20:41 Lukman Hekim Ibn Sinamy? | |
LUKMAN HEKIM IBN SINAMY?
Edebi makalalar
Okumyş adamlara bu sowalyň jogaby aýdyňdyr. Eýsem-de bolsa, halkyň arasynda IBN SINA bilen Lukmany bir adamdyr öýdüp ýören gyt däl. Soňky döwürde terminleri türkmençeleşdirmek maksady bilen wraç, doktor sözüne derek lukman ýazylyp başlandy. Gündogaryň beýik alymy Abu Aly Ibn Sinanyň kimdigini bilmeýän ýokmyka diýýän. Ony Ýewropada Awisenna ady bilen tanapdyrlar, onuň şu adyndanam “medisina” sözi ýasalypdyr. XVI asyrda ýaşan beýik italýan hudožnigi Mikelanjelo: “Başgalary goldap mamla bolanyňdan, Ibn Sinany goldap bimamla bolanyň has gowudyr” diýýär. Ibn Sina jemi 440 kitap ýazypdyr diýýärler. “Tebipçiligiň esaslary” diýen dünýä meşhur kitaby medisina ylmynyň naýbaşysy hasap edilýär. Ol gaznawylaryň häkimligi döwründe, ýagny onunjy asyryň aýagynda, XI asyryň birinji ýarymynda ýaşap geçipdir. Buha- ranyň eteginde doglup, Eýranyň Hemedan şäherinde dünýäden ötýär. A.Saladze “Ibn Sina. Awisenna” diýen kitabynda Ibn Sinanayň Garagumda iki sany türkmen ýigidi bilen duşuşygy beýan edilýär. Olar Seljugyň agtyklary Togrul hem Çagry begdi. Kitapda owazasy taryha giren ýene bir duşuşyk hakynda ýazylypdyr. Duşuşanlaryň biri Horasanda ady belli pir, sufist Abu Seýit, biz ony Mänebaba diýip tanaýarys, beýlekisi Ibn Sina. Olar ýedi gün daşary çykman söhbet edipdirler. Söhbetiň netijesi iňňän abraýly piriň Ibn Sinany doly ykrar etmegi bilen tamamlanypdyr. Abu Seýit: biziň söýgi hem duýgy bilen ýetenimize bu adam ylym-paýhas bilen ýetipdir diýýär. Eýse, Lukman Hekim diýilýän kim bolan? Geliň, öňürti A.Meredow bilen S.Ahallynyň “Türkmen klassyk edebiýatynyň sözlügine” seredeliň: “Lukman-asly we ýaşan wagty belli bolmadyk legendar hekim hem tebip. Gündogar halklarnyň edebiýatynda we halk döredijiliginde her hili dert-keseli bejerýän tebibiň obrazynda gelýär. Rowaýatlara görä ol 4400 ýyl ýaşapdyr. Magtymguly: "Dört müň dört ýüz ýaşan Lukman Hekimiň, Ajal ýakasyndan tutdy ýaranlar - diýýär. “Kyssasul-enbiýada” berilýän maglumata görä, Lukman efiopiýaly bir agaç ussasynyň (neçjaryň) ogly bolup, özi-de hezreti Dawudyň zamanynda ýaşap geçipdir. Gadymy arap edebiýatynda Lukman hekim legendar dana adam hasaplanyp, köp dürli nakyllaryň, aforizmleriň we basnýalaryň awtory hökmünde tanalýar...” Bu sözlükde düşündirilişine görä, hekim örän akylly, paýhasly adam, filosof, alym, wraç. Magtymgulynyň şygyrlarynyň 1992-nji ýylda çykan birinji tomunda şeýle setirler bar: Jebr etdi Jemşit janyna, ki irdi magdan känine, Ýüz ýyl okap, paýanyna ne Zal-u, ne Lukman çykar (“Jan çykar”) Magtymguly aýdar, meniň derdime, Dünýäniň tebibi-Lukman şypa ber! (“Şypa ber”) Lukman kibi dertler dermanyn kylsaň (“Bolar sen”) Bir derde duşup men, hiç kimse bilmez, Isa aňmaz, Lukman çäresin kylmaz. (“Köz bile”) Isanyň demi, Lukman o ýerde geň-u lal, Ýa Reb, bu derdiň bu mahal iş dowasydyr, köňül. (“Köňül) Magtymguly Lukmanyň kimdigini oňat bilen bolmaly. Ol Ibn Sinany hem ýeterlik bilipdir. Olary garyşdyrmandyr, bir adam hökmünde göz öňüne getirmändir. Onda Magtymgulynyň öwran-öwran adyny tutan Lukmany kim bolmaly? Gurhanyň 31-nji süresi “Lukman” atlandyrylýar. Ony okanyňda Lukmanyň akyldar, dana adam bolandygyna şübhesiz göz ýetirýärsiň. Danalyk, paýhas oňa Alladan ýeten paý. Ol özüne berlen paýhasy, hakyň ýolunyň belentdigini wagyz etmäge sarp edýär. Lukmanyň ogluna berýän ündewi on ikinji aýatdan başlanýar. Ol ündew gysga hem çeper. Onuň mazmuny şeýle: “Eý, oglum, Alla Biribardyr, ýekedir. Butparazlyk ýaman zatdyr, adalatsyzlykdyr. Kim Alla sygnyp, haýyr iş bilen meşgul bolýan bolsa, onuň ýapyşan diregi örän berkdir. Herki iş Allanyň emri bilen tamam bolýandyr. Kim imanyny aýra tutsa, Alla ynanmazlyk etse, olaryň etmişi seni gussa batyrmasyn, barybir olaryň Alladan daşlaşyp gitjek ýeri bolmaz, ýene Allanyň huzuryna dolanmak buýrulandyr. Etmişleri olara aýan ediler. Olaryň paýy agyr jezadyr. Adamlara seňrigiňi ýygryp garama, tekepbirlik etme, Alla tekepbirleri, öwünjeňleri halaýan däldir. Ädimiňi basaňda bilip basgyn, gepläňde sesiňe bat bermegin, iň ýakymsyz ses aňňyrýan eşegiň sesidir. Asmanda, zeminde näme bar bolsa, hemmesi Allanyň emrine, islegine laýyk döredilendir, onuň ruhunyň birliginden gözbaş alýandyr. Günüň, Aýyň hereketi, gije bilen gündiziň çalşyp durmagy Allanyň görkezen ölçegine, uguryna laýyklykda bolup durandyr. Alladan ýokary hakykat bolup bilmez, hak ýol ýeke-täk Allanyňkydyr. Ondan daşgary hakykat bar diýilýän bolsa, ýalandyr! Deňizde ýüzüp barýan gämi-de Allanyň islegine tabyndyr, onuň keramatyndan bir nyşandyr. Gämidäkiler tolkunlaryň girdabyna düşen- lerinde Allany kömege çagyrýandyrlar, şeýdip olar iman arassalygyny gazanýarlar. Alla olary girdapdan gury ýere alyp çykanda, olaryň arasynda ýene şübhe edýänleriň bolmagy ähtimaldyr. Allanyň keramatyna şübhe bilen garaýanlara dönükler, imansyzlar diýse bolar! Alladan gorkuň, ene-atanyň çagasyna, çaganyň ene-atasyna berjaý etmeli sünnetinden ýüz öwürjek gününden heder ediň”. Lukmanyň paýhasy şundan ybarat. Onda Magtymgulynyň: “Dört müň, dört ýüz ýaşan Lukman hekimiň” diýen sözi nireden gelip çykdyka? Muny halk arasynda iňňän ýeňil düşündirýänler bar, biz ony çagalykdan eşidip gelýäris: Lukman hekim dost-ýar bilen hoşwagtlykda geçen her oturylyşygy ömrüniň bir ýaşyna barabar görüpdir diýilýär. Elbetde, beýle düşündiriş soň tapylan bolmaly. Gurhandaky Lukmanam, onuň ady bilen gabatlaşdyrylýan Ibn Sina-da beýle hoşwagtlyga werin adamlar bolmandyr. Emma ýokarky sany delillendirýän ýagdaýy Magtymgulynyň bilendigine şübhämiz ýok. Ol näme- den ybarat? Gurhanyň “al-Araf” (“Päsgelçilikler”) atlandyrylan ýedinji süresine serediň. Altmyş üçden ýetmişinji aýat aralygynda Allanyň adyndan Arabystanda ýaşan adlaryň arasyna wagyz-nesihata baran Huduň gürrüňi beýan edilýär. Hud Allanyň ýoluny ret eden ildeşlerine ýüzlenýär, ýalbarýar, olary hakyň ýoluna dolamaga çalyşýar. Eger Allanyň ýoluna sygynmasaňyz siz onuň gazabyna duçar bolarsyňyz diýip, berk duýdurýar. Adamlar duýduryşa gulak asma- ýarlar, şeýdibem öz tekepbirlikleri zerarly heläkçilige sezewar bol- ýarlar, Alla Huduň özüni penasynda saklaýar. Yslamyň taryhy bilen meşgul alymlaryň ýazmaklaryna görä, Lukman hem Allanyň gazabyna duçar bolan ad halkyndan çykan adam. Galan gürrüňi geliň, görnükli yslamşynas M.B.Piotrowskiniň “Koraniçeskiýe skazaniýa” atly kitabyna salgylanyp dowam edeliň. Kitabyň “Gahrymanlar we danalar” diýen bölüminde Gurhana giren danalaryň biri Lukman hakynda maglumatlar berilýär. Lukman Arabystanda juda belli adam bolan. Onuň sabyrlylygy, durnuklylygy wagyz edýän “Nesihatlary” yslamdan öňki arap poeziýasynda şahyrlaryň waspnamasyna mynasyp bolupdyr. Lukman Gurhanda ornuny tapypdyr. Şahyrlaryň ýazmagyna görä, Lukman uzak ömür süren dana adam ekeni. Ol adlaryň bir topary bilen ýagmyr dilemek üçin Mekgä gelýär. Emma ýagyşa derek Alladan özüne uzak ömür soraýar. Goý, meniň ömrüm bürgüdiň ýedi nesiliniň ömrüne barabar bolsun diýýär. Alla onuň dilegini berjaý edýär. Onuň uzak ýaşy soňra şygyrlaryň, rowaýatlaryň temasyna öwrülip gidipdir. Magtymgulynyň 4400 ýaş diýmeginiň gözbaşy şu ýerden gelip çykandyr. M.Piotrowskiý At-Tabarynyň “Taryh” kitabyndan bir rowaýaty getirýär. Muhammet pygamber Suwaýd diýen şahyra yslama uýmagy teklip edenmiş. Suwaýd: “Ähtimal ikimizem bir zady göz öňünde tutýandyrys?” diýip soran. Allanyň Resuly: “Seniň göz öňünde tutýanyň näme?” diýipdir. Suwaýd: “Lukmanyň nesihatlary” diýip jogap beripdir. Onda Allanyň Resuly: “Hawa, onuň sözleri mähirli, peýdaly, ýöne meniňki has zyýat, men Gurhany aýdýan, ol maňa Alladan gowuşdy, ol hakyň ýoly, Hakyň nurundan dörän” diýipdir. Muhammet oňa Gurhany okap beripdir. Suwaýd: “Hakykatdanam keramatly sözler ekeni!” diýip ylalaşypdyr. Halkyň arasynda döreýän paýhasly sözler, täsin rowaýatlar köplenç danalaryň ady bilen baglanyşdyrylýar. Bu babatda Lukmana ýeten paý has-da köp. Ol diňe şygyrlar, basnýalar, akylly sözler bilen çäklenmändir, käbir halatda tebipçiligi hem öz ýaýrawyna alypdyr. Ibn Sina ýaly beýik tebipleriň adynyň Lukman bilen gabatlaşdyrylmagy bu däbiň juda ýörgünli bolandygyndan habar berýär. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |