09:56 Duman daganda: Nur gözellikde, gözellik köňülde | |
• Nur gözellikde, gözellik köňülde Aýbibi barha owadanlaşýardy, özi-de gardan-buzdan ýasalan ýaly sowuklaç däldi-de göreniň gözi gidýän, gaty özüne çekiji gözelligi bardy. Umuman, gözellik ýolunda Aýbibiniň peýkamy entek diňe asmana süýnüp barýardy. Ol ministrligiň apparatynda işleýänleriň arasynda iň oňat geýinýän hasap edilýärdi. Aýbibi ýeke bir gymmatbahalygy bilen däl, eýsem gaty gytlygy bilen tapawutlanýan egin-eşikleri-de geýýärdi hem-de edaradaky aýal-gyzlaryň agzyny açdyrýardy. Olaryň käbiri saklanybilmän: «Nireden aldyň?» diýip soraýardylar, şonda Aýbibi öz egin-eşigine şeýle bir äsgermän seredýärdi welin, onuň bu garaýşyndan: «Bujagaz dagy nämejik?! Neneňsi geýimler geýjegimi entejik görersiňiz» diýen manyny bada-bat aňýardylar. Ol şeýle soraglary gowy görýär we heziller edinip jogap berýär. Bir gezek: «Kubadan daýym getirdi» diýýär, bir gezek: «Doganym Ýaponiýada işleýär, şol täze ýylyma sowgat diýip iberipdir» diýýär, ýene bir gezek: «Wah-eý, muny-üç-dört ýyl öň Angliýa gidemde alypdym. Elime ildi-de geýip gaýdyberdim, ýogsa halaman, geýmän ýördüm» diýýär. Başga bir gezekde bolsa: «Doganym Amerikadan iberipdir» diýýär. Onsoň ähli dogan-garyndaşlary daşary ýurtda işläp, diňe Aýbibi Sowet Soýuzynda işleýän ýaly, Aýbibiniň özi hem tas dünýäniň ýarsyny gezip çykan ýaly bolýar, emma işdeşler muňa ynanmaýarlar, ynanmaýandyklaryny aýtmaýarlar, ýalan sözläni üçin Aýbibidenem gaty görüp durmaýarlar. Şeýle bolaýmaly ýaly kabul edýärler. Ýöne Aýbibiniň ministr bilen öňräkden bäri arasynyň barlygyny ministriň orunbasarlarynyň biri bilenem gatnaşygyny ýygylandyryp başlandygyny bilesigelijiler güman edýärdiler. Şoňa görä-de: «Aýbibi birbada iki pili münesi gelýär» diýip pyşyrdaşýardylar. Synamak üçin Aýbibiniň ýanynda täze orunbasaryň ýaşlygy, gaty gelşikliligi hakda, häzirki ministr işden aýrylsa, şol orunbasaryň ministr boljakdygy hakda gürrüň açýardylar we göz astyndan Aýbibini synlaýrdylar. Aýbibiniň öňem otlukly gözleriniň uçganaklap, gaty höwesek sözläp başlaýandygyny görýärdiler-de, öz çakyny dogry hasaplaýardylar. Aýbibi işlemäge ugradylan ýerine başga biriniň ugradylmagyny gazanypdy, ýöne şonda-da az-kem howsala düşýärdi, emma ministr ony rahatlandyrdy. «Men şu ýerde otyrkam çekirtgäniň kölegesi-de üstüňe düşüp bilmez». Öňi-soňy Aýbibi şo raýona iş saparyna gidýän gelşikli orunbasar bilen birlikde gezip gelesi geldi. Oňa Seýit Seýidiç diýýärdiler. Aýbibi onuň adyny edil deň-duşuna ýüzlenýän ýaly, şeýle ekabyr, edil ömri boýy gaýtalap ýören ýaly öwrendekli, şeýle bir owazly aýdýar, üstesine-de ol ady aýdanda edil çaýa bir bölek gant atan ýaly, owazyna bir bölejik näz hem goşýar welin, Seýit Seýidiçe Aýbibiniň owazy her bir zatdan şirin eşidilýär. Aýbibi onuň töwereginden aýrylanok, iki ýana tirkildeýär, onuň sözüni makullaýar, çaý-nahary hakda aladalanýar, onsoňam iki sözüniň birinde Seýit Seýidiç diýýär. Ol öz owazynyň (ýeke bir owazynyň hem däl) Seýit Seýidiçe öňräkden bäri ýaraýandygyny, ýüreginde gozgalaň turuzýandygyny ýagşy bilýär. Ýolda Aýbibi Kasym Kulyýewiçi gaty işeňňir diýip öwdi. Raýona gelenlerinde Aýbibiniň ornuna iberilen işgäriň işläp ýörenini görüp, ynjaldy. Seýit Seýidiç bilen Aýbibi maşyndan düşenlerinde Kolýa daýy Aýbibini derrew tanady. «Kasym oglumyň ýüregini agyrdan keýijek ýene gelipdir-ow». Aýbibi hassahanada ak halat içinde öňküdenem gelşikli göründi, ol özüni salykatly saklady, gülmedi, ýylgyrmady, gaty az sözledi. Şeýle häsiýetdäki adamlary, köplenç, ylymly, köp bilýän, uly wezipeli adam hasaplaýandyklaryny, şoňa görä-de köp hormat goýýandyklaryny Aýbibi unutmandy. Seýit Seýidiç aýak ýoluna çykanda otagda Kasym bilen Aýbibi galdy. Uzak günläp bir-birege «siz» diýip, resmi gepleşip, şu pursata garaşan Kasym Aýbibä göni bakyp, şeýle bir mährem, teşnewi ýylgyrdy-da Aýbibiniň goşaryna el ýetirdi. Aýbibi gapa howatyrly garap, elini çekip aldy, ýöne şol öňküsi ýaly mylaýym ýylgyrdy.«Agşam gapyňy gulplamagyn» «Wah, mähribanym hyýalam etme. Aşgabada baraňda duşuşarys. Görýäň-ä, orunbasar gaty gazaply adam». «Men tiz gaýdaryn». «Ýok, milt etme. Çynym. Gapy gulply bolar». Aýbibi sag goluny «ýuwaş» diýen manyda sähel galdyryp diňşirgäp, gapa bakdy. Dymyşlyk. Ol oturan ýerinden Kasyma tarap süýnüp, ýuka dodajyklaryny şeýle bir çömmeldip, «gel, posa al» diýen ýaly etdi welin, Kasym eglenmän sorup aldy. Bu posa Kasymyň öňem uçjak bolup duran guşuny uçurdy. Kasym häzir uçut gaýadan bökmäge-de taýýardy. Ol daşarda gollaryny gerip, asmana bakyp, gaty gygyrasy geldi: «Dünýä baky-y! Menem baky-y!» Kasym şu pursatda özüniň diňe bir bakydygyna däl, eýsem hökmürowanlygyna-da uçursyz ynandy, onsoň onuň ýüregi giň otaga sygman, uzaklara, Aýnakölüň boýundaky uly saýaly ýylgyna atygsady durdy. Ýene täze naharlar, üýtgeşik içgiler geldi. Kasym myhmanlarynyň göwnüni awlamak üçin ýene şorta söz aýdyp başlady, ol häzir şeýle bir yhlas bilen güldürýärdi welin, beýle gülkünç gürrüňleri nireden tapýarka diýip, Seýit Seýidiç haýranlar galýardy. Özi-de Kasym heniz eşidilmedik şorta sözleri aýdýardy. Onuň moskwaly aşnasy Edik bilen günde-günäşa jaňlaşýanyndan hem-de on-on bäş minudyň içinde uly Moskwanyň ýalan-çyn gürrüňlerini, elbetde, täze şorta sözleri hem eşidýäninden Seýit Seýidiç habarsyzdy. Edik haýsydyr bir gaty uly wezipeli işgäriň başga bir has uly wezipeli işgär bilen arasynyň gowy däldigini, şoňa görä, ýakyn wagtda wezipe çalşyşlygyň bolmagynyň mümkinligini, plylan hili harydyň gymmatlaýandygyny, pylan ýerde pylan hili waka bolandygyny, ýöne gazetleriň ony ýazmaýandyklaryny aýdýardy. Garaz, her gezekki gepleşige gep tapylýardy, ýöne Edik mydama özüni syrlar hazynasy we şol syrlaryň bir bölejigini, dost bolany üçin Kasyma sowgat berýän ýaly edip aýdýardy. Kasym onuň bu äheňini duýýardy we bilmediksirän bolýardy. Edigiň welilik bilen öňdäki aýdanlarynyň käbiri soň-soň dogry bolubam çykaýýardy. Bu telefon gepleşikleriniň başga-da bir gyzykly pursady bardy. Ýöne beýle pursatlar ýygy gaýtalanmaýardy. Edik jaň etse, ilki Edik ýa-da Kasym jaň etse ilki Kasym gürrüň arasynda: «Birigün garşylaweri» diýýärdi, beýleki hem «Bolar-la» diýýärdi, şonuň bilen hem esasy gürrüň mamamlanyp, dürli warsakylar başlanýardy. Kimi garşylamaly, otlydamy, ucardamy, näme üçin garşylamaly – bu soraglara diňe Aşgabat – Moskwa otlusynyň on üçinji wagonynyň konduktory jogap berip bilýärdi. Konduktoryň ýaşy kyrkdan geçenem bolsa, ýetmiş ýaşan ýaly, ýüzleri, gollary mürşük-mürşük bolup, gözlerinde belli bir şöhle galmandy. Içindäki ähli syrly gara-gurumlary tütedip çykaraýjak ýaly, mydama erni çilimli görünýärdi. Onuň «Bombeý» lakamy bardy. Bombeý Edikden gaty gyt harytlary alýardy, daşary ýurtdan dürli ýollar bilen gelen harytlaryň bir bölegi Bombeýiň wagonyna gelip gonýardy. Kämahal Edik Kasyma sowgatlyk diýip iberýän zatlaryny hem Bombeýe tabşyrýardy. Häzir nahar başynda gülüşip oturyşlaryna Seýit Seýidiç bilen Aýbibi bu aýlawlara göz ýetirerden gaty uzakdadylar. Ýöne myhmanhana gaýtjak bolanlarynda Kasym olaryň her birine kagyza dolangy sowgatjyk uzatdy. «Arada oglanlaryň biri Ýaponiýa gidende getiripdir». Myhmanlar «Ýok-la, gerek däl-le» diýip almajak bolup zordan aldylar. Emma myhmanhana barmagyna gyssanyşyp, näme berlenini biljek bolup baryşlaryna her kim öz otagyna girenden kagyzyň düýrmegini ýazdy. Plastmassa korpusly, bäş köpükli ýaly ýuka, şeýle ýeňil elektron sagat. «Mo-lo-des, Kasym. Bä, enaýyja zat eken-ow». Aýbibä berlen sagat wagtal-wagtal şirin owaz hem çykarýardy. «Janoçkam, Kasym, woopşe, tüýs jentlmen. Kasym jan, ýürejigimsiň!». Kasym şäheriň çetinde aýratyn myhmanlar üçin gurlan myhmanhanadan hoşlaşyp çykdy-da maşynyny beýleräkde goýup, özi garaňka duwlanyp gaýdyp geldi. Myhmanhananyň yşykly iki otagyna gyradan bakyp durdy. Birden Seýit Seýidiçiň otagynda çyra öçdi welin, Kasym koridoryň ujundaky penjiräniň gabadyna böküp bardy. Seýit Seýidiç otagyndan çykyp, koridorda töweregine garanjaklap, diňşirgenip az salym durdy. Ol sport egin-eşigindedi we oňküdenem syratly görünýärdi. Ony synlap durşuna Kasymyň ýüregi bir ýakymsyzlyk syzdy. «Bujagazyň bolup durşy bir zadyň alamaty öz-ä». Seýit Seýidiç koridoryň ugruna ýazylan halynyň üstünden emaý bilen ädimläp, ilki koridoryň bir çetine çenli bardy, soňra Kasymyň duran tarapyna gaýtdy. Haýalja ýöräp, iki çetdäki gapylary synlap gelşine Aýbibiniň otagynyň deňinde aýak çekdi, töwerege göz aýlady, başyny Aýbibiniň otagyna tarap sähel gyşardyp diňşirgedi-de ýene ýöräp ugrady. Ol koridoryň çetine ýetende Kasym bilen arasy bary-ýogy üç-dört ädimden artyk däldi. Kasym ony garaňkyda siňňin synlady we ýaňky gümanynyň çyn çykjagyna şübhelenmedi, sebäbi Seýit Seýidiçiň ýüzündäki düşündirip bolmajak alamatlar muny tassyklaýardy. Seýit Seýidiç yzyna öwrülip ýöräp başlanda, onuň ädiminiň sähel batlananyny görüp, «Häzir barşyna girer» diýip, Kasym oýlandy. Oýlanyşy ýaly hem boldy. Kasym şobada Aýbibiniň penjiresiniň gabadyna ýumlukdy. Ýuka tutynyň aňyrsynda Aýbibiniň gollary Seýit Seýidiçiň boýnundan halkalanyp durdy. «Äh-hä-ä». Kasym uludan dem aldy. Ol şu mahal özüniň Seýit Seýidiçden uly işgär däldigine, Aýbibiniň gujagyna düşüp bilmeýänine uçursyz ökündi. «Diňe puluň köp bolany ýeterlik däl, uludan uly wezipe-de zerur» diýip, bireýýämden bäri ynanyp ýören pikirini ýene bir ýola ýatlady. «Sebäbi Aýbibi ýaly gözel zenanlar ilki wezipä garaýar, soň puluňy saldarlaýar.». Şoňa görä-de Kasym bu waka geň galyp hem durmady, şeýle bolaýmaly ýaly kabul etdi. «Güýç kimde bolsa, şol alýar. Goşunyň toply, tophanaly alyp bilmedik galalaryny Aýbibi ýaly näzeninjeler aňsatja alýar ahyry. Men gala almaly bolsam, Aýbibini özüme galkan edip ulanyp bilerin». Kasym penjireden gözüni aýyrman bakyp durşuna, Seýit Seýidiçi arak köp içirip ýykyp bilmänine ahmyr etdi. Seýit Seýidiç Aýbibiniň gollaryny öz boýnundan emaý bilen aýyrdy-da çyrany öçürdi. Ber jogabyňy, Kasym! Seýit Seýidiçden asgyn düşeniňi boýna alarmyň? Şundan soň ýene Aýbibä gülüp bakarmyň? Her gülene aşyk bolup, her etekden ýapyşyp ýörmek özüne hormat goýýan erkek üçin peslik dälmidir, Kasym!? Daşyndan gözel görnüp, içi zäherden dolular-hakyky erkek awlaýjylar dälmidir!? Senem şol ýodajykdan gidip, gapana düşjekleriň birimisiň!? Kasym bu gije gözüne uky gelmejegini, başga bir zada güýmenip, pikirleri bu wakadan sowaşmasa ynjalmajagyny duýýardy. Ol maşynyny göni hassahana sürdi. Kolýa daýynyň garagulhanasynyň hemişeki gyzyl yşygy ýanýardy. Kasym gapynyň kiltsizligini öň bilensoň, gaty ynamly itdi. Ýyly jaýda, burçdaky krowatda Kolýa daýy bäri bakyp ýatyrdy, onuň kiçelen aýaklary ýygrylyp, dyzlary eňegine degenkirleýärdi. Kolýa daýy oýanmady. Kasym hem oýarjak bolmady. Asla, Kasym häzir bu jaýa näme üçin girenini hem duýmady, ýöne giresi gelipdi. Ol ukudaky Kolýa daýa az salym bakyp durdy-da, goltuk jübüsinden pully gapjyk çykardy. Ilki bäşlikden birini sogurjak boldy, soň onluga barmagy uzady, ýöne barmaklary ýene bäşlikleriň ýatan ýerine geldi. Kasym bir bäşligi çykaryp, Kolýa daýy oýandygy görer ýaly, baş ujunda goýdy. Hassahananyň bölümlerine aýlanyp, nobatçy dogtorlar bilen hal-ahwal soraşyp çykdy. Maşynyna garap gelşine «Seniň Aýbibi bilen bagryň badaşypmy? Zyň-da goýber» diýip oýlandy. Emma Aýbibi arkaly köp iş bitirip boljagyna, özge bolmasa, Aýbibiniň üsti bilen ministre aýtdyryp boljagyna göz ýetirende bu pikirinden döndi. «Onsoňam, men näme üçin Aýbibini ýigrenmelimişim? Ol maňa ýamanlyk edenok ahyryn». Ýok. Kasym her zat diýse-de, häzir Aýbibiden öýkeledi. Onda Aýbibä düşnüksiz gahar oýandy, ýogsa Aýbibä gaharlanmagyň manysyzlygyny, «It öýkelär, eýesi duýmaz» diýlenine meňzeýänini, üstesine-de Aýbibiden öýkeläni bilen hiç hili utuş gazanmaýanyny Kasym ýagşy bilýärdi. Ahyry, ol bu gijeki waka hakda syr bermezligi ýüregine düwdi. Ertir olary ugratmaga gelende, Kasym Seýit Seýidiçiň, agyr ýüki egninden zyňan ýaly, gaty süňňiýeňildigini görmän durup bilmedi. Emma Aýbibini gözleri görende, düýnki pikirleriniň bary uçdy gitdi. Ol şu mahal hiç bir zada bakman, Aýbibiniň alnynda çöke düşmäge, çokunmaga, Aýbibiniň ökjesini ogşamaga taýýardy. Üstesine, Seýit Seýidiç myhmanhanada galdyran zadyny almaga gidende, maşynda ikiçäk galanlarynda Aýbibi oňa dodajygyny çömmeldip posa berensoň. Kasymyň göwni joşdy. Ol Aýbibiniň öten gijäni Seýit Seýidiç bile geçirenini hem häzir dumana garyp goýberdi, gözi bilen görse-de ynanmadyksyrady we Kasymyň aňynda o waka düýbünden täsirsiz bir zada öwrüldi. Ýöne bu ahwalyň ömri gaty gysga boldy, diňe Aýbibini gözleri görüp durka şeýle boldy. Aýbibi Seýid Seýidiç bilen uçara münüp asmana göterilenden soň, Kasymda Aýbibä bolan öňki yhlas kem-kem öçüşip ugrady. | |
|
√ Duman daganda: Buzlar jaýrylyp başlaýar - 21.06.2024 |
√ Janserek -7: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
√ Dirilik suwy -15: romanyň dowamy - 15.05.2024 |
√ Dirilik suwy -21: romanyň dowamy - 21.05.2024 |
√ Hakyň didary -2/ romanyň dowamy - 28.02.2024 |
√ Gala -10: Höküm / romanyň soňy - 16.02.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -16: romanyň soňy - 08.06.2024 |
√ Dirilik suwy -19: romanyň dowamy - 20.05.2024 |
√ Atbaýrak: Ýylky çopan - 09.09.2024 |
√ Janserek / roman - 13.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |