen: – Heý, tilki, seniň ataňdan meniň üç döw algym bar-da seniň getirýäniň ýeke döwmi? – diýip, gygyrýar. Başga bir türkmen ertekisi bolan «Garaja batyrda» döwler adam ogluna has bolmadyk äheňde gürleýärler. Olaryň haýbaty, güýçlüdigi sözünden, äheňinden bildirip dur. Biz şeýle ýagdaýy türkmen dessanlarynda-da görýäris. Dessanlarda patyşalar demi zor, haýbatly, sözlerine agram salyp gürleseler, pukara adamlar olara ýapja bolup gürleýärler. «Zöhre-Tahyr» dessanynda Tahyryň ejesi Şahyhuban Babahana: «Eý, patyşa, biçäreleriň tekesi sensiň! diýip gürlese, patyşa: – Eý, Şahyhuban! Daş gitgil! Seniň ogluňyň jezasy ölümdir! Heniz saklanyp durmusyňyz? Tizden-tiz derýaga eltip taşlaň! – diýip höküm etdi»60. Emma Babahan patyşa öz gyzy Zöhre bilen başgarak dilde gürleşýär: – Eý, Zöhre jan! Meniň gulamyma munça köňlüňi berip, meniň namys-arymy ýere çaldyň. Enşalla, öz barabaryňa gowşup, myradyňa ýetirer men! – diýip, töwella etdi»61. Emma «Baryň, Tahyry getiriň! Derýa atyň! diýip gazap bilen höküm eden Babahan patyşa dessanyň ahyrynda: Tahyr begiň ýanyna baryp, zar-zar aglap: – Tahyr guzym, eşit saňa arzym bar, Bende men başymy azat eýlegil. Başyň aldym – başym bermek karzym bar, Ötgül günähimi, azat eýlegil! Aýagyňa başyn goýup Babahan, Gaşyňda arz edip, ýyglaýyn çendan, Toba kyldym, öten işe Tahyr jan, Gel, guzym, sen meni azat eýlegil – diýip, ýalbarýar. Gahrymanyň häsiýetini, onuň obrazyndaky öwrülişigi,» onuň özboluşlygyny çeper diliň üsti bilen açmaga synanyşyk «Şasenem-Garyp», «Hüýrlukga-Hemra», «Leýli-Mejnun», «Nejeboglan» ýaly türkmen dessanlarynda hem özboluşly ýagdaýda görmek bolýar. Bu ýagdaý ylaýta-da «Görogly» eposynda has çuň görkezilmäge synanyşylypdyr. Eposyň «Öwez» şahasynda Öwez Hüňkaryň goşunlarynyň eline düşýär. Şonda Görogly hem özüniň kyrk ýigidi bilen Öweziň dardan asyljak ýerine, Hüňkaryň galasyna barýar. Hüňkaryň ynamyna girýär. Ine, şonda Hüňkar: «Haý, beg ýigit, munuň agasynyň namysyndan ýene bir nama aýtsan-a»62 diýýär. Ine, şonda Görogly: – Haý, zaňňar patyşa, «nama aýt, nama aýt» diýip, asyl goýmadyň-la! Men seniň kesana tutan bagşyňmydym? Ine, saňa nama gerek bolsa! – diýip, düýrme gylyjy eliniň tersi bilen aýlap, Hüňkary kakyp goýberdi»63. Eposda Görogly Öwezi ogullyga almaga gidýär. Şonda ol köşge barýarka şeýle oýlanýar. Bu bir uly şäher, muňa gelýän-gidýän köpdür, asyl bu şäheriň içinde ýurt gezen, söwda eden, uruşda bolan adamlar az däldir. Şolardan biri meni tanamagy-da mümkindir – diýip, oýlanyp gelşine iki dyzyny gujaklap, galanyň düýbündäki hendekde kerepläp ýatan gök suwa özüni urdy. Muny alyp barýan oglan onuň eden işine haýran galdy. Oglan: – Ah-ow, myhman aga, bu nätdigiň boldy? – Eý dost, sen sorama, men aýtmaýyn... – Hä, agam, näm boldy? – Aý, inim, sen sorama, ýolda gelýäkäm kakyň suwuna düşýän, arkam batsa garnym batmyýa, garnym batsa arkam batmyýa. Ine, görsem, bir çuň suw ekeni, salkynlaýyn diýip düşäýdim. – Aý, agam, düşjegiň salkyn suw bolsa, beýlede mundan dury suw hem bar ahyryn. Sen bolsaň kerepläp ýatan haram suwa düşäýdiň... – Eý, dost, bular ýaly uşak-uşak haramlar bize kärem etmeýär. Uly ýoluň ugry arabanyň çygryna tozap ýatýardy. Görogly suwdan çykandan soň, muňa-da agynap turdy. Bir betnyşan adam boldy, tanar ýaly bolmady. Hälki ýol salgy berýän oglan Göroglynyň elhenç sypatyny görüp: – Agam, şu ýerden dessine yzymyza öwrüleliň, bolmasa bu bolşumyz bilen hanyň ýanyna barsak, ikimizem eglenmän öldür – diýdi. – Aý, goý, goýa, zaňňar, näme biz ogurlyk edipmidiris, ýa-da adam öldüripmidiris, öldir ýaly?» – diýip, göwni bir ýaly aýdýar. Barybam Öweze: «...Töwriz welaýatyndan bolaryn. Şu ýurtda meniň atamyň Buldur gassap diýen kyýamatlyk dogany bardy, şol bir mahal bize ýarpasyna bakaryny goýun goşan eken, ol-da köpele-köpele häzir müň ýedi ýüze ýetdi. Bizde onuň biraz pulam galan eken. Men şol Buldur aganyň ogluna mallaryňa, puluňa eýe bol diýmäge geldim»64 diýip ýalan hem sözleýär. Eposyň «Harmandäli» şahasynda Görogly aýaly Agaýunusyň diýenini etmän, Harmandäliniň ýanyna gidýär. Ol bu gyzdan göreşde ýykylýar, aýdym aýdyşanda ýeňilýär. Şeýdibem ölmän, zordan özüni iline atýar. Şonda Agaýunus: – Görogly, aman-sag geldiňmi? – diýse, – Geldim – diýýär. – Näme iş bitirdiň? – Agaýunus, bitiren işimiz az däl... – Onuň ýaly bolsa, habar berip otur, eşideli. Şundan soň Görogly öwünip başlaýar: Mundan bardym Rumystana. Uzak ýoldan aşyp geldim. Gyratym sürüp mestana, Ganat baglap, uçup geldim. Birýar tapdym rum ilinden, Guçmuşam inçe bilinden, Käse berdi ak golundan, Gülgün şerap içip geldim. Adyn aýtsam, Däli Harman, Her bir sözi derde derman, Görogluda ýokdur arman, Jennet ýolun açyp geldim65. Ýöne türkmen ertekilerinde-de, dessanlarynda-da, Görogly eposynda-da çeper sözüň ussatlyk bilen ulanyşyny şertli ýagdaýda göz ösüne getirmeli bolýarys. Sebäbi hiç bir alym-da, hiç bir edebiýaty öwreniji-de bu žanrlaryň dilini, onuň çeperçilik serişdeleri bilen obraz açmakdaky, çeper diliň üsti bilen häsiýet bermekdäki ussatlygyny belli bir taryhy döwrüň önümi diýip, şol eseri döreden eseri awtoryň ussatlygy, ýa-da ýazyjylyk kämilligi diýip aýdyp bilmese gerek. Sebäbi halk döredijiliginiň bu žanrlary, awtory belli bolmadyk dessanlar, hem-de Görogly eposy esasan ýazuw çeşmelerinde däl-de, halkyň dilinde ýaşap geldiler. Şonuň üçin-de olaryň çeper dil konsepsiýasy, çeperçilik serişdeleriniň ulanyş derejesi şol aýdyjy bagşylary, ýatdan aýdyjylaryň, mundan başga-da, ol eseri göçürijileriň ussatlygyna bagly bolup galypdyr. Bu eserleriň özüniň halkyňky bolşy ýaly, olaryň dili hem çeperçilik derejesi hem halkyňky bolup, diňe kollektiwleýin ýagdaýda dörän diýip aýdyp bolar. Mysal üçin, «Görogly» eposyny her bagşy bir heňde, bir hörpde, bir stilde aýdypdyr. Şol bagşy özüniň zehinine, ussatlygyna görä, Göroglyny nähili gepledeýin diýse, näme diýdireýin diýse hakly bolup galypdyr. Şondan peýdalanyp, her bagşy özüniň auditoriýasyna, diňleýjisine görä eposyň çeperçilik serişdesini, ylaýta-da dilini üýtgedip bilipdir. Emma professional edebiýatyň döremegi bilen taryhy prozamyzda bu ýagdaý düýbünden başgaça röwüşde ösüp başlady. Çünki ýigriminji ýyllarda döredilen eserleriň, ylaýta-da, A.Durdyýewiň hekaýalarynyň, B.Kerbabaýewiň «Garşa guda», A.Ahundowyň «Gul ogly Myrat» powestleriniň dilini her bir adamyň göwnüniň gelşiçe üýtgedip ýörmege haky ýok. Şonuň üçin-de biz bu powestleri okanymyzda, awtorlaryň çeper dil meselesinde nähili asgynlyk çekendigini synlap bilýäris. Şeýle hem bu eserleriň professional prozada çeper dil konsepsiýasynyň başlangyjy bolmak bilen, türkmen edebiýatynda nähili gymmata eýedigi synlap bilýäris. Otuzynjy ýyllarda hem çeper dil meselesnne aýratyn üns berildi. A.Durdyýewiň, N.Saryhanowyň, A.Gowşudowyň hekaýalarynda çeper dil meselesi aýratyn bir senet hökmünde işlenildi. Şeýle-de bolsa türkmen sowet edebiýatynda bu mesele ýazyjy B.Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romanyňyň derejesine ýetirilmedi. Şu ýerde başga bir zady-da aýtmak gerek. Biz ýigriminji, otuzynjy ýyllarda çeper dil meselesini kämilleşdirmek barada köp işleriň edilendigini belläp geçipdik. Ine, şu ýagdaýlar «Aýgytly ädimiň» dil babatda kämil eser bolmagyna özüniň täsirini ýetiripdi. Otuzynjy ýyllarda bu ugur aýratyn pajarlap ösmese-de, bu barada ýazyjylardan uly talap bardy. Şol talap hem «Aýgytly ädimiň» bu meselede kämil eser bolmagyna islese-islemese-de täsirini ýetipdi. Bu barada professor Ö.Abdyllaýew: «Otuzynjy ýyllaryň ortalaryndan başlap, türkmen ýazyjylary hakykaty ylmy-materialistik garaýyş boýunça dogruçyl suratlandyrmagyň – sosialistik realizmiň beýleki meseleleri bilen birlikde, gahrymanlaryň dil aýratynlygyny bermegiň realistik obraz döretmek üçin zerurdygyna düşünip başladylar»66 diýip dogry belleýär. Ine, şeýle düşünje, şeýle talap «Aýgytly ädim» romanyňyň döreýiş prosesinde doly saklanylypdyr. Hut şoňa görä-de 1941-nji ýylda bu roman ara alnyp maslahatlaşylanda onuň dili barada prinsipial bellik aýdylmaýar. Diňe bir şahyr Garaja Burunow: «Kitabyň kä ýerinde položitel tipažy bezäýjek ýaly aýry-aýry owadan sözler duş gelýär, emma kitaby tutuşlaýyn gözden geçireniňde, ýaňky göz bezeýji ýerler gözboýagçylykdan başga zat däl diýen pikire gelýärsiň»67 diýse, ýazyjy Hajy Ysmaýylow: «Aýgytly ädim» roman däl, ol ýöne etnografiýa...»68 diýip belleýär. TK (b) P MK-nyň býurosynda-da «Dogrudanam kitap gyzykly eken» diýip belleýärler69. Munda esasan dil meselesiniň göz öňünde tutulandygyny bellemek gerek. Çünki täsirlilik, gyzyklylyk meselesi esasan çeper diliň güýji esasynda hasyl bolýar. Çünki N.A.Ostrowskiý: «Biz tipi suratlandyrmakda onuň pikir aňladyş obrazynyň, ýagny diliniň we hatda sözleriň baglaşdyrylyşynyň öz bolşunda dogry berilmegini çeperçiligiň birinji şerti diýip hasap edýäris»70 diýip aýdypdy. Ine, şu nukdaý nazardan garapynda, bu romanyň türkmen sowet edebiýatyndaky tutmaly orny öz döwründe köp gyzyklanma döredipdir. Şeýle-de bolsa bu eseriň çeper dil meselesinde getiren täzeçilligi, edebiýatymyza goşan abyrsyz goşandy öz wagtynda kän bir duýlup barylmady. «Aýgytly ädim» romanynda, ýagny eseriň başynda Artyk şat, şahandaz. Ol öz dosty Aşyra Aýna bilen duşuşyny hezil edip gürrüň berýär: – Aşyr agzyny pakgyldadyp: – Ýeri, onsoň, ýeri onsoň?.. – diýip, nasyny pürküp goýberdi. Gürrüňiň gyzykly ýerinde Aşyryň dişini jytlatmasy Artyga ýaramady. – Heý, şu içigaranam atarlarmy? Özüňi gör, göklän kürräni gör! – Ýeri, ýeri, gürrüňi başga ýana sowjak bolmasana! ...Ýeri, onsoň? – Onsoňmy, onsoň... ogşaryn diýdim. Aşyr iki elini çarpyp arkan gaýyşdy. – Hah-hah-ha-a!»71. Emma eseriň dowamynda okyjy Artygy beýle bir şahandaz görüp duranok. Eseriň dartgynlaşmagy bilen Artygyň häsiýeti kämilleşýär. Bu ýagdaý romanyň dowamynda gahrymanyň özüni alyp barşynda mesaňa aýyl-saýyl edilýär. Meselem, Artyk romanyň başynda içini hümledip, Halnazaryň we şoňa meňzeşlereriň garyp-gaýsary ezişini dişini gyjap ýören bolsa, soň-soň durmuşyň özi onuň otrisatel tipler bilen dikleşmegine iterýär. « – Artyk, biz eminler bolup pälä gitjek adamlar barada bije atyşdyk. Seni men öz üstüme aldym. Baş bijäni tutdum. Seniň, hanym... bijäň galdy. Artyk aýylganç sypat bilen Halnazara çiňňerildi. – Mensiz nähili bije atyp bilrärsiňiz? – Wagt gyssag boldy. Seniň bijäňi Pökgi emin tutdy. – Meniň bijämi menden başga hiç kim tutup bilmez! – Beýle däl, hanym, bije atylyp gutaryldy. – Men ol bijeniň üstüne tüýkürýärin. – Artyk, sen hanym, oglan-uşak däl. Düşünýänsiň, wagt gyssag. Bizi gowrup-gysyp barýarlar. Päleligiň aňsat däldigini menem bilýän. Şeýle-de bolsa, sen hapym, mert atanyň oglusyň, mert bolmagyň gerek» . | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |